ÖWRENILÝÄN MAKALA 27
Sabyrly Ýehowa Hudaýdan görelde alyň
«Siz çydamly bolup, janyňyzy halas edersiňiz» (Luka 21:19).
114-NJI AÝDYM Sabyrly boluň
MAZMUNY *
1, 2. Işaýa 65:16, 17-nji aýatlar çydamly bolmaga nädip kömek edýär?
2017-NJI ÝYLDA «Ruhdan düşmäň!» atly welaýat kongresi geçirildi. Kongres bize kynçylyklara çydamlylyk bilen döz gelmäge kömek etdi. Şondan bäri dört ýyl geçdi, emma biz häzir hem her dürli kynçylyklara çydamaly bolýarys.
2 Siz nähili kynçylyklara döz gelýärsiňiz? Belki, siziň dogan-garyndaşlaryňyz ýa-da dost-ýarlaryňyz aradan çykandyr. Ýa-da siz agyr keselden we garrylyk derdinden jebir-jepa çekýänsiňiz. Tebigy betbagtçylykdan, jenaýatçylykdan ýa-da yzarlamalardan kösenýänsiňiz. Koronawirus keseli-de (Kowid-19) derdiňize dert goşandyr. Biz gaýgy-aladalaryň, kynçylyklaryň ýok boljak gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şonda öňki zatlar ýada düşmez, bizi gaýga batyrmaz (Işaýa 65:16, 17-nji aýatlary okaň).
3. Biz näme üçin çydamly bolmaly?
3 Şeýtanyň dünýäsinde kynçylyklar gün-günden köpelýär. Gelejekde ýagdaýlar has-da beterleşer (Mat. 24:21). Şonuň üçin häzirden çydamly bolmagy öwrenmeli. Isa pygamber: «Siz çydamly bolup, janyňyzy halas edersiňiz» diýdi (Luka 21:19). Kyn ýagdaýlara döz gelýän dogan-uýalar hakda oýlansak, bizem çydamly bolup bileris.
4. Ýehowa Hudaýa näme üçin sabyrly we çydamly diýse bolar?
4 Ýehowa Hudaý kyn ýagdaýlarda sabyr edýär, çydaýar. Belki, siz muňa geň galýansyňyz. Ýöne oýlanyp görüň, bütin dünýä Şeýtanyň golastynda, adamlar kynçylyklardan ejir çekýär. Ýehowanyň ähli kynçylyklary bir Rim. 9:22). Ol Şeýtanyň dünýäsini ýok etjek gününe çenli, ýer ýüzünde bolýan zatlara çydaýar. Geliň, Ýehowanyň haýsy dokuz ýagdaýda sabyrly bolup, çydaýandygy hakda gürrüň edeliň.
pursatda aýyrmaga güýji ýetýär, emma sabyrly garaşýar (ÝEHOWA HAÝSY ÝAGDAÝLARDA SABYR EDÝÄR WE ÇYDAÝAR?
5. Hudaýyň adyna nähili töhmet atyldy we bu size nähili täsir edýär?
5 Hudaýyň adyna töhmet atýarlar. Ýehowa öz adyna hormat goýulmagyny isleýär (Işa. 42:8). Hudaýyň adyna 6 000 ýyldan bäri töhmet atylýar (Zeb. 74:10, 18, 23). Ilkinji sapar Iblis (Töhmetçi) Erem bagynda Hudaýyň adyna töhmet atdy. Ol Adam ata bilen How enä: «Hudaý sizden gowy zady gizleýär» diýdi (1 Mus. 3:1—5). Şol günden bäri «Hudaý adamlaryň bagtly ýaşamagyny islemeýär» diýlip, oňa töhmet atylýar. Isa pygamber Atasynyň adyna töhmet atylýandygyna juda biynjalyk bolýardy. Şol sebäpli ol şägirtlerine: «Eý gökdäki Atamyz, adyň mukaddes bolsun!» diýip doga etmegi öwretdi (Mat. 6:9).
6. Ýehowa gowy Hökümdardygyny nädip subut eder?
6 Hudaýyň hökümdarlygyna garşy çykýarlar. Ýehowa iň gowy Hökümdar. Onuň gökde we ýerde höküm sürmäge haky bar (Ylh. 4:11). Emma Şeýtan: «Hudaýyň hökümdarlyk etmäge haky ýok» diýip, perişdeleri we adamlary ynandyrmaga çalyşýar. Şeýdip, jedelli mesele orta atyldy. Ýöne ony bir günde çözüp bolmaýar. Şol sebäpli Hudaý adamlara köp wagtlap hökümdarlyk etmäge rugsat berdi. Adamzat taryhy olaryň Hudaýdan garaşsyz ýaşap bilmejegini subut edýär (Ýer. 10:23). Hudaý sabyrly garaşýar. Ol tizden jedelli meseläni doly çözer. Şonda Hudaýyň höküm sürmäge haklydygyna hiç kim şübhelenip bilmez. Ähli adamlar Hudaýyň iň gowy Hökümdardygyna we onuň Patyşalygynyň ýer ýüzünde parahatlygy, asudalygy dikeltjekdigine göz ýetirer.
7. Ýehowa garşy kim gozgalaň turuzdy we gozgalaňçylara näme bolar?
7 Perişdeler we adamlar gozgalaň turuzýar. Ýehowa perişdeleri we adamlary kämil edip ýaratdy. Bir perişde Adam ata bilen How enäni Hudaýa garşy gozgalaň turuzmaga iterdi. Soňra şol perişdä Şeýtan (Duşman) diýildi. Gozgalaňa birnäçe perişdeler we adamlar goşuldy (Ýahd. 6). Hudaýyň saýlan ysraýyl halky hem ýalan taňrylara sežde edip, Ýehowadan ýüz öwürdi (Işa. 63:8, 10). Olar Hudaýa dönüklik etdiler. Ýehowa gozgalaňçylary ýok etjek gününe sabyrly garaşýar we çydaýar. Şol gün Hudaýa wepaly adamlar örän begener, sebäbi olar gozgalaňçylaryň süteminden azat bolar.
8, 9. Şeýtan Ýehowa nädip töhmet atýar we biz Şeýtanyň ýalançydygyny nädip subut edip bileris?
8 Şeýtan hemişe töhmet atýar we ýalan sözleýär. Şeýtan Ýehowanyň wepaly bendesi Eýýuba töhmet atdy. Ol adamlaryň Ýehowa öz peýdasy üçin gulluk edýändigini aýtdy (Eýp. 1:8—11; 2:3—5). Iblis şu günlerem adamlara töhmet atýar (Ylh. 12:10). Eger biz synaglara çydap, Hudaýa wepaly bolsak, Ony söýýändigimizi we Şeýtanyň barypýatan ýalançydygyny subut ederis. Şonda Ýehowa Eýýuba bereket berişi ýaly, bize-de bereket berer (Ýak. 5:11).
9 Şeýtan dini ýolbaşçylar arkaly adamlaryň çekýän horluklaryna Hudaýyň Nak. 27:11).
günäkärdigine ynandyrýar. Käbir dini ýolbaşçylar eýjejik çagalar aradan çykanda: «Hudaý ony ýanyna aldy. Hudaýa-da gowusy gerek» diýýärler. Şeýle gep-gürrüňler Hudaýyň adyna ysnat getirýär. Ýöne biz Ýehowanyň söýgüden doly we aladaçyl Atadygyny bilýäris. Biz agyr kesellesek ýa-da ýakynlarymyzyň biri aradan çyksa, Ýehowany günäkärlemeýäris. Gaýtam Allatagalanyň tizden ölen adamlary direltjegine we keseli aýyrjagyna umyt edýäris. Şeýle-de biz Ýehowanyň söýgüden doly Hudaýdygy hakda wagyz edýäris. Şonda Ýehowa Şeýtanyň atan töhmetiniň ýalandygyny subut edip bilýär (10. Zebur 22:23, 24-nji aýatlardan Ýehowa Hudaý barada näme bilýäris?
10 Hudaýyň wepaly bendeleri ejir çekýär. Ýehowa rehimdar we duýgudaş Hudaý. Ýehowa biziň yzarlanýandygymyzy, keselçilikden ejir çekýändigimizi we bikämillik sebäpli ruhdan düşýändigimizi görüp gynanýar. Biziň dady-perýadymyzy eşidende, onuň ýüregi para-para bolýar (Zebur 22:23, 24-nji aýatlary okaň). Ýehowa horluklaryň soňuna çykmak isleýär. Ol tizden ähli kynçylyklary aýrar (2 Musa 3:7, 8; Işaýa 63:9-njy aýatlary deňeşdiriň). Şonda «Hudaý... gözlerimizden ýaşlarymyzy süpürer. Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar» (Ylh. 21:4).
11. Wepaly dostlarynyň ölümi Ýehowa nähili täsir edýär?
11 Ýehowa aradan çykan dostlaryny göresi gelýär. Ýehowa aradan çykan wepaly bendelerini küýseýär (Eýp. 14:15). Ol Ybraýym dostuny göresi gelýändir (Ýak. 2:23). Musa pygamber bilen ikiçäk gepleşesi gelýändir (2 Mus. 33:11). Dawudyň we beýleki mezmurçylaryň alkyş aýdymlaryny ýene-de diňläsi gelýändir (Zeb. 104:33). Wepaly dostlary ölen hem bolsa, Ýehowa olary unutmaýar (Işa. 49:15). Olaryň her bir häsiýeti Hudaýyň ýadynda. «Olaryň ählisi Hudaý üçin diridir» (Luka 20:38). Tizden Hudaý olary ölümden direlder. Ýehowa olaryň doga-dileglerini diňlär we edýän seždesini kabul eder. Siziň hem dogan-garyndaşlaryňyz aradan çykan bolsa, direlişe bolan umyt göwünlik berer.
12. Ýehowa zorluk-sütemden kösenýän adamlary görende özüni nähili duýýar?
12 Zalymlar ejizleri ezýär. Erem bagynda gozgalaň turanda, Ýehowa dünýäniň ýagdaýynyň gün-günden beterleşjekdigini bilýärdi. Ýehowa ýer ýüzünde bolýan erbetligi, adalatsyzlygy we zalymlygy ýigrenýär. Ol ejizleriň, garyplaryň, ýetimleriň we dul hatynlaryň hak howandary bolýar (Zek. 7:9, 10). Wepaly bendelerini yzarlanlarynda, türmä basanlarynda, Ýehowa gözüniň görejine degilen ýaly duýýar. Emma ol şeýle ýagdaýlara çydaýar we zulum-süteme döz gelýän adamlary ýürekden söýýär.
13. Adamlar nähili azgynçylyk edýärler we Hudaý olara nähili jeza berer?
13 Adamlar ahlak taýdan azýar. Şeýtan Hudaýyň keşbinde ýaradylan ynsanlaryň gün-günden azýandygyny görüp heşelle kakýar. Ýehowa Hudaý Nuh pygamberiň günlerinde «ýer ýüzündäki adamlaryň köp erbetlik edýändigini... gördi. Şonda Ýehowa ýer ýüzünde adamlary ýaradanyna gynandy, ýüregi para-para boldy» (1 Mus. 6:5, 6, 11). Häzir dünýäniň ýagdaýy has-da erbetleşdi. Iblis ahlaksyzlygyň we haýasyz işleriň gitdigiçe köpelýändigine begenýär. Azgyn adamlar açgözlük bilen ahlaksyzlyk edýärler, aýal aýal bilen, erkek erkek bilen jynsy gatnaşyk edýär (Efes. 4:18, 19). Şeýtan, esasanam, Ýehowanyň Şaýatlarynyň biri ahlaksyzlyk etse, heşelle kakýar. Tizden Ýehowanyň sabyr käsesi dolar. Ol ahlaksyz adamlaryň üstünden gazap oduny inderer.
14. Adamlar Hudaýyň haýsy tabşyrygyny bozdular?
14 Adamlar ýer ýüzüni dargadýar. Ynsan hökümdarlygy diňe bir adamlara däl, tebigata-da, haýwanlara-da köp zyýan ýetirýär. Ýehowa bolsa adamlara olaryň aladasyny etmegi tabşyrypdy (Nes. 8:9; 1 Mus. 1:28). Alymlaryň çaklamagyna görä, birnäçe ýylyň dowamynda ösümlikleriň we janly-jandarlaryň bir milliondan gowrak görnüşi ýitip biler. Şol sebäpli tebigatyň hapalanmagy köpleri alada goýýar. Ýöne Ýehowa «ýer ýüzüni dargadýanlary... ýok etmegi» we Ýer şaryny Jennete öwürmegi wada berýär (Ylh. 11:18; Işa. 35:1).
ÝEHOWANYŇ GÖRELDESINE NÄDIP EÝERIP BILERIS?
15, 16. Ýehowanyň çydamlylygyndan nädip görelde alyp bileris? Mysal getiriň.
15 Ýehowa Hudaý müňlerçe ýyl bäri ýer ýüzünde bolýan erbetlige çydap gelýär (« Ýehowa haýsy ýagdaýlarda sabyr edýär we çydaýar?» diýen çarçuwa serediň). Ýehowa erbetligi ýer ýüzünden derrew aýryp bilerdi, ýöne ol adamlaryň bähbidi üçin sabyrly garaşýar. Aýdaly, lukman är-aýala çagasynyň maýyp dünýä injegini we ejir çekip ýaşajagyny aýdýar. Şeýle-de ol çaganyň ýaş dünýäden ötjegini aýdýar. Är-aýal şonda-da çagasynyň dünýä injek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Olar çagasyny söýýändikleri üçin kyn ýagdaýlara çydaýar we çagany gowy şertlerde ýaşatmak üçin elinde baryny edýär.
16 Adam ata bilen How enäniň nesli-de günäli we bikämil bolup dünýä inýär. Emma Ýehowa adamlary söýýär we olaryň aladasyny edýär (1 Ýah. 4:19). Bikämil ene-atadan tapawutlylykda, Ýehowa adamlary ähli horlukdan we kynçylykdan halas eder. Ol adamzat neslini keselden sagaltmak we jebir-jepadan halas etmek üçin ýörite bir gün belledi (Mat. 24:36). Ýehowanyň bizi söýýändigi barada oýlansak, her bir zada döz geleris we soňuna çenli çydarys.
17. Ýewreýler 12:2, 3-nji aýatlar bize çydamly bolmaga nädip kömek edýär?
17 Ýehowa sabyrly we çydamly Hudaý. Isa pygamber hem Atasynyň göreldesine eýerip, synaglara çydady. Isa masgaraçylyga, sögünç sözlere we jebir pürsündäki ölüme döz geldi (Ýewreýler 12:2, 3-nji aýatlary okaň). Isa Atasynyň göreldesine eýerip, soňuna çenli çydady. Bizem Ýehowanyň göreldesine eýersek, islendik kyn ýagdaýa döz gelip bileris.
18. 2 Petrus 3:9-a görä, Ýehowanyň sabyrly bolmagynyň nähili peýdasy bar?
18 2 Petrus 3:9-y okaň. Ýehowa zalym dünýäni haçan ýok etmelidigini gowy bilýär. Ýehowa sabyrly Hudaý bolandygy üçin millionlarça adamdan ybarat uly märeke ýygnandy. Olar agzybirlikde Hudaýa sežde edýärler we oňa alkyş aýdýarlar. Olar Ýehowanyň sabyrly bolandygy üçin dünýä indiler, Hudaýy tanadylar we ömrüni Ýehowa bagyş etdiler. Tizden Ýehowa soňuna çenli çydamly bolan millionlarça adamy halas eder. Şonda olar Ýehowanyň sabyrlylygy üçin minnetdar bolarlar.
19. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli we nähili sylag alarys?
19 Biz Ýehowadan kyn ýagdaýlara şatlyk bilen döz gelmegi öwrenýäris. Şeýtan asyrlarboýy Ýehowanyň ýüregini agyrdýar. Emma Ýehowa şonda-da «bagtly Hudaý» (1 Tim. 1:11). Bizem Hudaýyň göreldesine eýersek, kynçylyklara şatlyk bilen döz gelip bileris. Ýehowa tizden adyny mukaddes eder, hökümdarlygyny aklar, ýer ýüzündäki ähli erbetlikleri we horluklary aýrar. Geliň, soňuna çenli çydamagy ýüregimize berk düweliň! Şeýle-de gökdäki Atamyz Ýehowanyň hem kyn ýagdaýlara çydaýandygy hakda oýlanalyň. Şonda Mukaddes Kitapdaky şu sözleriň dogrudygyna göz ýetireris: «Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol Ýehowany razy edip, Hudaýy söýýänlere wada berlen ýaşaýyş täjini alar» (Ýak. 1:12).
139-NJY AÝDYM Täze dünýäni göz öňüne getir!
^ par. 5 Şu günler biziň kynçylyklarymyz we dert-aladamyz başymyzdan agdyk. Käte elimizden hiç zat gelmeýändigi üçin kynçylyklara çydamakdan başga çärämiz galmaýar. Ýöne biz ýeke däl. Ýehowa hem köp ýagdaýlarda sabyr edýär we çydaýar. Şu makalada biz Ýehowanyň dokuz ýagdaýda sabyrly bolup, çydaýandygy we onuň peýdasy hakda gürrüň ederis. Şeýle-de sabyrly Ýehowa Hudaýyň göreldesine eýermek üçin näme etmelidigi barada bileris.