TERJIMEHAL
Ýehowanyň islegini hemişe birinji orunda goýýardyk
MEN 1984-nji ýylda Wenesuelanyň Karakas şäheriniň baý raýonynda ýaşaýardym. Bir gün säher bilen öýden çykdym-da, işe tarap ýola düşdüm. Men «Garawul diňi» žurnalyndan okan makalam hakda oýlanyp barýardym. Makalada goňşularymyzyň bizi nähili adamlar hökmünde tanaýandygy barada gürrüň edilýärdi. Men goňşularymyň öýüne seredip: «Olar meni bankda işleýän wezipeli adam hasaplaýarlarmy ýa-da maşgalasyny ekleýän hudaýhon adam?» diýip oýlandym. Soňra olaryň meni hudaýhon däl-de, wezipeli adam hasaplaýandygyna düşünip gynandym. Şonuň üçin hem durmuşymy üýtgetmegi ýüregime düwdüm.
Men 1940-njy ýylyň 19-njy maýynda Liwanyň Amýun şäherinde dünýä indim. Birnäçe ýyldan soň biz Tripoli şäherine göçdük. Kakam bilen ejem Ýehowa iman edýärdi, ony ýürekden söýýärdi. Olar meni mähir, söýgi bilen terbiýeledi. Biz bäş dogandyk: üç gyz, iki oglan. Men körpesidim. Ene-atam baýlygyň ugrunda hars urmaýardy. Olar Mukaddes Kitaby okamagy, ýygnak duşuşyklaryna barmagy, adamlara hak Hudaý barada wagyz etmegi birinji orunda goýýardylar.
Biziň ýygnagymyzda Ýatlama agşamynda nyşanlardan dadýan saýlanan mesihçilerem bardy. Mişel Abud dogan hem saýlanan mesihçidi. Ol ýygnakda Mukaddes Kitaby öwrenmek duşuşygyny geçirýärdi. Mişel dogan Ýehowa hakda Nýu-Ýorkda eşidýär we 1921-nji ýylda Liwana gelip, wagyz edip başlaýar. Biziň şäherimize Gilead mekdebini tamamlan süýtdeş uýalar Anna we Gwen Biwerler wagyz etmäge geldiler. Ýaşuly dogan Mişel uýalaryň ýürekden aladasyny edýärdi. Uýalar bilen bizem dostlaşdyk. Onlarça ýyl geçensoň, men Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Annany görüp örän begendim. Birnäçe wagtdan
soň Gweni hem gördüm. Ol Wilfred Guç dogana durmuşa çykypdyr. Olar Londondaky Beýtelde gulluk edýän eken.LIWANDA WAGYZ EDEN GÜNLERIMIZ
Ýaş wagtym Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlarymy adamlara höwes bilen wagyz edýärdim. Şol wagtlar Liwanda Ýehowanyň Şaýatlary köp däldi. Dini ýolbaşçylar garşy çyksa-da, biz yhlasly wagyz edýärdik. Käbir wakalar häzirem göz öňümden gidenok.
Bir gün gyz doganym Sana bilen köp gatly jaýda öýden-öýe wagyz etdik. Öý eýesine wagyz edip durkak, bir ýerlerden ruhany gelip, bize sögüp başlady. Ony biri çagyran bolmaly. Ruhany gahar-gazap bilen Sanany itekläp, basgançakdan düşürdi. Şol wagt polisiýa işgärleri gelip, Sana kömek etdiler. Goňşularyň biri polisiýany çagyran bolmaly. Olar ruhanyny polisiýa bölümine äkitdiler. Görseler, onuň ýaragy bar eken. Polisiýa bölüminiň başlygy: «Sen näme edip ýörsüň? Sen dindar adammy ýa jenaýatçy?» diýip sorady.
Bir gezek dogan-uýalar bilen hakyna awtobus tutduk we uzakdaky obada hoş habary wagyz etmäge gitdik. Biz şatlanyp, begenip adamlara Hudaý hakda wagyz etdik. Ýöne obanyň ruhanysy adamlary ýygnap, biziň üstümize küşgürdi. Adamlar bize gaharlanyp, daş zyňyp başladylar. Şonda kakama daş degdi, ýüzi gara gan boldy. Ejem kakamy awtobusa alyp gaýtdy. Yz ýanyndan bizem awtobusa geldik. Ählimiziň keýpimiz gaçdy. Ejem kakamyň ýüz-gözüni süpürip: «Ýehowa, olary bagyşla! Olar näme edýänini bilmeýär» diýdi.
Bir gezek atamlara myhmançylyga bardyk. Olara sylanýan ruhany oturmaga gelen eken. Ruhany kakam bilen ejemiň Ýehowanyň Şaýadydygyny bilýärdi. Men alty ýaşlarymdadym. Ol meni bir gyra çekip: «Sen näme üçin suwa çümdürilmediň?» diýdi. Men oňa: «Entek men çaga. Men Mukaddes Kitaby gowy öwrenmeli, imanymy berkitmeli» diýdim. Ol meniň jogabymy halaman, atama: «Agtygyň edepsiz ekeni» diýdi.
Şeýle garşylyklar köp bolmady. Liwanyň halky myhmansöýer, mähirli adamlardy. Biz Hudaý hakda höwes bilen wagyz edýärdik. Köp adamlar bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçýärdik.
WENESUELA GÖÇÝÄRIS
Men mekdepde okaýardym. Şol wagtlar Wenesueladan bir dogan Liwana geldi. Ol biziň ýygnagymyza gatnaşýardy. Ol gyz doganym Wafa bilen duşuşyp başlady. Soňra olar toý etdiler we Wenesuela gitdiler. Gyz doganym kakama hat ýazyp, bütin maşgalamyz bilen Wenesuela göçüp gelmegi haýyş etdi. Sebäbi Wafanyň bizi
göresi gelýärdi. Şeýdip, biz Wenesuela göçdük.Biz 1953-nji ýylda Wenesuela gelip, Karakas şäherinde ýaşap başladyk. Öýümiziň golaýynda prezident köşgi ýerleşýärdi. Men çaga bolamsoň, prezidentiň maşynly geçip barýanyny görüp begenýärdim. Ene-atama Wenesuelanyň medeniýetine, diline, naharyna, howasyna öwrenişmek kyn boldy. Olar ýaňy bir öwrenişip başladylar welin, maşgalamyzyň üstüne agyr betbagtçylyk indi.
AJY AÝRALYK
Kakam agyr keselledi. Biz muňa hiç ynanyp bilmedik, sebäbi ol güýçli, sagdyn adamdy, hiç kesellemezdi. Kakamda rak keseliniň bardygy anyklanyldy. Kakamy operasiýa etdiler we ol bir hepdeden aradan çykdy.
Kakamyň ölümi bize uly urgy boldy. Muny söz bilen beýan edip bolmaýar. Men 13 ýaşlarymdadym. Şol wagtlar ajy näme, süýji näme bilmedik, şatlanmadyk, gülmedik. Esasanam, ejeme eziz ýaryndan aýra düşmek agyr degdi. Ýöne durmuş dowam edýär. Ýehowanyň kömegi bilen ajy hasrata döz gelip bildik. Men 16 ýaşymda orta mekdebi tamamladym. Meniň ejemi, doganlarymy goldasym gelýärdi.
Gyz doganym Sana Ruben Araho dogana durmuşa çykdy. Ruben dogan Gilead mekdebini tamamlap, Wenesuela gulluk etmäge geldi. Toýdan soň olar Nýu-Ýork şäherine göçdüler. Ejem we doganlarym meniň uniwersitetde okamagymy islediler. Men Nýu-Ýorka gidip, uniwersitetde okap başladym we aýal doganym Sanalarda ýaşadym. Ruben bilen Sana Ýehowa bolan imanymy berkitmäge kömek etdiler. Şeýle-de «Bruklin ispan» ýygnagynda Hudaýa imany berk doganlar bardy. Men Milton Henşel we Fredrik Frens doganlar bilen tanşanyma diýseň begendim. Olar Bruklindäki Beýtelde gulluk edýärdi.
Meniň uniwersitetde okap başlanyma bir ýyl bolup barýardy. Men gelejegim hakda oýlanyp başladym. «Garawul diňi» žurnalyndan Ýehowa gulluk etmegi maksat goýan dogan-uýalar barada okapdym. Şeýle-de ýygnagymyzdaky pionerleriň, Beýtelde gulluk edýän dogan-uýalaryň bagtlydygyny görýärdim. Meniň hem bagtly bolasym gelýärdi. Ýöne men entek suwa çümdürilmändim. Ömrümi Ýehowa bagyş hem etmändim. Men doga edip, özümi Ýehowa bagyş etdim. 1957-nji ýylyň 30-njy martynda suwa çümdürildim.
GELEN KARARLARYM
Men suwa çümdürilenimden soň, pioner bolasym geldi. Ýöne hem uniwersitetde okap, hem pioner bolup bilermikäm diýip oýlanýardym. Men ejeme, doganlaryma hat ýazdym; olara okuwy goýup,
Wenesuela dolanmak isleýändigimi we pioner bolasym gelýändigini aýtdym.Men 1957-nji ýylyň iýunynda Karakasa, öýümize geldim. Ejeme, doganlaryma kömek gerekdi. Menem işläp, olary goldasym gelýärdi. Maňa bankda işlemegi teklip etdiler. Ýöne meniň pioner bolasym gelýärdi, şonuň üçin Wenesuela gelipdim. Men hem işlemegi, hem pioner bolmagy ýüregime düwdüm. Birnäçe ýyllap bankda uzakly gün işledim we pioner bolup gulluk etdim. Men örän ýadaýardym, ýöne özümi bagtly duýýardym.
Men Silwiýa bilen tanyşdym, öz bagtyma duşdum. Ol owadandy, Ýehowany ýürekden söýýärdi. Ene-atasy bilen Germaniýadan Wenesuela göçüp gelipdi. Biz toý etdik. Biziň iki çagamyz boldy, oglumyz Maýk we gyzymyz Samira. Men ejemiň hem aladasyny edýärdim. Ol biziň bilen ýaşap başlady. Men maşgalamy eklemek üçin işleýärdim. Pioner gullugyny goýsam-da, yhlasly wagyz edýärdim. Silwiýa ikimiz wagtal-wagtal kömekçi pioner bolup gulluk edýärdik.
AÝGYTLY ÄDIM
Ýadyňyzda bolsa, size goňşularymyň meni hudaýhon adam däl-de, bankda işleýän wezipeli, baý adam hasaplaýandygy barada gürrüň beripdim. Şol wagtlar çagalarym mekdepde okaýardylar. Biz gurply ýaşaýardyk. Işdeşlerim maňa hormat goýýardy. Ýöne men hudaýhon adam hökmünde tanalmak isleýärdim. Uzakly gün diňe şol hakda oýlandym. Öýe gelip: «Işden çyksam nähili bolar?» diýip, aýalymdan soradym. Men işden çyksam-da, maşgalamy ekläp biljekdim. Sebäbi bankda işlän ýyllarym köp pul gazanypdym. Üstesine-de, biziň karzymyz, bergimiz ýokdy. Puly tygşytly sowsak, köp ýyllap zada zar bolman ýaşap biljekdik.
Elbetde, işden çykyp oturybermek aňsat däldi. Ýöne eziz aýalym bilen mähriban ejem meni goldady. Men pioner gullugyna başlamaga taýyndym, örän begenýärdim, tolgunýardym. Ýöne täsin sowgadyň garaşýanyny bilmeýärdim.
GARAŞYLMADYK SOWGAT!
Lukman Silwiýa göwrelidigini aýtdy. Aýalym ikimiz muňa garaşmandyk, ýöne diýseň begendik. Men pioner bolup gulluk
edip bilermikäm diýip oýlandym. Biz balajygymyzyň dünýä inmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýardyk. Men: «Bir elde iki garpyz tutup bilermikäm?» diýip oýlanýardym.Aýalym bilen maslahat etdik we pioner bolmaly diýen karara geldik. 1985-nji ýylyň aprelinde oglumyz dünýä indi, adyna Gabriýel dakdyk. Men işden çykdym we 1985-nji ýylyň iýunynda pioner gullugyna başladym. Soňra filial komitetiniň agzasy bolup gulluk etdim. Beýtel Karakas şäherinden 80 km uzakda ýerleşýärdi. Men hepde-de iki-üç gün gatnap, Beýtelde gulluk edýärdim.
LA-WIKTORIÝA ŞÄHERINE GÖÇÝÄRIS
Beýtel La-Wiktoriýa şäherinde ýerleşýärdi, biz hem şol şähere göçdük. Ýöne bize aňsat bolmady. Meni goldap, kömek edeni üçin maşgalama ýürekden minnetdar. Aýal doganym Baha ejemiň aladasyny etmegi öz boýnuna aldy. Oglum Maýk öýli-işikli bolup, aýry ýaşaýardy. Gyzym Samira bilen oglum Gabriýel biziň bilen ýaşaýardy. Olara Karakasdaky joralaryndan, dostlaryndan aýra düşmek aňsat bolmady. Paýtagt şäherden kiçi şähere göçmek aýalym üçin hem kyn boldy. Indi biz uly, kaşaň jaýda däl-de, kiçiräk jaýda ýaşaýardyk. Hawa, Karakasdan La-Wiktoriýa şäherine göçüp, durmuşymyzy bütinleý üýtgetdik.
Soňra Gabriýel hem öýlendi. Samira-da aýry ýaşap başlady. 2007-nji ýylda Silwiýa ikimizi Beýtele çagyrdylar. Şondan bäri Beýtelde gulluk edýäris. Maýk ýygnak ýaşulusy we aýaly Monika bilen pioner bolup gulluk edýär. Gabriýel hem ýaşuly, aýaly Ambra bilen Italiýada gulluk edýär. Samira hem pioner, hem Beýtelde meýletinçi bolup gulluk edýär.
WAGTY YZA DOLAP BOLSA
Men bütin ömrüme köp kararlara geldim. Ýöne gelen kararlaryma hiç ökünemok. Eger wagty yza dolap bolsa, men ýene-de şeýle kararlara gelerdim. Maňa hormatly işleri ynanandygy üçin Ýehowa minnetdar. Men yzyma ser salanymda, Ýehowa bilen dostlaşmagyň hemme zatdan wajypdygyna düşünýärin. Biz Ýehowa bil baglap, karara gelsek, ol «ynsan düşünjesinden ýokary bolan... parahatlygy» berer (Flp. 4:6, 7). Silwiýa-da, menem Beýtelde Ýehowa gulluk etmegi mukaddes hasaplaýarys. Ýehowa biziň her bir gelýän kararymyza ak pata berýärdi. Sebäbi biz Ýehowanyň islegini hemişe birinji orunda goýýardyk.