Şeýtanyň duzagyna düşmekden ägä boluň
YSRAÝYLLYLAR Wada edilen diýaryň bosagasynda durdular. Ýurdy eýelemek üçin, olara Iordan derýasyndan geçäýmek galypdy. Birdenem, garaşylmadyk myhmanlar gelýär. Özge milletden bolan nätanyş aýallar ysraýylly erkek adamlary baýramçylyga çagyrýar. Şeýle çakylyk ysraýyllylaryň gulagyna ýakymly bolup eşidilen bolmaly. Goňşy halklar bilen tanyşlyk, aýdym-saz we tagamly iýmitler olary özüne çeken bolmaga çemeli. Şol halklaryň däp-dessurlary we ahlak kadalary Hudaýyň halkynyňkydan düýpgöter tapawutlansa-da, käbir ysraýyllylar: «Aý, zyýany ýok. Men seresap bolaryn. Hiç zadam bolmaz» diýip pikir edendir.
Ýöne näme bolandygy ýadyňyzdamy? Mukaddes Ýazgylarda: «Ysraýyllylar... mowaply aýallar bilen zyna etmäge başladylar» diýilýär. Aslynda, şol aýallar ysraýylly erkek adamlary ýalan taňrylara sežde etdirmek isleýärdi. Olar öz maksadyna ýetdiler. Netijede, «ysraýyllylaryň garşysyna Rebbiň gahary geldi» (Günä eden ysraýyllylar Hudaýyň Kanunyndaky iki tabşyrygy bozdular. Birinjiden, ýalan hudaýlara sežde etdiler. Ikinjiden, ahlaksyzlyk etdiler (Müs. çyk. 20:4, 5, 14; Kan. tag. 13:6—9). Munuň netijesi gaty elhenç boldy. Müňlerçe erkekler öz janyndan mahrum boldy. Has erbedi bolsa, olaryň Wada edilen diýara girmegine sähelçe ädim galypdy (San. 25:5, 9).
Pawlus resul şol wakany ýatlap, şeýle diýdi: «Olaryň başyna inen zatlardan sapak edinmegimiz üçin, bular bize, ýagny şu zamanyň ahyryna garaşýanlara duýduryş hökmünde ýazylandyr» (1 Kor. 10:7—11). Ysraýyllylaryň Hudaýa garşy agyr günä edip, Wada edilen diýara girmekden mahrum bolandygyny görende, Şeýtan gaty begenendir! Biz bu duýduryşa örän çynlakaý garamaly. Sebäbi Şeýtan bize-de Hudaýyň wada berýän täze dünýäsine girmäge päsgel berjek bolýar.
HOWPLY DUZAK
Şeýtan mesihçileri duzaga düşürmek üçin her dürli usullary ulanýar. Ýokarda aýdylyşy ýaly, ol ysraýyllylary ahlaksyzlyk etmäge iterdi. Ol häzirem şeýle usuly ulanýar. Gynansak-da, köp adamlar Şeýtanyň bu duzagyna düşdüler. Muňa olaryň pornografiýa görmegi sebäp boldy.
Şu günler pornografiýa şeýle bir köpeldi welin, ony görýändigiňi hatda hiç kim bilmänem galýar. Öňler uly adamlar üçin çykarylýan filmleri diňe kinoteatrlarda ýa-da ýörite kino görkezilýän ýerlerde görüp bilýärdiler. Ahlaksyz suratly žurnallary bolsa, ýörite dükanlardan satyn alyp bolýardy. Köp adamlar biri göräýmesin diýip, şeýle ýerlere barmaga gorkýardy. Ýöne häzir Internet ulanýan islendik adam işinde, hatda ulagynda arkaýyn pornografiýa görüp bilýär. Köp ýurtlarda pornografiýany hatda öýüňden çykman hem görüp bolýar.
Mundan başga-da, el telefonlary pornografiýany has-da elýeterli etdi. Häzir adamlar telefonynda ýolda, awtobusda, otluda ýa-da ulagda gidip barýarka, arkaýyn pornografiýa görüp bilýär.
Şu günler öňkä garanyňda, has köp adam pornografiýanyň duzagyna düşýär. Pornografiýanyň duzagyna düşen adamlaryň maşgalasy bozulýar, özüne bolan ynamyny ýitirýär we ynsaby kütelýär. Ýöne iň erbedi bolsa, olar Hudaý bilen dostlukly gatnaşygyna has uly zyýan ýetirýär. Dogrudan-da, pornografiýa görýän adam hökman erbet netijesini görýär. Pornografiýanyň ýetirýän zyýanyny uzak wagtlap bitmeýän, soňunda bolsa erbet yz galdyrýan ýara meňzetse bolýar.
Ýöne bir zady unutmalyň, Ýehowa bizi Şeýtanyň duzaklaryndan gorap bilýär. Munuň üçin ysraýyllylardan tapawutlylykda, biz ähli zatda Ýehowa «boýun bolmaly» (Müs. çyk. 19:5). Ýehowanyň pornografiýany ýigrenýändigini unutmalyň.
PORNOGRAFIÝANY ÝEHOWANYŇ ÝIGRENIŞI ÝALY ÝIGRENIŇ
Hudaýyň ysraýyl halkyna beren kanunlarynyň deňi-taýy ýokdy. Olar ysraýyllylary edil berk diwar ýaly daş-töwerekdäki halklaryň erbet täsirinden goraýardy (Kan. tag. 4:6—8). Şol kanunlar Ýehowanyň ahlaksyzlygyň islendik görnüşini ýigrenýändigini aýdyň subut edýärdi.
Lew. 18:3, 25). Ysraýylyň mukaddes Hudaýy Ýehowa kenganlylaryň edýän işlerini şeýle bir ýigrenýärdi welin, ýurdy haram hasaplaýardy.
Ýehowa goňşy halklaryň ahlaksyzlyga baş goşýandygyny aýdyp, ysraýyllylara şeýle diýdi: «Sizi alyp barýan ýurdum bolan Kenganyň adatlaryna eýermäň... ýurt harama çykdy. Men ýurdy etmişleri üçin jezalandyraryn» (Ýehowa kenganlylara jeza berdi. Emma başga halklar öňküsi ýaly ahlaksyz durmuş alyp barýardy. Şondan 1 müň 500 ýyl geçensoň, Pawlus resul şol halklaryň ýaşaýşy hakda şeýle diýdi: «Olar ahlak kadalaryndan ýüz öwrüp, özlerini haýasyz işlere berdiler we her dürli hapa işleri açgözlük bilen edýärler» (Efes. 4:17—19). Şu günler hem köp adamlar özlerini şeýle alyp barýarlar. Hudaýyň gullukçylary ahlaksyz zatlaryň aç-açan görkezilýändigine garamazdan, şol zatlardan gaça durmak üçin elinde baryny edýär.
Pornografiýa Hudaýyň adyna ysnat getirýär. Ýehowa adamlary öz keşbinde ýaratdy we ýagşy-ýamany saýgarmak ukybyny berdi. Ol adamlara ahlak kadalary babatda kanunlary hem berdi. Hudaýyň niýetine görä, jynsy gatnaşyk diňe är-aýalyň arasynda bolmalydy we är-aýala lezzet berýän zat bolmalydy (Gel. çyk. 1:26—28; Sül. tym. 5:18, 19). Pornografiýany oýlap tapan we ony ýaýradýan adamlar bolsa, Hudaýyň ýokary ahlak kadalaryny depeleýär. Şeýdip, olar Hudaýyň adyny masgaralaýar. Hudaýyň kanunyny bozup, pornografiýa çykarýan we ýaýradýan adamlary Ýehowa hökman jezalar (Rim. 1:24—27).
Ýöne bilgeşleýin pornografiýa görýän ýa-da şeýle zatlary okaýan adamlara näme bolar? Käbir adamlar muny ýöne bir göwün açma hasaplaýarlar. Aslynda, olar özleri düşünmese-de, Hudaýyň kanunyny bozýan adamlaryň hataryna goşulýar. Hudaýyň gullukçylary pornografiýany nejis hasaplamaly. Mukaddes Ýazgylarda: «Eý Rebbi söýýänler, ýamanlygy ýigreniň!» diýilýär (Zeb. 97:10).
Adam pornografiýany göresi gelmese-de, şeýle duzaga düşüp biler. Bikämil bolandygymyz Ýer. 17:9). Emma mesihçileriň köpüsi hakykata gelensoň, pornografiýa görmek endigini taşlap bildi. Eger sizde-de pornografiýa görmek islegi döreýän bolsa, bu söweşde doly ýeňiş gazanyp biljekdigiňize ynamly bolup bilersiňiz. Geliň, Hudaýyň Sözüniň Şeýtanyň duzagyndan gaça durmaga nädip kömek edýändigine seredeliň.
üçin ahlaksyz pikirlere garşy durmak kyn bolýar. Mundan başga-da, biz pornografiýa görmegiň hiç hili zyýany ýok diýip pikir etmegimiz mümkin (AHLAKSYZ HÖWESLERIŇIZE GARŞY DURUŇ
Ýokarda aýdylyşy ýaly, ysraýyllylaryň köpüsi erbet höweslerine eýerendigi üçin, heläk boldular. Şu günler hem şeýle bolup biler. Ýakup şägirt bu barada şeýle diýdi: «Her kim öz höwesine gyzygyp, aldanan mahaly synalýar. Soňra höwes güýjäp, adamy günä iterýär» (Ýak. 1:14, 15). Eger adam erbet höwesleriniň ýüreginde ornaşmagyna ýol berse, ol iru-giç günä edýär. Şol sebäpli ahlaksyz pikirler dörän badyna, derrew aýyrmaly.
Isa şeýle diýdi: «Eger seniň eliň ýa-da aýagyň günä etmegiňe sebäp bolýan bolsa, ony kes-de taşla... Şeýle-de gözüň saňa günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup taşla» (Mat. 18:8, 9). Elbetde, Isa göni manyda bir ýeriňi kes diýjek bolmady. Ol günä etmegimize sebäp bolýan zatdan gaça durmak üçin derrew hem-de aýgytly hereket etmelidigini düşündirdi. Isanyň sözleri pornografiýadan gaça durmaga nädip kömek edýär?
Eger ahlaksyz bir zada gözüňiz düşse, ol size täsir etmez öýtmäň. Derrew başga tarapa serediň. Telewizory, kompýuteri ýa-da telefony dessine öçüriň. Ünsüňizi gowy zada gönükdiriň. Şonda erbet pikirler siziň üstüňizden däl-de, siz olaryň üstünden agalyk edersiňiz.
ÖŇKI GÖREN ZATLARYŇYZ KELLÄŇIZDEN ÇYKMASA NÄME ETMELI?
Aýdaly, siz pornografiýa görmegi bes etdiňiz. Ýöne wagtal-wagtal öňki gören zatlaryňyz ýadyňyza düşse näme etmeli? Ahlaksyz suratlar ýa-da erbet höwesler adamyň
aňynda berk ornaşyp, duýdansyz ýadyna düşüp bilýär. Şeýle ýagdaýlarda adam erbet höwesine ýol berip, masturbasiýa etmegi ýa-da has agyr günä baş goşmagy mümkin. Şonuň üçin ahlaksyz pikirler duýdansyz dörän mahaly göreşmek üçin hemişe taýýar boluň.Hatda pikiriňizde-de Hudaýy begendirip ýaşamagy ýüregiňize düwüň. «Bedenimi horlap, ony gul edýärin» diýen Pawlus resuldan görelde alyň (1 Kor. 9:27). Hiç haçan erbet höwesleriň toruna düşmäň. Mukaddes Ýazgylardaky: «Özüňizi alyp barşyňyzy we pikiriňizi özgerdiň. Şonda Hudaýyň ýagşy, halaýan we kämil isleginiň nämedigine düşünersiňiz» diýen maslahata eýeriň (Rim. 12:2). Günäli höweslere eýermegiň adamy bagtly etmeýändigini unutmaň. Diňe Hudaýa ýaraýan pikirleri we işleri edenimizde, hakykatdan-da bagtly bolýarys.
Günäli höweslere eýermegiň adamy bagtly etmeýändigini unutmaň. Diňe Hudaýa ýaraýan pikirleri we işleri edenimizde, hakykatdan-da bagtly bolýarys
Mukaddes Ýazgylardan birnäçe aýatlary ýat tutjak boluň. Şonda erbet pikirler dörände, şol aýatlar kömek eder. Meselem, Zebur 119:37; Işaýa 52:11; Matta 5:28; Efesliler 5:3; Koloslylar 3:5; 1 Selanikliler 4:4—8-nji aýatlar Ýehowanyň pornografiýa nähili garaýandygyna we sizden nämä garaşýandygyna düşünmäge kömek eder.
Ýöne pornografiýa görmek höwesiňize erk edip ýa-da ahlaksyz pikirleri asla kelläňizden çykaryp bilmeýän bolsaňyz näme etmeli? Halypamyz Isadan görelde alyň (1 Pet. 2:21). Isa suwa çümdürilenden soň, Şeýtan ony synap başlady. Şonda Isanyň näme edendigi ýadyňyzdadyr. Ol Şeýtanyň teklibinden derrew ýüz öwürdi. Isa Şeýtanyň her bir synagyna Hudaýyň Sözüne salgylanyp jogap berdi. Ol: «Ýanymdan aýryl, Şeýtan!» diýdi. Şonda Şeýtan onuň ýanyndan gitdi. Isa ýaly sizem Şeýtana gaýtawul bermegiňizi hiç haçan bes etmäň (Mat. 4:1—11). Şeýtan we onuň dünýäsi gün geçdigi saýyn pikirimizi zaýalajak bolar, ýöne hiç haçan ýan bermäň. Ýehowanyň kömegi bilen, siz bu ganym duşmanyň üstünden doly ýeňiş gazanyp bilersiňiz.
ÝEHOWA DOGA EDIŇ WE OŇA GULAK ASYŇ
Ýehowa hemişe doga edip, ondan kömek soraň. Pawlus resul: «Her ýagdaýda Hudaýdan kömek sorap... ýalbaryň. Şonda ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy siziň ýürekleriňizi we pikirleriňizi Mesih Isa arkaly gorar» diýdi (Flp. 4:6, 7). Hudaýyň parahatlygy erbet pikirlerimize garşy göreşmäge kömek edýär. Eger biz Ýehowa ýakynlaşmak üçin elimizde baryny etsek, «ol hem bize ýakynlaşar» (Ýak. 4:8).
Älem-jahanyň eýesi Ýehowa bilen dostlugymyzy berkitsek, Şeýtanyň gurýan islendik duzagyndan goranyp bileris. Isa: «Dünýäniň hökümdary (Şeýtan) gelýär, onuň maňa hiç hili güýji ýetýän däldir» diýdi (Ýah. 14:30). Isa näme üçin muny şeýle ynam bilen aýtdyka? Ol şeýle diýýär: «Meni Iberen meniň bilendir; ol meni ýeke goýan däldir, sebäbi men hemişe oňa ýaraýan zatlary edýärin» (Ýah. 8:29). Eger bizem Ýehowa ýaraýan zatlary etmek üçin elimizde baryny etsek, ol bizi hiç haçan taşlamaz. Şonuň üçin, geliň, pornografiýanyň islendik görnüşinden gaça duralyň. Şonda Şeýtanyň oljasy bolmarys.