Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 30

Hakykat ýolunda ýöräň

Hakykat ýolunda ýöräň

«Çagalarymyň hakykat ýolunda ýöreýändigini eşidip, şatlygymyň çägi bolmady» (3 Ýah. 4).

54-NJI AÝDYM «Ine ýol!»

MAZMUNY *

1. 3 Ýahýa 3, 4-nji aýatlara görä, biz nämä şatlanýarys?

ÝAHÝA RESUL köp adamlara hakykat ýolunda ýöremäge kömek etdi. Ýahýa olaryň Ýehowa wepaly gulluk edýändigini eşidende, gör, nähili begenendir! Emma olaryň köp kynçylygy bardy. Şol sebäpli Ýahýa olaryň atasy deý, imanlaryny berkitmek üçin janyny gaýgyrman kömek etdi. Biziň hem çagalarymyz, dogan-garyndaşlarymyz ýa-da okuw geçýän adamlarymyz Ýehowa özüni bagyş edip, hakykat ýolunda ýöreýändiklerini görenimizde begenjimiziň çägi bolmaýar (3 Ýahýa 3, 4-nji aýatlary okaň).

2. Ýahýa üç haty näme maksat bilen ýazdy?

2 Ýahýa resul Patmos adasyna sürgün edilipdi. Sürgünden gaýdyp gelensoň, Efesde ýa-da onuň töwereginde ýaşan bolmaly. Ol b. e. 98-nji ýylynda Ýehowanyň mukaddes ruhy bilen üç hat ýazdy. Ol hatynda Hudaýa wepaly mesihçilere Isa bolan imanyny berkitmegi we hakykat ýolunda ýöremegi öwüt-nesihat etdi.

3. Biz haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

3 I asyryň ahyrynda Isanyň resullaryndan diňe Ýahýa ýaşaýardy. Ol ýalan mugallymlaryň mesihçileri hakykat ýolundan sowar öýdüp gorkýardy * (1 Ýah. 2:18, 19, 26). Olar Hudaýa iman edýäris diýseler-de, kada-kanunlaryny berjaý etmeýärdiler. Geliň, Ýahýanyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazan hatlarynda mesihçilere nähili maslahat berendigi hakda gürrüň edeliň. Şeýle-de şu üç soragyň jogabyny bileliň: hakykat ýolunda ýöremek nämäni aňladýar? Hakykat ýolundan ýöremäge näme päsgel berip biler? Hakykat ýolundan ýöremäge nädip kömek edip bileris?

HAKYKAT ÝOLUNDA ÝÖREMEK NÄMÄNI AŇLADÝAR?

4. 1 Ýahýa 2:3—6; 2 Ýahýa 4, 6-njy aýatlara görä, hakykat ýolunda ýöremek üçin näme etmeli?

4 Hakykat ýolunda ýöremek üçin, biz Hudaýyň Sözündäki hakykatlara gowy düşünmeli. Şeýle-de «Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmeli» (1 Ýahýa 2:3—6; 2 Ýahýa 4, 6-njy aýatlary okaň). Bu babatda Isa pygamber Ýehowa gulak asmakda gowy görelde galdyrdy. Eger biz onda Isa pygamberiň göreldesine eýermäge jan etsek, Ýehowa gulak asyp bileris (Ýah. 8:29; 1 Pet. 2:21).

5. Biz nämä ynamly bolmaly?

5 Biz hakykat ýolundan sowulmaz ýaly, Ýehowanyň hak Hudaýdygyna, Mukaddes Kitapda ýazylan ähli zatlaryň dogrudygyna we Isanyň wada edilen Mesihdigine ynanmaly. Şu günler köp adamlar Isanyň Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasydygyna ynanmaýarlar. Ýahýa resul hatynda «aldawçy adamlaryň dünýäde köpelendigini» ýazdy. Eger adam Ýehowa we Isa pygambere ýürekden iman etmese, aňsatlyk bilen olaryň duzagyna düşüp biler (2 Ýah. 7—11). Ýahýa: «Isanyň Mesihdigini inkär edýän adam ýalançy dälmi?» diýdi (1 Ýah. 2:22). Biz Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrensek, Ýehowa bilen Isany gowy tanarys we şeýle duzaga düşmeris (Ýah. 17:3). Şonda biz hakykat ýolundan saga-sola sowulman ýöreýändigimize ynamly bolup bileris.

HAKYKAT ÝOLUNDAN ÝÖREMÄGE NÄME PÄSGEL BERIP BILER?

6. Ýaş mesihçiler nähili kynçylyga duşýarlar?

6 Mesihçileriň ählisi dünýäniň akyldarlygynyň täsirine düşmez ýaly seresap bolmaly (1 Ýah. 2:26). Esasanam, ýaşlar ägä bolmaly. Meselem, Fransiýada ýaşaýan 25 ýaşly Aleksiýa * uýa şeýle gürrüň berýär: «Mugallym sapakda ýaşaýşyň öz-özünden dörändigini (ewolýusiýa) gürrüň berýärdi, dünýäniň akyldarlygyny taryplaýardy. Şonda men iman edýän zatlaryma şübhelenip başladym. Men mugallymy diňledigimçe, Ýehowanyň Mukaddes Kitap arkaly berýän öwüt-ündewlerine gulak asmaýandygyma düşündim». Soňra Aleksiýa «Ýaşaýyş nädip döredi? Öz-özünden döredimi ýa-da ýaradyldy?» kitabyny ünsli okady. Birnäçe hepdeden soň şübhelenýän zatlary zym-zyýat boldy. Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Men hakykatyň Mukaddes Kitapdadygyna düşündim. Onuň kada-kanunlary boýunça ýaşasam, kalbym rahat bolup, ýüregimiň şatlykdan dolýandygyna göz ýetirdim».

7. Biz nämeden seresap bolmaly we näme üçin?

7 Biziň hiç birimiz — ýaşlaram, garrylaram — ikiýüzli bolup ýaşamaly däl. Ýahýa resul hem hakykat ýolunda ýöräp, hem ahlaksyzlyk edip, ikiýüzli ýaşaýanlary ýazgarýardy (1 Ýah. 1:6). Eger biz Ýehowany razy etmek islesek, onda hemişe onuň islegine görä ýaşamaly. Sebäbi ol biziň edýän ähli işlerimizi aýnada görýän ýaly görýär. Biz edýän günämizi adamlardan gizläp bilsek-de, Ýehowadan gizläp bilmeris, sebäbi ol ähli zady görýär (Ýew. 4:13).

8. Biz nähili garaýşyň täsirine düşmeli däl?

8 Şu dünýädäki adamlar günä işlere biperwaý garaýarlar. Biz olaryň täsirine düşmeli däl. Ýahýa resul: «Biz: „Günäli däl“ diýýän bolsak, öz-özümizi aldap, hakykata ynanmaýarys» diýip ýazdy (1 Ýah. 1:8). Ýahýanyň döwründäki imandan dänen adamlar bilgeşleýin günä etseňem, Hudaýyň razylygyny gazanyp bolýar diýýärdiler. Şu günler biz hem şeýle garaýyşly adamlaryň arasynda ýaşaýarys. Olaryň köpüsi Hudaýa ynanýandygyny aýtsalar-da, Ýehowanyň günä hasaplaýan zatlaryny, esasan-da, ahlaksyzlygy onçakly bir erbet hasaplamaýarlar. Olar günäli işlere adaty zat ýaly garap, nähili ýaşamalydygyny her kimiň özi çözmeli diýýärler.

Ýaşlar, Ýehowanyň ýokary ahlak kadalarynyň dogrudygyna ynanyň, şonda imanyňyz berk bolar (9-njy abzasa serediň) *

9. Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýermeklik ýaşlara nähili peýda berýär?

9 Ýaş dogan-uýalara klasdaşlarynyň, işdeşleriniň ahlaksyzlyga bolan biperwaý garaýyşlaryna garşy durmak has-da kyn bolýar. Aleksandr dogan şeýle ýatlaýar: «Mekdebimdäki käbir gyzlar bile ýataly diýip, günüme goýanokdylar. Men razylaşman, gyzlar bilen söýüşmeýändigimi aýdanymda, olar maňa: „Hä, oglanlar bilen ýatýaň-da“ diýýärdiler». Ýaşlar, sizem şeýle ýagdaýlara duşanyňyzda, Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýerseňiz, mertebäňizi saklarsyňyz, jan-saglygyňyzy gorarsyňyz, kalbyňyz rahat bolup, Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşarsyňyz. Eger siz bir synagda berk durup bilseňiz, soňky synaglarda-da ýykylmarsyňyz. Ýaşlar, azgynçylygyň Şeýtandandygyny unutmaň! Ýehowanyň ahlak kadalaryna eýerseňiz, «Şeýtany ýeňdigiňiz» bolar (1 Ýah. 2:14).

10. 1 Ýahýa 1:9-a görä, biz nädip arassa ynsap bilen Hudaýa gulluk edip bilýäris?

10 Diňe Ýehowa nämäniň günädigini we nämäniň günä däldigini aýtmaga haklydyr. Biz günäli işe baş goşmajak bolup jan etmeli. Emma birden günä edäýsek, toba edip, Ýehowa ýalbarmaly (1 Ýahýa 1:9-y okaň). Biz agyr günä edenimizde, Ýehowanyň bellän aladaçyl ýaşulularyndan kömek soramaly (Ýak. 5:14—16). Ýöne öňki eden ýalňyşlyklarymyzy ýatlap, özümizi günäkärläp ýörmeli däl. Näme üçin? Sebäbi gökdäki söýgüden doly Ýehowa biziň günälerimizi bagyşlamak üçin Ogluny gurban berdi. Biz toba etsek, ol hökman bagyşlar. Şonda sözünde durýan Hudaýa arassa ynsap bilen gulluk edip bilýäris (1 Ýah. 2:1, 2, 12; 3:19, 20).

11. Biz imanymyz gowşamaz ýaly näme etmeli?

11 Biz imandan dänenleriň taglymatlaryna ynanmaly däl. Mesihçiler ýygnagy döräli bäri Iblis köp ýalançy adamlar arkaly Ýehowanyň halkyny aldap, aňyny zäherlejek bolýar. Şonuň üçin biz nämäniň dogrudygyny, nämäniň ýalandygyny bilmäge jan etmeli *. Imandan dänen adamlar internet we habar beriş serişdeleri arkaly ýalan maglumatlary ýaýradyp, Ýehowa bolan imanymyzy gowşadyp, dogan-uýalara bolan söýgimizi sowatmak üçin elinde baryny edýärler. Şeýle ýalan zatlaryň kimiň ýaýradýandygyny unutmaň, özüňizi aldatmaň! (1 Ýah. 4:1, 6; Ylh. 12:9).

12. Ynanan zatlaryňa iman etmek näme üçin wajyp?

12 Biz Isa pygambere ynansak we Ýehowanyň niýetini ýerine ýetirmekde wajyp orun eýeleýändigine düşünsek, Şeýtan imanymyzy gowşadyp bilmez. Şeýle-de biz Ýehowanyň diňe «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» arkaly guramasyna görkezme berýändigine şübhelenmeli däl (Mat. 24:45—47). Imanymyzy berkitmegiň ýene bir ýoly: Hudaýyň Sözüni yzygiderli okamaly. Şonda biziň imanymyz gowy kök uran agaja meňzär. Pawlus resul bu hakda koloslylara şeýle ýazýar: «Halypamyz Isa Mesihi kabul etdiňiz, şonuň üçin hem oňa tabyn bolup ýaşaň. Size öwredilişi ýaly, Mesihe bolan imanyňyzda kök urup, berk duruň we oňa berk ýapyşyň» (Kol. 2:6, 7). Eger biz Hudaýa ýürekden ynansak, Şeýtan we onuň ýaranlary imanymyzy sarsdyryp bilmezler (2 Ýah. 8, 9).

13. Biz nämä geň galmaýarys we näme üçin?

13 Şu dünýäniň adamlarynyň bizi ýigrenýändigine geň galmaýarys (1 Ýah. 3:13). Ýahýa resul: «Bütin dünýä... Şeýtanyň golastynda» diýip ýazdy (1 Ýah. 5:19). Zalym dünýäniň soňy golaýlaşdygyça, Şeýtan gahar-gazaba münýär (Ylh. 12:12). Ol mekirlik bilen bizi ahlaksyzlyk ýa-da imandan dänenleriň taglymatlar arkaly duzaga düşürjek bolýar. Şeýle-de ol Ýehowanyň halkyna açyk-aýdyň hüjüm edýär. Şeýtan wagtynyň az galandygyny bilip, wagyz işini togtatmak we imanymyzy gowşatmak isleýär. Şol sebäpli birnäçe ýurtlarda wagyz işiniň gadagan edilýändigine we çäklendirilýändigine geň galmaýarys. Emma şol ýurtlarda ýaşaýan dogan-uýalar her bir zada döz gelip, Ýehowa gulluk edýärler. Şeýtan zalymlyk bilen hüjüm etse-de, olar Hudaýa wepaly galyp bolýandygyny subut edýärler.

HAKYKAT ÝOLUNDAN ÝÖREMÄGE KÖMEK EDIŇ

14. Dogan-uýalara hakykat ýolundan ýöremäge nädip kömek etmeli?

14 Dogan-uýalara hakykat ýolundan ýöremäge kömek etmek üçin duýgudaş bolmaly (1 Ýah. 3:10, 11, 16—18). Biz dogan-uýalary ýagşy günde-de, ýaman günde-de söýmeli. Aýdaly, doganyň ýa uýanyň dogan-garyndaşlaryndan biri aradan çykýar. Siz oňa kömek edersiňizmi ýa-da göwünlik berip bilersiňizmi? Diýeli, siz tebigy betbagtçylyga uçran dogan-uýalar hakda eşitdiňiz. Siz olaryň Ýygnak jaýlaryny we öýlerini dikeltmäge kömek edip bilersiňizmi? Hawa, diňe bir dilde söýýärin diýmän, söýýändigiňi iş ýüzünde görkezmeli!

15. 1 Ýahýa 4:7, 8-nji aýatlara görä, biz näme etmeli?

15 Biz dogan-uýalary söýsek, gökdäki Atamyzdan görelde alýarys (1 Ýahýa 4:7, 8-nji aýatlary okaň). Biz biri-birimizi söýsek ýürekden bagyşlarys. Aýdaly, biri göwnümize degdi. Eger ony bagyşlasak we öýke-kine saklamasak söýýändigimizi görkezeris (Kol. 3:13). Aldo dogan bilen şeýle ýagdaý bolýar. Bir dogan onuň ýüregine bitmejek ýara salýar. Ol Aldonyň milleti hakda erbet zatlary aýdýar. Aldo dogana uly hormat goýýardy. Aldo şeýle gürrüň berýär: «Ýehowa, doganymy ýigrenmäýin, kömek et diýýärdim». Aldo diňe doga etmän, dogan bilen wagza gidýär. Şonda Aldo dogana ähli zady gürrüň berýär. Aldo sözüni şeýle dowam edýär: «Bar öýke-kinämi aýdanymda, dogan ötünç sorady. Onuň ýüz-gözünden, sesinden aýdanlaryna ökünýändigi mese-mälim göründi. Şondan soň öýke-kinäni unudyp, jana-jan dost bolduk».

16, 17. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

16 Ýahýa resulyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazan hatlaryny okanymyzda, onuň dogan-uýalary söýendigini we imanlaryny berkitmek isländigini bilýäris. Ýahýa resul ýaly berk imanly adamlaryň gökde Isa Mesih bilen höküm sürjekdigine örän begenýäris! (1 Ýah. 2:27).

17 Geliň, makalada berlen maslahatlara sowuk-sala garamalyň, hakykat ýolunda ýöräliň we her bir ýagdaýda Ýehowa gulak asyp ýaşalyň. Hudaýyň Sözüni okap, ýazylan zatlaryň hakykatdygyna ynamly bolalyň. Isa pygambere iman edeliň. Dünýäniň akyldarlygyndan we imandan dänenleriň taglymatlaryndan seresap bolalyň. Ikiýüzli ýaşamalyň we günäli işlere baş goşmalyň. Ýehowanyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşalyň. Göwnümize degen dogan-uýalary ýürekden bagyşlalyň we mätäçleri goldap, hakykat ýolunda ýöremäge kömek edeliň. Şonda nähili kynçylyk bolsa-da, hakykat ýolundan hiç haçan sowulmarys.

49-NJY AÝDYM Ýehowanyň ýüregini şatlandyralyň

^ par. 5 Şeýtan ýalançy — ýalanyň atasy. Biz Şeýtanyň golastyndaky dünýäde ýaşaýarys. Şol sebäpli hakykat ýolunda ýöremek örän kyn. I asyryň ahyrynda ýaşan mesihçiler hem köp kynçylyklary başdan geçiripdirler. Ýehowa olara kömek etmek üçin, Ýahýa resula üç hat ýazdyrtdy. Şol hatlar öňümizde nähili kynçylygyň boljakdygyny we olary nädip ýeňip geçmelidigini bilmäge kömek edýär.

^ par. 6 Käbir atlar üýtgedildi.

^ par. 11 Öwrenilýän makala serediň: «Siz munuň dogrudygyny bilýärsiňizmi?» (w18.08).

^ par. 57 SURATLAR: uýa mekdebe baranda, bir jynsdaky adamlaryň jynsy gatnaşygyny goldaýan plakatlara gözi düşýärdi. (Käbir ýurtlarda älemgoşar şeýle gatnaşyklaryň nyşany hasaplanýar). Soňra uýa Ýehowa bolan imanyny berkitmek üçin we dogry garaýyşda bolmak üçin şahsy okuwyny geçirýär. Şeýdip, ol dogry karara gelýär.