Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 23

Ýehowa sizi ýeke goýmaz

Ýehowa sizi ýeke goýmaz

«Ýehowa... çagyrýanlaryň ählisine ýakyndyr» (Zeb. 145:18).

28-NJI AÝDYM Kim Ýehowa dost bolup biler?

MAZMUNY *

1. Näme üçin özümizi käte ýalňyz duýmagymyz mümkin?

KÖP adamlar özüni ýeke duýýar. Käbirleri derrew özüni ele alýar, käbirlerine bolsa köp wagt gerek bolýar. Biz köpçüligiň içinde hem özümizi ýeke duýup bileris. Belki, siz başga ýygnaga geçensiňiz, dogan-uýalara öwrenişmek kyn bolýandyr. Belki-de, başga şähere göçensiňiz, dogan-garyndaşlaryňyzy göresiňiz gelýändir. Öýüňizi küýsäp, özüňizi ýalňyz duýýansyňyz. Ömürlik hemrasy, söwer ýary aradan çykan adamlar hem özüni ýeke duýýar. Ýehowa iman edýändikleri üçin käbirlerini yzarlaýarlar, dogan-garyndaşlary we dost-ýarlary ondan ýüz öwürýärler. Şol sebäpli olar özüni ýeke duýýandyrlar.

2. Biz haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

2 Ýehowa bizi tanaýar, ýagdaýymyza düşünýär. Özümizi ýeke duýanymyzda, Ýehowa hemişe bize kömek etmäge taýyn. Ol nädip kömek edýär? Biz özümizi ýeke duýsak näme edip bileris? Özüni ýalňyz duýýan dogan-uýalara nädip kömek edip bileris? Geliň, şu soraglaryň jogabyny bileliň.

ÝEHOWA ALADAMYZY EDÝÄR

Ýehowa Ylýas pygamberiň ýanyna perişdesini ýollap, onuň ýeke däldigini aýtdy (3-nji abzasa serediň).

3. Ýehowa Ylýas pygambere nädip kömek etdi?

3 Ýehowa wepaly halkynyň aladasyny edýär. Ol gam-gussa batyp, özüni ýeke duýýan adamlaryň penasy bolýar (Zeb. 145:18, 19). Geliň, ruhdan düşen Ylýas pygambere Ýehowanyň nädip kömek edendigini bileliň. Şol döwür Ysraýylda ýalan din möwç urýardy. Ýehowanyň wepaly bendelerini zalymlyk bilen yzarlaýardylar. Ylýas pygamberi öldürjek hem boldular (1 Pat. 19:1, 2). Ol Ýehowa: «Pygamberleriňi gylyçdan geçirdiler, diňe men galdym» diýdi (1 Pat. 19:10). Ýehowa wepaly bendesine kömek etmek üçin derrew aýaga galdy. Ol perişdesini ýollap, Ylýas pygamberiň ýeke däldigini, köp hudaýhon ysraýyllaryň bardygyny aýtdy (1 Pat. 19:5, 18).

4. Markus 10:29, 30-njy aýatlara görä, Ýehowa biziň aladamyzy nädip edýär?

4 Belki, Ýehowa iman edýändigimiz üçin dogan-garyndaşlarymyz we dost-ýarlarymyz garşy çykýandyr. Ýehowa bize aňsat bolmajagyny bilýär. Bir gün Petrus alada edip, Isadan: «Biz ähli zadymyzy goýup, yzyňa düşdük. Munuň üçin bize näme berler?» diýip sorady (Mat. 19:27). Isa şägirtlerine ençeme doganlarynyň we uýalarynyň boljakdygyny aýtdy (Markus 10:29, 30-njy aýatlary okaň). Ýehowa aladaçyl ata hökmünde wepaly ogul-gyzlaryny goldajagyny we ýeke goýmajagyny söz berýär (Zeb. 9:10). Geliň, Ýehowanyň nädip goldaýandygy hakda gürrüň edeliň.

ÖZÜŇI ÝEKE DUÝANYŇDA NÄME ETMELI?

5. Ýehowanyň goldaýandygy hakda näme üçin oýlanmaly?

5 Ýehowanyň goldaýandygy hakda oýlanyň (Zeb. 55:22). Şonda biz özümizi ýeke duýmarys we dogry garaýyşda bolarys. Karel * uýa durmuşa çykmandy. Onuň maşgalasynda hiç kim Ýehowa iman etmeýär. Uýa şeýle gürrüň berýär: «Geçen günleri ýatlanymda, Ýehowanyň meni kynçylyklarda goldandygyny duýýaryn. Men hiç haçan ýeke, ýalňyz däldim. Gelejekde-de Ýehowanyň meni eliniň aýasynda saklajakdygyna ynanýaryn».

6. 1 Petrus 5:9, 10-njy aýatlar özüni ýeke duýýanlary nädip ruhlandyrýar?

6 Ýehowanyň özüni ýeke duýýanlara berýän goldawy hakda oýlanyň (1 Petrus 5:9, 10-njy aýatlary okaň). Ençeme ýyldan bäri Hiroşiniň maşgala agzalary Ýehowa iman etmeýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Ýygnakdaky dogan-uýalaryň hersiniň öz derdi, öz aladasy bar. Biziň ählimiz Ýehowa gulluk etmek üçin elimizde baryny edýäris. Şu hakda oýlananymda güýjüme güýç goşulýar».

7. Ýehowa siziň dogaňyza nädip jogap berýär?

7 Ýehowa doga ediň, Mukaddes Kitaby okaň we ýygnak duşuşyklaryna baryň. Ýehowa ýüregiňizi döküp doga-dileg ediň (1 Pet. 5:7). Massiel uýanyň maşgala agzalary Ýehowa iman etmeýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Özümi ýeke duýup, gam-gussa batanymda, Ýehowa ýalbaryp doga edýärdim. Şonda kalbym giňäp gidýärdi. Men her gün Ýehowa Atama ençeme sapar doga-dileg edýärdim. Meni alada goýýan zatlary birin-birin gürrüň berýärdim».

Özüňizi ýeke duýanyňyzda Mukaddes Kitabyň we ýygnakda öwrenilýän edebiýatlaryň audioýazgysyny diňleseňiz, göwnüňiz galkynar (8-nji abzasa serediň). *

8. Hudaýyň Sözüni okamak we oýlanmak size nädip kömek edýär?

8 Her gün Mukaddes Kitaby okaň we Ýehowanyň sizi söýýändigini subut edýän wakalar hakda oýlanyň. Biýanka uýanyň dogan-garyndaşlarynyň aýdýan sözleri onuň ýüregine gylyç bolup sanjylýardy. Ol şeýle diýýär: «Men Mukaddes Kitaby we meniňki ýaly ýagdaýlary başdan geçiren dogan-uýalaryň terjimehalyny okaýaryn. Okan zatlarym ýürek ýaralaryma melhem bolýar». Dogan-uýalaryň käbiri Zebur 27:10 we Işaýa 41:10 ýaly göwünlik berýän aýatlary ýat tutýarlar. Käbirleri özüni ýeke duýanda, Mukaddes Kitabyň we ýygnakda öwrenilýän edebiýatlaryň audioýazgysyny diňleýär.

9. Ýygnak duşuşyklary size nädip kömek edýär?

9 Ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşyň. Şonda ýygnakda aýdylýan pikirler sizi ruhlandyrar we köp dogan-uýalar bilen tanşarsyňyz (Ýew. 10:24, 25). Ýokarda agzalan Massiel uýa şeýle diýýär: «Men örän utanjaň bolsam-da, ýygnaklaryň ählisine gatnaşmagy we jogap bermegi ýüregime düwdüm. Şeýdip, men dogan-uýalar bilen dostlaşdym».

10. Biz näme üçin dogan-uýalar bilen dostlaşmaly?

10 Dogan-uýalar bilen dostlaşyň. Dogan-uýalaryň ýaşy, alan terbiýesi we medeniýeti dürli-dürli bolsa-da, olardan köp zatlary öwrenip bilersiňiz. Mukaddes Kitapda «akyldarlyk garrylarda» diýilýär (Eýp. 12:12). Garrylar hem Hudaýa wepaly ýaşlardan köp zatlary öwrenip biler. Dawut bilen Ýonatan ataly-ogul ýalydy, emma olar jana-jan dost boldular (1 Şam. 18:1). Olar köp kynçylyklary başdan geçirdiler we biri-birine Ýehowa wepaly bolmaga kömek etdiler (1 Şam. 23:16—18). Geliň, Irina uýa hakda gürrüň edeliň. Onuň maşgalasynda hiç kim Ýehowa iman etmeýär. Ol şeýle diýýär: «Ýygnakdaky dogan-uýalar meniň kakam, ejem, agam, uýam boldy. Ýehowa olar arkaly meni hemişe goldaýar».

11. Dogan-uýalar bilen dostlaşmak üçin näme etmeli?

11 Çekinjeň adama dostlaşmak aňsat bolmaýar. Ratna uýa Ýehowa gulluk edýändigi üçin köp garşylyklara duş gelýär. Ol şeýle diýýär: «„Ýekäniň çaňy çykmaz“ diýlişi ýaly, bir özüme göreşmek kyn boldy. Men dogan-uýalaryň goldawyna mätäçdigime düşündim». Elbetde, birine ýüregiňi dökmek aňsat däl, ýöne gaýgy-aladaňyzy gürrüň berseňiz, onuň bilen dost bolarsyňyz. Dostlaryňyz size kömek etmek isleýär. Emma siz nähili kömegiň gerekdigini aýtmasaňyz, olar nädip goldasyn?!

12. Wagyz işi dogan-uýalar bilen dostlaşmaga nädip kömek edýär?

12 Dogan-uýalar bilen dostlaşmagyň iň gowy usuly — olar bilen wagyz etmek. Ýokarda agzalan Karel uýa şeýle diýýär: «Meniň köp joralarym bar. Biz bile wagyz edýäris, guramanyň beýleki işlerine-de gatnaşýarys. Ýehowa meni joralarym arkaly hemişe goldaýar». Dogan-uýalar bilen dostlaşsaňyz, siz hiç haçan ýeke bolmarsyňyz. Ýehowa dogan-uýalar arkaly size ýekelik duýgusyny ýeňmäge kömek eder (Nak. 17:17).

ÖZÜNI ÝEKE DUÝÝANLARA NÄDIP KÖMEK ETMELI?

13. Biziň nähili borjumyz bar?

13 Ýygnakda agzybirlik we parahatlyk bolar ýaly, biz bir-birimizi söýmäge borçly (Ýah. 13:35). Şonda hiç kim özüni ýeke duýmaz. Biziň mähirli sözlerimiz we edýän ýagşylygymyz dogan-uýalaryň göwnüni galkyndyrar. Bir uýa şeýle diýýär: «Ýehowany tanap başlanymda, dogan-uýalar meni gujak açyp garşy aldylar. Olar kömek etmedik bolsa, men Ýehowanyň Şaýady bolup bilmezdim». Maşgala agzalary Ýehowa iman etmeýän dogan-uýalar ýygnakda özüni ýeke duýmaz ýaly näme edip bileris?

14. Ýygnaga täze gelenler bilen dostlaşmak üçin näme etmeli?

14 Ýygnaga täze gelenler bilen dostlaşyň. «Edep salamdan başlanýar» diýlişi ýaly, olar bilen mähirli salamlaşyň (Rim. 15:7). Ýürekden aladasyny ediň. Wagtyň geçmegi bilen, siz olar bilen dostlaşarsyňyz. Ýygnaga täze gelenleri ünsli diňläň we duş gelýän kynçylyklaryna düşünjek boluň. Emma oňaýsyz ýagdaýa saljak soraglary bermäň. Käbirleri duýgularyny we alada goýýan zatlaryny gürrüň berip bilmeýär. Şonuň üçin olary soraga tutmaň, gaýtam ýerlikli soraglary beriň we ünsli diňläň. Meselem: «Ýehowa barada haçan eşitdiňiz?» diýip sorap bilersiňiz.

15. Hudaýa imany berk dogan-uýalar tutuş ýygnagy nädip goldaýar?

15 Hudaýa imany berk dogan-uýalaryň, esasan-da, ýaşulularyň goldawy bilen tutuş ýygnak gülläp ösýär. Melissany ejesi ýeke özi terbiýeledi. Melissa uýa şeýle diýýär: «Ýygnakdaky doganlar kakam ýaly hemişe meni goldadylar. Men islendik wagt olara ýüz tutup bilýärdim. Men olara çäksiz minnetdar». Mawrisiýo sapak geçen dogan Ýehowa gulluk etmegini bes edýär. Mawrisiýo şeýle gürrüň berýär: «Ýaşulular maňa uly goldaw berýärdiler. Olar hemişe diýen ýaly meniň bilen gürrüňdeş bolýardylar we wagyz edýärdiler. Olar Mukaddes Kitapdan tapan dürdänelerini gürrüň berýärdiler. Biz dynç alýardyk we top oýnaýardyk». Häzir Melissa we Mawrisiýo Beýtelde gulluk edýär.

Siz ýygnakdaky haýsy dogana ýa-da uýa ýagşylyk edip bilersiňiz? (16—19-njy abzaslara serediň). *

16, 17. Biz dogan-uýalara nädip ýagşylyk edip bileris?

16 Hemişe ýagşylyk ediň (Gal. 6:10). Daşary ýurtda missioner bolup gulluk edýän Leo dogan şeýle diýýär: «Men ulag heläkçiligine uçradym. Ahyry öýe gelip ýetdim. Men gaty gorkdum we alada etdim. Şonda bir är-aýal meni myhmançylyga çagyrdy. Meniň näme nahar iýenim ýadyma düşenok, emma olaryň ünsli diňläni hiç göz öňümden gidenok. Men bar gaýgy-aladamy unutdym. Tüýs wagtynda edilen ýagşylyk derdiňe derman bolýan eken».

17 Biz etrap we welaýat kongreslerinde dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolmagy gowy görýäris. Emma Karel uýa kongreslerde özüni ýeke duýýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Kongresde ýüzlerçe, müňlerçe dogan-uýalar bolsa-da, özümi ýalňyz duýýaryn. Olaryň öz maşgalasy we dost-ýarlary bilen oturanyny görenimde, hasam ruhdan düşýärin». Dogan-uýalaryň ýanýoldaşy aradan çykanda, olaryň käbirine kongrese barmak has-da kyn bolýar. Siz şeýle kyn ýagdaýlary başdan geçirýän dogan-uýalary tanaýarsyňyzmy? Onda olar bilen kongrese bile gitseňiz gowy bolar.

18. 2 Korinfliler 6:11—13-nji aýatlardaky maslahata nädip eýerip bileris?

18 Dogan-uýalar bilen dynç alyň. Esasanam, özüni ýeke duýýan dogan-uýalary oturylyşyga we myhmançylyga çagyrsak gowy bolar. Biz dogan-uýalara «ýüregimizi giňden açmaly» (2 Korinfliler 6:11—13-nji aýatlary okaň). Ýokarda agzalan Melissa uýa şeýle diýýär: «Dogan-uýalar myhmançylyga we gezelenje çagyrsa, örän begenýäris». Siz ýygnagyňyzdaky haýsy dogany ýa-da uýany myhmançylyga çagyryp bilersiňiz?

19. Dogan-uýalar haçan kömege mätäç bolýar?

19 Dogan-garyndaşlary baýramçylyk bellänlerinde, käbir dogan-uýalar özüni ýeke duýmagy mümkin. Belki-de, käbirleri her ýyl ýanýoldaşynyň aradan çykan gününi ýatlap, hasrat çekýändir. Şol gün olary myhmançylyga çagyrsak we gürrüňdeş bolsak goldap bileris. Dogan-uýalaryň kyn gününde hak dosty bolsak, olaryň «ýürekden aladasyny» edip bileris (Flp. 2:20).

20. Matta 12:48—50-nji aýatlar özümizi ýeke duýanymyzda nädip kömek edýär?

20 Biz käte dürli sebäplere görä özümizi ýeke duýup bileris. Ýöne Ýehowanyň ýagdaýymyza düşünýändigini hiç haçan unutmalyň. Ol bizi dogan-uýalar arkaly goldaýar (Matta 12:48—50-nji aýatlary okaň). Bizem dogan-uýalara kömek etmek üçin elimizde baryny etsek, Ýehowanyň agzybir maşgalasynyň gadyryny bilýändigimizi görkezeris. Käte özümizi ýeke duýsak-da, Ýehowanyň goldajakdygyny unutmalyň.

46-NJY AÝDYM Ýehowa şükür

^ par. 5 Belki, siz özüňizi ýeke, ýalňyz duýýansyňyz. Ýehowa siziň ýagdaýyňyza düşünýär. Ol kömek etmäge hemişe taýyn. Şu makalada özümizi ýeke duýanymyzda näme etmelidigi barada bileris. Şeýle-de özüni ýeke duýýan dogan-uýalara nädip kömek edip biljekdigimiz hakda gürrüň ederis.

^ par. 5 Käbir atlar üýtgedildi.

^ par. 60 SURAT: doganyň aýaly aradan çykypdyr. Ol Mukaddes Kitabyň we ýygnakda öwrenilýän edebiýatlaryň audioýazgysyny diňleýär.

^ par. 62 SURAT: dogan gyzjagazy bilen garry dogana köke getirýär.