Özüňe erk etmeklik. Ýehowany razy etmek üçin wajyp
«Bir gezek ýegenim bilen dawalaşdym. Gaharyma onuň bokurdagyna ýapyşyp öldürjek boldum». Paul
«Men öýde sebäpsiz ýere çalt gaharlanýardym. Men mebelleri, oýnawaçlary, garaz, elime ilen zady döwýärdim». Marko
Elbetde, biz gaharymyza birini bogýan däldiris ýa-da elimize ilen zady döwýän däldiris. Ýöne käte özümize erk etmek kyn bolýar. Munuň esasy sebäbi, biz Adam atadan günäni miras aldyk (Rim. 5:12). Käbirlerine Paul bilen Marko ýaly gaharyna erk etmek kyn bolýar. Käbirlerine bolsa, pikirine erk etmek kyn bolýar. Olar howsala ýa-da göwnüçökgünlige düşürýän zatlar hakda köp oýlanýarlar. Başgalara bolsa, ahlaksyz höweslerine, spirtli içgileri içmek we neşe çekmek ýaly isleglerine garşy durmak kyn bolýar.
Pikirine, islegine we hereketine erk etmeýän adamlar ömrüni kül edýärler. Şeýle ýagdaýa düşmez ýaly näme edip bileris? Munuň üçin özüňe erk etmegi öwrenmeli. Üç soragyň jogaby özümize erk etmäge kömek eder. 1) Özüňe erk etmeklik näme? 2) Özüňe erk etmeklik näme üçin wajyp? 3) Mukaddes ruhuň miwesi bolan özüňe erk etmekligi nädip ösdürmeli? (Gal. 5:22, 23). Şeýle-de käte özümize erk edip bilmesek näme edip biljekdigimize serederis.
ÖZÜŇE ERK ETMEKLIK NÄME?
Özüne erk edýän adam islendik ýagdaýda özüne buýrup bilýär. Şeýle adam Hudaýy gynandyrýan sözleri aýtmaýar we işleri etmeýär.
Isa pygamber göreldesi bilen özüňe erk etmegiň näme aňladýandygyny görkezdi. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Sögenlerinde, sögmedi, görgi görende, haýbat atmady, gaýtam özüni adalatly höküm çykarýan Hudaýyň eline tabşyrdy» (1 Pet. 2:23). Isa jebir pürsünde asylgy durka, duşmanlary ýaňsylap üstünden gülende özüne erk etdi (Mat. 27:39—44). Şondan biraz wagt öň dini ýolbaşçylar Isany sözünde tutjak bolanlarynda, ol özüne erk etmekde ajaýyp görelde görkezdi (Mat. 22:15—22). Ýehudylar gaharlanyp Isany daşlajak bolanlarynda, onuň özüni alyp barşy bizi haýran galdyrýar. Isa ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bermedi, gaýtam «gizlenip, ybadathanadan çykyp gitdi» (Ýah. 8:57—59).
Biz Isanyň göreldesine eýerip bilerismi? Kämil derejede bolmasa-da, eýerip bileris. 1 Pet. 2:21). Biz bikämil bolsak-da, Isanyň göreldesine gyşarnyksyz eýerip bileris. Özüňe erk etmeklik näme üçin wajyp?
Petrus resul şeýle ýazdy: «Mesih hem siziň üçin horluk çekip, yzyna gyşarnyksyz eýermegiňiz üçin görelde galdyrdy» (ÖZÜŇE ERK ETMEKLIK NÄME ÜÇIN WAJYP?
Ýehowany razy etmek üçin özüňe erk etmeli. Hudaýa ençeme ýyl bäri gulluk edýän bolsak-da, aýdýan sözlerimize we edýän işlerimize ünsli bolmasak, Ýehowa bilen dostlugymyz bozulyp biler.
Geliň, Musa pygamberiň mysalyna seredeliň. Döwürdeşleriniň arasynda «Musa ýaly ýumşak adam ýokdy» (4 Mus. 12:3). Ysraýyllar onlarça ýyl igense-de, Musa olara çydaýardy, ýöne bir gezek özüne erk edip bilmedi. Ysraýyllar suw sorap ýene-de igenip başlanda, Musanyň gany depesine urdy. Ol halka gaharlanyp: «Eý dikdüşdi halk! Biz indi size şu gaýadan suw çykarmalymy?» diýdi (4 Mus. 20:2—11).
Musa özüne erk edip bilmedi. Ol gudrat bilen suw beren Ýehowany şöhratlandyrmady (Zeb. 106:32, 33). Netijede, Ýehowa Musa Wada edilen ýurda girmäge rugsat bermedi (4 Mus. 20:12). Musa özüne erk etmändigine ömrüniň ahyryna çenli ökünen bolsa gerek (5 Mus. 3:23—27).
Musa bilen bolan wakadan näme sapak edinýäris? Biz köp ýyldan bäri hakykatda bolsak-da, biri gaharymyzy getirse ýa-da bir zady nädogry etse, onuň bilen gödek gepleşmeli däl (Efes. 4:32; Kol. 3:12). Elbetde, ýaşymyz ulaldygyça sabyrly bolmak kyn bolup biler. Ýöne Musanyň mysalyny ýada salyň. Biz az wagtlyk özümize erk edip bilmän, Ýehowanyň öňünde çemçeläp ýygnan abraýymyzy, çanaklap dökmek islemeýäris. Onda özüňe erk etmekligi nädip ösdürip bileris?
ÖZÜŇE ERK ETMEKLIGI NÄDIP ÖSDÜRMELI?
Mukaddes ruhy sorap, doga ediň. Özüňe erk etmeklik Hudaýyň ruhunyň miwesi. Ýehowa özünden dileýänlere mukaddes ruhuny berýär (Luka 11:13). Ýehowa mukaddes ruhy arkaly özümize erk eder ýaly güýç berýär (Flp. 4:13). Şeýle-de ol söýgi ýaly mukaddes ruhuň beýleki miwelerini hem ösdürmäge kömek edýär. Şol häsiýetler özümize erk etmäge kömek edýär (1 Kor. 13:5).
Efes. 5:3, 4). Sizi synaga düşürjek islendik zatdan seresap boluň (Nak. 22:3; 1 Kor. 6:12). Kimdir birine ahlaksyz höweslerine erk etmek kyn bolýan bolsa, aşyk-magşuklar baradaky kitaplary okamasa, kinolary görmese gowy bolar.
Özüňizi synaga salmaň. Meselem, günäli islegleri oýarýan Internet saýtlaryna girmäň ýa-da dynç alşyň görnüşlerine gatnaşmaň (Belki, bize şu maslahatlara eýermek kyn bolup biler. Ýöne jan etsek, Ýehowa özümize erk etmäge güýç berer (2 Pet. 1:5—8). Ol pikirimize, sözlerimize we edýän işlerimize ünsli bolmaga kömek eder. Paul bilen Marko indi özüne erk etmekligi öwrendi. Başga bir dogana ulag sürende özüne erk etmek kyn bolýardy. Ol hatda başgalar bilen gygyryşýardy. Oňa özüne erk etmäge näme kömek etdi? Ol şeýle gürrüň berýär: «Men her gün doga edýärdim. Özüňe erk etmäge kömek etjek makalalary okaýardym we Mukaddes Kitapdan aýatlary ýat tutýardym. Men köp ýyldan bäri özüme erk etmek üçin tagalla edýän hem bolsam, her gün irden özüme rahatlygy saklamagyň wajypdygyny ýatladýaryn. Şeýle-de men howlugyp, beýleki sürüjilere gahar etmez ýaly öýden irräk çykýaryn».
ÖZÜMIZE ERK EDIP BILMESEK NÄME ETMELI?
Käte özümize erk edip bilmeýäris. Şonda eden işimize utanyp, Ýehowa doga edip bilýän däldiris. Ýöne şeýle ýagdaýda Ýehowa has köp doga etmeli. Şonuň üçin Ýehowa haýal etmän doga ediň. Ýehowadan ötünç sorap, kömek diläň we şol işi gaýtalamazlygy ýüregiňize düwüň (Zeb. 51:9—11). Ýehowa siziň ak ýürekden edýän dogalaryňyza jogap berer (Zeb. 102:17). Ýahýa resul Hudaýyň Isanyň gany arkaly «günälerimizi ýuwýandygyny» aýtdy (1 Ýah. 1:7; 2:1; Zeb. 86:5). Ýehowa gullukçylaryna biri-birini bagyşlamagy tabşyrdy. Şol sebäpli Ýehowanyňam bizi bagyşlajagyna doly ynamly bolup bileris (Mat. 18:21, 22; Kol. 3:13).
Musa çölde özüne erk edip bilmände, Ýehowa örän gynandy. Ýöne Ýehowa ony bagyşlady. Mukaddes Kitapda Musanyň berk imanly adam bolandygy aýdylýar (5 Mus. 34:10; Ýew. 11:24—28). Ýehowa Musa pygambere Wada edilen ýurda girmäge rugsat bermedi. Ýöne Ýehowa Musany Jennetde ebedi ýaşatmak üçin direlder. Eger biz mundan beýlägem özümize erk etsek, Ýehowa ajaýyp gelejegi sowgat berer (1 Kor. 9:25).