Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 25

«Goýunlarymy özüm gözläp taparyn»

«Goýunlarymy özüm gözläp taparyn»

«Goýunlarymy özüm gözläp taparyn, olary özüm bakaryn» (Hyz. 34:11).

105-NJI AÝDYM «Hudaý söýgüdir»

MAZMUNY *

1. Ýehowa näme üçin özüni enä meňzedýär?

ÝEHOWA Işaýa pygamberiň günlerinde şeýle sorag berdi: «Ene emdirýän balasyny unudarmy?» Soňra ol halkyna: «Ene balasyny unutsa-da, men seni hiç haçan unutmaryn» diýdi (Işa. 49:15). Adatça, Hudaý özüni enä meňzetmeýär. Ýöne şu ýerde ol özüni enä meňzedýär. Ýehowa gullukçylaryny güýçli söýýändigini görkezmek üçin enäniň balasyna bolan söýgüsini mysal getirdi. Köp eneler Jasmin * uýanyň aýdan sözleri bilen ylalaşýarlar: «Ene çagasyny emdirende, şeýle bir mähirli duýgular döreýär welin, ol hiç haçan öçmeýär».

2. Gullukçylarynyň biri Ýehowadan daşlaşsa ol özüni nähili duýýar?

2 Gullukçylarynyň diňe biri wagyz etmegini we ýygnaga gelmegini bes etse, Ýehowa alada edýär. Onda oýlanyp görüň, her ýyl Hudaýyň müňlerçe gullukçysy wagyz etmeýän wagyzçy * bolanda Ýehowa örän gynanýandyr.

3. Ýehowa näme isleýär?

3 Şeýle dogan-uýalaryň köpüsi ýygnaga dolandylar. Biz muňa örän begenýäris. Ýehowa özünden daşlaşan ähli gullukçylarynyň yzyna dolanmagyny isleýär, bizem muny isleýäris (1 Pet. 2:25). Olara nädip kömek edip bileris? Geliň, ilki bilen käbir dogan-uýalaryň ýygnaga gelmegini we wagyz etmegini näme sebäpden bes edendigini bileliň.

KÄBIRLERI ÝEHOWA GULLUK ETMEGINI NÄME ÜÇIN BES EDÝÄR?

4. Köp wagtyny işe berendigi üçin käbirlerine näme boldy?

4 Käbirleri köp wagtyny işe berýärler. Aziýada ýaşaýan Hun dogan şeýle diýýär: «Men köp wagtymy we güýjümi işe berdim. Pulum bolsa, Ýehowa köpräk gulluk edip bilerin diýip öz-özümi aldadym. Men köp işleýärdim. Ýygnaklara bir barsam, bir barmaýardym. Şeýdip, ýygnaklara barmagymy bes etdim. Şeýtan şu dünýäni ulanyp, adamlary ýuwaş-ýuwaşdan Hudaýdan daşlaşdyrýan eken».

5. Uýamyza başdan geçiren kynçylyklary nähili täsir etdi?

5 Käbir dogan-uýalar kynçylyklar sebäpli ruhdan düşýärler. Angliýada ýaşaýan bäş çagaly Anna uýamyz şeýle gürrüň berýär: «Çagalarymyň biri maýyp bolup doguldy. Soňra gyzym ýygnak gatnaşygyndan kesildi. Uly oglumda bolsa, agyr keseliň bardygy anyklandy. Şonuň üçin onuň aladasyny köp etmeli bolýardym. Men göwnüçökgünlige düşdüm we wagyz etmegimi hem-de ýygnaklara barmagymy bes etdim. Ahyry bolsa, wagyz etmeýän wagyzçy boldum». Biz Anna uýamyzyň we şeýle kynçylyklary başdan geçirýän dogan-uýalarymyzyň düşen ýagdaýyna örän gynanýarys.

6. Mesihçi Koloslylar 3:13-däki maslahata sowuk-sala seretse, Ýehowanyň halkyndan nädip daşlaşyp biler?

6 Koloslylar 3:13-i okaň. Käbir mesihçiler dogan-uýalardan öýkeledi. Pawlus resul käte bizde «öýkelemäge sebäbiň» boljakdygyny aýtdy. Bize adalatsyzlyk etmekleri mümkin. Eger ünsli bolmasak, ýüregimizde öýke-kinäniň kök urmagyna ýol berip bileris. Netijede, Ýehowanyň halkyndan daşlaşmagymyz mümkin. Günorta Amerikada ýaşaýan Pablo doganyň mysalyna seredeliň. Biri Pablo töhmet atyp, günä etmekde aýyplaýar. Şonuň üçin Pablony hormatly borçlaryndan mahrum edýärler. Bolan ýagdaý Pablo nähili täsir etdi? Ol şeýle gürrüň berýär: «Meniň örän gaharym geldi. Men ýuwaş-ýuwaşdan ýygnaga gelmegimi bes etdim».

7. Käbir dogan-uýalaryň ynsabynyň ezýet bermegi nämä eltdi?

7 Käbir dogan-uýalar geçmişde Hudaýyň kanunyny bozandygy üçin, özüni Hudaýyň söýgüsine mynasyp görmeýärler. Olaryň ynsaby ezýet berýär. Şeýle mesihçi toba eden hem bolsa, «meniň ýerim Hudaýyň halkynyň arasynda däl» diýip pikir etmegi mümkin. Fransisko dogan hem özüni şeýle duýupdy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Ahlaksyzlyk edendigim üçin maňa käýinç berdiler. Başda men ýygnaklara gatnaýardym. Ýöne göwnüçökgünlige düşüpdim. Özümi Hudaýyň halkynyň arasynda bolmaga mynasyp görmeýärdim. Ynsabym maňa şeýle bir ezýet berýärdi welin, Ýehowa meni bagyşlamady diýip pikir edýärdim. Şeýdip, men wagyz etmegimi we ýygnaklara gatnamagymy bes etdim». Ýokarda seredip geçen dogan-uýalarymyzyň başyndan geçiren kynçylyklary barada nähili pikir edýärsiňiz? Olaryň düşen ýagdaýyna gynanýarsyňyzmy? Iň esasy zat bolsa, Ýehowa olara nähili garaýar?

ÝEHOWA GUZULARYNY SÖÝÝÄR

Ysraýyllardan bolan çopan ýiten guzujygynyň aladasyny edýär (8, 9-njy abzaslara serediň) *

8. Ýehowa öň wepaly gulluk eden gullukçylaryny unudýarmy? Düşündiriň.

8 Ýehowa öň wepaly gulluk eden, ýöne häzir halky bilen gatnaşmaýan gullukçylaryny unutmaýar. Şeýle-de olaryň eden ýagşy işlerini hem ýatdan çykarmaýar (Ýew. 6:10). Işaýa pygamber Ýehowanyň halkyna bolan söýgüsini şeýle ajaýyp sözler bilen suratlandyrýar: «Ol çopan kimin sürüsini bakar. Guzularyny bir ýere jemläp, gujagynda göterer» (Işa. 40:11). Guzujyklarynyň biri sürüden azaşsa, Beýik Çopan Ýehowa özüni nähili duýýar? Isa şägirtlerine Ýehowanyň duýgularyny şeýle düşündirdi: «Siz nähili pikir edýärsiňiz, eger bir adamyň 100 goýny bolup, biri ýitse, 99 goýnuny dagda goýup, ýitenini gözlemäge gitmezmi? Men size diýýärin, eger goýnuny tapsa, onda beýleki 99 goýnuna däl-de, tapan goýnuna has köp begener» (Mat. 18:12, 13).

9. Gadymy döwürde gowy çopanlar sürüsiniň aladasyny nädip edýärdi? (Daşky sahypadaky surata serediň).

9 Ýehowanyň çopana meňzedilmegi näme üçin ýerlikli? Gadymy döwürde gowy çopanlar sürüsiniň aladasyny ýürekden edýärdi. Meselem, Dawut sürüsini ýolbarsdan hem aýydan gorapdy (1 Şam. 17:34, 35). Gowy çopan ýekeje guzusy ýitse-de, muny derrew bilýär (Ýah. 10:3, 14). Ol 99 goýny agyla salyp ýa-da başga çopana tabşyryp, ýiten guzujygyň gözlegine çykýar. Isa şu mysal arkaly wajyp hakykaty düşündirdi. Ol şeýle diýdi: «Gökdäki Atam hem pesgöwünli adamlaryň hiç biriniň heläk bolmagyny islemeýär» (Mat. 18:14).

Ysraýyllardan bolan çopan ýiten guzujygynyň aladasyny edýär (9-njy abzasa serediň)

ÝEHOWA GUZULARYNY GÖZLEÝÄR

10. Hyzkyl 34:11—16-njy aýatlara görä, Ýehowa näme wada berýär?

10 Ýehowa biziň her birimizi, şol bir sanda sürüden azaşan guzujyklaryny-da söýýär. Ýehowa Hyzkyl pygamber arkaly ýiten goýunlaryny gözlejegini we olara ruhy taýdan dikelmäge kömek etjegini wada berýär. Ysraýyllardan bolan çopan ýiten goýnuny gözlemek üçin näme edýän bolsa, Ýehowa-da sürüden daşlaşanlary halas etmek üçin şeýle etjegini aýdýar (Hyzkyl 34:11—16-njy aýatlary okaň). Ilki bilen, çopan köp wagtyny we güýjüni sarp edip, ýiten guzujygyny gözleýär. Tapansoň bolsa, sürä getirýär. Eger guzujyk ýaralanan ýa-da aç bolsa, çopan onuň aladasyny edýär, ýaralaryny saraýar, gujagynda göterýär we iýmitlendirýär. Ýaşulular hem ýygnakdan daşlaşanlara kömek etmek üçin şeýle ädimleri ätmeli, sebäbi Ýehowa ýaşululara öz sürüsini ynandy (1 Pet. 5:2, 3). Ýaşulular olary gözlemeli, ýygnaga dolanmaga kömek etmeli we Ýehowa bilen dostlugyny dikeldip biler ýaly ýürekden aladasyny etmeli *.

11. Gowy çopan nämä düşünýär?

11 Gowy çopan guzujygyň ýitip biljekdigine düşünýär. Eger guzujyk sürüden azaşsa, çopan oňa ýowuz daraşmaýar. Ýehowanyň hem käbir gullukçylary ondan daşlaşypdy. Geliň, Ýehowanyň olara nähili kömek edendigini bileliň.

12. Ýehowa Ýunusa nädip kömek etdi?

12 Ýunus pygamber Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asman, gaçyp gidýär. Ýöne Ýehowa derrew pygamberden ýüz öwürmeýär. Edil gowy çopan ýaly, Ýehowa Ýunusy halas edýär we tabşyran işini ýerine ýetirer ýaly güýç berýär (Ýun. 2:7; 3:1, 2). Soňra Hudaý suwkädini mysal getirip, her bir adamyň janyny gymmat saýýandygyny düşündirýär (Ýun. 4:10, 11). Biz mundan näme öwrenýäris? Ýaşulular wagyz etmeýän wagyzçylardan derrew ýüz öwürmeli däl, gaýtam olaryň näme sebäpden ýygnakdan daşlaşandygyna düşünjek bolmaly. Eger Ýehowanyň guzujyklarynyň biri yzyna dolansa, ýaşulular höwes bilen olaryň aladasyny etmeli.

13. Ýehowanyň Zebur 73-nji baby ýazan mezmurçy bilen özüni alyp barşyndan näme öwrenýäris?

13 Zebur 73-nji baby ýazan mezmurçy erbetleriň işiniň ugrunadygyny görüp, ruhdan düşýär. Ol Hudaýa gulluk etmegiň peýdasy barmyka diýip oýlanyp başlaýar (Zeb. 73:12, 13, 16). Şonda Ýehowa näme etdi? Ol mezmurçyny ýazgarmady, gaýtam onuň sözlerini Mukaddes Kitaba ýazdyrdy. Ahyry, mezmurçy Ýehowa bilen dostlugyň durmuşyňy manyly edýändigine we şondan gymmatly zadyň ýokdugyna düşündi (Zeb. 73:23, 24, 26, 28). Biz mundan näme öwrenýäris? Eger biri Ýehowa gulluk etmegiň peýdasy barmyka diýip şübhelenýän bolsa, ýaşulular ony ýazgarmaga howlukmaly däl, gaýtam onuň näme üçin özüni şeýle alyp barýandygyna düşünjek bolmaly. Ýaşulular diňe şondan soň Mukaddes Kitap arkaly ony ruhlandyryp, gerekli kömegi berip biler.

14. Ylýas pygamber näme üçin kömege mätäçdi we Ýehowa oňa nädip kömek etdi?

14 Ylýas pygamber şa aýaly Izabelden gaçyp barýardy (1 Pat. 19:1—3). Ol Ýehowa gulluk edýän ýekeje pygamber hem galmady diýip pikir edýärdi we edýän gullugyny biderek hasaplaýardy. Ylýas şeýle ruhdan düşdi welin, ölümini diledi (1 Pat. 19:4, 10). Ýehowa Ylýasy ýazgarmady, gaýtam onuň ýeke däldigine ynandyrdy. Şeýle-de Hudaýyň güýjüne bil baglap bilýändigini we edilmeli işleriň köpdügini aýtdy. Ylýas özüni alada goýýan ýagdaýlar barada aýdanda, Ýehowa ony ünsli diňledi we pygambere täze ýumuş tabşyrdy (1 Pat. 19:11—16, 18). Biz mundan näme öwrenýäris? Biziň ählimiz, esasanam, ýaşulular Ýehowanyň guzujyklarynyň mähir bilen aladasyny etmeli. Eger adam ýüregini döküp, öýke-kinesiniň bardygyny ýa-da Ýehowanyň rehimdarlygyna mynasyp däldigini aýtsa, ýaşulular ony ünsli diňlemeli. Soňra Ýehowanyň ony söýýändigine ynandyrmak üçin jan etmeli.

ÝEHOWANYŇ AZAŞAN GUZUJYKLARYNA BIZ NÄHILI GARAMALY?

15. Ýahýa 6:39-a görä, Isa Atasynyň guzujyklaryna nähili garaýardy?

15 Ýehowa azaşan guzujyklaryna biziň nähili garamagymyzy isleýär? Geliň, Isanyň mysalyna seredeliň. Isa Ýehowanyň ähli guzujyklaryny gymmat saýýandygyny bilýärdi. Şonuň üçin ol «Ysraýylyň ýiten goýunlaryna» Hudaýa dolanmaga kömek etdi (Mat. 15:24; Luka 19:9, 10). Şeýle-de Isa gowy çopan hökmünde Ýehowanyň guzujyklarynyň hiç birini ýitirmezlik üçin elinde baryny etdi (Ýahýa 6:39-y okaň).

16, 17. Ýaşulular sürüden azaşanlara nähili garaýar? (« Ýehowadan daşlaşan adamlar özüni nähili duýýar?» diýen çarçuwa serediň).

16 Pawlus resul Efesdäki ýygnagyň ýaşulularyny Isanyň göreldesine eýermäge höweslendirip, şeýle diýdi: «Ejizlere kömek etdim, ähli zatda görelde görkezdim. Siz Halypamyz Isanyň: „Bermek almakdan has bagtly edýändir“ diýen sözlerini unutmaly dälsiňiz» (Res. 20:17, 35). Şu günlerem ýaşulularyň şeýle jogapkärçiligi bar. Ispaniýada ýaşaýan Salwador atly ýaşuly şeýle gürrüň berýär: «Ýehowanyň azaşan guzujyklarynyň aladasyny edýändigi hakda oýlanamda, olara elimden gelen kömegi edesim gelýär. Ýehowanyň menden guzujyklarynyň aladasyny etmegime garaşýar».

17 Şu makalada agzalan dogan-uýalaryň hemmesi gerekli kömegi kabul edip, Ýehowa dolandylar. Ýöne häzir sürüden daşlaşan we yzyna dolanmak isleýän köp adam bar. Indiki makalada olara Ýehowa dolanmaga nädip kömek edip biljekdigimiz barada gürrüň ederis.

139-NJY AÝDYM Täze dünýäni göz öňüne getir!

^ par. 5 Ýehowanyň käbir gullukçylary näme üçin wagyz etmegini we ýygnaga gelmegini bes edýärler? Hudaý olara nähili garaýar? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris. Şeýle-de gadymy döwürde az wagtlyk Hudaýdan daşlaşan adamlara Ýehowanyň nädip kömek edendigine we mundan näme öwrenip biljekdigimize serederis.

^ par. 1 Käbir atlar üýtgedilen.

^ par. 2 DÜŞÜNDIRILIŞ: Alty aý we ondan köp wagyz hasabatyny tabşyrmadyk wagyzça wagyz etmeýän wagyzçy diýilýär. Wagyz etmeýän wagyzçylar hem biziň dogan-uýalarymyz. Şonuň üçin biz olary söýýäris.

^ par. 10 Indiki makalada ýaşulularyň şu maslahatlara nädip eýerip biljekdigi barada gürrüň ederis.

^ par. 60 SURAT: Ysraýyllardan bolan çopan ýiten guzujygynyň aladasyny edip, onuň gözlegine çykýar. Tapansoň bolsa, sürä getirýär. Şu günler ruhy çopanlar hem şeýle edýär.

^ par. 64 SURAT: Wagyz etmegini we ýygnaga gelmegini bes eden uýa awtobusda otyrka, iki sany Ýehowanyň Şaýadynyň şatlanyp wagyz edýändigini görýär.