Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 22

Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwreniň

Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwreniň

«Iň wajyp zatlara düşüniň» (Flp. 1:10).

37-NJI AÝDYM Hudaýyň Sözi ylhamlanan

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1. Näme üçin käbir dogan-uýalara Hudaýyň Sözüni öwrenmek kyn bolýar?

ŞU SOŇKY günlerde maşgalamyzy eklemek üçin köp tagalla etmeli bolýarys. Dogan-uýalaryň köpüsi maşgalasyny hatda iň gerekli zatlar bilen üpjün etmek üçin uzakly gün işlemeli bolýar. Başgalaryň bolsa işleýän ýeri uzak bolansoň, ýoluna köp wagty gidýär. Köp dogan-uýalar maşgalasyny eklemek üçin agyr zähmet çekýärler we işden soň, özlerini gaty ýadaw duýýarlar. Şol sebäpli olaryň Hudaýyň Sözüni öwrenmäge-de güýji galmaýar.

2. Siz Hudaýyň Sözüni haçan öwrenýärsiňiz?

2 Näçe kyn hem bolsa, Hudaýyň Sözüni we edebiýatlarymyzy öwrenmäge wagt tapmaly. Sebäbi Ýehowa bilen dostlugymyz we ebedi ýaşamagymyz şoňa bagly (1 Tim. 4:15, 16). Käbir dogan-uýalar Mukaddes Ýazgylary ir bilen okaýar. Sebäbi agşam dynjyny alansoň, irden özüni gowy duýýar we olaryň känbir ünsi bölünmeýär. Başgalar bolsa agşam ýatmazyndan öň, okap oýlanmagy gowy görýär.

3, 4. Guramamyzda edebiýatlar bilen bagly nähili özgerişler edildi we näme üçin?

3 Elbetde, siz öwrenmäge wagt tapmagyň wajypdygyna düşünýänsiňiz. Ýöne näme öwrenmeli? Siz: «Okar ýaly zat kän-le, ýöne wagtym ýok» diýýänsiňiz. Käbir dogan-uýalar berilýän ruhy iýmitden her gün iýmitlenip durýarlar, emma köp dogan-uýalara wagt tapmak kyn bolýar. Ýolbaşçylyk maslahaty muňa gowy düşünýär. Şol sebäpli çap edilýän we elektron görnüşinde çykarylýan edebiýatlarymyzyň sany azaldyldy.

4 Mysal üçin, «Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýyllyk kitaby» häzir çykarylmaýar. Dogan-uýalar bilen bolan köp ruhlandyryjy wakalary indi jw.org saýtymyzdan we her aý çykýan JW teleýaýlymyndan görüp bilýäris. Köpçülik üçin niýetlenen «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallary hem ýylda üç gezek çykarylýar. Şeýle özgerişlikler wagtymyzy başga ruhy işlere sarp etmäge mümkinçilik berýär we «iň wajyp zatlara» ünsli bolmaga ýardam edýär (Flp. 1:10). Geliň, wajyp zatlary nädip birinji orunda goýup biljekdigimize we Mukaddes Ýazgylary nädip ökdelik bilen öwrenip biljekdigimize seredeliň.

WAJYP ZATLARY ILERI TUTUŇ!

5, 6. Biz haýsy edebiýatlary ünsli öwrenmeli?

5 Biz ilki bilen nämäni öwrenmeli? Biz her gün Hudaýyň Sözüni öwrenmek üçin wagt sarp etmeli bolýarys. Ýygnakda her hepde okalýan baplaryň azaldylmagy okan zatlarymyz barada oýlanmaga we gözleg geçirmäge mümkinçilik berýär. Biz şol baplary ýöne bir okap geçmän, okan zatlarymyzyň ýüregimize täsir etmegine ýol bermeli. Şonda Ýehowa has-da ýakynlaşarys (Zeb. 19:14).

6 Mundan başga-da biz her hepde «Garawul diňi» we «Mukaddes Ýazgylary öwrenmek» duşuşygyna gowy taýýarlanmaly. Emma «Garawul diňiniň» köpçülik üçin niýetlenen sanyny we «Oýanyň!» žurnalyny hem okamagy ýatdan çykarmaly däl.

7. Saýtymyzdaky we teleýaýlymdaky zatlaryň hemmesini okap ýa görüp bilmesek näme üçin ruhdan düşmeli däl?

7 Belki-de, siz: «JW teleýaýlymyndaky we jw.org saýtymyzdaky zatlaryň ählisini okap we görüp ýetişmek asla mümkin däl. Olar gaty köp» diýýänsiňiz. Mysal üçin, toýa baranymyzda, dürli-dümen zatlary hödür edýärler. Biz olaryň hemmesini iýip bilmeýäris. Şonuň üçin özümize geregini alýarys. Edil şonuň ýaly, ruhy iýmitiň ählisinden doly iýmitlenmäge wagtymyz bolmasa, ruhdan düşmäliň. Ýetişen zadyňyzy okaň we görüň. Geliň, öwrenmegiň nämäni aňladýandygyny we ondan nädip has köp peýda tapyp biljekdigimizi bileliň.

TAGALLA EDIŇ!

8. «Garawul diňi» duşuşygyna nädip taýýarlanyp bileris we munuň nähili peýdasy bar?

8 Öwrenmek — belli bir maksat bilen oýlanyp okamagy aňladýar. Munuň üçin bir zady ýöne bir okap geçmek ýa-da soraglaryň jogabynyň aşagyny çyzmak ýeterlik däl. Meselem, «Garawul diňi» duşuşygyna taýýarlananyňyzda, ilki bilen, makalanyň mazmunyny okaň. Soňra makalanyň adyna, sözbaşylaryna we gaýtalamak üçin soraglaryna göz aýlaň. Şondan soň, makalany howlukman, ünsli okaň. Soňra her abzasyň ilkinji sözlemine üns beriň. Adatça, onda abzasdaky esasy pikir bellenilýär we ol köplenç abzasda näme hakda gürrüň edilýändigini bilmäge kömek edýär. Makalany okanyňyzda her abzasyň sözbaşy we makalanyň temasy bilen nähili baglanyşygynyň bardygy hakda oýlanyň. Şeýle-de nätanyş sözleri we pikirleri bellik ediň. Soňra oňa has gowy düşünmek üçin gözleg geçiriň.

9. a) «Garawul diňi» duşuşygynda getirilen aýatlara näme üçin has-da ünsli bolmaly we muny nädip etmeli? b) Ýeşuwa 1:8-e görä aýatlary ýöne bir okap geçmän ýene näme etmeli?

9 «Garawul diňi» duşuşygy Hudaýyň Sözüne has gowy düşünmäge kömek edýär. Şonuň üçin makalada getirilen, esasan-da, «okaň» diýip görkezilen aýatlara ünsli boluň. Aýatdaky esasy sözleriň we jümleleriň abzasdaky pikir bilen nähili baglanyşygynyň bardygyna üns beriň. Şeýle-de aýatlary okanyňyzda, oýlanmaga wagt sarp ediň we durmuşyňyzda nädip ulanyp biljekdigiňiz hakda pikirleniň (Ýeşuwa 1:8-i okaň) *.

Ene-atalar, çagalaryňyza nädip öwrenmelidigini görkeziň (10-njy abzasa serediň) *

10. Ýewreýler 5:14-e görä ene-atalar maşgala okuwyny geçirende näme üçin çagalaryna öwrenmegi we gözleg geçirmegi öwretmäge wagt sarp etmeli?

10 Elbetde, her bir ene-ata maşgala okuwynyň gyzykly bolmagyny we çagalarynyň ondan şatlyk tapmagyny isleýär. Emma ene-atalar maşgala okuwyna taýýarlananda, ýörite bir zatlar taýýarlajak bolup ýa-da ony gaty üýtgeşik edip geçirjek bolup, çendenaşa alada etmeli däl. Käbir ene-atalar maşgala okuwynda her aý çykýan JW teleýaýlymyny görýärler ýa-da Nuhuň gämisini ýasamak ýaly zatlary edýärler. Emma çagalara Mukaddes Ýazgylary we edebiýatlary nädip öwrenmelidigini görkezmek hem örän wajyp. Çagalar ýygnaklara nädip taýýarlanmalydygyny ýa-da mekdepde döreýän kynçylyklara öňünden taýýar bolmak üçin gözleg geçirmegi öwrenmeli (Ýewreýler 5:14-i okaň). Eger çagalar öýde Mukaddes Ýazgylary öwrenmek üçin wagt sarp etseler, onda ýygnakda we etrap hem-de welaýat kongreslerinde wideo görkezilmese-de, aýdylýan zatlara düşünmek olara aňsat bolar. Elbetde, maşgala okuwyny çaganyň ýaşyna we ýagdaýyna görä geçirse bolýar.

11. Näme üçin okuw geçýänlerimize Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenmegi öwretmeli?

11 Okuw geçýänlerimize hem Mukaddes Ýazgylary nädip çuňňur öwrenmelidigini görkezmek örän wajyp. Täze okuw geçip başlan adamlarymyzyň ýygnakda we okuw geçenimizde berýän ýönekeýje jogaplaryny eşidip, örän begenýäris. Emma biz olara nädip gözleg geçirmelidigini we öwrenýän zadyny durmuşynda nädip ulanmalydygyny hem öwretmeli. Şonda olar durmuşynda kynçylyk ýüze çykanda, derrew ýygnakdaky dogan-uýalardan maslahat soraman, edebiýatlarymyzdan gözleg geçirip, özbaşdak karara gelmegi öwrener.  

BELLI BIR MAKSAT BILEN ÖWRENIŇ

12. Biz näme maksat bilen öwrenmeli?

12 Eger siz okamagy halamaýan bolsaňyz, öwrenmekden şatlyk tapyp bolmaz öýdýänsiňiz. Ýöne bu beýle däl. Siz başda gysga wagtlyk öwrenmegi maksat edinip bilersiňiz. Soňra öwrenýän wagtyňyzy ýuwaş-ýuwaşdan köpeldip bilersiňiz. Öwreneniňizde, belli bir maksadyňyz bolsun. Elbetde, biz, esasan, Ýehowa ýakynlaşmak maksady bilen öwrenýäris. Şeýle-de öwrenenimizde, kimdir biriniň beren soragyna jogap tapmagy ýa-da durmuşda ýüze çykýan kynçylyklarymyzy çözmegi maksat edinip bileris.

13. a) Ýaşlar ynanýan zatlary barada mekdepde nädip aýdyp biler? b) Koloslylar 4:6-daky maslahata ýaşlar nädip eýerip biler?

13 Aýdaly, sen mekdepde okaýarsyň. Klasdaşlaryň hemmesi ewolýusiýa taglymatyna ynanýar. Sen Mukaddes Ýazgylardan öwrenen zatlaryňy olara düşündiresiň gelýär, ýöne muny başarmaryn öýdýärsiň. Şonda sen gowy taýýarlyk görmeli bolýarsyň. Seniň iki maksadyň bar: 1) ähli zady Hudaýyň ýaradandygyna ynamyňy berkitmek we 2) ynanýan zatlaryňy has gowy düşündirmegi öwrenmek (Rim. 1:20; 1 Pet. 3:15). Başda özüňe şeýle sorag berip bilersiň: «Klasdaşlarym ewolýusiýa taglymatyna näme üçin ynanýar?» Soňra edebiýatlarymyzdan çuňňur gözleg geçir. Şonda ynanýan zatlaryň barada düşündirmek aňsat bolar. Ýaşlaryň köpüsi hormat goýýan adamlary ewolýusiýa taglymatynyň hakykatdygyny aýdýandygy üçin, oňa ynanýarlar. Eger sen bu babatda Ýazgylardan birki subutnama tapsaň, hakykaty öwrenmek isleýän adama gürrüň bermek kyn bolmaz (Koloslylar 4:6-ny okaň).

ÖWRENMEK ISLEGIŇIZI ARTDYRYŇ!

14—16. a) Mukaddes Ýazgylaryň käbir kitaplaryny nädip has gowy öwrenip bileris? b) Abzasdaky aýatlar Amos kitabyna has gowy düşünmäge nädip kömek edýär? (Şeýle-de «Wakalary janlandyryp okaň!» diýen çarçuwa serediň).

14 Aýdaly, ýygnakda meýilnama boýunça Hoşeýa kitabyndan başlap, Malaky kitabyna çenli okalýar. Siz bu kitaplary ýazan adamlar barada köp zat bilmeýärsiňiz. Şonuň üçin siz, ilki bilen, olary okamaga islegiňizi artdyrmaly bolýarsyňyz. Ýöne muny nädip etmeli?

15 Başda özüňize şeýle soraglary berip bilersiňiz: «Men şu kitaby ýazan adam barada näme bilýärin? Ol nähili adam bolupdyr? Nirede ýaşapdyr we näme bilen meşgullanypdyr?» Eger olaryň doglan we ýaşan ýeri barada bilsek, ýazan kitaplarynda ulanan sözlerine we mysallaryna hasam gowy düşüneris. Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylary okanyňyzda, ony ýazan adamlary has ýakyndan tanamaga kömek edýän sözlere üns beriň.

16 Soňra şol kitabyň haçan ýazylandygyny biliň. Munuň üçin «Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesindäki» «Mukaddes Ýazgylardaky kitaplaryň atlary» diýen çarçuwa serediň. Şeýle-de pygamberler we patyşalar barada köpräk bilmäge kömek edýän goşmaça maglumaty (A6) okap bilersiňiz. Eger okaýan kitabyňyzda pygamberlikler bar bolsa, şol kitabyň ýazylan döwri ýaşan adamlar barada hem öwrenseňiz peýdaly bolar. Mysal üçin, şol döwürdäki adamlar nähili erbet işleri edýärdi? Hudaýyň pygamberi olara günäli işlerden el çekmäge nädip kömek etdi? Pygamberiň döwürdeşleri kimdi? Elbetde, şeýle soraglara jogap tapmak üçin siz Mukaddes Ýazgylaryň beýleki kitaplaryna hem ýüzlenmeli bolarsyňyz. Meselem, Amos pygamberiň nähili döwürde ýaşandygyna has gowy düşünmek üçin Amos 1:1-e degişli parallel aýatlary, ýagny 2 Patyşalar we 2 Ýyl ýazgylary kitaplaryndan käbir aýatlary okap bilersiňiz. Şeýle-de Amosyň döwürdeşi bolan Hoşeýa pygamberiň kitabyna hem salgylanyp bilersiňiz. Bu size Amos pygamberiň nähili döwürde ýaşandygyna has aýdyň düşünmäge kömek eder (2 Pat. 14:25—28; 2 Ýyl. 26:1—15; Hoş. 1:1—11; Amos 1:1).

JIKME-JIKLIKLERE ÜNS BERIŇ!

17, 18. Abzasdaky ýa-da başga aýatlary ulanyp jikme-jikliklere üns bermegiň nähili peýdasynyň bardygyny düşündiriň.

17 Mukaddes Ýazgylary okanymyzda ony has köpräk öwrenmek üçin islegimizi artdyrmaly. Aýdaly, siz Zakarýa kitabynyň 12-nji babyny okaýarsyňyz. Ol ýerde Mesihiň ölümi barada pygamberlik edilýär (Zak. 12:10). 12-nji aýadyna ýeteniňizde, «Natanyň kowumynyň» Mesihiň ölümi üçin ýas tutjakdygy barada okaýarsyňyz. Şeýle jikme-jikligi ýöne bir okap geçmän, biraz säginip özüňize şeýle soraglary beriň: «Natanyň kowumy bilen Mesihiň arasynda nähili baglanyşyk bar? Bu barada köpräk maglumat tapyp bilerinmi?» Munuň üçin biraz gözleg geçiriň. Mysal üçin, onuň parallel aýatlaryny, ýagny 2 Şamuwel 5:13, 14-nji aýatlaryny okap bilersiňiz. Şonda Natanyň Dawut patyşanyň ogly bolandygyna göz ýetirersiňiz. Ikinji parallel aýatlarda, ýagny Luka 3:23, 31-nji aýatlarda bolsa, Isanyň Natanyň neslinden bolandygy aýdylýar (Şeýle-de 2017-nji ýylyň awgustynda çykan «Garawul diňiniň» 32-nji sahypasynyň 4-nji abzasyna serediň). Indi siz hasam gyzyklanyp başlan bolsaňyz gerek. Aýdaly, siz Isanyň Dawudyň neslinden geljekdigi baradaky pygamberligi bilýärsiňiz (Mat. 22:42). Ýöne Dawudyň 20-den gowrak ogly bolupdyr. Eýsem, Zakarýanyň Isanyň ölümi üçin ýas tutan Natanyň kowumy barada agzap geçmegi haýran galdyrmaýarmy?!

18 Geliň, başga bir mysala seredeliň. Luka kitabynyň birinji babynda Jebraýyl perişdäniň Merýemiň ýanyna gelip, onuň dogurjak çagasy barada aýdan sözleri bar. Perişde Merýeme: «Ol beýik bolar, oňa Beýik Biribaryň Ogly diýler. Ýehowa Hudaý oňa atasy Dawudyň tagtyny berer. Ol Ýakubyň nesline ebedi patyşalyk eder» diýdi (Luka 1:32, 33). Biz köplenç Jebraýyl perişdäniň Isanyň «Beýik Biribaryň Ogly» boljakdygy barada aýdan sözlerine üns berýäris. Ýöne perişde Isanyň «patyşalyk etjekdigini» hem aýdýar. Jebraýyl perişdäniň sözleriniň Merýeme nähili täsir edendigi bizi hasam gyzyklandyrýandyr. Merýem doguljak çaga Hirodes patyşanyň ýerine geçer ýa-da onuň nesliniň mirasdüşeri bolar diýip pikir etdimi? Eger Isa patyşa bolmaly bolsa, onda Merýem hem ýokary wezipäni eýelärdi we onuň maşgalasy şa köşgünde ýaşardy. Emma Mukaddes Ýazgylarda Merýemiň Jebraýyl perişdä şuňa meňzeş zatlary aýdandygy barada hiç zat aýdylmaýar. Ýa-da Isanyň iki şägirdi ýaly, Merýemiň hem Patyşalykda ýokary wezipäni eýelemek barada sorandygyny okamaýarys (Mat. 20:20—23). Şeýle jikme-jiklikler Merýemiň örän pesgöwünli gyz bolandygyna düşünmäge kömek edýär.

19, 20. Ýazgylary öwrenenimizde Ýakup 1:22—25 we 4:8-nji aýatlara görä esasy maksadymyz näme bolmaly?

19 Hudaýyň Sözüni we edebiýatlarymyzy öwrenenimizde, esasy maksadymyzyň Ýehowa ýakynlaşmakdygyny unutmalyň. Şeýle-de biz özümiziň nähili adamdygymyza we Ýehowany razy etmek üçin nähili özgerişlikleri etmelidigimize köpräk üns bermek isleýäris (Ýakup 1:22—25; 4:8-nji aýatlary okaň). Şol sebäpli her gezek Mukaddes Ýazgylary ýa-da edebiýatlarymyzy öwrenip başlamazdan öň, Ýehowadan mukaddes ruhuny diläp bileris. Şeýle-de okajak zadymyzdan doly peýda almaga we gerekli özgerişlikleri etmäge kömek etmegini sorap bileris.

20 Mezmurçy Hudaýyň wepaly gullukçysy barada şeýle diýdi: «Onuň keýpi diňe (Ýehowanyň) kanunyndadyr, gije-gündiz Onuň kanuny hakda pikire gidýändir. Ol akar suwlar ýakasynda ekilen, miwesini möwsüminde berýän, ýapragy solmaýan agaç ýaly bolar; eden ähli işi rowaçlanar» (Zeb. 1:2, 3). Geliň, şeýle adam bolmak üçin elimizde baryny edeliň!

11-NJI AÝDYM Ýehowanyň ýüregini şatlandyralyň

^ abzas 5 Ýehowa bize okap, öwrenip, gözleg geçirip we görüp biler ýaly, jomartlyk bilen köp sowgatlary berýär. Şu makalada Mukaddes Ýazgylary we edebiýatlary has gyzykly edip öwrenmäge kömek edýän käbir maslahatlara serederis.

^ abzas 9 Ýeşuwa 1:8 Goý, bu Kanun kitaby seniň diliňden düşmesin. Şondaky ýazylanlaryň hemmesini dykgat bilen ýerine ýetirer ýaly, ony gije-gündiz aňyňda sakla, şonda seniň ähli işleriňde üstünlik we abadanlyk hemraň bolar.

^ abzas 62 SURATLAR: Bir mesihçi ene-ata çagalaryna «Garawul diňi» duşuşygyna taýýarlanmagy öwredýär.

^ abzas 64 SURATLAR: Dogan Amos pygamber barada gözleg geçirýär. Ol Mukaddes Ýazgylardaky wakalary göz öňüne getirip okaýar we oýlanýar.