Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 28

Dogan-uýalar bilen bäsdeşlik etmäliň

Dogan-uýalar bilen bäsdeşlik etmäliň

«Geliň, diňe özüni bilýän adam bolmalyň, biri-birimiz bilen bäsleşmäliň, göriplik etmäliň!» (Gal. 5:26).

101-NJI AÝDYM Agzybir bolalyň

MAZMUNY *

1. Bäsdeşlik adamlara nähili zyýan ýetirýär?

ŞU GÜNLER adamlar nebsine çapyp, bäsdeşlik edýärler. Meselem, telekeçiler bir-birinden öňe saýlanmak üçin hileli ýollary ulanýarlar. Futbolçylar ýeňiş gazanmak üçin garşydaş toparynyň oýunçylaryna bilgeşleýin şikes ýetirýärler. Käbir ýaşlar ýokary okuw jaýynda okamak üçin synagda soraglaryň jogabyny ogrynça göçürýärler. Ýöne biz şu zatlaryň nädogrudygyna düşünýäris. Sebäbi Mukaddes Kitapda olaryň «ten işlerine» degişlidigi aýdylýar (Gal. 5:19—21). Dogan-uýalar bilmezlikden ýygnakda bäsdeşlik döredip bilermi? Şu sorag hakda oýlanmak wajyp. Sebäbi dogan-uýalaryň arasynda bäsdeşlik bolsa, ýygnakda agzybirlik bolmaz.

2. Makalada näme hakda gürrüň ederis?

2 Şu makalada dogan-uýalaryň arasynda bäsdeşlik döredýän erbet häsiýetler hakda gürrüň ederis. Şeýle-de bäsdeşligiň toruna düşmedik hudaýhon adamlar bilen tanşarys. Geliň, ilki bilen, öz niýetimizi barlamak üçin näme etmelidigi hakda bileliň.

NIÝETIŇIZI BARLAŇ

3. Biz nähili soraglar hakda oýlanmaly?

3 Biz hemişe öz niýetimizi barlap durmaly. Munuň üçin şu soraglar hakda oýlanmaly: «Men özüme ýokary baha bermek üçin kimdir biri bilen deňeşdirýärinmi? Hemişe özümi görkezjek bolýarynmy? Ýygnakdaky borçlarymy ökdedigimi görkezmek üçin edýärinmi? Ýa-da Ýehowa iň gowy zadymy bermek üçin edýärinmi?» Biz näme üçin özümize şu soraglary bermeli? Geliň, Hudaýyň Sözündäki käbir maslahatlara seredeliň.

4. Galatýalylar 6:3, 4-nji aýatlara görä, biz näme üçin özümizi dogan-uýalar bilen deňeşdirmeli däl?

4 Mukaddes Kitapda özümizi başgalar bilen deňeşdirmeli däldigi aýdylýar (Galatýalylar 6:3, 4-nji aýatlary okaň). Näme üçin? Birinjiden, tejribesi az dogan-uýalar bilen özümizi deňeşdirsek, tekepbir bolarys. Ikinjiden, özümizi ökde we başarnykly dogan-uýalar bilen deňeşdirsek, ruhdan düşeris. Şu iki ýagdaýda-da «sagdyn düşünjeli» bolup bilmeris (Rim. 12:3). Gresiýada ýaşaýan Katerina * uýa şeýle gürrüň berýär: «Men uýalar bilen özümi deňeşdirýärdim. Olaryň has owadandygyny, ökde wagyz edýändigini, joralarynyň köpdügini görenimde, özümden göwnüm geçýärdi». Ýehowa bizi owadanlygymyz, dile çeperligimiz ýa-da dost-ýarlarymyzyň köplügi üçin saýlamady; Hudaýy ýürekden söýüp, Ogly Isa Mesihe gulak asmaga taýyndygymyz üçin saýlady (Ýah. 6:44; 1 Kor. 1:26—31).

5. Hun dogan bilen bolan wakadan näme sapak edinip bileris?

5 Biz şu soragyň üstünde hem oýlanmaly: «Dogan-uýalar meni parahatlygy döredýän adam hökmünde tanaýarmy ýa-da dawaçyl adam?» Geliň, Günorta Koreýada ýaşaýan Hun dogan hakda gürrüň edeliň. Ol ýygnakda hormatly borçlary ýerine ýetirýän doganlar bilen bäsdeşlik edip başlaýar. Ol şeýle diýýär: «Men doganlary hemişe ýazgarýardym. Olar bilen hiç ylalaşmaýardym. Şeýlelikde, men sebäpli ýygnakda agzalalyk döredi». Oňa dostlary garaýşyny düzetmäge kömek edýär. Häzir Hun ýygnakda ýaşuly bolup gulluk edýär. Bizem dogan-uýalar bilen bäsdeşlik edip, ýygnagyň agzybirligini bozýan bolsak, onda derrew aýgytly ädim ätmeli.

ÖZÜŇI BILMEKLIK WE GÖRIPLIK DUZAGY

6. Galatýalylar 5:26-a görä, haýsy häsiýetler dogan-uýalaryň arasynda bäsdeşlik döredip biler?

6 Galatýalylar 5:26-ny okaň. Özüňi bilmeklik we göriplik häsiýetleri dogan-uýalaryň arasynda bäsdeşlik döredip biler. Özüni bilýän adam men-menlik edip, öz bähbidine çapýar. Görip adam iliň zadyna göz gyzdyrýar, hatda olary zadyndan mahrum etmek isleýär. Adam birini ýigrense göriplik edýär. «Gazana ýanaşsaň, garasy ýokar» diýlişi ýaly, biz özüňi bilmeklik we göriplik duzagyna golaýlaşmak islemeýäris.

7. Özüňi bilmeklik we göriplik häsiýetleri nähili zyýan ýetirýär? Mysal getiriň.

7 Özüňi bilmeklik we göriplik häsiýetlerini uçara guýulýan hapa ýangyç bilen deňeşdirse bolar. Hapa ýangyç guýlan uçar al-asmana galsa-da, ýere gonmanka heläkçilige uçrap biler, sebäbi hapa ýangyç onuň motoryna zyýan ýetirýär. Edil şonuň ýaly, özüni bilýän, görip adam Ýehowa gulluk etse-de, wagtyň geçmegi bilen, erbet häsiýetler onuň ýüregini eýelär we heläkçilige uçrar (Nak. 16:18). Şeýlelikde, ol Ýehowadan ýüz öwrer we özüne-de, dogan-uýalara-da zyýan ýetirer. Özüňi bilmekligiň we göripligiň duzagyna düşmez ýaly näme edip bileris?

8. Özüňi bilmekligiň toruna düşmez ýaly näme etmeli?

8 Özüňi bilmekligiň toruna düşmez ýaly Pawlus resulyň şu maslahatyna eýermeli: «Hiç zady dawa-jenjel ýa-da ulumsylyk bilen etmäň, gaýtam pesgöwünli boluň, başgalary özüňizden ýokary saýyň» (Flp. 2:3). Biz ökde, ukyply dogan-uýalary özümizden ýokary saýsak, bäsdeşlik etmeris, gaýtam olara buýsanarys we guwanarys. Sebäbi olar ukyp-başarnygy bilen Ýehowany şöhratlandyrýarlar. Ukyply, zehinli dogan-uýalar hem Pawlus resulyň maslahatyna eýerse, imandaşlarynyň ýagşy häsiýetlerini görüp begenerler. Şeýlelikde, ýygnakda agzybirlik we parahatlyk höküm sürer.

9. Görip bolmaz ýaly näme etmeli?

9 Göripligiň toruna düşmezlik üçin pespäl bolmaly. Pespäl adam mümkinçiliginiň çäklidigine düşünýär. Ol özüni dogan-uýalardan ökde, ukyply edip görkezjek bolmaýar. Gaýtam dogan-uýalary has ökde hasaplap, olardan öwrenmäge çalyşýar. Aýdaly, bir dogan nutuk bilen gowy çykyş edýär. Biz ondan nutuga nädip taýýarlanýandygyny sorap bileris. Ýa-da uýa tagamly naharlary bişirýär. Biz ondan süýji tagamlary bişirmegiň syryny sorap bileris. Ýaş dogan hiç kim bilen dostlaşyp bilenok. Ol köp dostlary bolan dogandan maslahat sorap biler. Şonda biz dogan-uýalara göriplik etmän, olardan köp zatlary öwrenip bileris.

HUDAÝHON ADAMLARYŇ GÖRELDESINE EÝERIŇ

Gedeýon özüni peseldip, Hudaýyň halkynyň arasynda parahatlygyň bolmagyna ýardam edýär (10—12-nji abzaslara serediň).

10. Gedeýon nähili kyn ýagdaýa düşdi?

10 Geliň, Gedeýon we efraýymlar hakda gürrüň edeliň. Gedeýon we 300 esgeri Ýehowanyň kömegi bilen uly ýeňiş gazanýarlar. Olar duşmany ýeňendiklerine örän begenýärler. Ýöne efraýymlar olary öwmegiň deregine, Gedeýon bilen dawalaşyp başlaýarlar. Efraýymlar urşa çagyrmandyklary üçin gaharlanýarlar. Olar Gedeýonyň Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmak we halkyny goramak üçin söweşendigine ünsem bermeýärler. Sebäbi olar diňe öz taýpasynyň at-abraýyny arşa galdyrmagyň aladasyny edýärdiler (Ser. 8:1).

11. Gedeýon efraýymlara näme diýdi?

11 Gedeýon pesgöwünlik bilen efraýymlara: «Siz menden has köp zat etdiňiz» diýýär. Gedeýon olara Ýehowanyň has köp ýeňişleri berendigini ýatladýar. Şonda efraýymlaryň «gahary köşeşýär» (Ser. 8:2, 3). Gedeýon özüni peseldip, Hudaýyň halkynyň arasynda parahatlygyň bolmagyna ýardam edýär.

12. Biz efraýymlar we Gedeýon bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

12 Biz şu wakadan näme öwrenýäris? Biz efraýymlaryň ýalňyşyndan sapak edinmeli. Öz at-abraýymyz hakda däl-de, Ýehowany şöhratlandyrmak hakda oýlanmaly. Ýaşulular bilen maşgalabaşylar hem Gedeýonyň göreldesine eýermeli. Kimdir biri sizden nägile bolup, gaty görendigini aýtsa, onuň ýagdaýyna düşünjek bolmaly. Şeýle-de ony edýän ýagşy işleri üçin öwmeli. Onuň ýalňyşýandygyny bilsek-de, pesgöwünli bolmaly. Dogan-uýalar bilen Ýehowa agzybir sežde etmek, biziň at-abraýymyzdan has wajypdyr.

Hanna Ýehowa doga-dileg edýär we kalbynda rahatlyk duýýar (13, 14-nji abzaslara serediň).

13. Hanna nähili kyn ýagdaýa düşdi we oňa döz gelmäge näme kömek etdi?

13 Geliň, Hanna hakda gürrüň edeliň. Ol lewilerden bolan Alkananyň söýgüli aýalydy. Ýöne Alkananyň Peninna atly ýene bir aýaly bardy. Alkana Peninnany däl-de, Hannany söýýärdi. «Peninnanyň çagalary bardy, emma Hannanyň çagasy bolmaýardy». Peninna Hannanyň çagasynyň bolmaýandygyny «ýüzüne basyp, hemişe kemsidýärdi». Hanna «aglap, çöregem iýmeýärdi» (1 Şam. 1:2, 6, 7). Hanna Peninnadan ar aljak bolmaýar. Ol gaýgy-aladasyny Ýehowa aýdýar we kömek etjekdigine ynanýar. Peninna Hannany kemsitmegini bes etdimi? Mukaddes Kitapda bu hakda aýdylmaýar. Hanna Ýehowa doga-dileg edensoň, güýjüne güýç goşulýar we kalby rahatlyk tapýar, «şondan soň ol gamgyn bolmaýar» (1 Şam. 1:10, 18).

14. Biz Hannanyň göreldesine nädip eýerip bileris?

14 Geliň, biz hem Hannanyň göreldesine eýereliň. Eger biri sizi kemsidip, üstüňizden gülse näme edersiňiz? Siz onuň bilen bäsdeşlik edip, jedelleşersiňizmi? «Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir» diýlişi ýaly, ýagşylyk etmäge jan edeliň (Rim. 12:17—21). Siziň eden ýagşylygyňyzy bilmeseler-de, kalbyňyz rahat bolar.

Apollos bilen Pawlus bäsdeşlik etmeýärdiler, sebäbi ähli zady Ýehowanyň kömegi bilen edýändiklerine düşünýärdiler (15—18-nji abzaslara serediň).

15. Apollos bilen Pawlus näme üçin biri-birine göriplik edip bilerdi?

15 Geliň, Apollos bilen Pawlusyň göreldesine eýermek üçin näme etmelidigi hakda gürrüň edeliň. Olaryň ikisi hem Mukaddes Kitaby gowy bilýärdi, atly-abraýlydy we ökde mugallymdy. Ikisi hem köp adamlara Isanyň şägirdi bolmaga kömek etdi. Ýöne olar bir-birine göriplik etmeýärdi.

16. Apollos nähili adamdy?

16 Apollos I asyrda ylymyň merkezi hasaplanýan Aleksandriýa şäherindendi. «Ol dilewar adamdy we mukaddes kitaplary gowy bilýärdi» (Res. 18:24). Apollos Korinf şäherine gelende, käbir dogan-uýalar ony Pawlusdan we beýleki resullardan ýokary tutdular, uly hormat goýdular (1 Kor. 1:12, 13). Apollos dogan-uýalaryň arasynda agzalalyk döredýärmi? Elbetde, ýok! Sebäbi Pawlus resul Apollosa ýene-de Korinf şäherine dolanmagy haýyş edýär (1 Kor. 16:12). Eger Apollos ýygnakda bölünişik döreden bolsa, Pawlus ondan beýle zady haýyş etmezdi. Apollos hoş habary ökdelik bilen wagyz etdi we dogan-uýalaryň imanyny berkitdi. Şeýle-de Apollos pesgöwünli adamdy. Akila bilen Priskilla Apollosa «Hudaýyň ýoluny has dogry düşündirende», ol öýkelemedi (Res. 18:24—28).

17. Pawlus resul nädip parahatlygy döretdi?

17 Pawlus resul Apollosyň ýagşy işleriniň gadyryny bilýärdi. Pawlus Apollosy bäsdeşi hasaplamaýardy. Biz Pawlusyň korinflilere ýazan hatyndan onuň kiçigöwünli, pespäl we paýhasly adamdygyny bilýäris. Käbir dogan-uýalar: «Men Pawlusyň şägirdi» diýip öwünýärdi. Emma Pawlus adamy däl-de, Ýehowa Hudaýy we Isa Mesihi şöhratlandyrmalydygyny düşündirdi (1 Kor. 3:3—6).

18. 1 Korinfliler 4:6, 7-nji aýatlara görä, Apollos bilen Pawlusyň göreldesine nädip eýerip bileris?

18 Apollos bilen Pawlusyň göreldesine nädip eýerip bileris? Biz Ýehowa bilen eginme-egin işleşýäris we köp adamlara suwa çümdürilmäge kömek edýäris. Ýöne biz Ýehowanyň kömegi bilen ähli zady başarýandygymyzy unutmaly däl. Apollos bilen Pawlusdan ýene bir wajyp zady öwrenýäris. Jogapkär doganlar ýygnagyň parahatlygyna uly goşant goşýarlar. Ýaşulularyň we hyzmatçy doganlaryň ýygnakda agzybirligiň bolmagy üçin elinde baryny edýändigini görüp örän begenýäris. Olar diňe Mukaddes Kitaba esaslanyp maslahat berýärler. Olar at-abraý gazanjak bolmaýarlar. Gaýtam dogan-uýalara Isa pygambere gulak asmaga we ondan görelde almaga kömek edýärler (1 Korinfliler 4:6, 7-nji aýatlary okaň).

19. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli? (« Ýygnakda bäsdeşlik döretmäň» diýen çarçuwa serediň).

19 Ýehowa biziň her birimize ukyp-başarnyk berdi. Biz ukyplarymyzy dogan-uýalara «hyzmat etmek» üçin ulanmaly (1 Pet. 4:10). Biz edýän işimizi ujypsyz, ähmiýetsiz hasaplamagymyz mümkin. Ýöne halynyň kiçijik çitimleriniň owadan göli emele getirişi ýaly, biziň edýän her bir işimiz ýygnakda agzybirligiň bolmagyna goşant goşýar. Geliň, dogan-uýalar bilen bäsdeşlik etmän, agzybirligi we parahatlygy döretmek üçin elimizde baryny edeliň (Efes. 4:3).

80-NJI AÝDYM Ýehowanyň ýagşylygyny dadyp görüň

^ par. 5 Çat açan küýze çalt döwler. Edil şonuň ýaly, dogan-uýalaryň arasynda bäsdeşlik bolsa, ýygnakda bölünişik dörär. Dogan-uýalaryň imany berk bolmasa, agzala bolarlar we Hudaýa parahatlykda sežde edip bilmezler. Şu makalada dogan-uýalar bilen bäsdeşlik etmez ýaly näme etmelidigi barada bileris. Şeýle-de ýygnagyň agzybirligine nädip goşant goşup biljegimiz hakda gürrüň ederis.

^ par. 4 Käbir atlar üýtgedildi.