GARAWUL DIŇI (ÖWRENMEK ÜÇIN) Iýun 2020

Žurnalyň şu sanynda 2020-nji ýylyň 3—30 awgust aralygynda öwreniljek makalalar bar.

«Adyň mukaddes bolsun!»

Öwrenilýän makala 23: awgust 3—9, 2020. Haýsy mesele ählimize täsir edýär? Şu meselä näme üçin örän wajyp diýse bolar we munuň bize nähili degişli ýeri bar? Şu soraglaryň jogaby Ýehowa bilen dostlugymyzy berkider.

«Bütin kalbym bilen adyňdan gorkaýyn»

Öwrenilýän makala 24: awgust 10—16, 2020. Şu makalada Zebur 86:11, 12-nji aýatlardaky Dawut pygamberiň dogasynda aýdan sözlerine serederis. Ýehowanyň adyndan gorkmak nämäni aňladýar? Hudaýyň beýik adyndan näme üçin gorkmaly? Hudaýdan gorky synaga düşenimizde nädip gorar?

Okyjylaryň sowallary

«Ruhuň miwesine» diňe Galatýalylar 5:22, 23-nji aýatlarda aýdylýan häsiýetler degişlimi?

«Goýunlarymy özüm gözläp taparyn»

Öwrenilýän makala 25: awgust 17—23, 2020. Ýehowanyň käbir gullukçylary näme üçin wagyz etmegini we ýygnaga gelmegini bes edýärler? Hudaý olara nähili garaýar? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris. Şeýle-de gadymy döwürde az wagtlyk Hudaýdan daşlaşan adamlara Ýehowanyň nädip kömek edendigine we mundan näme öwrenip biljekdigimize serederis.

«Maňa dolanyň»

Öwrenilýän makala 26: awgust 24—30, 2020. Ýehowa ýygnaga gelmegini we wagyz etmegini bes eden gullukçylaryny: «Maňa dolanyň» diýip çagyrýar. Ýehowanyň çakylygyna seslenmek isleýän adamlara kömek etmek üçin köp zatlary edip bileris. Şu makalada muny nädip edip biljekdigimizi bileris.