Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 22

Okuw geçýäne suwa çümdürilmäge kömek ediň

Okuw geçýäne suwa çümdürilmäge kömek ediň

«Suwa çümdüriliň» (Res. 2:38).

72-NJI AÝDYM Patyşalyk barada hakykaty ýaýradalyň

MAZMUNY *

1. I asyrda nähili täsin waka boldy?

DÜNÝÄNIŇ dört künjeginden dürli milletden uly märeke ýygnanypdy. Şol gün Iýerusalimde täsin waka boldy. Isanyň şägirtleri gelen myhmanlaryň ene dilinde gepläp başladylar. Ýöne Isanyň şägirtleriniň aýdan habary olary has-da geň galdyrdy. Petrus we beýleki şägirtler halas bolmak üçin, Isa pygambere iman etmelidigi hakda wagyz edýärdiler. Şägirtleriň aýdýan habary myhmanlaryň ýüregine jüňk boldy. Olar: «Indi biz näme etmeli?» diýip soradylar. Şonda Petrus: «Suwa çümdüriliň» diýip jogap berdi (Res. 2:37, 38).

Dogan aýaly bilen bir ýigide okuw geçýär. Ýigidiň elinde «Ebedi ýaşaň!» kitaby bar (2-nji abzasa serediň).

2. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis? (Daşky sahypadaky surata serediň).

2 Şol gün şatlykly waka boldy. 3 000-e golaý adam suwa çümdürilip, Isa pygamberiň şägirdi boldy. Şeýdip, Isanyň şägirt taýýarlamak hakda tabşyran işiniň düýbi tutuldy. Şol iş XXI asyrda uly möçberde alnyp barylýar. I asyrda hoş habary kabul eden adamy şol gün suwa çümdüripdirler. Ýöne şu günler bir adamyň suwa çümdürilmegi üçin aýlar, ýyllar gerek bolýar. Biz okuw geçýän adama Isa pygamberiň şägirdi bolmaga kömek etmek üçin köp tagalla etmeli bolýarys. Geliň, okuw geçýäne suwa çümdürilmäge kömek etmek üçin näme edip biljekdigimiz hakda gürrüň edeliň.

DURMUŞYNDA ULANMAGA KÖMEK EDIŇ

3. Matta 28:19, 20-nji aýatlara görä, okuw geçýän suwa çümdürilmek üçin näme etmeli?

3 Okuw geçýän adam suwa çümdürilmek üçin öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanmaly (Matta 28:19, 20-nji aýatlary okaň). Şonda ol Isanyň mysalyndaky «paýhasly adama» meňzär. Sebäbi ol ýeri çuň gazyp, jaýyň düýbüni berk tutupdy (Mat. 7:24, 25; Luka 6:47, 48). Biz okuw geçýän adama öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanmaga nädip kömek edip bileris? Geliň, üç maslahata seredeliň.

4. Okuw geçýän adama suwa çümdürilmek üçin aýgytly ädimleri ätmäge nädip kömek edip bileris? (« Okuw geçýäne maksat goýmaga we oňa ýetmäge kömek ediň» diýen çarçuwa serediň).

4 Maksat goýmaga kömek ediň. Aýdaly, siz ulagly ýola düşdüňiz. Siziň barmaly ýeriňiz gaty daş. Eger siz ýolda wagtal-wagtal dynç alyp, tebigaty synlap gitseňiz, uzak ýol sizi ýadatmaz. Şonuň ýaly Mukaddes Kitapdan okuw geçýän adam tiz ýetip bolýan maksatlary goýsa, suwa çümdürilmek onuň üçin elýetmez maksat bolup görünmez. Biz «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň «Maksat goýuň» diýen çarçuwasy arkaly okuw geçýäne Hudaý bilen dostlaşmaga kömek edip bileris. Şol çarçuwada okuw geçýän adamyň ýetip biljek maksady ýazylan. Her sapakdan soň okuw geçýäni şol maksada ýetmäge höweslendiriň. Şonda ol öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanyp biler. Siz okuw geçýäniň ýetip biläýjek başga maksatlaryny çarçuwanyň «Şeýle-de» diýen ýerine ýazyp bilersiňiz. «Maksat goýuň» diýen çarçuwa arkaly okuw geçýän adam bilen ýetip biljek maksatlary hakda gürrüň edip duruň. Sebäbi käbir maksatlara tiz ýetip bolýar, käbirleri üçin köpräk wagt gerek bolýar.

5. Markus 10:17—22-nji aýatlara görä, Isa pygamber baý ýigide näme diýdi we näme üçin?

5 Durmuşyny we gylyk-häsiýetini üýtgetmäge kömek ediň (Markus 10:17—22-nji aýatlary okaň). Isa baý ýigide mal-mülküni satmagyň aňsat bolmajakdygyny bilýärdi (Mar. 10:23). Ýöne ol şonda-da «ähli zadyňy sat» diýip maslahat berdi. Näme üçin? Isa ony gowy görýärdi. Käte biz okuw geçýän adama öwrenen zadyny durmuşynda ulanmalydygyny aýtmaga çekinýäris, sebäbi onuň göwnüne degmejek bolýarys. Elbetde, oňa öňki häsiýetlerini we endiklerini goýup, ýagşy häsiýetleri ösdürmek üçin wagt gerek bolar (Kol. 3:9, 10). Biz okuw geçýäne gylyk-häsiýetini üýtgetmelidigini näçe ir aýtsak, şonça-da gowy bolar. Şeýdip, biz ony gowy görýändigimizi we aladasyny edýändigimizi görkezeris (Zeb. 141:5; Nak. 27:17).

6. Okuw geçýäne näme üçin sorag bermeli?

6 Okuw geçýän adamyň tema hakda pikirini we düşünjesini bilmek üçin soraglary beriň. Şonda onuň ynanýan, iman edýän we düşünýän zatlary hakda bilersiňiz. Okuw geçýäne sorag berip dursaňyz, oňa kabul etmek we razylaşmak kyn boljak temalary düşündirmek aňsat bolar. «Ebedi ýaşaň!» kitabynda okuw geçýäniň pikirini we garaýşyny bilmäge kömek edýän köp soraglar bar. Meselem, 4-nji sapakda «Ýehowa Hudaýyň adyny tutup ýüzlensek, Oňa ýararmy?» diýen sorag bar. 9-njy sapakda «Ýehowa näme hakda doga-dileg edesiň gelýär?» diýen sorag bar. Okuw geçýäne birbada şeýle soraglara jogap bermek aňsat bolmaz. Ýöne siz kitapdaky suratlar we aýatlar arkaly oňa soraglar hakda oýlanmaga kömek edip bilersiňiz.

7. Okuw geçýäne dogan-uýalaryň başdan geçiren wakasyny näme üçin gürrüň bermeli?

7 Okuw geçýäne düşünen zatlaryny durmuşynda ulanmaga kömek etmek üçin, dogan-uýalar bilen bolan wakany gürrüň beriň ýa-da wideo görkeziň. Meselem, okuw geçýän adama ýygnaklara barmak kyn bolsa, 14-nji sapagyň «Köpräk biliň» bölümindäki «Ýehowa aladamy etdi» diýen wideony görkeziň. «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň «Köpräk biliň» we «Söhbetdeşlik» diýen bölümlerinden başga-da gyzykly wakalary tapyp bilersiňiz *. Ýöne okuw geçýän adamy biri bilen deňeşdirip: «Ol başaran bolsa, senem başararsyň» diýmäň. Goý, okuw geçýäniň özi düşünsin! Wideodaky peýdaly pikirleri nygtap geçiň. Wideodaky adama nämäniň kömek edendigini we haýsy aýadyň ruhlandyrandygyny aýdyň. Şeýle-de Ýehowanyň oňa güýç berendigini aýtsaňyz gowy bolar.

8. Okuw geçýäne Ýehowany söýmäge nädip kömek etmeli?

8 Ýehowany söýmäge kömek ediň. Okuw geçýäne Ýehowanyň häsiýetleri barada gürrüň beriň. Oňa Ýehowanyň bagtly Hudaýdygyny we hudaýhon adamlara ak pata berýändigini aýdyň (1 Tim. 1:11; Ýew. 11:6). Okuw geçýäne Ýehowanyň bizi söýýändigi üçin peýdaly zatlary öwredýändigini gürrüň beriň. Şeýle-de öwrenen zatlarymyz boýunça ýaşasak, bagtly boljakdygymyzy aýdyň (Işa. 48:17, 18). Ol Ýehowany ýürekden söýse, durmuşyny we häsiýetlerini üýtgetmek kyn bolmaz (1 Ýah. 5:3).

DOGAN-UÝALAR BILEN TANYŞDYRYŇ

9. Markus 10:29, 30-njy aýatlara görä, okuw geçýäne käbir zatlardan geçmäge näme kömek eder?

9 Okuw geçýän adam suwa çümdürilmek üçin käbir zatlardan geçmeli bolar. Meselem, I asyrda Isa pygamber baý ýigide mal-mülkünden geçmeli boljakdygyny aýdypdy. Belki, okuw geçýän adam Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna garşy gelýän işinden çykmaly bolar. Ýa-da Ýehowa iman etmeýän dostlary bilen gatnaşmagyny goýmaly bolar. Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Kitaby öwrenip başlansoň, dogan-garyndaşlarynyň ondan ýüz öwürmegi mümkin. Isa köp adamlara şeýle zatlardan geçmegiň kyn boljakdygyny bilýärdi. Ýöne Hudaýyň olary sylagsyz goýmajakdygyny wada berdi. Ýehowanyň halkynyň arasynda olaryň köp dostlary, doganlary we uýalary bolar (Markus 10:29, 30-njy aýatlary okaň). Biz okuw geçýänlere Hudaýyň halky bilen dostlaşmaga nädip kömek edip bileris?

10. Manuel doganyň beren gürrüňinden näme öwrenýärsiňiz?

10 Ýakyndan dostlaşyň. Okuw geçýäniň ýürekden aladasyny ediň. Meksikada ýaşaýan Manuel dogan özüniň okuw geçen günlerini ýatlap, şeýle diýýär: «Dogan sapak geçmäge gelende, ilki bilen meniň ýagdaýlarymy sorardy. Şonda men özümi rahat duýardym we biynjalyk edýän zatlarymy arkaýyn gürrüň bererdim. Ol meniň ýürekden aladamy edýärdi».

11. Okuw geçýän adamy näme üçin myhmançylyga çagyrmaly?

11 Siz Isa pygamberden görelde alyp, okuw geçýäniňiz bilen wagtyňyzy bile geçiriň (Ýah. 3:22). Ony myhmançylyga çagyryň, saçak başynda gürrüň ediň, her aý çykýan teleýaýlymy görüň. Esasanam, baýramçylyklarda ony myhmançylyga çagyrsaňyz gowy bolar. Şonda ol dost-ýarlary we dogan-garyndaşlary bilen baýramçylyklary bellemese-de, özüni ýeke duýmaz. Ugandada ýaşaýan Kazibwe şeýle diýýär: «Men mugallymym bilen gürrüňdeş bolsam-da, edil okuw geçenimdäki ýaly köp zatlary öwrenýärdim. Men Ýehowanyň halkynyň aladasyny edýändigini we olaryň bagtly adamlardygyny gördüm. Meniňem bagtly ýaşasym gelýärdi».

Siz dogan-uýalary sapagyňyza çagyrsaňyz, okuw geçýän adam ýygnaklara barmak islär (12-nji abzasa serediň). *

12. Biz näme üçin okuwa dogan-uýalary çagyrmaly?

12 Okuwyňyza dogan-uýalary çagyryň. Belki, siz okuwy ýeke özüňiz geçirýänsiňiz ýa-da şol bir wagyzçylary äkidýänsiňiz. Şeýle etmek aňsat bolsa-da, okuwyňyza beýleki dogan-uýalary hem çagyrsaňyz gowy bolar. Moldowada ýaşaýan Dmitriý şeýle diýýär: «Sapak geçmäge gelen dogan-uýalaryň hersinden bir zat öwrenýärdim. Olar maňa tema giňişleýin düşünmäge kömek etdiler. Men birinji sapar ýygnaga baranymda aljyramadym, sebäbi dogan-uýalaryň köpüsini tanaýardym».

13. Okuw geçýäne ýygnak duşuşyklaryna barmaga näme üçin kömek etmeli?

13 Ýygnak duşuşyklaryna barmaga höweslendiriň. Ýehowa halkyna ýygnaklara baryp, Özüne sežde etmegi tabşyrdy (Ýew. 10:24, 25). Biz dogan-uýalar bilen bir maşgalanyň agzasy ýaly hak Hudaýa sežde edýäris. Biz ýygnak duşuşyklaryna baranymyzda, dogan-uýalar bilen bir saçak başynda oturan ýaly bolýarys. Eger okuw geçýän adama ýygnaklara barmaga kömek etsek, ol suwa çümdürilmek üçin ädim äder. Ýöne muny etmek aňsat bolmaz. «Ebedi ýaşaň!» kitaby okuw geçýäne şeýle aýgytly ädimi ätmäge nädip kömek eder?

14. Okuw geçýäni ýygnaklara barmaga nädip höweslendirmeli?

14 «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň 10-njy sapagy arkaly okuw geçýäni ýygnaga gelmäge höweslendiriň. Kitap çykmanka, ökde wagyzçylardan 10-njy sapakdaky maslahatlara eýerip, okuw geçýän adamlary ýygnaga çagyrmagy haýyş etdik. Wagyzçylar sapakdaky maslahatlaryň peýdaly bolandygyny aýtdylar. Elbetde, 10-njy sapaga çenli garaşmak hökman däl. Okuw geçýäni ýygnaga näçe ir çagyrsaňyz, şonça-da gowy bolar. Okuw geçýänler dürli sebäplere görä ýygnaklara baryp bilmeýän bolmagy mümkin. Olara nämäniň päsgel berýändigini biliň we kömek etmäge çalşyň. Olar ýygnak duşuşyklaryna gelmese, ruhdan düşmäň. Sabyrly we tutanýerli boluň!

BATYRGAÝLYK BILEN WAGYZ ETMEGI ÖWREDIŇ

15. Okuw geçýän nämeden gorkmagy mümkin?

15 Belki, sizem Ýehowanyň Şaýady bolmaga ýaýdanyp: «Men hiç haçan öýden-öýe wagyz etmerin» diýensiňiz. Ýa-da dogan-garyndaşlaryňyz we dost-ýarlaryňyz garşy çykar öýdüp gorkansyňyz. Eger şeýle bolsa, okuw geçýäniň ýagdaýyna has gowy düşünýänsiňiz. Isa pygamber käbir adamlarda şeýle gorkynyň boljakdygyny duýdurypdy, ýöne ol hiç zadyň Ýehowa Hudaýa gulluk etmäge päsgel bermeli däldigini aýtdy (Mat. 10:16, 17, 27, 28). Isa pygamber şägirtlerine batyrgaýlyk bilen wagyz etmegi nädip öwretdi? Biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris?

16. Okuw geçýäne wagyz etmegi nädip öwredip bileris?

16 Wagyz etmegi öwrediň. Isa pygamber şägirtlerini wagyz etmäge iberende, olar alada edendir. Emma Isa şägirtlerine nirede we nädip wagyz etmelidigini aýtdy (Mat. 10:5—7). Isanyň göreldesine nädip eýerip bileris? Biz okuw geçýän adama kime we nädip wagyz etmelidigini öwretmeli. Meselem, oňa: «Şu aýat arkaly kime wagyz edesiň gelýär?» diýip bileris. Soňra onuň bilen taýýarlyk görüň. Aýady sada we ýönekeý sözler bilen düşündirmegi öwrediň. Munuň üçin «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň «Adamlar şeýle diýse» çarçuwasyny ulanyp bilersiňiz. Okuw geçýäne wagyz edende Mukaddes Kitaby ulanmagy, mähirli bolmagy we sada düşündirmegi öwrediň.

17. Matta 10:19, 20, 29—31-nji aýatlar arkaly okuw geçýäne Ýehowa bil baglamagy nädip öwredip bileris?

17 Ýehowa bil baglamaga kömek ediň. Isa pygamber şägirtlerine Ýehowanyň söýýändigini we hemişe goldajakdygyny aýtdy (Matta 10:19, 20, 29—31-nji aýatlary okaň). Sizem okuw geçýäne Ýehowanyň ýardam berjekdigini ýatladyp duruň. Okuw geçýän bilen Ýehowa doga edeniňizde, onuň maksatlaryny hem aýdyň. Şonda ol Ýehowa bil baglamagy öwrener. Polşada ýaşaýan Fransişek şeýle diýýär: «Maňa sapak geçen dogan Hudaýa doga edende, meniň maksatlarymy hem agzaýardy. Ýehowanyň onuň dogalaryna jogap berýändigini görüp, menem doga edip başladym. Men ýygnaklara we kongrese barmak üçin başlygymdan rugsat alanymda, Ýehowanyň goldawyny gördüm».

18. Ýehowa Mukaddes Kitapdan okuw geçirýän wagyzçylaryň edýän tagallasyna nähili garaýar?

18 Ýehowa özüni tanamak isleýän we Mukaddes Kitapdan okuw geçýän adamlary ýürekden söýýär. Ol wagyzçylary hem gowy görýär we olaryň edýän tagallasyny gymmat saýýar (Işa. 52:7). Siz hiç kim bilen sapak geçmeýän bolsaňyz, dogan-uýalaryň sapagyna gatnaşyp bilersiňiz. Şonda siz hem okuw geçýän adama suwa çümdürilmäge kömek edip bilersiňiz.

60-NJY AÝDYM Halas edýän habar

^ par. 5 Isa pygamber adamlara şägirdi bolmaga kömek edýärdi. Şu makalada Isanyň göreldesine eýermek üçin näme etmelidigi hakda bileris. Şeýle-de «Ebedi ýaşaň!» atly täze kitapdan nädip okuw geçip biljekdigimiz hakda gürrüň ederis. «Ebedi ýaşaň!» kitaby okuw geçýänlere özüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmäge kömek eder.

^ par. 7 Dogan-uýalaryň başdan geçiren wakalary hakda köpräk bilmek üçin «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasyndan» okap bilersiňiz. Munuň üçin «Mukaddes Kitap» bölüminiň «Peýdasy» diýen ýerine, soňra «Mukaddes Kitap durmuşyňy özgerdýär» («Garawul diňi» žurnalyndan) diýen ýerine giriň. Şeýle-de JW Library® programmasynyň «Audio we wideo» bölüminiň «Söhbetdeşlik we başdan geçirmeler» diýen ýerine girip bilersiňiz.

^ par. 62 SURAT: dogan aýaly bilen bir ýigide okuw geçýär. Soňra ol doganlary hem okuwyna çagyrýar.