Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Dünýäniň soňunda biri-birine garşy çykjak patyşalar

Dünýäniň soňunda biri-birine garşy çykjak patyşalar

Şu çarçuwada agzalýan pygamberlikleriň käbiri bir wagtda ýerine ýetdi. Olar «dünýäniň soňunda» ýaşaýandygymyzy subut edýär (Dan. 12:4).

  • Aýat (lar): Ylh. 11:7; 12:13, 17; 13:1—8, 12

    Pygamberlik: «Wagşy haýwan» 3 000 ýyldan gowrak adamlaryň üstünden höküm sürýär. Soňky günlerde onuň ýedinji kellesi ýaralanýar. Emma soňra ýene-de sagalýar we «ýer ýüzüniň ähli adamlary» wagşy haýwanyň yzyna düşýär. Şeýtan wagşy haýwany «galan nesle» garşy söweşmek üçin ulanýar.

    Ýerine ýetişi: bütindünýä tupandan soň Ýehowanyň halkyna garşy çykan hökümdarlar peýda boldy. Şondan ençeme asyr geçenden soň, I Jahan urşy döwri iň güýçli hökümdarlyklaryň biri bolan Beýik Britaniýa döwleti kem-kemden güýjini ýitirdi. Emma ABŞ onuň bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip başlanda, ol ýene-de güýçlendi. Esasanam, soňky günlerde Şeýtan ýer ýüzündäki hökümetleri ulanyp, Hudaýyň halkyny zalymlyk bilen yzarlaýar.

  • Aýat (lar): Dan. 11:25—45

    Pygamberlik: soňky günlerde demirgazyk we günorta patyşasy biri-birine garşy çykar.

    Ýerine ýetişi: Germaniýa bilen Angliýa-Amerika biri-birinden üstün çykjak bolýar. 1945-nji ýylda Sowet Soýuzy we onuň tarapdarlary demirgazyk patyşa hökmünde hereket edip başlady. 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargandan soň, Russiýa we onuň tarapdarlary demirgazyk patyşasy boldy.

  • Aýat (lar): Işa. 61:1; Mel. 3:1; Luka 4:18

    Pygamberlik: Ýehowa Mesihi Patyşalygy berkarar etmezden öň, «ýol taýýarlar» ýaly, «habarçysyny» iberýär. Bu topara «ýumşaklara hoş habary aýtmak tabşyrylýar».

    Ýerine ýetişi: 1870-nji ýyldan başlap Ç. T. Rassel we onuň egindeşleri Mukaddes Kitapdaky hakykatlary yhlas bilen öwrenip başladylar. 1880-nji ýyllarda olar Hudaýyň gullukçylary hökmünde hoş habary wagyz etmegiň wajypdygyna düşündiler. Şeýdip, olar «Bize 1 000 sany wagyzçy gerek» we «Wagyz etmek üçin saýlananlar» atly makalalary çap etdiler.

  • Aýat (lar): Mat. 13:24—30, 36—43

    Pygamberlik: daýhan melleginde tohum ekýär, emma duşman bugdaýlaryň arasyna haşal oty ekip gidýär. Hasyl döwrüne çenli olaryň ikisi bile ösýär. Soňra haşal otlar bugdaýdan aýrylýar.

    Ýerine ýetişi: 1870-nji ýyldan başlap, hakyky mesihçiler bilen ýalan mesihçileriň arasyndaky tapawut has aýdyň görnüp başlady. Soňky günlerde hakyky mesihçiler ýalan mesihçilerden aýrylýar.

  • Aýat (lar): Dan. 2:31—33, 41—43

    Pygamberlik: demir bilen toýun gatyşyk aýak dürli metallardan ybarat bolan heýkele degişli.

    Ýerine ýetişi: toýun Angliýa-Amerika dünýä imperiýasynyň sada halkyny aňladýar. Olar ýurduň syýasatyna garşy çykýarlar. Şonuň üçin hökümet demir ýaly güýjüni doly görkezip bilmeýär.

  • Aýat (lar): Mat. 13:30; 24:14, 45; 28:19, 20

    Pygamberlik: «bugdaý» «ammara» ýygnalýar we «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» öýdäki hyzmatkärleriniň üstünden bellenýär. «Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz edilip» başlanýar.

    Ýerine ýetişi: 1919-njy ýylda wepaly hyzmatkär Hudaýyň halkyna ýolbaşçylyk etmäge bellenýär. Şol ýyldan başlap Mukaddes Kitaby öwrenýänler wagyz işine has hem yhlasly gatnaşyp başladylar. Şu günler Ýehowanyň Şaýatlary 200-den gowrak ýurtda wagyz edýärler we 1 000-den gowrak dillerde edebiýat çykarýarlar.

  • Aýat (lar): Dan. 12:11; Ylh. 13:11, 14, 15

    Pygamberlik: iki şahly wagşy haýwan «wagşy haýwanyň şekilini ýasamaga» ýolbaşçylyk edýär we «wagşy haýwanyň şekiline ýaşaýyş demini berýär»

    Ýerine ýetişi: Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy Milletler Ligasynyň döredilmegine ýolbaşçylyk edýär. Bu gurama başga halklar hem girýär. 1926—1933-nji ýyllar aralygynda demirgazyk patyşasy hem Milletler Ligasynyň agzasy boldy. Adamlar Milletler Ligasy parahatlygy dikelder diýip garaşýardy. Soňra olar Birleşen Milletler Guramasyna (BMG) umyt baglap başlady. Ýöne hakyky parahatlygy diňe Hudaýyň Patyşalygy dikelder.

  • Aýat (lar): Dan. 8:23, 24

    Pygamberlik: zalym patyşa «öňde-soňda görülmedik weýrançylygy getirýär».

    Ýerine ýetişi: Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy köp adamlaryň öldürilmegine we uly ýitgi çekmegine sebäp boldy. Meselem, II Jahan urşunda Amerikanyň Birleşen Ştatlary duşmanlarynyň üstüne iki sany atom bombasyny taşlanynda, görlüp-eşidilmedik weýrançylyk boldy.

  • Aýat (lar): Dan. 11:31; Ylh. 17:3, 7—11

    Pygamberlik: on şahly «gyrmyzy reňkli wagşy haýwan» düýpsüz çuňlukdan çykýar we sekizinji patyşa bolýar. Danyýar kitabynda bu patyşa «weýrançylyk getirýän ýigrenji zat» hökmünde suratlandyrylýar.

    Ýerine ýetişi: II Jahan urşy döwri Milletler Ligasy ýatyrylýar. Uruş gutarandan soň, onuň ýerine BMG döredilýär. Adamlar Milletler Ligasyna umyt baglaýşy ýaly BMG parahatlygy dikelder diýip garaşýar. Ýöne hakyky parahatlygy diňe Hudaýyň Patyşalygy dikelder. BMG ýalan dine hüjüm eder.

  • Aýat (lar): 1 Sel. 5:3; Ylh. 17:16

    Pygamberlik: milletler «parahatlyk we howpsuzlyk» diýip yglan eder. «On şah» we «wagşy haýwan» ahlaksyz aýala hüjüm eder. Şondan soň halklar ýok ediler.

    Ýerine ýetişi: adamlar ýer ýüzünde parahatlygy we howpsuzlygy dikeldendigine ynandyrjak bolar. Soňra BMG-ni goldaýan halklar ýalan dini guramalary ýok eder. Şeýdip, uly betbagtçylyk başlar. Şol uly betbagtçylyk Şeýtanyň dünýäsini bütinleý ýok etjek Armageddon söweşi bilen tamamlanar.

  • Aýat (lar): Hyz. 38:11, 14—17; Mat. 24:31

    Pygamberlik: Äjit Hudaýyň halkyna topular. Soňra perişdeler «saýlananlary» ýygnar.

    Ýerine ýetişi: demirgazyk patyşasy we beýleki hökümetler Hudaýyň halkyna hüjüm eder. Olaryň hüjüminden biraz wagt geçenden soň saýlanan mesihçileriň galyndysy göge ýygnanar.

  • Aýat (lar): Hyz. 38:18—23; Dan. 2:34, 35, 44, 45; Ylh. 6:2; 16:14, 16; 17:14; 19:20

    Pygamberlik: «ak atyň üstünde oturan» Äjidi we onuň goşunyny bütinleý ýok edip, «doly ýeňiş gazanar». «Wagşy haýwan... ot kölüne zyňlar». Dagdan gopan daş heýkeli çym-pytrak eder.

    Ýerine ýetişi: Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy Isa Ýehowanyň gullukçylaryny halas eder. Ol 144 000 saýlanan mesihçiler we perişdelerden ybarat güýçli goşuny bilen milletleriň üýşmegini ýok eder. Şeýdip, Şeýtanyň dünýäsiniň soňuna çykar.