Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

TERJIMEHAL

Men etmeli işimi etdim

Men etmeli işimi etdim

DONALD RIDLI otuz ýyldan gowrak kazyýetde Ýehowanyň Şaýatlarynyň hukugyny gorady. Ol ýarawsyz adamlaryň gan goýbertmezlige hukugynyň bardygyny subut etmek üçin göreşýärdi. Ol ABŞ Ýokary kazyýetlerinde Ýehowanyň Şaýatlarynyň işine seredilende köp ýeňiş gazandy. Dost-ýarlary oňa Don diýýärdiler we erjel, pesgöwünli, janaýamaz adam hökmünde tanaýardylar.

2019-njy ýylda Donaldyň seýrek duş gelýän we bejerip bolmaýan nerw keseliniň bardygy anyklanyldy. Donaldyň keseli gün-günden güýjeýärdi. 2019-njy ýylyň 16-njy awgustynda ol aradan çykýar. Geliň, onuň ömri hakda bileliň.

Men 1954-nji ýylda ABŞ Minnesota ştatynyň Sent-Pol şäherinde dünýä indim. Biz bäş dogandyk, men ikinjisidim. Biz baýam däldik, garybam däldik. Ene-atam katolikdi, olar meni katolik mekdebine berdiler. Men hemişe ruhana kömek ederdim, emma Mukaddes Kitap hakda hiç zat bilmeýärdim. Men ähli zady Allatagalanyň ýaradandygyna ynanýardym, ýöne buthana ony tanamaga kömek etmedi.

HAKYKATY BILDIM

Men Wilýam Mitçel adyndaky orta hünär mekdebiniň hukuk bölüminiň birinji kursunda okap ýörkäm, Ýehowanyň Şaýatlary öýüme geldiler. Men kir ýuwup ýördüm, olara başga gün gelmegi haýyş etdim. Olar gelýänçä iki sorag taýynlap goýdum: «Näme üçin erbet adamlar üstünlik gazanýar? Bagtly bolmak üçin näme etmeli?» Olar maňa «Ebedi ýaşaýşa eltýän hakykat» atly kitaby we ýaşyl daşly «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesini» berdiler. Men Mukaddes Kitapdan okuw geçmäge razylaşdym. Şondan soňra gözüm açylan ýaly boldy. Ýer ýüzünde Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürüp, köp bereket berjekdigini bilenimde, guş bolup uçaýjak boldum. Sebäbi adamlaryň gowy hökümdarlyk edip bilmeýändigini we dünýäniň gaýgy-hasratdan, adalatsyzlykdan, betbagtçylykdan doludygyny görýärdim.

Men 1982-nji ýylyň başynda Ýehowa özümi bagyş etdim we soňra Sent-Pol şäherindäki uly binada geçirilen «Patyşalygyň hakykaty» kongresinde suwa çümdürildim. Indiki hepde bolsa şol binada aklawçylyk ugrundan ekzamen tabşyrmaga gitdim. Oktýabryň başynda synagdan geçendigimi we aklawçy bolup işläp bilýändigimi habar berdiler.

«Patyşalygyň hakykaty» kongresinde men Brukliniň Beýtelinde gulluk edýän Maýk Riçardson dogan bilen tanyşdym. Ol baş edarada hukuk bölüminiň işläp başlandygyny aýtdy. Men Resullar 8:36-da efiopiýaly weziriň aýdan sözlerini ýatlap: «Maňa hukuk bölüminde işlemäge näme päsgel berýär?» diýip, özümden soradym. Soňra Beýtelde gulluk etmek üçin arza ýazdym.

Enem-atam Ýehowanyň Şaýady bolandygyma begenmeýärdiler. Kakam menden: «Beýtelde gulluk etseň, ýokary wezipelere geçip bilermiň?» diýip sorady. Men Beýtelde meýletin işlejekdigimi we aýda 75 dollar berilýändigini aýtdym. Şol wagtlar hemme beýtelçilere sowalga üçin 75 dollar berilýärdi.

Meni Beýtele çagyrmankalar kazyýetde işläp ýördüm. Men başlan ähli kazyýet işlerimi tamamlanymdan soňra, 1984-nji ýylda Bruklindäki (Nýu-Ýork) Beýteliň hukuk bölüminde gulluk edip başladym. Kazyýetde işlän döwrümde toplan tejribäm Beýteldäki işleri ýerine ýetirmäge kömek etdi.

«STENLI» TEATRYNYŇ ABATLAÝYŞ IŞLERI

Guramamyzyň satyn alan «Stenli» teatry

1983-nji ýylyň noýabrynda guramamyz Nýu-Jersi şäherindäki «Stenli» teatryny satyn aldy. Doganlar toguny we suw geçýän turbalaryny çalyşmak üçin şäher häkimliginden rugsat soradylar. Olar döwlet işgärleri bilen duşuşyp, Ýehowanyň Şaýatlarynyň kongreslerini geçirmek üçin teatrda abatlaýyş işlerini geçirjekdiklerini aýdýarlar. Ýöne bir kynçylyk ýüze çykýar. Şäheriň kanuny boýunça, dini çäreler diňe ýaşaýyş jaýlaryň töweregindäki binalarda geçirilmelidi. «Stenli» teatry bolsa söwda-satygyň, gelim-gidimiň köp ýerinde ýerleşýändigi üçin döwlet işgärleri rugsat bermediler. Doganlar kazyýete ýüz tutup, işe täzeden seredilmegini haýyş etdiler. Emma kazyýet olaryň arzasyna seretmedi.

Guramamyz çykarylan karar barada welaýat kazyýetine arz etdi. Şonda meniň Beýtelde gulluk edip başlanyma bir hepde bolupdy. Men Minnesota ştatynyň Sent-Pol şäherindäki welaýat kazyýetinde iki ýyl işläpdim, şonuň üçin jedelli işlere köp gatnaşypdym. Kazyýetde aklawçy doganlaryň biri: «„Stenli“ teatrynda her dürli çäreler geçirilýärdi, ýagny kino görkezilýärdi, bagşy-sazandalaryň çykyşlary bolýardy. Indi näme üçin dini çäreleri geçirmäge rugsat berilmeýär?» diýip çykyş etdi. Welaýat kazyýeti işimize seredip, Nýu-Jersi şäher kazyýeti Ýehowanyň Şaýatlarynyň dini ynançlaryna hormat goýmady diýip karar çykardy. Şeýdip, Nýu-Jersi şäheri gerekli rugsady bermeli boldy. Şonda men Ýehowanyň kazyýetde öz halkyna ýeňiş gazanmaga kömek edendigini gördüm. Şunuň ýaly işlere gatnaşmak maňa-da miýesser etdi!

Şeýlelikde, doganlar «Stenli» teatrynda düýpli bejeriş işlerine başladylar. Bir ýyl geçmänkä, ýagny 1985-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Nýu-Jersi şäherindäki Kongresler köşgünde Gilead mekdebiniň 79-njy klasynyň gutardyş dabarasy geçirildi. Şonda men ýurist doganlar bilen işleşip, Patyşalyk işleriniň ilerlemegi üçin öz goşandymy goşup bilendigime örän begendim. Men Beýtele gelmänkäm, aklawçy bolup işlänimde hiç haçan şeýle şatlanmandym. Ýöne Ýehowanyň maňa başga-da köp işleri tabşyrjakdygyny göz öňüme getirmeýärdim.

GANSYZ BEJERGI ALMAK HUKUGY ÜÇIN GÖREŞÝÄRIN

1980-nji ýyllarda lukmanlar Ýehowanyň Şaýatlarynyň gan goýbertmezlik baradaky haýyşyna seretmeýärdiler. Bu meselede göwreli aýallara has kyn bolýardy. Sebäbi kazylar olaryň gan goýbertmekden ýüz öwürmäge haky ýok diýýärdiler. Olar aýal gan goýbertmese, onuň aradan çykyp, çagasynyň ýetim galmagyndan gorkýardylar.

1988-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Denis Nikola uýa çagasyny dogranda köp gan ýitirýär, ganyndaky gemoglobini bäş göterimden hem pese düşýär. Şonda lukman tizden-tiz gan goýbertmelidigini aýdýar, emma uýa razylaşmaýar. Ertesi güni hassahananyň işgärleri kazyýete ýüz tutup, uýa gan goýbermäge rugsat soraýarlar. Kazy rugsat berýär. Ol uýany-da, ärini-de diňlemeýär, hatda çykaran karary hakda habar hem bermeýär.

30-njy dekabr, anna güni hassahana işgärleri Denis Nikola uýamyzyň, äriniň we dogan-garyndaşlarynyň närazylygyna garamazdan, oňa gan goýberýärler. Şol güni agşam Denisiň birnäçe dogan-garyndaşyny we birki ýygnak ýaşulyny tussag edýärler. Olar Denis uýa gan goýbertmejek bolup, lukmanlara garşy çykdylar diýip, jenaýat işine çekildi. 31-nji dekabr, şenbe güni dogan-uýalaryň tussag edilendigi hakda Nýu-Ýork şäheriniň gazetlerinde we täzeliklerinde habar berildi.

Men we Filip Barmleý

Duşenbe güni irden men Ýokary kazyýetiň kazysy Milton Mollen bilen görüşdim. Oňa Denis uýa bilen bolan ýagdaýy bolşy ýaly düşündirdim, ýagny kazynyň uýany diňlemän, lukmana gan goýbermäge rugsat berendigini aýtdym. Mollen kazy galan zatlary gürleşmek üçin öýlän iş otagyna barmalydygymy aýtdy. Hukuk bölüminiň gözegçisi Filip Bramleý dogan hem ýanym bilen gitdi. Kazy hassahananyň wekilini hem çagyrypdyr. Gürrüňdeşlik gyzgalaňly gidýärdi. Bramleý dogan depderçesine: «Özüňi ele al!» diýip ýazdy-da, maňa görkezdi. Ol maňa wagtynda maslahat beren ekeni. Sebäbi kanuny bozandyklaryny subut etmek üçin, sesime bat berip jedelleşip başlapdyryn.

Aklawçy doganlar (çepden saga): Riçard Mok, Gregori Olds, Pol Polidoro, Filip Bramleý, men we Marýo Moreno. ABŞ-nyň Ýokary kazyýetiniň öňünde «Garawul diňi jemgyýetiniň Straton obasyna garşy» atly işine seredilen güni (g03-U 8/1 okaň).

Takmynan bir sagat geçenden soňra Mollen kazy ertir irden ilki bilen biziň işimize seretjekdigini aýtdy. Çykyp barýarkak, ol: «Ertir hassahananyň aklawçysynyň işi gaýdar» diýdi. Diýmek, aklawça lukmanlaryň bikanun eden işini aklamak kyn düşer. Şonda Ýehowa bize: «Arkaýyn boluň, siz hökman ýeňiş gazanarsyňyz» diýen ýaly boldy. Men Ýehowanyň öz niýetini ýerine ýetirmek üçin, bizi ulanandygyna minnetdar boldum.

Biz ýarygijä çenli ertirki boljak kazyýet işi üçin birnäçe delilleri taýynladyk. Kazyýetiň binasy bilen Beýteliň arasy uzak däldi, bary-ýogy birnäçe köçe bardy. Şonuň üçin Beýteliň hukuk bölüminiň ähli işgärleri diýen ýaly kazyýete bardylar. Bizi dört sany kazy diňledi we uýa ganyň bikanun goýberilendigi bilen razylaşdylar. Kazyýet Denis Nikola uýanyň bähbidine çözüldi. Ýokary kazyýet adamdan rugsatsyz gan goýbermekligiň onuň hak-hukugyny we kanuny bozýandygy barada karar çykardy.

Şol kazyýet işinden soňra Nýu-Ýork ştatynyň Ýokary kazyýeti Denis Nikola uýa gansyz bejergi almaga rugsat berdi. Nikola uýanyňkydan başga-da, gan goýbertmezlik bilen bagly üç kazyýet işi boldy. Olaryň hersi bir ştatda geçirildi. Maňa olaryň ählisine gatnaşmak miýesser etdi (« Ýokary kazyýetlerde gazanylan ýeňişler» diýen çarçuwa serediň). Şeýle-de men Beýteliň aklawçylary bilen çaga hossarlyk etmek, aýrylyşmak, gozgalmaýan emläk, ýer we binalary ulanmak ýaly kazyýet işlerine gatnaşdym.

MAŞGALA DURMUŞYM

Men we Denis

Men Denis uýa bilen tanyşdym. Ol ärinden aýrylyşyp, üç çagasyny ýeke özi terbiýeleýän ekeni. Ol hem işleýärdi, hem pioner bolup gulluk edýärdi. Onuň durmuşy kynçylykdan doly bolsa-da, Ýehowa wepaly gulluk edýändigini görüp, haýran galdym. Biz 1992-nji ýylda Nýu-Ýorkda geçirilen «Nur saçýanlar» atly welaýat kongresine gatnaşdyk. Şonda men oňa söz aýtdym. Bir ýyldan biz toý etdik. Denis ruhy taýdan berk hem şadyýan uýa. Ýehowanyň bizi duşurandygyna minnetdar. Aýalym maňa her wagt söýget bolýar. Ýehowa Denis ikimize maşgala ojagymyzy berkitmäge kömek etdi (Nak. 31:12).

Denise öýlenemde çagalarynyň biri 11, biri 13 we beýlekisi 16 ýaşyndady. Men olar üçin gowy kaka bolasym gelýärdi. Şonuň üçin edebiýatlarymyzy okap, öweý ene-atalara berilýän maslahatlara eýermäge jan edýärdim. Elbetde, çagalar ulaldygysaýy kynçylyklar hem ulalýardy. Ýöne çagalaryň meni ynamdar dosty we mähirli kakasy hökmünde kabul edendiklerine begenýärin. Olaryň dost-ýarlary üçin biziň gapymyz hemişe açykdy. Çagalarymyzyň dostlary bilen bizem hezil edip oturýardyk.

2013-nji ýylda biz Denisiň garry ene-atasyna seretmek üçin Wiskonsin ştatyna göçdük. Men indi Beýtelde gulluk edip bilmerin diýsem-de, meni meýletinçi hökmünde çagyrdylar. Men hukuk meseleleri boýunça kömek edýärdim.

AJY HABAR

2018-nji ýylyň sentýabrynda men köp üsgürip başladym. Munuň sebäbini bilmek üçin lukmanyň ýanyna bardym, ýöne keselimi anyklap bilmedi. Soňra başga bir lukman newropatologa görünmegi maslahat berdi. 2019-njy ýylyň ýanwarynda newropatolog lukmany maňa ysmaz keseliniň başlandygyny we çalt ýaýraýandygyny aýtdy. Ol seýrek duşýan nerw keselidi.

Lukmana baranyma üç gün bolupdy. Men buzuň üstünde typyp ýörkäm, ýykylyp sag elimiň bilek süňkümi döwdüm. Men buzda typmaga ökdedim, aňsat ýykylmaýardym. Indi men bedenimiň gowşandygyny duýdum. Kesel şeýle çalt güýjär diýip pikir etmeýärdim. Maňa geplemek, hereket etmek, iýip-içmek gün-günden kyn düşýärdi.

Aklawçy hökmünde Patyşalyk işine azajyk bolsa-da goşant goşandygyma diýseň begenýärin. Şeýle-de men Ýehowanyň Şaýatlarynyň gansyz bejergi almak hukugyny goramak üçin lukmançylyk bilen bagly köp makalalary ýazdym we dünýäniň dürli künjeginde bu babatda çykyş etdim. Ýöne men Luka 17:10-daky sözlere goşulyp, özüm hakda şeýle diýýärin: «Men bir ýönekeý gul, etmeli işimi etdim».