Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 18

Ýygnakda söýgi bildiriň we adalatly boluň

Ýygnakda söýgi bildiriň we adalatly boluň

«Bir-biriňiziň ýüküňizi göteriň. Şeýle etseňiz, Mesihiň kanunyny berjaý edersiňiz» (Gal. 6:2).

112-NJI AÝDYM Beýik Hudaý — Ýehowa

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1. Biz nämä ynamly bolup bileris?

ÝEHOWA gullukçylaryny gaty gowy görýär. Ol häzirem olary söýýär, gelejekde-de söýmegini dowam eder. Şeýle-de Ýehowa adalaty söýýär (Zeb. 33:5). Şol sebäpli biz 1) gullukçylary adalatsyz hereket edende, Ýehowanyň gaty gynanýandygyna, 2) onuň öz wagtynda adalaty dikeltjekdigine doly ynamly bolup bileris. Dört makalanyň birinjisinde * biz Hudaýyň Musa pygamber arkaly ysraýyl halkyna beren Kanunynyň söýgä esaslanýandygyny bildik. Kanunda hemmelere, esasan-da, ejizlere adalatly bolmak talap edilýärdi (Kan. tag. 10:18). Musanyň kanuny Ýehowanyň öz gullukçylarynyň çuňňur aladasyny edýändigini görkezýär.

2. Şu makalada haýsy soraglara serederis?

2 B. e. 33-nji ýylynda mesihçiler ýygnagy dörände, Musanyň kanuny güýjüni ýitirdi. Eýsem, mesihçiler söýgä esaslanan we adalatly bolmagy talap edýän kanunsyz hem ýaşap bilermi? Elbetde! Mesihçiler täze kanuna, ýagny «Mesihiň kanunyna» eýerip ýaşaýar. Şu makalada biz şol täze kanun hakda gürrüň ederis. Şeýle-de şu soraglaryň jogabyny bileris: Bu täze kanun näme üçin söýgä esaslanýar diýse bolar? Näme üçin ol adalaty dikeldýär diýse bolar? Şol kanuna görä ygtyýary bolan adamlar başgalar bilen özüni nähili alyp barmaly?

«MESIHIŇ KANUNY» NÄME?

3. Galatýalylar 6:2-de agzalýan «Mesihiň kanuny» nämäni öz içine alýar?

3 Galatýalylar 6:2-ni okaň. Mesihçiler «Mesihiň kanunyna» eýerip ýaşaýar. Isa şägirtlerine ýazmaça kanun däl-de, görkezmeleri, tabşyryklary we prinsipleri berdi. «Mesihiň kanuny» Isanyň öwreden ähli zatlaryny öz içine alýar. Bu kanuna has gowy düşünmek üçin, geliň, aşakdaky pikirlere seredeliň.

4, 5. Isa adamlara nädip we haçan öwretdi?

4 Isa adamlara nädip öwredýärdi? Birinjiden, ol aýdýan sözleri bilen olara köp zatlary öwredýärdi. Isanyň aýdýan sözleri adamlara güýçli täsir edýärdi. Sebäbi ol Hudaý barada hakykaty, durmuşyň manysy we Hudaýyň Patyşalygynyň adamzadyň ähli kynçylyklaryny çözjekdigini gürrüň berýärdi (Luka 24:19). Ikinjiden, Isa öz göreldesi bilen öwredýärdi. Ol şägirtlerine nädip ýaşamalydygyny öz durmuşynda görkezdi (Ýah. 13:15).

5 Isa adamlara haçan öwretdi? Ol ýer ýüzünde ýaşanda adamlara köp zatlary öwretdi (Mat. 4:23). Isa direlenden soň hem şägirtlerine öwretmegini dowam edýärdi. Bir gezek ol 500-den gowrak şägirdine görnüp, olara «şägirt taýýarlamagy» tabşyrdy (Mat. 28:19, 20; 1 Kor. 15:6). Ýygnagyň başy hökmünde Isa göge dolanandan soň hem şägirtlerine görkezme bermegini dowam edýärdi. Takmynan b. e. 96-njy ýylynda Isa Ýahýa resula mesh edilen mesihçileri ruhlandyryp, maslahat bermegi tabşyrdy (Kol. 1:18; Ylh. 1:1).

6, 7. a) Isanyň öwreden zatlary nirede ýazylan? b) Biz Mesihiň kanunyna nädip eýerip bileris?

6 Isanyň öwreden zatlary nirede ýazylan? Dört Hoş habarda Isanyň ýer ýüzünde ýaşan döwri eden işleri we aýdan zatlary gürrüň berilýär. Grek Ýazgylarynyň beýleki kitaplaryny bolsa, mukaddes ruhuň kömegi bilen özünde «Mesihiň pikiri» bolan adamlar ýazdy. Şol hatlar bize Isanyň pikirine has aýdyň düşünmäge kömek edýär (1 Kor. 2:16).

7 Biziň üçin sapak: Isanyň öwreden zatlary durmuşymyza hemmetaraplaýyn peýda berýär. Mesihiň kanuny öýde, işde ýa-da mekdepde, şeýle-de ýygnakda hemme edýän işlerimize täsir edýär. Grek Ýazgylaryny okap oýlansak, Mesihiň kanunyna has gowy düşüneris. Ondaky görkezmelere, tabşyryklara we prinsiplere eýerenimizde bolsa, şol kanuna gulak asýandygymyzy görkezýäris. Aslynda, Mesihiň kanunyna gulak asanymyzda, Isanyň ähli öwreden zatlarynyň Gözbaşy bolan söýgüden doly Ýehowa Hudaýa gulak asýarys (Ýah. 8:28).

SÖÝGÄ ESASLANÝAN KANUN

8. Mesihiň kanuny nämä esaslanýar?

8 Öýdäkileriň abadançylygy we howpsuzlygy jaýyň düýbüniň berk tutulmagyna bagly bolýar. Edil şonuň ýaly, düýbi berk tutulan gowy kanun hem ony berjaý edýänlere rahat we howpsuzlykda ýaşamaga kömek edýär. Mesihiň kanuny iň berk zada, ýagny söýgä esaslanýar. Näme üçin şeýle diýse bolar?

Başgalara söýgimizi bildirenimizde, «Mesihiň kanunyna» eýerýändigimizi görkezýäris (9—14-nji abzaslara serediň) *

9, 10. Söýgi bildirmekde Isa nähili görelde galdyrdy we biz ondan nädip görelde alyp bileris?

9 Birinjiden, Isanyň her bir edýän işinde söýgüsi görünýärdi. Kimdir birine ýüregiň awamak ýa-da duýgudaşlyk bildirmek hem ony söýýändigiňi görkezýär. Isa-da adamlara ýüregi awandygy üçin, olara köp zatlary öwredýärdi, keselleri sagaldýardy, açlary doýurýardy we ölen adamlary direldýärdi (Mat. 14:14; 15:32—38; Mar. 6:34; Luka 7:11—15). Şeýle-de ol başgalar üçin wagtyny hem güýjüni gaýgyrmaýardy we başgalaryň bähbidini özüniňkiden ileri tutýardy. Ýöne, esasan, Isa janyny gurban berip, adamlary güýçli söýýändigini görkezdi (Ýah. 15:13).

10 Biziň üçin sapak: Biz adamlaryň bähbidini özümiziňkiden ýokary tutmakda Isadan görelde alyp bileris. Şeýle-de ondan görelde alyp, wagyz edýän adamlarymyza duýgudaşlyk bildirip bileris. Adamlara duýgudaşlyk bilen hoş habary wagyz edenimizde we öwredenimizde, Mesihiň kanunyna gulak asýandygymyzy görkezýäris.

11, 12. a) Ýehowanyň bizi güýçli söýýändigi nämeden görünýär? b) Biz Ýehowanyň söýgüsinden nädip görelde alyp bileris?

11 Ikinjiden, Isa Atasynyň söýgüsinden görelde alýardy. Ýer ýüzünde gulluk eden döwri Isa Ýehowanyň öz gullukçylarynyň çuňňur aladasyny edýändigini görkezdi. Şeýle-de ol gökdäki Atamyzyň her birimizi juda gymmat saýýandygyny öwretdi (Mat. 10:31). Toba edip, yzyna dolanan her bir gullukçysyny Ýehowa höwes bilen kabul edýär (Luka 15:7, 10). Ol söýgüli Ogluny töleg hökmünde berip, bizi güýçli söýýändigini görkezdi (Ýah. 3:16).

12 Biziň üçin sapak: Biz Ýehowanyň söýgüsinden nädip görelde alyp bileris? (Efes. 5:1, 2). Biz dogan-uýalarymyzyň her birine gymmatly hazyna hökmünde garamaly we Ýehowa dolanan «ýiten goýunlary» höwes bilen kabul etmeli (Zeb. 119:176). Dogan-uýalara kömek etmek üçin wagtymyzy gaýgyrmasak, olary söýýändigimizi subut ederis (1 Ýah. 3:17). Başgalara söýgimizi bildirenimizde, Mesihiň kanunyna gulak asýandygymyzy görkezýäris.

13, 14. a) Ýahýa 13:34, 35-nji aýatlara görä Isa şägirtlerine nähili tabşyryk berdi we oňa näme üçin täze tabşyryk diýilýär? b) Biz bu täze tabşyryga gulak asýandygymyzy nädip görkezip bileris?

13 Üçünjiden, Isa şägirtlerine biri-birini janaýamaz söýgi bilen söýmegi tabşyrdy (Ýahýa 13:34, 35-nji aýatlary okaň). Isanyň bu tabşyrygyna täze tabşyryk diýilýär. Sebäbi ol Hudaýyň ysraýyl halkyna beren Kanunyna esaslanmaýar. Mesihçiler biri-birini Isanyň olary söýşi ýaly söýmeli. Bu bolsa janaýamaz söýgini * talap edýär. Biz dogan-uýalary özümizdenem köp söýýäris. Isa ýaly bizem olar üçin hatda janymyzy bermäge-de taýyn bolmaly.

14 Biziň üçin sapak: Biz bu täze tabşyryga nädip eýerip bileris? Gysgaça aýtsak, biz dogan-uýalar üçin käbir zatlarymyzdan geçmäge taýyn bolmaly. Munuň üçin hökman janyňy bermek ýaly uly ýa gymmatly zadymyzdan däl, eýsem, kiçijik zatlarymyzdan hem höwes bilen geçmeli. Meselem, özümize amatly bolmasa-da, gartaşan dogany ýa-da uýany ýygnaga äkidip-getirip bileris. Ýa-da ýakynlarymyz üçin islendik zatdan höwes bilen geçip bileris. Şeýle-de betbagtçylyga uçranlara kömek etmek üçin, gerek bolsa, işimizden rugsat alyp bileris. Mundan başga-da dogan-uýalaryň her biri ýygnakda özüni howpsuz hem rahat duýar ýaly, olara kömek edip bileris. Şeýtmek bilen, Mesihiň kanunyna gulak asýandygymyzy görkezýäris.

ADALATY DIKELDÝÄN KANUN

15—17. a) Isanyň özüni alyp barşy onuň adalatlylyga bolan garaýşyny nädip aýan edýär? b) Biz nädip Isadan görelde alyp bileris?

15 Mukaddes Ýazgylarda agzalýan «adalatlylyk» diýen söz Hudaýyň dogry hasaplaýan zatlaryny etmegi we hiç kimi ala tutmazlygy aňladýar. Ýöne näme üçin Mesihiň kanuny adalaty dikeldýär diýse bolar?

Isa hatda başgalar tarapyndan äsgerilmeýän aýallara-da hormat goýýardy we mähirli garaýardy (16-njy abzasa serediň) *

16 Birinjiden, Isanyň özüni alyp barşy onuň adalatlylyga bolan garaýşyny aýan edýär. Isanyň ýerde ýaşan döwri ýehudy dini ýolbaşçylary özge milletden bolan adamlary ýigrenýärdiler we aýallara hormat goýmaýardylar. Emma Isa hemmelere deň garaýardy we adalatly hereket edýärdi. Ol özüne iman edýän özge milletden bolan adamlary hem kabul edýärdi (Mat. 8:5—10, 13). Isa baý ýa garyp diýmän, hemme adamlara wagyz edýärdi (Mat. 11:5; Luka 19:2, 9). Ol aýallar bilen özüni gödek alyp barmaýardy we olary kemsitmeýärdi. Gaýtam, olara hormat goýýardy we başgalar ýigrenç bilen garasa-da, olar bilen özüni mähirli alyp barýardy (Luka 7:37—39, 44—50).

17 Biziň üçin sapak: Biz Isanyň göreldesine eýerip, hemme adamlara deň garamaly we baý ýa garypdygyna, haýsy dine uýýandygyna garamazdan, olara hoş habary wagyz etmeli. Doganlar Isanyň göreldesine eýerip, gelin-gyzlara hormat goýmaly. Şeýle etmek bilen, biz Mesihiň kanunyna gulak asýandygymyzy görkezýäris.

18, 19. Isa adalatlylyk barada näme öwretdi we biz mundan näme öwrenýäris?

18 Ikinjiden, Isa adalatly bolmagy öwretdi. Ol şägirtlerine başgalar bilen özüni adalatly alyp barmaga kömek edýän prinsipleri berdi. Mysal üçin, altyn düzgün barada oýlanyp göreliň (Mat. 7:12). Biziň ählimiz özümize adalatly garamaklaryny isleýäris. Şol sebäpli bizem başgalara adalatly bolmaly. Şeýtsek, olaram biziň bilen özüni adalatly alyp barar. Ýöne biz adalatsyzlyga uçran bolsak näme? Isa şägirtlerine Ýehowanyň «gije-gündiz perýat edýänler... üçin adalaty dikeltjekdigine» bil baglamagy öwretdi (Luka 18:6, 7). Bu bolsa Hudaýyň şu soňky günlerde biziň uçraýan kynçylyklarymyzy bilýändigine we öz wagtynda adalatly hereket etjekdigine ynamymyzy berkidýär (2 Sel. 1:6).

19 Biziň üçin sapak: Biz Isanyň öwreden prinsiplerine eýersek, başgalar bilen özümizi adalatly alyp bararys. Şeýtanyň dünýäsindäki adalatsyzlykdan ejir çeksek-de, Ýehowanyň öz wagtynda biziň üçin adalaty dikeltjekdigini bilmek teselli berýär.

ÝAŞULULAR WE MAŞGALABAŞYLAR BAŞGALARA NÄHILI GARAMALY?

20, 21. a) Ýaşulular we maşgalabaşylar başgalara nähili garamaly? b) Ärler maşgalasyny söýmekde Isadan nädip görelde alyp biler? ç) Atalar çagalary bilen özüni nähili alyp barmaly?

20 Mesihiň kanunyna eýerýän ýaşulular we maşgalabaşylar başgalar bilen özüni nähili alyp barmaly? Kanunyň söýgä esaslanýandygy üçin olar başgalaryň aladasyny edende, söýgüsini bildirip, hormat goýmaly. Isa biziň özünden görelde alyp, her bir edýän işimizi söýgi bilen etmegimize garaşýar.

21 Maşgalada. Ärler aýalyny «Mesihiň ýygnagy söýşi» ýaly söýmeli (Efes. 5:25, 28, 29). Olar Isanyň janaýamazlyk söýgüsinden görelde alyp, aýalynyň islegini we zerurlyklaryny özüniňkiden ileri tutmaly. Käbir erkek adamlaryň önüp-ösen maşgalasynda söýgi we adalatlylyk bolmandygy üçin, olara söýgisini görkezmek kyn bolup biler. Şeýle-de olara erbet endiklerini taşlamak kyn bolup biler. Emma olar Mesihiň kanunyna eýerip ýaşamak isleseler, onda durmuşyny hökman özgertmeli. Janaýamaz söýgini bildirýän maşgalabaşy aýalynyň hormatyny gazanýar. Çagalaryny ýürekden söýýän ata bolsa, hiç haçan olara gaty-gaýrym zat diýmeýär we zalymlyk etmeýär (Efes. 4:31). Gaýtam, çagalary özlerini howpsuz ýa-da aladasynyň edilýändigini duýar ýaly, söýgi bildirýär we olary öwýär. Şeýle edýän atalar çagalarynyň söýgüsini we ynamyny gazanýar.

22. 1 Petrus 5:1—3-nji aýatlara görä «goýunlar» kime degişli we ýygnak ýaşululary olar bilen özüni nähili alyp barmaly?

22 Ýygnakda. Ýaşulular sürüdäki «goýunlaryň» özleriniňki däldigini unutmaly däl (Ýah. 10:16; 1 Petrus 5:1—3-nji aýatlary okaň). «Hudaýyň sürüsi» we «Hudaýyň mülki» diýen jümleler ýaşululara «goýunlaryň» Ýehowanyňkydygyny ýatladýar. Ýehowa goýunlarynyň söýgi we duýgudaşlyk bilen aladasynyň edilmegini isleýär (1 Sel. 2:7, 8). Borçlaryny söýgi bilen ýerine ýetirýän çopanlar Ýehowanyň razylygyny hem-de dogan-uýalaryň söýgüsini we hormatyny gazanýar.

23, 24. a) Agyr günä eden adama kömek etmekde ýaşulularyň nähili borjy bar? b) Günäkäriň işine seredenlerinde ýaşulular nämäni ýatda saklamaly?

23 Agyr günä eden adama kömek etmekde ýaşulularyň nähili borjy bar? Olaryň borjy Hudaýyň ysraýyl halkyna beren Kanunyna eýeren kazylaryň we ýaşulularyň borjundan tapawutlanýar. Musanyň kanunyna eýeren kazylar we ýaşulular diňe bir ruhy däl-de, jenaýatçylyk hem-de adam hukuklary bilen bagly meselelere hem seredýärdi. Emma Mesihiň kanuny boýunça ýaşaýan ýaşulular diňe ruhy, ýagny Ýehowa edýän seždämiz bilen bagly meselelere garaýarlar. Olar jenaýatçylyk hem-de adam hukuklary bilen bagly meselelere seretmäge hökümet ýolbaşçylarynyň jogapkärdigine düşünýärler. Sebäbi Hudaý olaryň höküm sürmegine ýol berdi. Olaryň tertip-düzgüni bozýan raýatlaryna jerime salmaga we tussag etmäge ygtyýary bar (Rim. 13:1—4).

24 Ýygnakda biri agyr günä etse, ýaşulular näme etmeli? Olar Mukaddes Ýazgylar esasynda bolan ýagdaýy derňäp, soňra karara gelmeli. Ýaşulular Mesihiň kanunynyň söýgä esaslanýandygyny unutmaly däl. Şeýle söýgi olary şu soragyň üstünde oýlanmaga höweslendirer: «Agyr günä eden adamyň etmişi zerarly ejir çekýän dogan-uýalara nädip kömek etse bolar?» Şeýle-de agyr günä eden adamyň işine seredenlerinde, söýgi ýaşululary şu soraglaryň üstünde oýlanmaga höweslendirer: «Ol toba edýärmi? Oňa ruhy saglygyny dikeltmäge nädip kömek etse bolar?»

25. Indiki makalada nämä serederis?

25 Söýgä esaslanýan Mesihiň kanunyny berendigi üçin, biz Ýehowa ýürekden minnetdar. Her birimiz oňa eýermek üçin tagalla etsek, ýygnakdaky dogan-uýalar özüniň söýülýändigini, gymmat saýylýandygyny we aladasynyň edilýändigini duýar. Biz «zalym we ýalançy adamlardan» doly dünýäde ýaşaýarys; olar «erbet işleri etmekde has-da ökdeleşýärler» (2 Tim. 3:13). Şonuň üçin biz hemişe oýa bolmaly. Çaganyň zorlanmagy bilen bagly mesele ýüze çykanda, mesihçiler ýygnagy Hudaýyň adalatlygyna nädip eýerip biler? Bu soragyň jogabyny indiki makaladan bileris.

5-NJI AÝDYM Isa pygamberiň galdyran göreldesi

^ abzas 5 Şu we indiki iki makalada Ýehowanyň söýgüden doly hem-de adalatly Hudaýdygyna näme üçin ynamly bolup biljekdigimiz hakda gürrüň ederis. Ýehowa şu zalym dünýäde adalatsyzlykdan ejir çekýänlere teselli berýär. Ol gullukçylarynyň hem adalatly bolmagyny isleýär.

^ abzas 1 2019-njy ýylyň fewralynda çykan «Garawul diňindäki» «Ýehowanyň gadymy ysraýyl halkyna bolan söýgüsi hem adalatlylygy» diýen makala serediň.

^ abzas 13 DÜŞÜNDIRILIŞ: Janaýamaz söýgi bizi başgalaryň zerurlyklaryny we islegini özümiziňkiden ýokary tutmaga höweslendirýär. Biz başgalaryň peýdasy we olara kömek etmek üçin zadymyzdan hem-de öz islegimizden höwes bilen geçmäge taýyn bolmaly.

^ abzas 61 SURATLAR: Isa ýekeje ogly aradan çykan dul aýaly görende, ýüregi awap, onuň ogluny direldýär.

^ abzas 63 SURATLAR: Isa Simun atly fariseýiň öýünde naharlanyp otyrka, bir aýal gelip, gözýaşlary bilen onuň aýagyny ýuwýar; soňra saçlary bilen süpürýär we ýakymly ysly ýag çalýar. Ol aýal ahlaksyz bolan bolmaly. Simun aýalyň hereketini ýazgarýar, ýöne Isa ony aklaýar.