Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 26

«Maňa dolanyň»

«Maňa dolanyň»

«Maňa dolanyň, menem sizi kabul ederin» (Mel. 3:7).

102-NJI AÝDYM «Ejizlere kömek edeliň»

MAZMUNY *

1. Ýehowa gullukçylarynyň biri yzyna dolansa özüni nähili duýýar?

GEÇEN makalada aýdylyşy ýaly, Ýehowa özüni çopana meňzedýär. Ol her bir guzujygynyň ýürekden aladasyny edýär, eger olaryň biri azaşsa, gözlegine çykýar. Ýehowa özünden ýüz öwren ysraýyl halkyna: «Maňa dolanyň, menem sizi kabul ederin» diýdi. Ýehowanyň garaýşy häzirem üýtgemedi, sebäbi ol: «Men üýtgeýän däldirin» diýýär (Mel. 3:6, 7). Isa pygamber ýekeje adam yzyna dolansa, Ýehowanyň we perişdeleriň örän begenýändigini aýtdy (Luka 15:10, 32).

2. Makalada näme hakda gürrüň ederis?

2 Geliň, Isanyň gürrüň beren üç mysalyna seredeliň. Şonda biz Ýehowadan daşlaşan adamlara nädip kömek edip biljegimizi bileris. Şeýle-de Ýehowanyň azaşan guzujyklaryna yzyna dolanmaga kömek etmek üçin bize haýsy häsiýetleriň gerekdigi hakda gürrüň ederis. Onsoňam, wagyz etmeýän wagyzçylara kömek etmek üçin tagalla etsek, şatlygymyza şatlyk goşuljagyny bileris.

ÝITEN TEŇŇÄNI GÖZLÄŇ

3, 4. Luka 15:8—10-njy aýatlarda gürrüň edilýän aýal näme üçin teňňesini tapýança gözleýär?

3 Ýehowa dolanmak isleýän adamlary gözlemek üçin elimizde baryny etmeli. Isa bir aýalyň teňňesini gözleýşi barada mysal gürrüň berýär. Ol mysal Lukanyň hoş habarynda ýazylan. Mysalda gözlemegiň wajypdygy nygtalýar (Luka 15:8—10-njy aýatlary okaň).

4 Isa aýalyň teňňesini tapansoň, örän begenendigini aýdýar. Teňňe aýal üçin örän gymmatlydy. Isanyň günlerinde käbir ýehudy eneler gyzy durmuşa çykanda on teňňe sowgat berýän eken. Aýalyň ýitiren teňňesi ejesiniň beren sowgady bolmaly. Aýal teňňe ýere gaçandyr diýip pikir edýär we çyrany ýakyp gözläp başlaýar, ýöne hiç zat tapmaýar. Çyranyň ýagtysy pes bolandygy, üçin aýala kiçi kümüş teňňäni tapmak kyn bolandyr. Soňra ol öýüni süpürişdirýär we çyranyň yşygyna tozana garylyp ýatan teňňäniň ýalpyldysyny görýär. Şonda ol aýal begenjinden uçaýjak bolandyr! Soňra ol joralaryny we goňşularyny çagyryp begenjini paýlaşýar.

5. Ýygnaga gelmegini bes eden adamlary tapmak näme üçin kyn bolup biler?

5 Isanyň mysalyndan görnüşi ýaly, ýiten zady tapmak üçin tagalla etmeli. Şonuň ýaly ýygnakdan daşlaşan adamlary tapmak üçin elimizde baryny etmeli. Belki, olaryň Hudaýyň halkyndan daşlaşanyna köp wagt geçendir. Olaryň başga ýere göçen bolmagy mümkin we şol ýerdäki dogan-uýalar olary tanaýan däldir. Ýöne häzir olaryň käbiriniň Ýehowa dolanmak isleýändigine hiç hili şübhelenmän bileris. Olar dogan-uýalar bilen ýene-de Ýehowa gulluk etmegi ýürekden isleýärler. Ýöne olar biziň kömegimize mätäç.

6. Ýygnakdakylaryň ählisi wagyz etmeýän wagyzçylary nädip gözläp biler?

6 Wagyz etmeýän wagyzçylary gözlemäge kimler gatnaşmaly? Muňa biziň ählimiz, ýagny ýaşulular, pionerler, olaryň dogan-garyndaşlary we beýleki mesihçiler gatnaşyp biler. Siziň dostlaryňyzyň ýa-da dogan-garyndaşlaryňyzyň arasynda ýygnaga gelmegini bes edenler barmy? Siz öýden-öýe ýa-da köpçülik ýerinde wagyz edeniňizde wagyz etmeýän wagyzçylara duşduňyzmy? Eger olar telefon belgisini ýa-da öý salgysyny berse, ýaşululara habar berip bilýändigiňizi aýdyň.

7. Ýaşuly dogan Tomasyň mysalyndan näme öwrenýäris?

7 Ýehowa dolanmak isleýänleri gözlemäge, esasanam, ýygnak ýaşululary jogapkär. Ýaşulular muny nädip edip bilerler? Ispaniýada ýaşaýan ýaşuly dogan Tomasyň * mysalyna seredeliň. Ol 40-dan gowrak dogan-uýa Ýehowa dolanmaga kömek etdi. Tomas şeýle gürrüň berýär: «Men ýygnakdaky dogan-uýalardan wagyz etmeýän wagyzçylaryň nirede ýaşaýandygyny bilýäňizmi diýip soraýaryn. Ýa-da olardan häzir ýygnaga gatnamaýan dogan-uýalardan ýadyňyza düşýäni barmy diýip soraýaryn. Olar höwes bilen kömek edýärler, sebäbi şeýle işe goşant goşup bilýändigine begenýärler. Soňra men wagyz etmeýän dogan-uýalary ideýärin. Olardan çagalary, dogan-garyndaşlary barada soraýaryn, sebäbi wagyz etmeýän wagyzçylar öň çagalary bilen ýygnaga gelýärdiler. Käbirleriniň çagalary wagyzçy hem bolupdy. Olara-da ýygnaga dolanmaga kömek edesim gelýär».

ÝEHOWANYŇ OGUL-GYZLARYNA YZYNA DOLANMAGA KÖMEK EDIŇ

8. Luka 15:17—24-nji aýatlara görä, kakasy toba eden ogly bilen özüni nähili alyp barýar?

8 Ýehowa dolanmak isleýänlere kömek etmek üçin bize haýsy häsiýetler gerek? Geliň, Isanyň ýiten ogul hakdaky mysalyndan näme öwrenip biljekdigimize seredeliň (Luka 15:17—24-nji aýatlary okaň). Isa ol oglanyň ahyry akylyna aýlanyp, öýüne dolanandygyny aýdýar. Kakasy ogluny gören badyna ylgap barýar-da, bagryna basýar. Şeýdip, ol ogluny örän gowy görýändigini görkezýär, ýöne oglunyň ynsaby ezýet berýär. Ol özüni ogul diýilmegine mynasyp görmän, kakasyndan hakyna tutulan işçi edip almagyny haýyş edýär. Ogly özüni biynjalyk edýän zatlaryny aýdanda kakasy duýgudaşlyk bilen diňleýär. Soňra oglunyň gelendigine örän begenendigini görkezýär. Kakasy oňa hakyna tutulan işçi däl-de, maşgalanyň agzasy ýaly garaýar. Toba eden ogluny gowy görýändigini görkezmek üçin egnine don atýar we toý tutýar.

9. Ýygnaga gelmegini we wagyz etmegini bes edenlere kömek etmek üçin haýsy häsiýetler wajyp? (« Yzyna dolanmak isleýänlere nädip kömek etmeli?» diýen çarçuwa serediň).

9 Ýehowa mysaldaky ata meňzeýär. Käbir dogan-uýalar ýygnaga gelmegini we wagyz etmegini bes eden hem bolsa, Ýehowa olary söýýär, yzyna dolanmaklaryny isleýär. Bizem Ýehowanyň göreldesine eýerip, olara yzyna dolanmaga kömek edip bileris. Munuň üçin biz olary söýüp, sabyrly we duýgudaş bolmaly. Ýöne şu häsiýetler näme üçin wajyp? Biz şol häsiýetleri nädip görkezip bileris?

10. Birine ruhy taýdan dikelmäge kömek edenimizde näme üçin sabyrly bolmaly?

10 Adamyň ruhy taýdan dikelmegi üçin wagt gerek bolýar. Şol sebäpli biz sabyrly bolmaly. Öň wagyz etmeýän wagyzçy bolan dogan-uýalaryň aýtmagyna görä, ýygnaga dolanmaga kömek etmek üçin ýaşulular we beýleki dogan-uýalar olary gaýta-gaýta idediler. Günorta-gündogar Aziýada ýaşaýan Nensi uýa şeýle ýazýar: «Ýygnakdaky ýakyn joram maňa köp kömek etdi. Ol meni süýtdeş dogany ýaly görýärdi. Ol maňa bile geçiren şatlykly günlerimizi ýatlatdy. Duýgularymy aýdanymda meni ünsli diňlärdi, gerek wagty çekinmän maslahat hem bererdi. Ol islendik wagt kömege ýetişýän dostdugyny görkezdi».

11. Ýaraly ýürege melhem bolmak üçin näme etmeli?

11 Duýgudaşlyk melhem ýaly, ýürek ýaralaryny bitirýär. Käbirleri wagyz etmegini we ýygnaga gelmegini bes etdiler, sebäbi ençeme ýyl mundan ozal dogan-uýalaryň biri olaryň göwnüne degdi we olar häzirem öýkeläp ýörler. Şonuň üçin Ýehowa dolanyp bilmeýärler. Olar özlerine adalatsyzlyk edilen ýaly duýýarlar. Şonuň üçin olary diňläp, ýagdaýyna düşünip biljek dogan-uýalar gerek (Ýak. 1:19). Ýygnaga gatnamagyny bes eden Mariýa şeýle ýatlaýar: «Maňa diňlemäge taýyn, göwünlik we maslahat berýän, kömek edýän jora gerekdi».

12. Ýehowanyň söýgüsi haýsy manyda ýüpe meňzeýär?

12 Ýehowanyň halkyna bolan söýgüsini halas etmek üçin ulanylýan ýüpe meňzetse bolar. Göz öňüne getiriň, siz çukura gaçdyňyz we çykyp bilmeýärsiňiz. Çukurdan çykmagyň ýeke-täk ýoly, biri size ýüp oklap, çekip çykarmaly. Edil şonuň ýaly, Ýehowa hem özünden daşlaşan ysraýyl halkyny «söýgi ýüpleri bilen» özüne çekipdi (Hoş. 11:4, çykgyt). Hudaý şu günlerem ýygnakdan daşlaşan we gaýgy-aladanyň içine çümüp barýan gullukçylaryny söýgi bilen özüne çekýär. Ýehowa olary söýýär we özüne ýakynlaşdyrmak isleýär. Ýehowa muny siz arkaly etmek isleýär.

13. Pablonyň mysalyndan görnüşi ýaly, söýgi görkezmek dogan-uýalara yzyna dolanmaga nädip kömek edýär?

13 Ýygnaga gelmegini bes eden dogan-uýalara Ýehowanyň olary söýýändigini aýtmaly we bizem olary gowy görýändigimizi görkezmeli. Geçen makalada agzalan Pablo 30 ýyl ýygnaga gelmändi. Ol şeýle ýatlaýar: «Bir gün ir bilen öýden çykyp barýarkam, mähirli garryja uýa duşdum. Ol meniň bilen şeýle mylakatly gepleşdi welin, çaga ýaly aglap başladym. Uýa bolsa, ony Ýehowanyň iberendigini aýtdym. Men şol pursatyň özünde Ýehowa dolanmagy ýüregime düwdüm».

RUHY TAÝDAN GOWŞANLARY SÖÝGI BILEN GOLDAŇ

14. Luka 15:4, 5-nji aýatlara görä, çopan ýiten guzujygyny tapanda näme edýär?

14 Ýygnakdan daşlaşan dogan-uýalary tapanymyzdan soň, olary yzygiderli goldap durmaly. Ýiten ogul mysalyndan görnüşi ýaly, şeýle dogan-uýalaryň ynsaby ezýet berip biler. Olar Şeýtanyň dünýäsine goşulyp gidendigi üçin ruhy taýdan gowşan bolmaklary mümkin. Şonuň üçin olara Ýehowa imanyny berkitmäge kömek etmeli. Isa ýiten goýun mysalynda çopanyň guzujygyny göterip, sürä getirendigini aýdýar. Çopan guzujygy gözlemek üçin köp wagtyny, güýjüni sarp eden hem bolsa, guzujygyň öz güýjüne sürä dolanyp bilmejekdigine düşünýär we guzujygy göterip gaýdýar (Luka 15:4, 5-nji aýatlary okaň).

15. Ýehowa dolanmak isleýän wagyz etmeýän wagyzçylara nädip kömek edip bileris? (« Deňsiz-taýsyz esbap» diýen çarçuwa serediň).

15 Wagyz etmeýän wagyzçylara ejizliklerini ýeňmäge kömek etmek üçin wagtymyzy we güýjümizi gaýgyrmaly däl. Biz mukaddes ruhuň, Hudaýyň Sözüniň we guramamyzyň edebiýatlarynyň kömegi bilen olara Ýehowa bilen dostlugyny dikeltmäge kömek edip bileris (Rim. 15:1). Tejribeli ýaşuly dogan şeýle gürrüň berýär: «Ýygnakdan daşlaşan dogan-uýalar Ýehowa dolanmak isleseler, olar bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçmeli *. Olar ýüregi döküp biler ýaly okuw geçýän dogan-uýalar ynamdar dost bolmaly». Şonuň üçin ýaşulular sizden şeýle dogan-uýalar bilen okuw geçmegi haýyş etseler, muny uly hormat hasaplaň.

GÖKDE WE ÝERDE BOLÝAN ŞATLYK

16. Perişdeleriň bize kömek edýändigini nireden bilýäris?

16 Ýehowa dolanmak isleýän dogan-uýalary tapmaga perişdeler kömek edýär. Durmuşda bolan köp wakalar munuň şeýledigini subut edýär (Ylh. 14:6). Meselem, Ekwadorda ýaşaýan Silwiýo Ýehowa doga edip: «Ýygnaga dolanmaga kömek et» diýýär. Ol doga edip bolmanka gapysy kakylýar. Gapynyň agzynda iki ýaşuly durdy. Şonda ýaşuly doganlar Silwiýo höwes bilen kömek etdiler.

17. Ruhy taýdan gowşanlara kömek etsek nähili bereket alarys?

17 Ruhy taýdan gowşan dogan-uýalara Ýehowa dolanmaga kömek etsek, ýüregimiz şatlykdan dolar. Pioner bolup gulluk edýän Salwador wagyz etmeýän wagyzçylara kömek etmek üçin köp tagalla edýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Käte begenjimden ýaňa gözüme ýaş aýlanýar. Ýehowanyň Şeýtanyň dünýäsinden bir guzujygyny halas edendigi we özi bilen işleşmek hormatyny maňa ynanandygy barada oýlananymda kalbym minnetdarlykdan dolýar» (Res. 20:35).

18. Ýygnaga gelmegini we wagyz etmegini bes edenler nämä ynamly bolup biler?

18 Eger siz wagyz etmegiňizi we ýygnaga gelmegiňizi bes eden bolsaňyz Ýehowanyň sizi häzirem söýýändigine ynamly bolup bilerisiňiz. Ol siziň yzyňyza dolanmagyňyzy isleýär. Elbetde, munuň üçin tagalla etmeli bolarsyňyz, ýöne Isanyň mysalyndaky ata ýaly Ýehowa size garaşýar. Ol siziň yzyňyza dolanandygyňyzy görüp, örän begener.

103-NJI AÝDYM Çopanlar Hudaýyň berekedi

^ par. 5 Ýehowa ýygnaga gelmegini we wagyz etmegini bes eden gullukçylaryny: «Maňa dolanyň» diýip çagyrýar. Ýehowanyň çakylygyna seslenmek isleýän adamlara kömek etmek üçin köp zatlary edip bileris. Geliň, muny nädip edip biljekdigimizi bileliň.

^ par. 7 Käbir atlar üýtgedilen.

^ par. 15 Ýygnaga gelmegini bes eden käbir dogan-uýalar bilen «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» ýa-da «Ýehowa ýakynlaşyň» (rus.) atly kitaplaryň käbir baplaryndan okuw geçseňiz peýdaly bolar. Olar bilen haýsy wagyzçynyň okuw geçjegini ýygnagyň gulluk komiteti çözýär.

^ par. 68 SURAT: Üç dogan ýygnaga gelmegini we wagyz etmegini bes eden dogana kömek edýär. Olar dogana jaň edýärler, Ýehowanyň ony söýýändigini aýdýarlar we onuň ýagdaýyna düşünip, ünsli diňleýärler.