Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Şuny bilýäňizmi?

Şuny bilýäňizmi?

I asyrda adamlar nähili salgytlary töläpdirler?

GADYMY döwürde ysraýyllar arassa seždäni goldamak üçin sadaka beripdirler. I asyrda ýehudylar hem köp zatlar üçin salgyt töläpdirler. Olar salgytdan ýaňa gününi zordan görüpdirler.

Erkek kişiler Hudaýa edilýän arassa seždäni goldamak üçin ýarym şekel (iki drahma) tölemelidiler. I asyrda şol töleg Hirodesiň guran ybadathanasyny abatlamak we mal gurbanlyklaryny bermek üçin harçlanypdyr. Salgytçylar Petrusyň ýanyna gelip: «Mugallymyň iki drahma salgyt tölärmi?» diýip soraýarlar. Isa salgyt tölemäge garşy bolmaýar, gaýtam Petrusa: «Özüňe-de, maňa-da salgyt töle» diýip tabşyrýar (Mat. 17:24—27, çykgyt).

Hudaýyň halky hasylynyň we girdejisiniň ondan birini sadaka bermelidi (3 Mus. 27:30—32; 4 Mus. 18:26—28). Dini ýolbaşçylar her bir zadyň, hatda «narpyzyň, şibitiň we tminiň» ondan bir bölegini bermegi talap edipdirler. Isa hasylyň ondan bir böleginiň berilmegine garşy däldi. Ýöne kanunçylaryň we fariseýleriň kanuny öz bähbidi üçin ulanýandyklaryna gahary gelýärdi (Mat. 23:23).

Ýehudylar rimlileriň golastyndady, şol sebäpli olara-da salgyt töleýärdiler. Ýehudylar mellek ýeri üçinem salgyt tölemelidiler. Olar girdejisiniň we hasylynyň 20 ýa-da 25 göterimini bermelidiler. Mundan başga-da, adam başyna hem salgyt tölenipdir. Fariseýler Isadan şeýle salgydy tölemelimi ýa-da tölemeli däldigini soraýarlar. Isa olara: «Patyşanyňkyny patyşa, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýip jogap berýär (Mat. 22:15—22).

Şähere getirilýän we äkidilýän harytlar üçin hem salgyt salnypdyr. Meselem, gämi duralgalarynda, köprülerde, şäherleriň derwezelerinde we bazarlaryň girelgelerinde harytlar üçin salgyt alnypdyr.

Rimliler golastyndaky ähli halklardan salgyt talap edipdir. Tiberiýusyň hökümdarlyk eden döwründe, Isa ýer ýüzünde ýaşaýardy. Şol döwür hakda Rim taryhçysy Tasit şeýle ýazýar: «Agyr durmuşdan ýanan Siriýanyň we Ýahudanyň halky salgydy azaltmagy haýyş etdiler».

Salgytçylar adamlaryň durmuşyny has-da agyrlaşdyrypdyrlar. Kim köp para berse, salgytçylaryň başlygy bolýardy. Ol hem özüne işgärleri alýardy. Başlyk hem, işgärleri hem öz jübüsini galňatmak üçin, esasy salgytdan başga-da pul talap edýärdiler. Zakkaý hem salgytçylaryň başlygydy (Luka 19:1, 2). Salgyt tölemekden halys ýadan adamlar salgytçylary ýigrenipdirler.