Isa dogrudan hem meniň üçin öldümi?
MUKADDES ÝAZGYLARDA «biziňki ýaly duýgulary» bolan adamlaryň ýürekden aýdan sözleri bar (Ýak. 5:17). Meselem, Pawlus resulyň duýgulary bize tanyş bolsa gerek. Ol şeýle diýdi: «Dogry zat edesim gelende, (içimde) erbetlik peýda bolýar... Ne biçäre adam men!» (Rim. 7:21—24). Pawlusyň ýürekden aýdan sözleri bize gowşak taraplarymyz bilen göreşmäge kömek eder.
Ýöne Pawlus resul başga-da sözleri aýdypdy. Galatýalylar 2:20-de ol ynam bilen: «(Isa) meni söýdi we meniň üçin janyny gurban etdi» diýdi. Elbetde, siz hem onuň aýdanlary bilen razylaşýansyňyz. Ýöne käwagt muňa ynanmak kyn bolýandyr.
Eger öňki eden günälerimiz üçin özümizi dereksiz duýýan bolsak, onda Ýehowanyň bizi söýýändigine we günälerimizi bagyşlandygyna ynanmak käte kyn bolup biler. Eger şeýle bolsa, Isanyň hut biziň üçin janyny gurban edendigini unutmaň. Isanyň özi-de onuň biziň üçin ölendigini bilmegimizi isleýär. Muňa näme üçin ynamly bolup bileris? Geliň, munuň jogabyny bileliň.
ISANYŇ TÖLEG GURBANYNA GARAÝŞY
Dogrudanam, Isa özüniň biziň üçin ölendigini bilmegimizi isleýär. Muňa näme üçin şübhelenmän bileris? Luka 23:39—43-nji aýatlardaky wakany göz öňüne getirjek boluň. Isanyň ýanynda bir jenaýatçy pürsde asylgy dur. Ol özüniň agyr jenaýat edendigini boýun alýar. Eger ol şeýle kemsidiji höküme sezewar edilen bolsa, onda ol, dogrudanam, agyr jenaýat eden bolmaly. Ol adam gaty aladalanyp, Isa şeýle diýýär: «Isa, Patyşa bolanyňda, meni ýatlagyn».
Isa oňa näme jogap berdikä? Göz öňüne getiriň, Isa agyrydan ýaňa zordan oňa tarap öwrülip, ýüzüne seredýär-de: «Şu gün saňa dogrusyny aýdýaryn, sen meniň bilen bile Jennetde bolarsyň» diýýär. Elbetde, Isa ol adama «Ynsan oglunyň... köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin gelendigini» ýöne bir ýatladyp bilerdi (Mat. 20:28). Emma Isa beýle etmedi, gaýtam, hut onuň üçin hem janyny gurban berýändigini aýtdy. «Saňa», «sen» we «meniň bilen» diýen sözler mähirli duýgyny görkezýär. Isa «sen» diýen at çalyşmany ulanyp, ol adama ajaýyp gelejekde, ýagny Jennetde ebedi ýaşajakdygyny görkezdi.
Görşümiz ýaly, Isa hut şol adam üçin hem ölendigini onuň bilmegini isleýärdi. Oýlanyp görüň, eger Isa öz şägirdi bolmadyk jenaýatça muny aýdan bolsa, onda ol Hudaýa özüni bagyş eden şägirtlerine şeýle diýmezmi? Öňki eden günälerimize garamazdan, Isanyň hut biziň üçin ölendigine ynamly bolmaga näme kömek eder?
PAWLUSA NÄME KÖMEK ETDI?
Pawlusa tabşyrylan ýumuş Isanyň özi üçin ölendigine ynamyny artdyran bolmaly. Nädip? 1 Tim. 1:12—14). Pawlus bir zada düşünýärdi: Eger Isa oňa şeýle ýumşy tabşyran bolsa, diýmek, oňa ynanýar, ony söýýär we rehimdarlyk edýär. Isa biziň hem her birimize şeýle wajyp ýumuş tabşyrdy (Mat. 28:19, 20). Eýsem, bu Isanyň töleg gurbanyna bolan garaýşymyza täsir etmeýärmi?
Pawlus muny şeýle düşündirdi: «Maňa güýç beren Halypamyz Mesih Isa minnetdardyryn. Sebäbi ol meni wepaly hasaplap, mukaddes işi tabşyrdy. Men öň Hudaýa dil ýetirip, halkyny yzarlaýardym we barypýatan gödek adamdym» (34 ýyl töweregi ýygnak gatnaşygyndan kesilen Albert şeýle diýýär: «Eden günälerim hijem ýadymdan çykanok. Ýöne wagza çykanymda, Isanyň Pawlusa tabşyryşy ýaly maňa-da şeýle ýumşy tabşyrandygyna düşünýärin. Bu maňa güýç berýär we özüme, ýaşaýşyma, gelejegime dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär» (Zeb. 51:3).
Öň jenaýatçy we zorlugyň içine çümüp giden Alan bolsa şeýle diýýär: «Adamlaryň başyna salan erbet günlerim häzirem göz öňümden gidenok. Käwagt şu zatlar sebäpli özümi gaty erbet duýýaryn. Ýöne meniň ýaly günäli adama hoş habaryny wagyz etmegi ynanandygy üçin Ýehowa ýürekden minnetdar. Adamlaryň hakykaty kabul edýändigini görenimde, Ýehowanyň söýgüden doly we rehimdar Hudaýdygyna göz ýetirýärin. Ýehowanyň özüm ýaly erbet durmuşy alyp baran adamlara meniň üstüm bilen kömek edýändigine düşünýärin».
Wagza çykanymyzda biz güýjümizi dogry ulanýarys we pikirimizi ýagşy zatlara gönükdirýäris. Eger Isa bize şeýle ýumşy tabşyran bolsa, diýmek, ol bize ynanýar, söýýär we rehimdarlyk edýär.
ÝEHOWA BIZI ÖZÜMIZDEN HEM GOWY TANAÝAR
Şeýtanyň dünýäsi ýok edilýänçä, ýüregimiz öňki eden günälerimiz sebäpli ýazgarmagyny dowam eder. Ýöne erbet duýgulara hötde gelmäge näme kömek eder?
Ýaşlygynda eden günäleri sebäpli käte ynsaby ezýet berýän Jen uýa şeýle diýýär: «Ýehowanyň bizi özümizden hem gowy tanaýandygyny bilmek göwünlik berýär» (1 Ýah. 3:19, 20). Ýehowanyň hem-de Isanyň günäli adamdygymyzy bilýändigini we bizi özümizden hem gowy tanaýandygyny bilmek biziňem kalbymyza rahatlyk berip biler. Bir zady unutmalyň: Töleg kämil adamlar üçin däl-de, günäli hem bolsa eden günäsine toba edýän adamlar üçin berildi (1 Tim. 1:15).
Muňa ýürekden ynanmak üçin Isanyň bikämil adamlar bilen özüni nähili alyp barandygy hakda doga edip oýlanyň. Şeýle-de onuň tabşyran ýumşuny ýürekden ýerine ýetiriň. Şonda Pawlus resul ýaly sizem: «(Isa) meni söýdi we meniň üçin janyny gurban etdi» diýip bilersiňiz.