Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 19

Agyr günä edilende, söýgi bildiriň we adalatly boluň

Agyr günä edilende, söýgi bildiriň we adalatly boluň

«Sen erbetligi halaýan Hudaý dälsiň; ýaman Seniň ýanyňda ýaşamaz» (Zeb. 5:4).

54-NJI AÝDYM Imanymyzy berkideliň

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1—3. a) Zebur 5:4—6-njy aýatlara görä, Ýehowa erbetlige nähili garaýar? b) Çaga azdyrmaklyk «Mesihiň kanunyna» näme üçin düýbünden garşy gelýär diýse bolar?

ÝEHOWA HUDAÝ erbetligiň ähli görnüşini ýigrenýär (Zebur 5:4—6-njy aýatlary okaň). Ol, esasanam, çaga azdyrmaklygy ýigrenji zat hasaplaýar. Ýehowanyň Şaýatlary bolandygymyz üçin, bizem muny ýigrenýäris. Şonuň üçin ýygnakda şeýle zalymlyga asla ýol berilmeýär we oňa baş goşýanlara berk çäre görülýär (Rim. 12:9; Ýew. 12:15, 16).

2 Çaga azdyrmaklygyň islendik görnüşi «Mesihiň kanunyna» düýbünden garşy gelýär (Gal. 6:2). Näme üçin şeýle diýse bolar? Geçen makaladan bilşimiz ýaly, Mesihiň kanuny söýgä we adalatlylyga esaslanýar hem-de Isanyň sözleri we göreldesi bilen öwreden ähli zatlaryny öz içine alýar. Bu kanuna eýerýän mesihçiler çagalary ýürekden söýýärler we olary erbetlikden goramaga çalyşýarlar. Emma çagany azdyrýan adam diňe özüni bilýär we çagalaryň özüni goragsyz hem söýülmeýän ýaly duýmagyna sebäp bolýar.

3 Gynansak-da, bütin dünýäde çagalary azdyrmaklyk giňden ýaýran. Bu hatda mesihçilere-de täsir edýär. Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi «zalym we ýalançy adamlar» gitdigiçe köpelýär; olaryň käbiri ýygnagyň içine-de girjek bolýar (2 Tim. 3:13). Olar özleriniň ýygnagyň agzasydygyny aýtsalar-da, azgyn ten höweslerine eýerip, çagalary ahlak taýdan azdyrýar. Geliň, çaga azdyrmaklygyň näme üçin agyr günä hasaplanýandygyny bileliň. Soňra ýygnak ýaşulularynyň agyr günä eden, şol sanda çagany ahlak taýdan azdyrýan adamlaryň işine nädip seredýändigi we ene-atalaryň çagalaryny şeýle zatlardan nädip gorap biljekdigi hakda gürrüň ederis *.

AGYR GÜNÄ

4, 5. Çaga azdyrmaklyk näme üçin agyr günä hasaplanýar?

4 Azgynlygyň pidasy bolan çagalar muny uzak wagtlap ýadyndan çykaryp bilmeýär. Bu olaryň maşgala agzalaryna we imandaşlaryna hem erbet täsir edýär. Çaga azdyrmaklyk agyr günä hasaplanýar. Munuň birnäçe sebäbi bar.

5 Birinjiden, ol zorlugyň pidasy bolanlara garşy günä edýär *. Şeýle işe baş goşýan adam başgalaryň ýüregine bitmejek ýara salýar we olaryň ejir çekmegine sebäp bolýar. Indiki makaladan çagany azdyrýan adamyň oňa gaty erbet zyýan ýetirýändigi hakda bileris. Meselem, zorlanan çaga gorkak bolýar we hiç kime ynanyp bilmeýär. Biz çagalary şeýle zalymlykdan goramaly. Zorlugyň pidasy bolanlar tesellä hem-de kömege mätäç bolýar (1 Sel. 5:14).

6, 7. Çagany azdyrýan adam nädip ýygnaga we hökümete garşy günä edýär?

6 Ikinjiden, ol ýygnaga garşy günä edýär. Ýygnagyň agzasy bolup, çaga zorlaýan adam ýygnagyň abraýyna uly zyýan ýetirýär (Mat. 5:16; 1 Pet. 2:12). Ol «iman üçin gaýduwsyz göreş alyp barýan» Hudaýyň millionlarça wepaly gullukçylaryna garşy günä edýär (Ýahd. 3). Biz ýygnagyň abraýyna ysnat getirýän we toba etmeýän adamyň günäsine göz ýummaýarys.

7 Üçünjiden, ol häkimiýetlere garşy günä edýär. Mesihçiler «ýokary häkimiýetlere tabyn bolmaly» (Rim. 13:1). Biz ýaşaýan ýerimiziň kanunlaryna gulak asyp, häkimiýetlere tabyn bolýandygymyzy görkezýäris. Ýygnakdaky dogan-uýalaryň biri çaga azdyrmak ýaly jenaýat işine baş goşsa, hökümete garşy günä edýär (Resullaryň işleri 25:8-i deňeşdiriň). Ýaşulularyň günäkäre ýaşaýan ýurdunyň kanuny esasynda jeza bermäge ygtyýary bolmasa-da, olar günä eden adamy hökümetiň jezasyndan goramaýarlar (Rim. 13:4). Agyr günä eden adam eden etmişiniň netijesini görýär (Gal. 6:7).

8. Ýehowa adamlaryň bir-birine garşy edýän günäsine nähili garaýar?

8 Dördünjiden, hemme zatdan öňürti ol Hudaýa garşy günä edýär (Zeb. 51:4). Adamlar biri-birine garşy günä edende, Ýehowa garşy hem günä edýärler. Geliň, Hudaýyň ysraýyl halkyna beren Kanunyna seredeliň. Kanunda goňşusynyň zadyny ogurlan ýa-da hilegärlik bilen alan adamyň «Ýehowa biwepalyk» edýändigi aýdylýar (Lew. 6:2—4, TD). Ýygnagyň agzasy bolup, çaga azdyrýan adam hem Hudaýa biwepalyk edýär we Ýehowanyň adyna ysnat getirýär. Mundan başga-da ol çaganyň ynamyna girip, ony zorlaýar. Zorlanan çaga bolsa, indi hiç kime ynanyp bilmeýär. Çaga zorlamak Hudaýa garşy agyr günä bolandygy üçin, biz şeýle hereketleri ýazgarýarys.

9. Ýehowa guramasy arkaly çaga azdyrmak bilen bagly nähili görkezmeleri berýär we näme üçin?

9 Köp ýyllaryň dowamynda guramamyz çaga zorlanmak barada Ýazgylara esaslanan ençeme makala çykardy. Meselem, «Garawul diňi» we «Oýanyň» žurnallaryndaky makalalarda zorlugyň pidasy bolanlara erbet duýgularyny ýeňmek üçin näme etmelidigi, başgalaryň olara nädip kömek edip hem-de ruhlandyryp biljekdigi, şeýle-de ene-atalaryň çagalaryny nädip gorap biljekdigi hakda aýdylýar. Ýehowa guramasy arkaly ýaşululara çaga azdyran günäkäriň işine seretmek bilen bagly anyk görkezmeleri berýär. Şol görkezmeler babatda täze özgerişlikler edilen bolsa, onda ýygnaklara habar berilýär. Sebäbi biz gelýän kararlarymyzyň Mesihiň kanunyna laýyk gelýändigine göz ýetirmek isleýäris.

AGYR GÜNÄ EDEN ADAMYŇ IŞINE SERETMEK

10—12. a) Ýaşulular agyr günä eden adamyň işine seredende nämäni unutmaly däl we olaryň maksady näme bolmaly? b) Ýakup 5:14, 15-nji aýatlara görä ýaşulular näme etmäge jan edýär?

10 Ýaşulular agyr günä eden adamyň işine seredende, Mesihiň kanunyna eýerip, sürüdäki goýunlara söýgi bilen we adalatly garamalydygyny unutmaly däl. Şonuň üçin olar günäkäriň etmişi bilen bagly zatlary ünsli öwrenmeli bolýarlar. Şeýle ýagdaýda ýygnak ýaşululary, esasan, Hudaýyň adynyň aklanmagyna üns bermeli (Lew. 22:31, 32; Mat. 6:9). Şeýle-de ýaşulular dogan-uýalaryň ruhy saglygynyň aladasyny edýärler we zorlugyň pidasy bolanlara kömek etmek isleýärler.

11 Mundan başga-da günä eden adam ýygnagyň agzasy bolsa, ýaşulular, mümkin boldugyndan, oňa Ýehowa bilen gatnaşygyny dikeltmäge kömek edýärler (Ýakup 5:14, 15-nji aýatlary okaň). Erbet höweslerini kanagatlandyrmak üçin agyr günä eden mesihçi ruhy taýdan syrkawlap, Ýehowa bilen dostlugyna zyýan ýetirýär *. Ýygnak ýaşulularyny lukmana meňzetse bolýar. Olar «syrkawy (günä eden adamy) sagaltmak» üçin elinde baryny edýärler. Ýaşulularyň Mukaddes Ýazgylar esasynda berýän maslahaty günäkäre Hudaý bilen dostlugyny dikeltmäge kömek edýär. Ýöne munuň üçin günä eden adam ýürekden toba etmeli (Res. iş. 3:19; 2 Kor. 2:5—10).

12 Elbetde, ýaşulularyň hem uly jogapkärçiligi bar. Olar özlerine ynanylan Hudaýyň sürüsiniň ýürekden aladasyny edýärler (1 Pet. 5:1—3). Ýaşulular ýygnakda dogan-uýalaryň özlerini howpsuz duýmaklaryny isleýärler. Şol sebäpli ýygnakda kimdir biriniň çaga azdyrmak ýaly agyr günä edendigini bilenlerinde, olar derrew hereket edýärler. Geliň, aşakda getirilen soraglara seredeliň.

13, 14. Ýaşulular çaga zorlamakda aýyplanýan adam hakda habar bermek baradaky kanuna eýerýärmi? Düşündiriň.

13 Ýaşulular çagany zorlamakda aýyplanýan adam hakda hökümet işgärlerine habar bermek baradaky kanuna eýerýärmi? Hawa. Şeýle kanunyň bar ýerlerinde ýaşulular oňa eýerip, hökümet işgärlerine habar berýärler (Rim. 13:1). Sebäbi şol kanunlar Hudaýyň kanunyna garşy gelmeýär (Res. iş. 5:28, 29). Diýmek, ýaşulular aýyplanýan adamyň işine seredende, ýerli kanuna görä bolan ýagdaýy degişli edaralara nädip habar etmelidigi barada derrew filialdan görkezme soraýarlar.

14 Ýaşulular zorlugyň pidasy bolan çagalara, olaryň ene-atasyna we şu ýagdaýdan habarly bolan adamlara bolan zatlary hökümet işgärlerine aýtmaga hakynyň bardygyny düşündirýärler. Aýyplanýan adam ýygnagyň agzasy bolsa we bu ýagdaý barada soň köpçülik bilse näme? Şeýle meseläni hökümet işgärlerine habar beren mesihçi özüni Ýehowanyň adyna ysnat getirýän ýaly duýmalymy? Ýok. Aslynda, çaga azdyran adam Hudaýyň adyny masgaralaýar.

15, 16. a) 1 Timoteos 5:19-a görä ýaşulular düzediş komitetini düzmezden öň näme etmeli we näme üçin? b) Ýaşulular ýygnagyň agzasynyň çaga azdyrmakda aýyplanýandygyny bilseler näme edýärler?

15 Ýaşulular düzediş komitetini düzmezden öň, bolan işi näme üçin azyndan iki şaýat tarapyndan tassyklamaly? Sebäbi bu Mukaddes Ýazgylarda talap edilýär. Hudaýyň Sözünde adalatlylyk kadalaryna ýokary baha berilýär. Eger günäkär eden etmişini boýun almasa, azyndan iki şaýat ýaşululara bolan zatlary jikme-jik gürrüň bermeli. Şonda olar düzediş komitetini düzüp biler (Kan. tag. 19:15; Mat. 18:16; 1 Timoteos 5:19-y okaň). Çaga zorlamakda aýyplanýan adamyň etmişini hökümet işgärlerine habar bermek üçin hem iki şaýat gerekmi? Ýok. Iki şaýat bolmasa-da, ýaşulular ýa-da zorlugyň pidasy bolan adamyň ýakynlary edilen jenaýat barada hökümet işgärlerine habar berip biler.

16 Ýaşulular ýygnakda biriniň çaga azdyrmakda aýyplanýandygyny bilenlerinde, hökümetiň şeýle zatlary habar bermek baradaky kanunyna gulak asmaga çalyşýarlar we Ýazgylar esasynda bolan zatlary ünsli derňeýärler. Eger aýyplanýan adam günäsini boýun almasa, ýaşulular şol ýagdaýdan habary bolan şaýatlary diňleýärler. Eger azyndan iki adam (şaýatlaryň biri zorlugyň pidasy bolan adamyň özi hem bolup biler) onuň günäkärdigini tassyklasa ýa-da çagany azdyrandygyny görkezýän başga-da subutnamalar tapylsa, onda düzediş komiteti düzülýär *. Emma ikinji şaýat ýok bolsa, bu aýyplanýan adamyň günäsizdigini aňlatmaýar. Hatda onuň günälidigini iki şaýat arkaly tassyklap bolmasa-da, başgalar uly zyýan çekendigi üçin ýaşulular agyr günä edildi diýen netijä gelip biler. Ýaşulular bolan ýagdaý sebäpli ejir çekýänlere teselli hem goldaw berýärler. Mundan başga-da olar ýygnagy şeýle howply ýagdaýlardan goramak üçin çaga azdyrýan adamlardan seresap bolýarlar (Res. iş. 20:28).

17, 18. Düzediş komitetiniň borjunyň nämeden ybaratdygyny düşündiriň.

17 Düzediş komitetiniň borjy nämeden ybarat? «Düzediş» diýen söz ýaşulularyň kazydygyny we günäkäre hökümet kanuny esasynda jeza berýändigini aňlatmaýar. Ýaşulular hukuk goraýjy işgärleriň işine goşulmaýarlar; olar jenaýat işlerine hökümet ýolbaşçylarynyň seredýändigine düşünýärler (Rim. 13:2—4; Tit. 3:1). Ýaşulular günä eden adamyň ýygnakda galmalymy ýa-da galmaly däldigini çözýärler.

18 Düzediş komitetine gatnaşýan ýaşulular ruhy we dini meselelere seredýärler. Olar Ýazgylar esasynda günäkäriň ýürekden toba edýändigini ýa-da etmeýändigini anyklaýarlar. Günä eden adam toba etmese, ýygnakdan çykarylýar we bu hakda ýygnakda bildiriş edilýär (1 Kor. 5:11—13). Eger ol toba etse, ýygnakda galýar. Ýöne ýaşulular günä eden adama ýygnakda mundan beýläk, mümkin, hiç hili jogapkärli borçlary alyp bilmejekdigini aýdýarlar. Ýaşulular çagalaryň aladasyny edip, olaryň ene-atasy bilen abanyp biljek howplar barada öňünden gürleşip biler. Meselem, ýygnakda çaga azdyrmakda aýyplanan adam bar bolsa, şondan seresap bolmagy aýdyp bilerler. Şeýle ýagdaýlarda ýaşulular zorlugyň pidasy bolanlaryň duýgularyny göz öňünde tutup, bolan zatlary başgalara gürrüň bermeýärler.

ÇAGALARY NÄDIP GORAMALY?

Bir mesihçi ene-ata çagalaryny zorluk edýän adamlardan goramak üçin, Hudaýyň guramasy arkaly berýän edebiýatlarynyň birini ulanyp, olara ahlak kadalaryny düşündirýär (19—22-nji abzaslara serediň)

19—22. Ene-atalar çagalaryny azgynlykdan nädip gorap biler? (Daşky sahypadaky surata serediň).

19 Çagalary erbetlikden goramaga kim jogapkär? Muňa, esasan, ene-atalar jogapkär *. Çagalaryňyzyň «Rebden mirasdygyny», ýagny Ýehowanyň sowgadydygyny unutmaň (Zeb. 127:3). Siz çagalaryňyzy erbetlikden goramaga jogapkär. Ýöne siz olary nädip gorap bilersiňiz?

20 Birinjiden, zorluk edýän adamlardan çagany nädip goramalydygyny biliň. Çagalary, adatça, nähili adamlaryň zorlaýandygyny we munuň üçin olaryň nähili usullary ulanýandygyny öwreniň. Howply ýagdaýlary görjek boluň (Sül. tym. 22:3; 24:3). Köp ýagdaýlarda çagany öňden bäri tanaýan we onuň ynamyna giren adamlaryň şeýle işleri edýändigini unutmaň.

21 Ikinjiden, çagalaryňyz bilen açyk gürrüňdeşlik ediň (Kan. tag. 6:6, 7). Olary ünsli diňläň (Ýak. 1:19). Zorlugyň pidasy bolan çagalar köplenç bolan zatlary aýtmaga gorkýarlar. Olar özlerine ynanmazlar öýdýärler ýa-da zorluk eden adamdan gorkup, bolan zatlary hiç kime aýtmaýarlar. Çagaňyza bir zat bolandyr öýtseňiz, olara ýumşaklyk bilen sorag beriň we aýdýan zatlaryny ünsli diňläň.

22 Üçünjiden, çagalaryňyza öwrediň. Çagalaryňyzyň ýaşyna görä, olaryň jynsy gatnaşyk hakda bilmeli zatlaryny aýdyň. Kimdir biri onuň jyns organlaryna ýa-da başga bir ýerine degjek bolanda, näme diýmelidigini öwrediň. Çagalaryňyzy goramak üçin Ýehowanyň guramasy arkaly berýän maglumatlaryndan peýdalanyň ( «Özüňize we çagalaryňyza öwrediň» atly çarçuwa serediň).

23. Biz çaga zorlamaklyga nähili garaýarys we indiki makalada nämä serederis?

23 Ýehowanyň Şaýatlary hökmünde biz çaga zorlamaklygy agyr günä we jenaýat işi hasaplaýarys. Mesihiň kanunyna eýerip, biz ýygnakda şeýle adamlaryň günäsine göz ýummaýarys. Biz zorlugyň pidasy bolanlara nädip teselli berip bileris? Bu soraga indiki makalada serederis.

123-NJI AÝDYM Sowgat hökmündäki adamlar

^ abzas 5 Şu makalada ahlak taýdan azgyn adamlardan çagalary nädip goramalydygy gürrüň berilýär. Biz ýaşulularyň ýygnagy we ene-atalaryň öz çagalaryny şeýle zatlardan nädip gorap biljekdigini bileris.

^ abzas 3 DÜŞÜNDIRILIŞ: Çagany ahlak taýdan azdyrmak öz ahlaksyz höwesiňi kanagatlandyrmak üçin her hili haýasyz işlere baş goşmagy aňladýar. Muňa çagalar bilen oral (agyz) ýa-da anal (täret deşigi) arkaly jynsy gatnaşyk etmek, çaganyň jynsy organlaryny, göwsüni sypalamak, onuň ýanynda ahlaksyz hereketleri etmek, ýalaňaçlanmak we şuňa meňzeş haýasyz işler degişli. Köplenç gyzlar zorlansa-da, köp oglanlar hem şeýle zalymlygyň pidasy bolýar. Çagalary esasan erkek adamlar zorlasa-da, käbir aýallar hem muňa baş goşýar.

^ abzas 5 DÜŞÜNDIRILIŞ: Şu we indiki makalada agzalýan «pidasy» diýen söz çagaka zorlanan adamlara degişli ulanylýar. Bu söz çaga beden we duýgy taýdan uly zyýan ýetirilendigini hem-de onuň hiç hili günäsiniň ýokdugyny aýdyň görkezmek üçin ulanyldy.

^ abzas 11 Adam agyr günä edende, ruhy taýdan syrkawlaýar. Ýöne bu onuň eden etmişi üçin jogapkär däldigini aňlatmaýar. Ol ýalňyş karara gelendigi we günäli işe baş goşandygy üçin Ýehowanyň öňünde jogap berer (Rim. 14:12).

^ abzas 16 Ýaşulular aýyplanýan adam bilen gepleşende, zorlanan çagany ol ýere getirmek gerek däl, sebäbi çaga öňküdenem beter gorkup biler. Ýaşululara bolan zatlary çaganyň ene-atasy ýa-da başga bir ynamdar adam gürrüň berip biler.

^ abzas 19 Muňa çaganyň hakyky ene-atasy bolmasa-da, onuň aladasyny etmäge jogapkärli bolan hossarlary ýa-da başga adamlar hem degişli.