Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 21

«Dünýäniň akyldarlygyna» özüňizi aldatmaň

«Dünýäniň akyldarlygyna» özüňizi aldatmaň

«Dünýäniň akyldarlygy Hudaý üçin akmaklykdyr» (1 Kor. 3:19).

37-NJI AÝDYM Hudaýyň Sözi ylhamlanan

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1. Hudaýyň Sözüniň bize nähili peýdasy bar?

BIZ islendik kynçylygyň hötdesinden gelip bilýäris. Sebäbi bize Beýik Mugallym Ýehowa görkezme berýär (Iş. 30:20, 21). Onuň Sözi bizi «hemme taraplaýyn ukyply edip, her bir ýagşy işe doly taýýarlaýar» (2 Tim. 3:17). Biz Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryna görä ýaşanymyzda, şu «dünýäniň akyldarlygyna» eýerýän adamlardan tapawutlylykda, paýhasly hereket edýäris (1 Kor. 3:19; Zeb. 119:97—100).

2. Şu makalada nämä serederis?

2 Şu dünýäniň akyldarlygy adamlary köplenç özüňi bilmeklige we ten höweslerini kanagatlandyrmaga iterýär. Şol sebäpli bize dünýädäki adamlaryň garaýşyna we edýän işlerine eýermezlik kyn bolup biler. Mukaddes Ýazgylarda şeýle duýduryş berilýär: «Seresap boluň, hiç kim sizi... boş zatlar, ýagny dünýäniň düşünjeleridir akyldarlygy we ynsan adatlary bilen aldap, ýesir edäýmesin» (Kol. 2:8). Şu makalada dünýäde giňden ýaýran iki ýalan hakda gürrüň ederis. Şeýle-de dünýäniň akyldarlygyna eýermegiň näme üçin akmaklykdygyny we Hudaýyň akyldarlygynyň şu dünýäniň hödürleýän islendik zadyndan has peýdalydygyny bileris.

ADAMLARYŇ AHLAK KADALARA BOLAN GARAÝŞY

3, 4. XX asyryň başlarynda adamlaryň ahlak kadalara bolan garaýşy nähilidi?

3 XX asyryň başlarynda adamlaryň ahlak kadalara bolan garaýşynyň düýpgöter üýtgändigine üns berildi. Öňler köp adamlar diňe durmuş guranlar jynsy gatnaşykda bolup bilýär diýýärdiler we köpçülikde jynsy gatnaşyk barada gürrüň etmeýärdiler. Emma häzir adamlar beýle pikir etmeýär. Ahlak kadalara bolan nädogry garaýyş häzir hasam köpeldi.

4 II Jahan urşy gutaransoň, adamlaryň ahlak kadalara bolan garaýşy hasam üýtgedi. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Filmlerde, teatrda gurnalýan sahnalarda, aýdym-sazlarda, kitaplarda we beýleki zatlarda ahlaksyzlyk bilen bagly zatlar has-da köp görkezilip başlandy». Şol ýyllar hatda adamlar tans edenlerinde hem köplenç ahlaksyz hereketleri edýärdiler. Şeýle-de olar ýarym-ýalaňaç geýinýärdiler. Mukaddes Ýazgylarda pygamberlik edilişi ýaly, soňky günlerde «lezzeti söýýän» adamlar hasam köpeldi (2 Tim. 3:4).

Ýehowanyň gullukçylary ahlak taýdan bozuk dünýäniň täsirine düşmeýärler (5-nji abzasa serediň) *

5. 1960-njy ýyllardan bäri adamlaryň ahlak kadalara bolan garaýşy nädip üýtgedi?

5 1960-njy ýyllarda nikasyz ýaşaşýan, bir jynsdaky adam bilen jynsy gatnaşyk edýän we aýrylyşýan adamlaryň sany hasam köpeldi. Dynç alyşlaryň köpüsinde ahlaksyz zatlar aç-açan görkezilip başlandy. Soňky on ýylyň içinde ahlak kadalarynyň pese gaçmagy bilen erbet işler hasam artdy. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Maşgalanyň dargamagy, çagasyny ýeke terbiýeleýänleriň, duýgy taýdan ejir çekýänleriň, pornografiýanyň ýesiri bolanlaryň we şuňa meňzeş zatlaryň köpelmegi adamlaryň ahlak kadalaryna bolan garaýşynyň gaty pese gaçandygyny aýan edýär». Şu günler SPID ýaly ýokanç keseller hasam köpeldi. Bu bolsa dünýäniň akyldarlygyna eýerip ýaşamagyň akmaklykdygyny ýene bir gezek subut edýär (2 Pet. 2:19).

6. Adamlaryň ahlak kadalara bolan garaýşy nämäni aýan edýär?

6 Adamlaryň ahlak kadalara bolan garaýşy Şeýtanyň maksadyny aýan edýär. Ol adamlaryň Hudaýyň döreden nikasyna we jynsy gatnaşyk etmek sowgadyna ýönekeý zat ýaly garap, ahlak kadalaryny depeleýändigini görende, gaty begenýär (Efes. 2:2). Ahlaksyzlyk edýän adam Ýehowanyň beren ajaýyp sowgadyny diňe bir depelemän, eýsem, ebedi ýaşamak mümkinçiliginden hem mahrum bolýar (1 Kor. 6:9, 10).

AHLAK KADALARA HUDAÝYŇ GARAÝŞY

7, 8. Mukaddes Ýazgylarda jynsy gatnaşyk barada näme diýilýär?

7 Şu dünýäniň akyldarlygyna eýerip ýaşaýan adamlar Hudaýyň beren ahlak kadalaryny äsgermezlik edýär. Olar: «Hudaý bizi jynsy höwes bilen ýaradan bolsa, onda näme üçin jynsy gatnaşyk etmeli däl?» diýýärler. Şeýle pikir edýän adamlar göwnüniň islän zadyny etmelidir öýdýärler. Emma Mukaddes Ýazgylarda nädogry höwesimize garşy göreşmelidigi aýdylýar (Kol. 3:5). Nika Ýehowanyň adamlara beren gymmatly sowgady. Bu sowgat bizi ahlaksyzlyk etmek ýaly günäli işlerden goraýar (1 Kor. 7:8, 9). Mundan başga-da jynsy gatnaşyk diňe är-aýalyň arasynda bolsa, ahlaksyzlyk sebäpli döreýän ökünç hem özüňi dereksiz duýmak ýaly duýgular bolmaýar.

8 Dünýäniň akyldarlygyndan tapawutlylykda, Mukaddes Ýazgylarda ahlak kadalaryna dogry garaýyşda bolmak ündelýär. Onda jynsy gatnaşygyň är-aýala lezzet bermelidigi aýdylýar (Sül. tym. 5:18, 19). Emma Mukaddes Ýazgylarda şeýle duýduryş berilýär: «Siz mukaddes bolup, öz bedeniňize nädip erk etmelidigini we Hudaýa ýaramly ýaşamalydygyny bilmelisiňiz. Hudaýy tanamaýan milletler ýaly açgözlük edip, ahlaksyz islegleriňizi kanagatlandyrjak bolmaň» (1 Sel. 4:4, 5).

9. a) XX asyryň başlarynda Ýehowa halkyna Sözündäki akyldarlyga eýermäge nädip kömek etdi? b) 1 Ýahýa 2:15, 16-njy aýatlarda nähili maslahat berilýär? ç) Rimliler 1:24—27-nji aýatlara görä, biz nähili işlerden gaça durmaly?

9 XX asyryň başlarynda Ýehowanyň halky «ahlak kadalaryndan ýüz öwrüp, özlerini haýasyz işlere beren» adamlaryň täsirine düşmediler (Efes. 4:19). Olar Ýehowanyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşamaga jan edýärdiler. 1926-njy ýylyň 15-nji maýynda çykan «Garawul diňinde» şeýle diýilýär: «Erkek ýa aýal bolsun, her bir adam pikirinde we edýän işlerinde, esasan-da, başga jynsdaky adam bilen iş salşanda, arassa bolmaly». Ýehowanyň Şaýatlary daş-töweregindäki adamlaryň edýän işlerine garamazdan, Hudaýyň Sözündäki akyldarlyga eýerip ýaşaýarlar (1 Ýahýa 2:15, 16-njy aýatlary okaň). Biz Ýehowa Sözüni berendigi üçin örän minnetdar. Şeýle-de ahlak taýdan bozuk dünýäniň akyldarlygyna garşy durmaga kömek etmek üçin wagtly-wagtynda ruhy iýmiti berýändigine minnetdarlygymyzyň çägi ýok * (Rimliler 1:24—27-nji aýatlary okaň).

ADAMLARYŇ ÖZÜNE BOLAN GARAÝŞY

10, 11. Mukaddes Ýazgylarda soňky günler barada näme diýilýär?

10 Mukaddes Ýazgylarda soňky günlerde adamlaryň «özüni biljekdigi» aýdylýar (2 Tim. 3:1, 2). Dünýädäki adamlaryň özüni bilýändigi bizi geň galdyrmaýar. Bir kitapda şeýle diýilýär: «1970-nji ýyllarda nädip ýaşamalydygyny öwredýän kitaplar has-da köpeldi. Käbir kitaplar okyjylary özlerini gowy tanap, baha bermäge höweslendirýärdi». Mysal üçin, şol kitaplaryň birinde şeýle sözler bar: «Goý, dünýäde senden owadan, meşhur we köp söýülýän adam bolmasyn». Şeýle-de şol kitapda «adamyň ynsabyna we medeniýetine görä, özüne baha berýändigi» aýdylýar.

11 Siz hem öň şeýle zatlary eşidip görüpdiňizmi? Şeýtan How enäni hut şeýle etmäge höweslendiripdi. Ol How enä «Hudaý kimin boljakdygyny hem-de ýagşyny-ýamany saýgarjakdygyny» aýtdy (Gel. çyk. 3:5). Şu günler köp adamlar özlerine ýokary baha berip, nämäniň ýagşy ýa ýamandygyny özleri çözýärler. Olar hatda Hudaýy hem äsgermeýärler. Muny, esasanam, adamlaryň nika bolan garaýşyndan aýdyň görse bolýar.

Mesihçiler öňürti başgalaryň, esasan-da, ýanýoldaşynyň peýdasyny gözleýärler (12-nji abzasa serediň) *

12. Şu dünýädäki adamlar nika nähili garaýar?

12 Hudaýyň Sözünde är-aýalyň biri-birine hormat goýmalydygy we beren wadasyna wepaly bolmalydygy aýdylýar. Onda är-aýal gatnaşygy barada şeýle diýilýär: «Erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birigýär we olaryň ikisi bir ten bolýar» (Gel. çyk. 2:24). Emma dünýäniň akyldarlygyna eýerip ýaşaýan adamlar düýbünden başgaça pikir edýär. Olar ilki öz aladaňy etmeli diýýärler. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Käbir medeniýetlerde durmuş guran adamlar biri-birine „ölýänçäm wepaly bolaryn“ diýip wada berýärdi. Häzir bolsa „biri-birimize bolan söýgimiz sowaşýança, wepaly bolaryn“ diýýärler». Şeýle wadalar maşgalalaryň bozulmagyna we är-aýalyň duýgy taýdan ejir çekmegine getirýär. Görşümiz ýaly, şu dünýäniň nika bolan garaýşyna eýermek, dogrudanam, akylsyzlyk.

13. Ýehowa tekepbir adamlary näme üçin ýigrenýär?

13 Mukaddes Ýazgylarda: «Ýüregi tekepbir adam Rebbe ýigrenjidir» diýilýär (Sül. tym. 16:5). Eýsem, Ýehowa näme üçin tekepbir adamy ýigrenýärkä? Munuň bir sebäbi, şeýle adamlar özüni bilip, Şeýtan ýaly tekepbirdigini görkezýär. Göz öňüne getiriň, Şeýtan tekepbirlige ýüz urup, hatda Ýehowa ähli zady ýaratmaga kömek eden Isany hem özüne sežde etdirjek boldy (Mat. 4:8, 9; Kol. 1:15, 16). Şeýle garaýyş «dünýäniň akyldarlygynyň» Hudaý üçin akmaklykdygyny görkezýär.

ÖZÜŇI BILMEKLIGE HUDAÝYŇ GARAÝŞY

14. Rimliler 12:3-däki sözler özümize dogry garaýyşda bolmaga nädip kömek edýär?

14 Mukaddes Ýazgylar özümize dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär. Onda özüňi ýerlikli söýmegiň nädogry däldigi aýdylýar. Mysal üçin, Isanyň: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen sözleri özümiz barada belli bir derejede alada etmelidigimizi görkezýär (Mat. 19:19). Emma Mukaddes Ýazgylarda özümizi başgalardan ýokary tutmazlyk barada şeýle diýilýär: «Hiç zady dawa-jenjel ýa-da ulumsylyk bilen etmäň, gaýtam, pesgöwünli boluň we başgalary özüňizden ýokary saýyň» (Flp. 2:3; Rimliler 12:3-i okaň).

15. Özüňe dogry garamak babatda Ýazgylarda berilýän maslahata eýermek näme üçin peýdaly?

15 Şu günler köp adamlar özüňe dogry garaýyşda bolmak babatda Ýazgylarda berilýän maslahaty äsgermezlik edýärler. Olar başgalary özüňden ýokary tutsaň, depäňde tans oýnaýarlar diýýärler. Emma siziň pikiriňizçe, Şeýtanyň dünýäsindäki özüňi bilmeklik ruhuna eýermek gowy netije berýärmi? Özüni bilýän adamlar bagtlymy? Olar maşgalasy bilen bagtly ýaşaýarmy? Hakyky dostlary barmy? Hudaý bilen ýakyn gatnaşygy barmy? Daş-töwerekdäki adamlaryň ýagdaýyny göz öňünde tutsak, şu dünýäniň akyldarlygyna eýermek gowy netije berýärmi ýa-da Hudaýyň Sözündäki akyldarlyga eýermek?

16, 17. Biz Ýehowa näme üçin minnetdar bolmaly?

16 Dünýäniň akyldarlygyna eýerýänlerden maslahat soraýan adamlar özleri ýaly azaşan syýahatçydan ýol soraýan adama meňzeýär. Isa özlerini akyldar saýýan adamlar babatda şeýle diýdi: «Olar bir kör ýolbaşçylardyr. Eger kör köri idip ýol görkezse, olaryň ikisi-de çukura gaçar» (Mat. 15:14). Dogrudan-da, dünýäniň akyldarlygyna eýermek akylsyzlyk!

Mesihçiler Ýehowa gulluk eden ýyllaryny şatlyk bilen ýatlaýarlar (17-nji abzasa serediň) *

17 Mukaddes Ýazgylar bize «öwretmek, käýemek, dogry ýola getirmek we Hudaýyň dogry kadalary boýunça terbiýelemek üçin» hemişe peýdaly zady öwredýär (2 Tim. 3:16). Biz Ýehowa guramasy arkaly dünýäniň akyldarlygyndan nädip goranmalydyny öwredýändigi üçin ýürekden minnetdar! (Efes. 4:14). Ol bizi Sözündäki kada-kanunlara eýermegimiz üçin ruhy iýmit bilen iýmitlendirip berkidýär. Hawa, Mukaddes Ýazgylardaky bahasyna ýetip bolmaýan akyldarlyga düşünip, şoňa görä ýaşamak biziň üçin örän uly hormat!

32-NJI AÝDYM Berk hem tutanýerli boluň!

^ abzas 5 Bu makala ygtybarly görkezmäni diňe Ýehowanyň berýändigine ynamymyzy berkider. Şeýle-de biz dünýäniň akyldarlygyna eýermegiň örän howpludygyny, Hudaýyň Sözündäki akyldarlyga eýermegiň bolsa, köp peýda getirýändigini bileris.

^ abzas 9 «Ýaşlaryň sowallary. Peýdaly maslahatlar» atly kitabyň I tomunyň 24—26-njy baplaryna we II tomunyň 4, 5-nji baplaryna serediň.

^ abzas 50 SURATLAR: 1960-njy ýyllarda bir mesihçi är-aýal hoş habary wagyz edýär.

^ abzas 52 SURATLAR: 1980-nji ýyllarda mesihçi maşgalabaşy ýarawsyz aýalynyň aladasyny edýär, gyzjagazy hem ýanlarynda.

^ abzas 54 SURATLAR:Birnäçe ýyl geçensoň, olar Ýehowa gulluk eden ýyllaryny ýatlap, gyzynyň maşgalasy bilen şatlygyny paýlaşýar.