Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 18

Siz Isa pygambere iman edýärsiňizmi?

Siz Isa pygambere iman edýärsiňizmi?

«Maňa şübhelenmeýän adam bagtlydyr» (Mat. 11:6).

54-NJI AÝDYM «Ine ýol!»

MAZMUNY *

1. Siziň aýdýan hoş habaryňyza dogan-garyndaşlaryňyzyň nähili seslenmekleri mümkin?

HUDAÝYŇ hoş habaryny ilkinji sapar eşiden günüňiz ýadyňyza düşýärmi? Mukaddes Kitapdaky hakykat ýüregiňize jüňk bolandyr. Siz Hudaýa iman edep, öwrenen zatlaryňyzy dogan-garyndaşlaryňyza we dost-ýarlaryňyza gürrüň berip başlansyňyz. Sebäbi siz olaryň Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýerip, bagtly bolmagyny we Jennetde ebedi ýaşamagyny isleýänsiňiz (Zeb. 119:105). Ýöne olaryň köpüsi siziň aýdan hoş habaryňyzy diňlän däldirler.

2, 3. Adamlar Isa pygambere nähili garaýardylar?

2 Biz adamlara hoş habary wagyz edenimizde köpüsi diňlemeýärler, ýöne muňa geň galmaýarys. Isa pygamber Allanyň güýji bilen gudratlar görkezýärdi, emma adamlar oňa iman etmeýärdi. Meselem, ol Lazary ölümden direldýär. Şonda duşmanlary hem Isanyň görkezen gudratyna haýran galýarlar we onuň pygamberdigini inkär edip bilmeýärler. Emma ýehudy dini ýolbaşçylary Isanyň pygamberdigine iman etmeýärler. Hatda olar Isany we Lazary öldürmek isleýärler (Ýah. 11:47, 48, 53; 12:9—11).

3 Isa özüniň pygamberdigine köp adamlaryň iman etmejegini bilýärdi (Ýah. 5:39—44). Ol suwa çümdürýän Ýahýanyň şägirtlerine: «Maňa şübhelenmeýän adam bagtlydyr» diýdi (Mat. 11:2, 3, 6). Adamlar Isanyň pygamberdigine näme üçin şübhelenýärler?

4. Biz şu makaladan näme hakda gürrüň ederis?

4 Şu we indiki makalada I asyrda ýaşan adamlaryň Isa pygambere näme üçin iman etmändikleriniň birnäçe sebäbini bileris. Şeýle-de şu günler köp adamlaryň Ýehowanyň Şaýatlarynyň aýdýan hoş habaryny näme üçin diňlemeýändikleriniň sebäbini bileris. Esasan-da, biz Isanyň pygamberdigine şübhelenmez ýaly, oňa ýürekden iman etmelidigi hakda gürrüň ederis.

1) ISA GARYP MAŞGALADA ÖNÜP-ÖSÝÄR

Adamlar Isanyň garyp maşgalada önüp-ösendigi üçin iman etmediler. Şu günler adamlar Isa pygambere näme üçin iman etmeýärler? (5-nji abzasa serediň). *

5. Adamlar Isanyň pygamberdigine näme üçin iman etmeýärler?

5 Adamlar Isanyň Beýik Mugallymdygyny boýun alýardylar, görkezen gudratlaryna haýran galýardylar. Emma Isanyň ýaşan şäheri we önüp-ösen maşgalasy sebäpli oňa iman etmediler. Isa garyp agaç ussanyň ogludy we kiçijik şäherde ýaşaýardy, şol sebäpli adamlaryň oňa göwni ýetmeýärdi. Hatda Natanaýyl hem Isanyň şägirdi bolmanka: «Nazaretden hem bir gowy zat çykarmy?» diýdi (Ýah. 1:46). Belki, Natanaýyl beýik pygamberiň kiçi şäherde önüp-ösjekdigini akylyna sygdyryp bilen däldir ýa-da Mikaý 5:2-däki sözler ýadyna düşendir. Şol aýatda garaşylýan pygamberiň Nazaretden däl-de, Beýtullahamdan çykjakdygy aýdylýar.

6. I asyrdaky adamlar Isanyň wada edilen pygamberdigini bilmek üçin näme etmelidiler?

6 Mukaddes Kitapda näme aýdylýar? Işaýa pygamber duşmanlaryň Isanyň «nesil daragty» barada bilmek islemändigini aýdýar (Işa. 53:8). Isa hakda köp pygamberlikler ýazylypdy. Eger olar şol pygamberlikleri okan bolsadylar, Isanyň Dawut patyşanyň neslinden bolandygyna we Beýtullahamda dünýä inendigine göz ýetirerdiler (Luka 2:4—7). Diýmek, Mikaý 5:2-de pygamberlik edilişi ýaly, Isa Beýtullaham şäherinde dünýä inýär. Onda adamlar näme üçin Isanyň pygamberdigine iman etmeýärler? Olar Mukaddes Kitapdan gözleg geçirmän nädogry netije çykardylar. Şeýlelikde, olar Isanyň pygamberdigine şübhelendiler.

7. Adamlar näme üçin Ýehowanyň halkyny diňlemeýärler?

7 Şu günler Isa pygambere iman edýän adamlara nähili garaýarlar? Olary «sada we bilimsiz» adamlar hasaplaýarlar (Res. 4:13). Sebäbi Hudaýyň halky baý däl. Olar dini mekdeplerde okamaýarlar, şol sebäpli Mukaddes Kitabyň aýatlaryny düşündirmäge haky ýok diýýärler. Käbirleri bolsa Ýehowanyň Şaýatlaryny «amerikanlaryň dini» hasaplaýarlar. Emma Ýehowanyň Şaýatlarynyň diňe 14 göterimi Amerikada ýaşaýar. Käbirleri bolsa olar Isa pygambere iman etmeýär diýýärler. Ýyllarboýy olara «Amerikanyň içalylary» ýa-da «maşgala ojagyny dargadýanlar» diýip gelýärler. Şeýle gep-gürrüňleri ýaýradýan adamlar Ýehowanyň Şaýatlaryny tanamaýarlar ýa-da tanamak hem islemeýärler. Şeýlelikde, olar Hudaýyň halkynyň aýdýan hoş habaryny diňlemeýärler.

8. Resullar 17:11-e görä, hak Hudaýyň halkyny nädip tanamaly?

8 Biz Ýehowanyň Şaýatlarynyň aýdýan habaryna şübhelenmez ýaly näme etmeli? Biz gözleg geçirmeli. Isa pygamber hakda ýazan Luka hem gözleg geçiripdi. Ol «bolan wakalaryň ählisini başdan-aýak derňäpdi». Sebäbi ol adamlaryň Isa hakda «öwrenen zatlarynyň dogrudygyna göz ýetirmeklerini isleýärdi» (Luka 1:1—4). Weriýadaky ýehudylar hem Isa hakda eşiden zatlarynyň dogrudygyny anyklamak üçin Mukaddes Kitapdan gözleg geçirdiler (Resullar 17:11-i okaň). Siz hem gözleg-barlag geçiriň. Hudaýyň halkynyň aýdýan hoş habaryny Mukaddes Kitabyňyzdaky aýatlar bilen deňeşdirip görüň. Şeýle-de Ýehowanyň Şaýatlarynyň taryhyny hem öwrenseňiz gowy bolar. Eger şeýtseňiz, Ýehowanyň Şaýatlary hakda aýdylýan gep-gürrüňleri diňlemersiňiz we olaryň hak Hudaýyň halkydygyna göz ýetirersiňiz.

2) ISA GUDRAT GÖRKEZMEJEGINI AÝDÝAR

Adamlar Isa gudrat görkezmändigi üçin iman etmediler. Şu günler adamlar Isa pygambere näme üçin iman etmeýärler? (9, 10-njy abzaslara serediň). *

9. Adamlar näme üçin Isanyň pygamberdigine şübhelendiler?

9 I asyrda ýaşan käbir adamlar Isa pygamberiň öwredýän zatlary bilen kanagatlanman, has köp zatlary talap etdiler. Olar Isadan pygamberdigini subut etmek üçin «gökden bir alamat görkezmegi soradylar» (Mat. 16:1). Belki, olar Danyýar 7:13, 14-nji aýatlardaky pygamberligiň ýerine ýetmegini isländirler. Emma Ýehowanyň niýetine görä, pygamberlik şol döwür ýerine ýetmeli däldi. Aslynda, Isanyň öwredýän taglymatlary Hudaýyň iberen pygamberdigini subut edýärdi. Isa alamat görkezmejegini aýdanda, adamlar onuň pygamberdigine şübhelendiler (Mat. 16:4).

10. Isa Işaýanyň aýdan pygamberligini nädip ýerine ýetirdi?

10 Mukaddes Kitapda näme aýdylýar? Işaýa pygamber Isa hakynda: «Ol sesini gataltmaz, gygyrmaz, köçede sesi eşidilmez» diýdi (Işa. 42:1, 2). Isa wagyz edende at-abraý gazanjak bolmady. Ol kaşaň ybadathana gurmady, dini ýolbaşçylar ýaly uzyn don geýmedi, dini derejeleri almady, adamlaryň hormat bilen ýüzlenmegini islemedi. Isa höküm çykarmak üçin Hirodesiň ýanyna getirdiler, emma ol janyny halas etmek üçin ýekeje gudrat hem görkezmedi (Luka 23:8—11). Isa ýer ýüzüne gelende käbir gudratlary görkezen hem bolsa, onuň esasy maksady hoş habary wagyz etmekdi. Ol şägirtlerine: «Men... wagyz etmeli, sebäbi şonuň üçin geldim» diýdi (Mar. 1:38).

11. Şu günler adamlar Ýehowanyň Şaýatlaryna nähili garaýarlar?

11 Şu günler Isa iman edýän adamlara nähili garaýarlar? Köp adamlar beýik, kaşaň metjitleriň we buthanalaryň içindäki owadan suratlara, ýazgylara, dini ýolbaşçylaryň derejesine, adyna, okaýan doga-dileglerine, däp-dessurlaryna haýran galýarlar. Aslynda, şol däp-dessurlaryň haçan we nädip dörändigini hiç kim bilmeýär. Ol ýere barýan adamlar Hudaý we onuň niýeti barada hiç zat öwrenmeýärler. Emma Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnak duşuşyklaryna gelýänler Hudaýyň kada-kanunlary we islegi boýunça ýaşamagy öwrenýärler. Ýygnak jaýlary gymmatbaha suratlar we ýazgylar bilen bezelmedik hem bolsa, onuň içi arassa we hemme zat ýerbe-ýer goýlan. Jogapkär doganlar adamlardan saýlanmak üçin gymmatbaha egin-eşik geýmeýärler, özüne hormat goýdurjak bolup, dini dereje almaýarlar ýa-da at-abraýa çapmaýarlar. Olar Mukaddes Kitabyň esasynda öwredýärler we onuň kada-kanunlaryna eýerýärler. Ýygnak jaýynda dabaraly däp-dessurlar ýa-da çäreler geçirilmeýär. Şol sebäpli adamlar biziň Hudaýa edýän seždämizi ýönekeý we içgysgynç hasaplaýarlar. Şeýle-de aýdýan habarymyz olaryň gulagyna hoş ýakmaýar.

12. Ýewreýler 11:1, 6-njy aýatlara görä, biz imanymyzy berkitmek üçin näme etmeli?

12 Biz Ýehowanyň Şaýatlarynyň aýdýan habaryna şübhelenmez ýaly näme etmeli? Pawlus resul Rimde ýaşaýan dogan-uýalara: «Adam sözi eşidip iman edýär. Mesih barada wagyz edilse, şonda sözi eşidýär» diýdi (Rim. 10:17). Biz dini däp-dessurlary berjaý edip däl-de, Mukaddes Kitaby okap imanymyzy berkidýäris. Iman etmek üçin Hudaý barada bilim almaly, «adam iman etmese, Hudaýy razy edip bilmez» (Ýewreýler 11:1, 6-njy aýatlary okaň). Ýehowanyň Şaýatlarynyň hak Hudaýa sežde edýändigine ynanmak üçin «gökden bir alamat görmek» hökman däl. Biz Mukaddes Kitabyň hakykatlaryny öwrenmeli we imanymyzy berkitmeli.

3) ISA ÝEHUDYLARYŇ DÄP-DESSURYNY BERJAÝ ETMEÝÄR

Adamlar Isanyň dini däp-dessurlary berjaý etmändigi üçin iman etmediler. Şu günler adamlar Isa pygambere näme üçin iman etmeýärler? (13-nji abzasa serediň). *

13. Adamlar näme üçin Isany ýazgardylar?

13 Suwa çümdürýän Ýahýanyň şägirtleri Isanyň resullarynyň agyz beklemeýändikleri üçin ör-gökden geldiler. Isa olara özi dirikä şägirtleriniň agyz beklemejegini aýtdy (Mat. 9:14—17). Isa pygamber ýehudylaryň dini däp-dessurlaryny berjaý etmeýärdi, şol sebäpli fariseýler ony ýazgarýardy. Isa Sabat güni syrkaw adamlary sagaldanda, olar gahar-gazaba münýärdi (Mar. 3:1—6; Ýah. 9:16). Olar agzyny dolduryp: «Biz Sabat gününi mukaddes hasaplaýarys» diýýärdiler, emma ybadathanada söwda-satyk edýärdiler. Isa satyjylary we alyjylary ybadathanadan kowanda, olar gahardan ýaňa ýarylaýjak boldular (Mat. 21:12, 13, 15). Bir gün Isa Nazaret şäherindekä sinagogada wagyz edýär. Ol adamlaryň nebsine çapýandygyny we imanynyň gowşakdygyny görkezmek üçin, Mukaddes Kitapdaky wakalary gürrüň berýär. Şonda adamlar gahar-gazaba münýärler (Luka 4:16, 25—30). Isa adamlaryň tamasyny ödemändigi üçin, oňa iman etmediler (Mat. 11:16—19).

14. Isa näme üçin däp-dessurlary berjaý edýän adamlary ýazgardy?

14 Mukaddes Kitapda näme aýdylýar? Ýehowa Işaýa pygamber arkaly şeýle diýdi: «Halk agzy bilen maňa alkyş aýdýar, diňe dilinde maňa hormat goýýar, emma ýüregi menden uzakdadyr. Olar Hudaýdan gorkýarys diýseler-de, ynsan tabşyryklaryny berjaý edýärler» (Işa. 29:13). Isa däp-dessurlary berjaý edýän adamlary ýazgardy, sebäbi olar Mukaddes Kitaba esaslanmaýardy. Fariseýler bolsa däp-dessurlary Mukaddes Kitapdan hem wajyp hasaplaýardylar. Şeýlelikde, olar Ýehowadan we onuň iberen pygamberinden ýüz öwürdiler.

15. Adamlar Ýehowanyň Şaýatlaryny näme üçin ýazgarýarlar?

15 Şu günler Isa iman edýän adamlara nähili garaýarlar? Ýehowanyň Şaýatlary doglan gün we täze ýyl ýaly baýramçylyklary bellemeýärler, şol sebäpli adamlar olary ýazgarýarlar. Käbirleriniň bolsa olaryň milli baýramçylyklara gatnaşmaýandyklary we merhumy jaýlamak bilen bagly däp-dessurlary berjaý etmeýändikleri üçin gahary gelýär. Ýehowanyň Şaýatlaryny ýazgarýanlar özlerine hudaýhon adam diýýärler. Emma olar däp-dessurlary we baýramçylyklary Mukaddes Kitapdan hem wajyp hasaplaýarlar. Hudaý şeýle adamlardan razy däldir (Mar. 7:7—9).

16. Zebur 119:97, 113, 163—165-nji aýatlara görä, biz näme etmeli?

16 Biz Ýehowanyň Şaýatlarynyň aýdýan habaryna şübhelenmez ýaly näme etmeli? Biz Ýehowany söýmeli we onuň kanunlaryny ýürekden ýerine ýetirmeli (Zebur 119:97, 113, 163—165-nji aýatlary okaň). Şonda biz Ýehowany gynandyrýan däp-dessurlary we adatlary berjaý etmeris. Geliň, Ýehowa bolan söýgimizi sowatmaga hiç zada ýol bermäliň!

4) ISA SYÝASATA GOŞULMAÝAR

Adamlar Isanyň syýasy işlere goşulmandygy üçin iman etmediler. Şu günler adamlar Isa pygambere näme üçin iman etmeýärler? (17-nji abzasa serediň). *

17. Ýehudylar Isanyň pygamberdigine näme üçin şübhelendiler?

17 I asyrda adamlar Isa pygamberi patyşa etjek bolýarlar. Olar gelmeli pygamberiň rimlileriň zulumyndan azat etmegine garaşýardylar. Emma Isa patyşa bolmaga razylaşmaýar (Ýah. 6:14, 15). Rimliler ruhanylara baştutanlyk etmäge erk-ygtyýar beripdi. Şonuň üçin olar Isanyň patyşa bolup, rimlileriň gaharyny getirmegini islemeýärdiler. Şeýlelikde, ýehudylaryň köpüsi Isanyň gelmeli pygamberdigine şübhelendiler.

18. Adamlar Mukaddes Kitapdaky pygamberliklere näme üçin üns bermändirler?

18 Mukaddes Kitapda näme aýdylýar? Mukaddes Kitapda gelmeli pygamberiň edermen serkerde boljakdygy hakda köp pygamberlikler ýazylan. Emma ol ilki bilen ähli adamlar üçin janyny gurban bermelidi (Işa. 53:9, 12). Ýehudylar gelmeli pygamberiň rimlileriň zulumyndan azat etmegine näme üçin garaşypdyrlar? Sebäbi olar gulagyna hoş ýakmaýan pygamberliklere üns bermändirler (Ýah. 6:26, 27).

19. Adamlar bizden nämä garaşýar?

19 Şu günler Isa iman edýän adamlara nähili garaýarlar? Biz syýasata goşulmaýarys, bitarap ýaşaýarys. Köp adamlar bizi ýazgarýarlar. Olar biziň saýlawlara gatnaşmagymyzy isleýär. Emma biz adamy patyşa saýlasak, Ýehowadan ýüz öwürýändigimize düşünýäris (1 Şam. 8:4—7). Adamlar biziň haýyr-sahawat işlerine gatnaşyp, mekdepleri we keselhanalary gurmagymyza garaşýarlar. Olar: «Siz diňe wagyz edýärsiňiz, adamlaryň kynçylygyny çözmäge kömek etmeýärsiňiz» diýip nägile bolýarlar.

20. Matta 7:21—23-nji aýatlara görä, Isa bize näme etmegi tabşyrdy?

20 Biz Ýehowanyň Şaýatlarynyň aýdýan habaryna şübhelenmez ýaly näme etmeli? (Matta 7:21—23-nji aýatlary okaň). Biz Isa pygamberiň tabşyran işini ýürekden ýerine ýetirmeli (Mat. 28:19, 20). Biz dünýäniň kynçylyklaryny çözjek bolup, syýasata goşulmaly däl. Elbetde, biz adamlary söýýäris, kyn ýagdaýa düşenlerinde goldamaga jan edýäris. Emma biz adamlaryň kynçylygyny diňe Hudaýyň Patyşalygynyň çözjegini bilýäris, şol sebäpli ol hakda wagyz edýäris we Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek edýäris.

21. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

21 Şu makalada I asyrda we şu günler Isanyň pygamberdigine şübhelenendikleriniň dört sebäbini bildik. Indiki makalada ýene-de dört sebäbi hakda gürrüň ederis. Geliň, Isanyň pygamberdigine iman etmegi berk ýüregimize düweliň!

56-NJY AÝDYM Hakykata ýürekden ýapyş

^ par. 5 Isa ýer ýüzünde ýaşan iň beýik pygamber bolsa-da, köp adamlar oňa iman etmediler. Näme üçin? Häzir makalada munuň dört sebäbini bileris. Şeýle-de şu günler köp adamlaryň Ýehowanyň Şaýatlarynyň aýdýan hoş habaryny näme üçin diňlemeýändikleriniň sebäbini bileris. Esasan-da, biz Isanyň pygamberdigine şübhelenmez ýaly, oňa ýürekden iman etmelidigi hakda gürrüň ederis. Şu we indiki makala Hudaýyň halky bilen ýakyndan gatnaşýan, ýöne Ýehowanyň Şaýady bolmaga çekinýän adamlar üçin niýetlenen.

^ par. 60 SURAT: Filipus Natanaýyly Isa bilen tanyşdyrýar.

^ par. 62 SURAT: Isa hoş habary wagyz edýär.

^ par. 64 SURAT: Isa duşmanlaryň öňünde eli ysmaz adamy sagaldýar.

^ par. 66 SURAT: Isa daga çykyp barýar.