Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýumşaklyk. Bize nähili peýdasy bar?

Ýumşaklyk. Bize nähili peýdasy bar?

Sara * şeýle diýýär: «Men diýseň çekinjeň we özüme känbir ynamym ýok. Şol sebäpli özüne göwni ýetýän we gaharjaň adamlaryň ýanynda özümi oňaýsyz duýýaryn. Ýumşak, pesgöwünli adamlary görenimde bolsa, arkaýyn bolýaryn. Şeýle adamlar bilen arkaýyn gürleşip, derdimi paýlaşyp bilýärin. Meniň iň gowy joralarym hem ýumşak häsiýetli».

Saranyň sözlerinden bir netijä gelse bolýar: ýumşak bolsak, adamlar biziň bilen dost ýa jora bolmak islärler. Ýumşak adamlary Ýehowa hem gowy görýär. Onuň Sözünde ýumşak bolmak maslahat berilýär (Kol. 3:12). Ýumşaklyk näme? Isa ýumşak adamdygyny nädip görkezdi? Ýumşaklyk bizi nädip bagtly edip biler?

ÝUMŞAKLYK NÄME?

Ýumşaklyk kalbyňda hemişe rahatlygy saklamagy aňladýar. Şeýle adam özüni başgalar bilen mähirli hem ýumşak alyp barýar we kynçylyklarda rahatlygyny saklap, özüne erk edýär.

Ýumşak adamyň aslynda içki dünýäsi güýçli bolýar. Ýumşak diýen grek sözi eldekileşdirilen ýabany aty suratlandyrýar. At ýabany bolsa-da, oňa tälim berlip, eldekileşdirilýär. Bizem edil şonuň ýaly ýumşak bolanymyzda, gödek häsiýetlerimize erk edip, başgalar bilen parahat ýaşap bilýäris.

Käbirimiz: «Men asyl ýumşak däl» diýýändiris. Gaharjaň hem-de sabyrsyz adamlaryň arasynda ýaşaýandygymyz sebäpli, bize ýumşaklygy görkezmek kyn bolup biler (Rim. 7:19). Dogrudanam, ýumşaklyk häsiýetini ösdürmek üçin tagalla etmeli bolýarys. Emma biz ýumşaklyk häsiýetini Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen ösdürip bilýäris (Gal. 5:22, 23). Biz ýumşaklygy ösdürer ýaly näme üçin tagalla etmeli?

Ýumşaklyk başgalary özüne çekýär. Ýokarda agzalan Sara ýaly biziň hem ýumşak adamlar bilen gatnaşasymyz gelýär. Ýumşak hem mähirli bolmakda, Isa Mesih iň gowy görelde galdyrdy (2 Kor. 10:1). Hatda çagalaram ony känbir gowy tanamasa-da, onuň ýanyna barasy gelýärdi (Mar. 10:13—16).

Ýumşaklyk kynçylyklardan goraýar. Eger biz ýumşak bolsak, derrew gaharlanmarys ýa-da gyzmalyk etmeris (Nak. 16:32). Eger bizde şol häsiýet bolsa, başgalaryň, esasanam, söýýän adamlarymyzyň göwnüne degmekden gaça durarys. Ýa-da ýumşak bolsak duýgularymyza erk edip, başgalary ynjytmarys.

ÝUMŞAK BOLMAKDA KÄMIL GÖRELDE

Isanyň borçlary we etmeli işleri köp bolsa-da, hemmeler bilen ýumşakdy. Onuň günlerinde köp adamlaryň durmuşy kyndy. Olar özüni üstüne agyr ýük basylan ýaly duýýardy; şol sebäpli olar göwünlik beriji sözlere mätäçdi. Isa: «Meniň ýanyma geliň... men ýumşak we pesgöwünlidirin» diýende, olaryň ýüregi giňäp gidendir (Mat. 11:28, 29).

Isanyň göreldesine eýerip ýumşaklygy nädip ösdürip bileris? Hudaýyň Sözünden Isanyň adamlar bilen özüni nähili alyp barandygyny we kyn ýagdaýlarda nähili hereket edendigini öwrenýäris. Bizem ýumşaklygymyz synalýan wagty Isa ýaly hereket etmäge jan etmeli (1 Pet. 2:21). Geliň, Isa ýumşak bolmaga kömek eden üç zada seredeliň.

Isa pesgöwünlidi. Isa özüniň «ýumşak we pesgöwünlidigini» aýtdy (Mat. 11:29). Ýumşaklyk pesgöwünlilik häsiýeti bilen berk baglanyşykly bolandygy üçin, Mukaddes Kitapda iki häsiýet köplenç bile agzalýar (Efes. 4:1—3). Näme üçin?

Pesgöwünlilik häsiýeti özümiz barada aşa köp pikir etmezlige we öýkelek bolmazlyga kömek edýär. «Hajymelik, arakhor» diýip töhmet atanlarynda, Isa näme etdi? Ol: «Adamyň akyldarlygy edýän işlerinden görünýär» diýip, özüni alyp barşy bilen şol töhmetiň ýalandygyny subut etdi (Mat. 11:19).

Kimdir biri siziň milletiňiz, jynsyňyz ýa-da terbiýäňiz hakda oýlanman bir zat diýende, ýumşaklyk bilen jogap bermek üçin jan edýärsiňizmi? Günorta Afrikada ýygnak ýaşulusy bolup gulluk edýän Piter dogan şeýle diýýär: «Biri meniň gaharymy getirende, öz-özüme: „Isa meniň ýerime bolan bolsa näme ederdi?“ diýýärin. Men öz duýgularyma aşa üns bermezligi öwrendim».

Isa adamlaryň bikämildigine düşünýärdi. Isanyň şägirtleriniň niýeti gowy bolsa-da, bikämillik zerarly olar käte ýalňyşlyk goýberýärdiler. Meselem, Isanyň öldürilmeginiň öň ýanyndaky gije Petrus, Ýakup we Ýahýa oýa bolup, Isany goldap bilmediler. Emma Isa «ýüregiň yhlaslydygyna, ýöne bedeniň ejizdigine» düşünýärdi (Mat. 26:40, 41). Resullarynyň hem bikämildigine düşünýändigi üçin, Isa olara gaharlanmady.

Medine uýa dogan-uýalary hemişe ýazgarýardy, ýöne häzir Isanyň ýumşaklyk häsiýetinden görelde almak üçin elinde baryny edýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men adamlaryň bikämildigine düşünmäge hem-de Ýehowa ýaly başgalaryň gowy häsiýetlerini görmäge jan edýärdim». Isa adamlaryň ejizliklerine duýgudaşlyk bildirýär. Onuň göreldesine eýersek, başgalar bilen ýumşak bolup bileris.

Isa ähli zady Hudaýa tabşyrýardy. Isa ýer ýüzünde ýaşanda, özüne köp adalatsyzlyk edilse-de çydady. Käbir adamlar Isa barada nädogry pikir edýärdiler, ony ýigrenýärdiler we azar baryny berýärdiler. Emma ol şonda-da özüni ýumşak alyp barýardy, sebäbi «özüni adalatly höküm çykarýan Hudaýyň eline tabşyrypdy» (1 Pet. 2:23). Isa gökdäki Atasynyň aladasyny etjekdigine we öz wagtynda adalatsyzlara jeza berjekdigine ynanýardy.

Biri bize adalatsyzlyk edende gaharlansak, ýagdaýy hasam kynlaşdyrýarys. Mukaddes Kitapda şeýle duýduryş berilýär: «Gahar Hudaýyň dogruçyllygyna garşydyr» (Ýak. 1:20). Hatda gaharlanmaga hakymyz bolsa-da, bikämillik bizi nädogry hereket etmäge iterip bilýär.

Germaniýaly Keýt uýamyz öň şeýle pikir edýärdi: «Öz-özüňi goramasaň, hiç kim seni goramaz». Emma ol garaýşyny üýtgedip, Ýehowa bil baglamagy öwrendi. Keýt şeýle gürrüň berýär: «Indi men özümi gorajak bolup alada galyp ýörmeýärin. Men özümi ýumşak alyp barýaryn, sebäbi ähli zada Ýehowanyň gözegçilik edýändigini bilýärin». Siz hem adalatsyzlyga uçran bolsaňyz, Isadan görelde alyp, Hudaýa bil baglaň. Şonda siz özüňizi ýumşak alyp bararsyňyz.

«ÝUMŞAK ADAMLAR BAGTLYDYR»

Ýumşaklyk bize kyn ýagdaýlarda nädip kömek edýär?

Isa ýumşaklygyň bagtly bolmakda esasy orun eýeleýändigini belläp geçdi. Ol: «Ýumşak adamlar bagtlydyr» diýdi (Mat. 5:5, çykgyt). Geliň, ýumşaklygyň haýsy ýagdaýlarda kömek edýändigine üns bereliň.

Maşgaladaky kynçylyklary çözmäge kömek edýär. Awstraliýaly Robert dogan şeýle diýýär: «Men oýlanman gepläp, aýalymyň kän göwnüne degdim. Gaharyňa aýdan gödek sözleriňi yzyna alyp bolmaýan eken. Şonuň üçinem aýalymy ynjydanymda, özümem gaty erbet bolýardym».

Gürlänimizde «biziň ählimiz köp ýalňyşýarys», şol sebäpli oýlanman gürlesek, maşgalamyzda kynçylyk dörederis (Ýak. 3:2). Şeýle ýagdaýlarda ýumşaklyk häsiýeti bize rahat bolmaga we dilimizi saklamaga kömek edýär (Nak. 17:27).

Ýokarda agzalan Robert dogan rahat bolmak we özüne erk etmek üçin köp tagalla etdi. Onuň tagallasy nähili netije berdi? Ol şeýle gürrüň berýär: «Häzir aýalym bilen sene-mene etsek, men ony ünsli diňläp, ýumşak gepleşýärin we gaharlanmajak bolýaryn. Şu wagt aýalym ikimiziň aramyz has gowy».

Başgalar bilen oňuşmaga kömek edýär. Köp adamlar sähel zada öýkeleýändigi üçin kän dost-ýarlary bolmaýar. Ýumşaklyk bize «agzybirligi goramaga» kömek edýär (Efes. 4:2, 3). Ýokarda agzalan Keýt uýa şeýle diýýär: «Ýumşaklyk häsiýeti maňa hemmeler bilen, hatda oňuşmak kyn bolan adamlar bilenem gowy gatnaşykda bolmaga ýardam edýär».

Kalbyňa rahatlyk berýär. Mukaddes Kitapda «gökden inýän akyldarlyk... parahat, ýumşak» diýilýär (Ýak. 3:13, 17, çykgyt). Şeýle-de ýumşak adam «rahat» bolýar (Nak. 14:30). Ýumşak bolmagy öwrenmek üçin köp tagalla eden Martin dogan: «Men has eglişikli we geçirimli bolmagy öwrendim. Şonuň üçin kalbym rahatlykdan dolup, özümi has bagtly duýýaryn» diýýär.

Dogrudanam, biz ýumşak bolmagy öwrenmek üçin, öz üstümizde kän işlemeli bolýandyrys. Bu hakda bir dogan şeýle diýýär: «Dogrymy aýtsam, men häzirem käbir ýagdaýlarda gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýaryn». Ýöne Ýehowa biziň ýumşak bolmagymyzy isleýär we şol häsiýeti ösdürmäge kömek edýär (Işa. 41:10; 1 Tim. 6:11). Hudaý «doly tälim» we güýç berip bilýär (1 Pet. 5:10). Pawlus resul ýaly bizem «Mesihden görelde alyp, ýumşak we mähirli» bolmaly (2 Kor. 10:1).

^ par. 2 Käbir atlar üýtgedilen.