Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Isa haçan baş ruhany boldy? Täze äht haçan güýje girdi?

Isa pygamber b. e. 29-njy ýylynda suwa çümdürilenden soň baş ruhany boldy. Biz muny nireden bilýäris? Isa suwa çümdürilende göçme manydaky gurbanlyk ojagynda özüni gurban berip, Hudaýyň «islegini» ýerine ýetirmäge taýyndygyny görkezdi (Gal. 1:4; Ýew. 10:5—10). Şu göçme manydaky gurbanlyk ojagy Isa suwa çümdürilende döredi. Şonda uly ruhy ybadathana-da döredi. Ojak ruhy ybadathananyň esasy zatlarynyň biri. Isanyň töleg gurbanyna iman edýän adamlar ruhy ybadathanada Ýehowa sežde edýärler we onuň razylygyny gazanýarlar (Mat. 3:16, 17; Ýew. 5:4—6).

Uly ruhy ybadathanada baş ruhany gulluk etmelidi. Ýehowa Isany «mukaddes ruhy arkaly... saýlap, oňa güýç berdi» we ruhany belledi (Res. 10:37, 38; Mar. 1:9—11). Isa ölüp, direlenden soň baş ruhany bolmaly dälmi näme?! Ýok. Geliň, muny bilmek üçin, Musanyň kanuny boýunça baş ruhany bolup gulluk eden Harun we onuň nesilleri hakda bileliň.

Kanuna görä, mukaddes çadyryň (soňra ybadathananyň) iň mukaddes otagyna diňe baş ruhany girip bilýärdi. Iki mukaddes otagyň arasynda perde bardy. Baş ruhany iň mukaddes otaga diňe Günä geçilýän güni girip bilýärdi (Ýew. 9:1—3, 6, 7). Harun we onuň nesilleri baş ruhany bolandan soňra mukaddes çadyryň «tutusyndan geçip», iň mukaddes otagyna girip bilýärdiler. Diýmek, Isa ölmänkä, Ýehowanyň uly ruhy ybadathanasynda baş ruhany edip bellendi we şondan soň «bedenini aňladýan tutudan geçip», göge gitdi (Ýew. 10:20). Şonuň üçin Pawlus resul Isanyň ilki «baş ruhany hökmünde gelendigini», soňra «ynsan eli bilen gurulmadyk, ýagny ýer ýüzünde bolmadyk beýik we has gowy çadyra», ýagny «göge girendigini» aýtdy (Ýew. 9:11, 24).

Täze äht haçan güýje girdi? Isa pygamber göge galyp, öz kämil janyny adamlar üçin töleg gurbanyny hökmünde hödürlände täze äht güýje girip başlady. Täze äht güýje girer ýaly üç ädim ädildi.

Birinjiden, Isa Ýehowanyň huzuryna bardy. Ikinjiden, Isa töleg gurbanyny Ýehowa hödürledi. Üçünjiden, Ýehowa Isanyň töleg gurbanyny kabul etdi. Şu üç ädim edilensoň täze äht güýje girdi.

Mukaddes Kitapda Ýehowanyň Isa pygamberiň töleg gurbanyny haçan kabul edendigi anyk aýdylmaýar. Şol sebäpli biz täze ähtiň haçan güýje girip başlandygyny bilmeýäris. Ýöne b. e. 33-nji ýylynda Pentikost baýramçylygyna 10 gün galanda, Isanyň göge galandygyny bilýäris (Res. 1:3). Diýmek, şol gysga wagt aralygynda Isa öz töleg gurbanyny Ýehowa hödürlän bolmaly (Ýew. 9:12). Ýehowa ony kabul edendigini Pentikost baýramçylygynda açyk-aýdyň mälim boldy (Res. 2:1—4, 32, 33). Şonda täze ähtiň güýje girendigine ençeme adam şaýat boldy.

Diýmek, Ýehowa Isa pygamberiň töleg gurbanyny kabul edip, saýlanan mesihçileriň üstüne mukaddes ruhy inderensoň täze äht güýje girdi. «Baş ruhany» Isa Mesihiň «araçy» bolmagy bilen täze äht hereket edip başlady (Ýew. 7:25; 8:1—3, 6; 9:13—15).