Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 23

«Seresap boluň, hiç kim sizi... ýesir edäýmesin»

«Seresap boluň, hiç kim sizi... ýesir edäýmesin»

«Seresap boluň, hiç kim sizi... boş zatlar, ýagny dünýäniň düşünjeleridir akyldarlygy we ynsan adatlary bilen aldap, ýesir edäýmesin» (Kol. 2:8).

37-NJI AÝDYM Hudaýyň Sözi ylhamlanan

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1. Koloslylar 2:4, 8-nji aýatlara görä, Şeýtan bizi nädip aldaýar?

ŞEÝTAN biziň Ýehowadan ýüz öwürmegimizi isleýär. Ol maksadyna ýetmek üçin pikirimizi «ýesir» alyp, ony özüne tabyn etdirjek bolýar. Ol bizi aldap, öz yzyna eýertjek bolýar. Şeýtan bizi nädip aldap bolýandygyny gowy bilýär. Ol bizi aldamak üçin adaty isleglerimizi we höweslerimizi ulanýar (Koloslylar 2:4, 8-nji aýatlary okaň).

2, 3. a) Koloslylar 2:8-däki duýduryşa näme üçin häzir hasam ünsli bolmaly? b) Şu makalada nämä serederis?

2 Şeýtan bizi dogrudan hem aldap bilýärmi? Hawa. Pawlus Koloslylar 2:8-däki sözleri Hudaýa gulluk etmeýän adamlara däl-de, mukaddes ruh arkaly mesh edilen mesihçilere ýüzlenip aýdypdy (Kol. 1:2, 5). Sebäbi şol wagt olar her hili zatlar bilen aldanyp bilýärdi. Şu günler şeýle howp has-da güýçlendi (1 Kor. 10:12). Sebäbi Şeýtan ýer ýüzüne zyňyldy; ol Hudaýyň gullukçylaryny aldajak bolup, elinde baryny edýär (Ylh. 12:9, 12, 17). Üstesine-de, biz soňky günlerde, ýagny adamlaryň «erbet işleri etmekde has-da ökdeleşen» döwründe ýaşaýarys (2 Tim. 3:1, 13).

3 Biz şu makalada Şeýtanyň «boş zatlar» arkaly pikirimize nädip täsir etjek bolýandygy hakda gürrüň ederis. Şeýle-de Şeýtanyň ulanýan üç «hilesi» hakda bileris (Efes. 6:11). Indiki makalada bolsa, Şeýtanyň dünýäsiniň pikirimize eden erbet täsirinden nädip azat bolup biljekdigimize serederis. Geliň, başda Wada edilen diýara girenlerinde, Şeýtanyň ysraýyl halkyny nädip aldandygyna we şol wakadan näme öwrenip biljekdigimize seredeliň.

ŞEÝTAN YSRAÝYLLYLARY BUTPARAZLYGA ITERDI

4—6. Kanun taglymaty 11:10—15-nji aýatlara görä, ysraýyllylar Wada edilen diýara girende nämä öwrenişmeli boldular?

4 Şeýtan ysraýyllylaryň başyny-gözüni aýlap, olary butparazlyga iterdi. Ol muny nädip etdi? Şeýtan ysraýyllylara iýmitiň gerekdigini bilýärdi, şonuň üçin mundan peýdalandy. Ysraýyllylar Wada edilen diýara girende, ekerançylyk bilen meşgullanmagyň täze usulyny öwrenmeli boldular. Olar Müsürdekä ekin meýdanlary Nil derýasy arkaly suwarylýardy, Wada edilen diýarda bolsa, ekini suwarmak üçin şeýle uly suw bulaklary ýokdy. Şol sebäpli daýhanlar ýagnyň ýagmagyna garaşmaly bolýardy (Kanun taglymaty 11:10—15-nji aýatlary okaň *; Iş. 18:4, 5). Ysraýyllylara ekerançylygyň täze usullaryny öwrenmek aňsat düşmedi, sebäbi ekin-dikinden başy çykýan adamlaryň köpüsi çölde aradan çykypdy.

Şeýtan ysraýyllylaryň pikirine nädip täsir etdi? (4—6-njy abzaslara serediň) *

5 Ýehowa halkyna täze şertlere öwrenişmeli boljakdygyny düşündirdi. Soňra ol, göräýmäge, ekerançylyk bilen birbada bagly bolmadyk sözleri aýdýar: «Ýöne seresap boluň, aldanyp ýoldan çykaýmaň, başga hudaýlara sygynyp, olara gulluk edäýmäň» (Kan. tag. 11:16, 17). Ýehowa ekerançylygyň täze usullary barada aýdanda, näme üçin ysraýyllylara ýalan hudaýlara sežde etmek bilen bagly duýduryş berdikä?

6 Ýehowa ysraýyllylaryň ekin-dikin bilen bagly meselelerde goňşy halklardan kömek sorajakdygyny bilýärdi. Elbetde, şol halklar ekerançylyk barada köp zatlary bilýärdi we ysraýyllylara bu babatda kömek edip bilerdi, ýöne munuň howply tarapy hem bardy. Kenganlylar Bagal taňrysyna sežde edýärdi. Olar Bagaly asmanyň hojaýyny hasaplaýardy we ýagyş ýagdyrýandygyna ynanýardy. Ýehowa halkynyň şeýle ýalan zatlaryň täsirine düşmegini islemeýärdi. Emma ysraýyllylar şonda-da aldanyp, Bagal taňrysyna öwran-öwran sežde etdiler (San. 25:3, 5; Ser. 2:13; 1 Pat. 18:18). Şeýtan ysraýyllylary nädip aldap bildikä?

ŞEÝTANYŇ YSRAÝYLLYLARY ALDAMAK ÜÇIN ULANAN ÜÇ USULY

7. Wada edilen diýarda ysraýyllylaryň imany nädip synaldy?

7 Şeýtanyň ysraýyllylary aldamak üçin ulanan birinji usuly, olaryň mes toprakly ýerde gowy ýaşamak islegini ulandy. Wada edilen diýarda aprel aýynyň soňundan sentýabryň ahyryna çenli kän ýagyn ýagmaýardy. Ysraýyllylaryň ýaşaýşy we hasylyň bol bolmagy oktýabr aýynda ýagýan ýagşa baglydy. Şeýtan mekirlik bilen ysraýyllylary öz bähbitleri üçin butparaz halklaryň ynanýan zatlaryna eýermäge iterdi. Şol halklar taňrylarynyň ýagyn ýagdyrmagy üçin käbir däp-dessurlary etmelidigine ynanypdyr. Ýehowa bolan imany gowşan ysraýyllylar soňabaka gurakçylykdan diňe şol zatlar halas edip bilýär diýip pikir edipdir. Şol sebäpli olar Bagal taňrysy üçin her hili däp-dessurlary edip başladylar.

8. Şeýtanyň ysraýyllylara garşy ulanan ikinji usuly näme? Düşündiriň.

8 Şeýtanyň ysraýyllylara garşy ulanan ikinji usuly, olarda günäli höwesleri oýardy. Butparaz halklar diňe bir ýalan taňrylara sežde etmän, eýsem, aýallar hem, erkekler hem buthanada ahlaksyzlyk edýärdi. Olar gomoseksuallyga we ahlaksyzlygyň başga-da görnüşlerine bolaýmaly zat ýaly garaýardy (Kan. tag. 23:17, 18; 1 Pat. 14:24). Şeýle däp-dessurlaryň kömegi bilen, olar taňrylarynyň göwnünden turýandyklaryna we bol hasyl alýandyklaryna ynanýardy. Bu zatlar ysraýyllylaryň köpüsiniň gözüne ýakymly bolup göründi. Şol sebäpli olar ýalan taňrylara sežde edip başladylar. Şeýdip, Şeýtan olaryň pikirini «ýesir» aldy.

9. Hoşeýa 2:16, 17-nji aýatlara görä, Şeýtan ysraýyllylaryň Ýehowa bolan garaýşyny nädip ýoýdy?

9 Şeýtanyň ysraýyllylara garşy ulanan üçünji usuly, olaryň Ýehowa bolan garaýşyny ýoýdy. Ýehowa Ýermeýanyň günlerinde ýalan pygamberleriň «Bagal» zerarly ysraýyllylara Öz adyny unutdyrandygyny aýtdy (Ýer. 23:27). Wagtyň geçmegi bilen, ysraýyllylar Ýehowanyň adyny tutmagyny bes edip, «hojaýyn» diýmegi aňladýan Bagalyň adyny çagyryp başlan bolmaly. Netijede, olaryň Ýehowa bolan garaýşy ýoýlup, Oňa edýän seždesini Bagala edilýän sežde bilen garyşdyrdylar (Hoşeýa 2:16, 17-nji aýatlary okaň we çykgydyna serediň) *.

ŞEÝTANYŇ ŞU GÜNLER ULANÝAN USULLARY

10. Şu günler Şeýtan nähili usullary ulanýar?

10 Şeýtan şu günler hem şeýle usullary ulanýar. Ol adamlaryň adaty islegini ulanyp, günäli höweslerini oýaryp we Ýehowa bolan garaýşyny ýoýup, olary aldaýar. Geliň, ilki bilen, adamlaryň Ýehowa bolan garaýşyny Şeýtanyň nädip ýoýýandygyna seredeliň.

11. Şeýtan adamlaryň Ýehowa bolan garaýşyny nädip ýoýýar?

11 Şeýtan adamlaryň Ýehowa bolan garaýşyny ýoýýar. Isanyň resullary aradan çykansoň, özüni mesihçi hasaplaýan käbir adamlar ýalan taglymatlary ýaýradyp başladylar (Res. iş. 20:29, 30; 2 Sel. 2:3). Şol imandan dänen adamlar ýeke-täk hak Hudaý baradaky hakykaty ýoýdular. Mysal üçin, olar Mukaddes Ýazgylaryň käbir terjimelerinden Hudaýyň adyny aýyrdylar we ýerine «Reb» diýen ýaly titullary ulandylar. Bu bolsa Mukaddes Ýazgylary okaýan adamlara Ýehowanyň ýalan taňrylardan nähili tapawutlanýandygyny bilmäge päsgel berdi (1 Kor. 8:5). Olar Ýehowa-da, Isa-da «Reb» diýip ýüzlenýärdi. Şol sebäpli adamlar Ýehowanyň we Isanyň aýratyn şahsyýetdigine düşünmeýär (Ýah. 17:3). Şeýdip, Mukaddes Ýazgylarda asla agzalmaýan Üç ýüzli taňry diýen ýalan taglymat döredi. Netijede, häzir köp adamlar Hudaý uzakda we Oňa asla ýakynlaşyp bolmaýar diýip pikir edýär. Görşümiz ýaly, Şeýtan göz-görtele ýalan sözleýär (Res. iş. 17:27).

Şeýtan adamlary ahlaksyzlyga itermek üçin ýalan dini nädip ulanýar? (12-nji abzasa serediň) *

12. Ýalan din nämäni goldaýar we Rimliler 1:28—31-nji aýatlara görä munuň netijesi nähili bolýar?

12 Şeýtan adamlaryň günäli höweslerini oýarýar. Geçmişde Hudaýyň halkyny ahlaksyzlyk etmäge itermek üçin, Şeýtan ýalan dini ulandy. Şu günler hem ol şeýle usul ulanýar. Ýalan din ahlaksyzlyga diňe bir göz ýumman, hatda ony goldaýar. Netijede, häzir köp adamlar Hudaýa gulluk edýän diýse-de, aslynda, Onuň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşamaýar. Pawlus resul rimlilere ýazan hatynda munuň nämä eltýändigini aýtdy (Rimliler 1:28—31-nji aýatlary okaň). Pawlusyň agzap geçen «ýerliksiz zatlaryna» ahlaksyzlygyň ähli görnüşi, şol sanda gomoseksuallyk hem degişli (Rim. 1:24—27, 32; Ylh. 2:20). Hudaýyň gullukçylary hökmünde biz Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlary boýunça ýaşamagy örän wajyp hasaplaýarys.

13. Şeýtan adamlary aldamak üçin ýene nähili usul ulanýar?

13 Şeýtan adamlaryň adaty islegini ulanýar. Elbetde, özüňi hem-de maşgalaňy gerek zatlar bilen üpjün etmek üçin bilim almak we hünär öwrenmek nädogry däl (1 Tim. 5:8). Köplenç biz mekdepde gowy okap, şol zatlary öwrenýäris. Ýöne seresap bolmaly. Köp ýurtlarda okuwçylar mekdepde diňe bir zehinini artdyrman, şu dünýäniň akyldarlygyny hem öwrenýärler. Mysal üçin, olara mekdepde ewolýusiýa taglymaty öwredilýär. Netijede, olar Hudaýyň bardygyna we Mukaddes Ýazgylaryň ynama mynasypdygyna şübhelenýärler (Rim. 1:21—23). Emma bu Hudaýyň akyldarlygyna düýbünden garşy gelýär (1 Kor. 1:19—21; 3:18—20).

14. Ynsan akyldarlygy adamlary nämä iterýär?

14 Ynsan akyldarlygy Ýehowanyň adyl kadalaryny inkär edýär we Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesini ösdürmäge däl-de, «ten işlerine» eýermäge höweslendirýär (Gal. 5:19—23). Bu bolsa adamlary tekepbir bolmaga we «özüni bilmäge» iterýär (2 Tim. 3:2—4). Şeýle häsiýetler Hudaýyň öz gullukçylarynda görmek isleýän ýumşaklyk we pesgöwünlilik ýaly häsiýetlerine düýbünden garşy gelýär (2 Şam. 22:28). Gynansak-da, käbir mesihçiler ýokary okuw jaýynda okap, ynsan akyldarlygynyň pikirine täsir etmegine ýol berdiler we Hudaýyň pikirine eýermegini bes etdiler. Geliň, bir waka seredeliň.

Ynsan akyldarlygy pikirimizi nädip zaýalap bilýär? (14—16-njy abzaslara serediň) *

15, 16. Bir uýa bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

15 15 ýyldan gowrak uzak wagtly gulluk edýän bir uýa şeýle diýýär: «Ýehowanyň Şaýady hökmünde men ýokary okuw jaýynda okamagyň howpludygyny bilýärdim. Ýöne bu babatda berilýän duýduryşlar bir gulagymdan girip, beýlekisinden çykýardy. Olar maňa degişli däldir öýdýärdim». Uýamyzyň şeýle garaýşy nämä eltdi? Ol şeýle diýýär: «Okuw bar wagtymy hem güýjümi alýardy. Şonuň üçin Ýehowa arkaýyn doga etmäge-de wagtym bolmaýardy. Özümi şeýle bir ýadaw duýýardym welin, adamlara hoş habary wagyz etmäge we ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanmaga höwesim bolmaýardy. Men okuwymyň Ýehowa bilen dostlugyma zyýan ýetirýändigine düşündim. Şonuň üçin okuwymy taşladym».

16 Ýokary okuw jaýynda okamak, şol uýanyň pikirine nähili täsir etdi? Ol şeýle diýýär: «Dogrymy aýtsam, häzir öz-özümden utanýaryn. Men başgalary, hasam dogan-uýalary tankytlap başladym. Men olardan köp zada garaşýardym we özümi çetde tutýardym. Adamlara bolan garaýşymy üýtgetmek üçin maňa köp wagt gerek boldy. Men gökdäki Atamyzyň guramasy arkaly berýän maslahatlaryny äsgermezçilik etmegiň örän howpludygyna düşündüm. Ýehowa meni nämäniň bagtly edýändigini gowy bilýärdi. Şol wagt ony diňlemändigime ökünýärin».

17. a) Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz? b) Indiki makalada näme barada gürrüň ederis?

17 «Boş zatlar, ýagny dünýäniň düşünjeleri» arkaly Şeýtanyň sizi aldamagyna hiç haçan ýol bermäň. Onuň ulanýan hilelerine garşy durmagyňyzy dowam ediň (1 Kor. 3:18; 2 Kor. 2:11). Şeýtanyň Ýehowa bolan garaýşyňyzy ýoýmagyna hiç haçan ýol bermäň. Hudaýyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşaň we Ýehowanyň berýän maslahatlaryny hiç haçan äsgermezçilik etmäň. Ýöne şu dünýäniň akyldarlygy siziň pikiriňize eýýäm täsir eden bolsa näme? Indiki makalada Hudaýyň Sözi arkaly aňymyzda kök uran garaýyşlary we endikleri nädip aýryp bolýandygyna serederis (2 Kor. 10:4, 5).

11-NJI AÝDYM Ýehowanyň ýüregini şatlandyralyň

^ abzas 5 Şeýtan adamlary ussatlyk bilen aldaýar. Köp adamlar özlerine azatdyr öýdýär, emma olar Şeýtanyň goly astyndadygyny bilmeýär. Biz şu makalada Şeýtanyň adamlary aldamak üçin ulanýan käbir usullaryna serederis.

^ abzas 4 Kanun taglymaty 11:10 Siziň gidip, mülk edinjek ýurduňyz Müsür ýurdy ýaly däldir. Siz Müsürde ýere tohum ekip, gök-bakja ideg eden ýaly, ony zor aýakdan suwarardyňyz. 11 Emma siziň gidip mülk edinjek ýurduňyzda daglar we jülgeler bardyr. Topragy asmandan ýagýan ýagyş suwarýar. 12 Ol ýeriň aladasyny edýän Hudaýyňyz Rebdir. Ýylyň başyndan tä ahyryna çenli Hudaýyňyz Rebbiň gözi hemişe ol ýerdedir. 13 Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän her bir buýrugyna gulak goýup, Hudaýyňyz Rebbi söýüp, tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden Oňa gulluk etseňiz, 14 Ol siziň topragyňyza güýz hem ýaz ýagyşlaryny öz wagtynda ýagdyrar. Siz dänäňizi, şerabyňyzy we ýagyňyzy ýygnarsyňyz. 15 Şeýle hem, Ol mal-garalaryňyz üçin ekin meýdanlaryňyzda ot gögerder. Siziň garnyňyz dok bolar.

^ abzas 9 Hoşeýa 2:16 Şol gün Meni «Ärim» diýip çagyrar. Mundan beýläk «Bagalym» diýip çagyrmaz. Muny Reb aýdýandyr. 17 Dilinden Bagal butlaryň atlaryny aýraryn, olaryň atlaryny gaýdyp tutmazlar.

^ abzas 50 SURATLAR: Kenganlylar bilen gatnaşan ysraýyllylar Bagal taňrysyna sežde etmegiň we ahlaksyzlygyň duzagyna düşdüler.

^ abzas 53 SURATLAR: Gomoseksuallygy goldaýan buthananyň ýazgysy.

^ abzas 55 SURATLAR: Ýokary okuw jaýynda okaýan ýaş uýa kursdaşlary bilen ylmyň hem-de tehnologiýanyň adamlaryň ähli kynçylyklaryny çözýändigi baradaky çykyşy diňleýär. Soňra şol uýa ýygnakda aýdylýan zatlary diňläsi gelmeýär, hatda dogan-uýalary hem tankytlaýar.