Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Şuny bilýäňizmi?

Şuny bilýäňizmi?

Mukaddes Kitabyň ýazylan döwri gamyşdan gaýyk ýasalypdyrmy?

Papirus, ýagny gamyş

GADYMY MÜSÜRDE papirusdan *, ýagny gamyşdan golýazmalar ýasalypdyr. Şeýle-de grekler we rimliler hem şeýle golýazmalary ulanypdyr. Ýöne ondan diňe bir golýazmalar däl-de, gaýyklar hem ýasalypdyr.

Müsürdäki mazarda iki sany gamyş gaýygyň nusgasy tapyldy

2 500 ýyl mundan öň Işaýa pygamber «Efiopiýa derýalarynyň boýundaky ýurduň... habarçylaryny gamyş gämilerde, deňziň üsti bilen ýollaýandygy» hakda ýazdy. Ýermeýa pygamber Midiýa-Pars goşunynyň Wawilony basyp aljakdygyny aýtdy. Şeýle-de wawilonlylar gaçmaz ýaly «gamyş gaýyklarynyň oda ýakyljakdygyny» pygamberlik etdi (Işa. 18:1, 2; Ýer. 51:32).

Arheologlar gadymy döwürde gamyşdan gaýyklaryň ýasalandygyny anykladylar. Emma Mukaddes Kitabyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandygyna ynanýan adamlar muňa geň galmaýarlar (2 Tim. 3:16). Geliň, arheologlaryň gadymy Müsürde gamyş gaýyklarynyň bolandygy hakda tapan subutnamalaryny bileliň.

GAMYŞ GAÝYKLARY NÄDIP ÝASAPDYRLAR?

Arheologlar Müsürdäki mazarlaryň diwaryndan suratlary we oýulyp çekilen şekilleri tapdylar. Diwarda müsürlileriň gamyş oruşlary we gaýyk ýasaýyşlary şekillendirilen. Erkek adamlar gamşy orup, biri-birine sepleşdirip, berk daňypdyrlar. Gamyş üçburç şekilinde bolupdyr. Şonuň üçin olary çekdirip daňmak we sepleşdirmek aňsat bolupdyr. Şeýdip, olar berk gämileri we gaýyklary ýasapdyrlar. Müsüriň taryhy baradaky kitapda aýdylmagyna görä, gamyşdan ýasalan gämileriň uzynlygy 17 metre ýetipdir. Şol gämileriň her tarapynda 10 ýa-da 12 kürekçi bolupdyr.

Müsürlileriň gamyş gaýyk ýasaýşy diwara oýulyp çekilipdir

GAÝYKLARY NÄME ÜÇIN GAMYŞDAN ÝASAPDYRLAR?

Gamyş Nil derýanyň boýunda köp ösüpdir. Gamyşdan gaýyk ýasamak aňsat bolupdyr. Adatça, uly gämileri agaçdan ýasapdyrlar. Ýöne balykçylar we awçylar gamyşdan kiçiräk gaýyklary ýasapdyrlar.

Gamyş gaýyklary ençeme asyrlaryň dowamynda giňden ulanylypdyr. Grek ýazyjysy Plutarhyň aýtmagyna görä, adamlar I we II asyrlarda-da gamyş gaýyklaryny ulanypdyrlar.

^ par. 3 Papirus batgalykda we ýata suwlarda ösýän ösümlik. Onuň boýy 5 m, diametri 15 sm bolýar.