Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 20

Yhlasly wagyz ediň!

Yhlasly wagyz ediň!

«Tohumyňy säher bilen sep... eliň boş durmasyn» (Nes. 11:6).

70-NJI AÝDYM Mynasyp adamlary gözläliň

MAZMUNY *

Isa göge galansoň, şägirtleri Iýerusalimde we köp ýerlerde yhlasly wagyz etdi (1-nji abzasa serediň).

1. Isa şägirtlerine nähili görelde görkezdi we olar näme etdi? (Daşky sahypadaky surata serediň).

ISA PYGAMBER hemişe yhlasly wagyz edýärdi. Ol şägirtleriniň hem şatlanyp wagyz etmegini isleýärdi (Ýah. 4:35, 36). Isa şägirtleriniň ýanyndaka, olar höwes bilen wagyz edýärdiler (Luka 10:1, 5—11, 17). Ýöne Isany tussag edip öldürenlerinden soň, olar az wagtlyk wagyz etmegini bes etdiler (Ýah. 16:32). Şonuň üçin Isa ölümden direlensoň, şägirtlerini yhlasly wagyz etmäge höweslendirdi. Şägirtler Isanyň maslahatyna ýürekden eýerdiler. Ol göge galansoň, şägirtler şeýle bir yhlasly wagyz etdiler welin, duşmanlar gaharlanyp: «Siz... taglymatyňyz bilen bütin Iýerusalimi doldurdyňyz» diýdiler (Res. 5:28).

2. Ýehowa wagyz işine nädip ak pata berdi?

2 I asyrda Isa wagyz işine ýolbaşçylyk edýärdi. Ýehowa hem ak pata berýärdi. Meselem, b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni 3 000-e golaý adam suwa çümdürildi (Res. 2:41). Hoş habar köp ýerlerde wagyz edilýärdi, şägirtleriň sany barha artýardy (Res. 6:7). Ýöne Isa soňky günlerde bütin ýer ýüzünde wagyz ediljekdigi barada pygamberlik etdi (Ýah. 14:12; Res. 1:8).

3, 4. Käbir ýurtlarda wagyz etmek näme üçin kyn bolýar we şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

3 Biziň ählimiz yhlasly wagyz etmäge jan edýäris. Käbir ýurtlarda dogan-uýalar şatlyk bilen gulluk edýärler. Sebäbi adamlar ýürekden gyzyklanyp, Mukaddes Kitapdan okuw geçmek isleýärler. Hatda olaryň hemmesine sapak geçmäge ýetişip bolanok. Käbir ýurtlarda bolsa wagyz etmek aňsat bolmaýar. Sebäbi adamlary öýünde tapmak kyn, öýünde bolsalar-da Mukaddes Kitap bilen gyzyklanmaýarlar.

4 Belki, siziň ýaşaýan ýeriňizde adamlar hoş habary diňleýän däldir ýa-da öýünde tapmak kyn bolýandyr. Şeýle bolsa makaladaky maslahatlar ruhdan düşmän, şatlyk bilen wagyz etmäge kömek eder. Biz dogan-uýalaryň köp adamlara wagyz etmek üçin näme edendiklerini bileris. Olar adamlar hoş habary diňlese-de, diňlemese-de, yhlasly wagyz edýärler.

ADAMLAR ÖÝÜNDE TAPDYRMASA

5. Biz wagyz edenimizde nähili kynçylyklara duş gelýäris?

5 Adamlaryň öýüne baryp wagyz etmek gün-günden kynlaşýar. Käbir adamlar goralýan köp gatly jaýlarda ýaşaýarlar. Şol jaýlarda ýörite garawullar hem bolýar. Olar öý eýesiniň rugsady bolmasa ýa-da çagyrmasa, nätanyş adamlary goýbermeýärler. Käbir wagyzçylar öýden-öýe arkaýyn wagyz edip bilse-de, olar başga kynçylyklara duş gelýärler. Olar az ilatly obalarda wagyz edýärler. Olar uzak ýol söküp bir öýe barýarlar, ýöne öýde hiç kim bolmaýar. Eger siz hem şeýle kynçylyklara duş gelýän bolsaňyz ruhdan düşmäň. Siz has köp adamlara wagyz etmek üçin näme edip bilersiňiz?

6. Wagyzçylary näme üçin balykçylara meňzetse bolýar?

6 Isa pygamber wagyz etmegi balyk tutmak bilen deňeşdirdi (Mar. 1:17). Käbir balykçylar uzakly gün otursa-da, hiç zat tutup bilmeýärler. Ýöne olar ruhdan düşmeýärler. Balykçylar balyk tutmak üçin wagtyny, ýerini we usullaryny üýtgedýärler. Biz hem balykçylar ýaly dürli ýollar bilen wagyz etmäge jan etmeli. Geliň, käbir maslahatlara seredeliň.

Öýünde tapdyrmaýan adamlar bilen gürrüňdeş bolmak üçin barýan wagtyňyzy, wagyz edýän ýeriňizi we usulyňyzy üýtgediň (7—10-njy abzaslara serediň). *

7. Köp adamlara wagyz etmek üçin näme etmeli?

7 Barýan wagtyňyzy üýtgediň. Biz adamlaryň öýünde bolýan wagty barsak, köplere wagyz edip bileris. Elbetde, adamlar köçede ýatmaz, iru-giç öýüne geler. Köp dogan-uýalar öýlän ýa-da agşamara wagyz edýärler. Sebäbi adamlar işden soň öýünde özlerini rahat duýýarlar we arkaýyn diňläp bilýärler. Ýaşuly dogan Dawut meýdançada wagyz edende, öýünde ýok adamlar bilen gürrüňdeş bolmak üçin birki sagatdan soň ýene-de gelýän eken. Ol şeýle diýýär: «Geň galaýmaly! Biz ikinji sapar wagyz etmäge gelenimizde, köp adamlar öýünde ekeni». Belki, siz hem ýaşulynyň wagyz ediş usulyndan görelde alarsyňyz?! *

Öýünde tapdyrmaýan adamlar bilen gürrüňdeş bolmak üçin barýan wagtyňyzy üýtgediň (7, 8-nji abzaslara serediň).

8. Biz wagyzda Nesihat 11:6-daky maslahata nädip eýerip bileris?

8 Makalanyň baş aýadynda aýdylyşy ýaly, adamlary öýünde tapmasak-da, ruhdan düşmän, olara wagyz etmek üçin jan etmeli (Nesihat 11:6-ny okaň). Ýokarda agzalan ýaşuly dogan Dawut hem umydyny üzmeýär. Ol bir öýe ençeme sapar baryp, ahyry öý eýesi bilen gürrüňdeş bolýar. Ýaşuly doganyň Mukaddes Kitapdan okan aýady onuň ýüregine täsir edýär. Ol şeýle diýýär: «Men şu ýerde sekiz ýyldan bäri ýaşaýaryn. Ýöne şu wagta çenli Ýehowanyň Şaýatlaryna duşmandym». Ýaşuly dogan şeýle diýýär: «Men bir zada göz ýetirdim. Käbir adamlary öýünde tapmak kyn bolýar. Ýöne umydymyzy üzmeli däl. Köplenç olar hoş habara gowy seslenýär».

Öýünde tapdyrmaýan adamlar bilen gürrüňdeş bolmak üçin wagyz edýän ýeriňizi üýtgediň (9-njy abzasa serediň).

9. Käbir wagyzçylar öýünde tapdyrmaýan adamlara wagyz etmek üçin näme edýärler?

9 Wagyz edýän ýeriňizi üýtgediň. Öýünde tapdyrmaýan adamlar bilen gürrüňdeş bolmak üçin, biz dürli-dürli ýerlerde wagyz etmeli. Meselem, köpçülik ýerlerinde ýa-da stendli wagyz etsek, goragly köp gatly jaýlarda ýaşaýan adamlar bilen gürrüňdeş bolup bileris. Köp wagyzçylar seýilgählerde, bazarlarda we söwda merkezlerinde adamlar bilen gürrüňdeş bolup, edebiýat berip bolýandygyna göz ýetirdiler. Boliwiýada ýaşaýan etrap gözegçisi Floran şeýle gürrüň berýär: «Biz günortan sagat bir bilen üç aralygynda bazarlarda we söwda merkezlerinde wagyz edýäris. Sebäbi şol wagt satyjylaryň işi az bolýar. Olar aýdýan habarymyza gowy seslenýärler. Hatda käbiri bilen Mukaddes Kitapdan okuwa-da başladyk».

Öýünde tapdyrmaýan adamlar bilen gürrüňdeş bolmak üçin usulyňyzy üýtgediň (10-njy abzasa serediň).

10. Öýünde tapdyrmaýan adamlara wagyz etmek üçin haýsy usuly ulanyp bileris?

10 Wagyz ediş usullaryňyzy üýtgediň. Aýdaly, siz bir adama wagyz etmek üçin eliňizde baryny etdiňiz. Siz onuň bilen gürrüňdeş bolmak üçin dürli-dürli wagtda bardyňyz. Ýöne ony öýünde tapyp bilmediňiz. Şol adama wagyz etmek üçin ýene näme edip bilersiňiz? Katarina uýa şeýle diýýär: «Men öýünde tapyp bilmeýän adamlaryma hat ýazyp wagyz edýärin. Hatymda aýtjak zatlarymy ýekän-ýekän beýan edýärin». Geliň, biz hem meýdançamyzdaky her bir adama wagyz etmek üçin elimizde baryny edeliň!

ADAMLAR HOŞ HABARY DIŇLEMESE

11. Käbir adamlaryň näme üçin hoş habary diňläsi gelmeýär?

11 Käbir adamlaryň hoş habary diňläsi gelmeýär. Olar Hudaý we Mukaddes Kitap barada gyzyklanmaýar. Olar adamlaryň kösenip ýaşaýandygyny görüp, Hudaýa iman etmeýärler. Şeýle-de olaryň Mukaddes Kitap hakda hem gepleşesi gelmeýär. Sebäbi Mukaddes Kitap boýunça ýaşamaly diýýän dini ýolbaşçylaryň ikiýüzlüligini görýärler. Käbirleri işi, maşgalasy we durmuşyň gaýgy-aladasy bilen başagaý bolup, Mukaddes Kitapdaky maslahatlaryň peýdalydygyna düşünmeýärler. Onda adamlar hoş habary diňlemeseler-de, nädip şatlyk bilen wagyz edip bileris?

12. Biz wagyzda Filipililer 2:4-däki maslahata nädip eýerip bileris?

12 Ýürekden gyzyklanyň. Adamlar aýdýan habarymyza biparh seretseler-de, olar bilen mähirli bolmaly. Şonda wagtyň geçmegi bilen olaryň hoş habara seslenmegi mümkin (Filipililer 2:4-i okaň). Ýokarda agzalan Dawut dogan şeýle diýýär: «Eger kimdir biri aýdýan habarymyzy diňlemese, biz Mukaddes Kitaby ýa-da edebiýaty ýapyp: „Bagyşlaň welin, siziň näme üçin diňläsiňiz gelenok?“ diýip, mähir bilen soraýarys». Adamlar biziň ýürekden gyzyklanýandygymyzy duýýarlar. Olar biziň näme aýdanymyzy ýatdan çykarsalar-da, mähirli bolandygymyzy hiç haçan unutmaz. Hatda adamlar bizi kowup goýberseler-de, ýüz-gözümizden, özümizi alyp barşymyzdan mähirlidigimizi duýarlar.

13. Biz wagyz edenimizde adamlaryň ýagdaýyna görä teklibimizi nädip üýtgedip bileris?

13 Biz öýden-öýe wagyz edenimizde adamlaryň ýagdaýyna görä teklibimizi üýtgetsek, olar bilen ýürekden gyzyklanýandygymyzy görkezeris. Belki, öý eýesiniň çagalary bardyr. Oňa çaga terbiýelemek ýa-da maşgalany bagtly etmek barada Mukaddes Kitapdaky maslahatlary gürrüň bersek, bizi diňlemegi mümkin. Ýa-da gapysynda goşa-goşa gulp bardyr. Onda biz ýer ýüzünde bolýan jenaýatçylyk sebäpli adamlaryň gorkuda ýaşaýandygy barada gürrüň edip bileris. Öý eýesi tizden ýer ýüzünde jenaýatçylygyň bolmajakdygyny bilse, gaty begener. Nähili bolaýanda-da, adamlara Mukaddes Kitapdaky maslahatlaryň peýdalydygyna düşünmäge kömek etmeli. Ýokarda agzalan Katarina: «Men köplenç Mukaddes Kitapdaky maslahatlaryň özüme nähili peýda berendigi barada oýlanýaryn» diýýär. Şeýlelikde, Katarinanyň ynamly wagyz edişi adamlara täsir edýär.

14. Nakyllar 27:17-ä görä, wagyzçylar biri-birine nädip kömek edip biler?

14 Dogan-uýalardan öwreniň. I asyrda Pawlus Timoteosa ökde mugallym bolmagy öwretdi. Ol Timoteosa dogan-uýalara hem wagyzda ökdeleşmäge kömek etmegi ündedi (1 Kor. 4:17). Bizem Timoteosyň göreldesine eýerip, ökde wagyzçylardan köp zatlary öwrenip bileris (Nakyllar 27:17-ni okaň). Geliň, Şon dogan hakda gürrüň edeliň. Ol obada pioner bolup gulluk edýärdi. Obanyň adamlary: «Meniň öz dinim bar» diýip, hoş habary diňlemeýärdi. Dogana şatlyk bilen wagyz etmäge näme kömek etdi? Ol şeýle gürrüň berýär: «Dogan-uýalar bilen wagza çykanymyzda biri-birimize ökdeleşmäge kömek edýäris. Biz bir öýden beýleki öýe barýarkak, öý eýesiniň näme diýendigi, biziň näme jogap berendigimiz we indiki sapar şeýle ýagdaýda näme etjekdigimiz barada gürrüň edýäris».

15. Wagza gitmezden öň näme üçin Ýehowa doga etmeli?

15 Ýehowa doga-dileg ediň. Her gezek wagza gitmänkäňiz, Ýehowadan görkezme soraň. Mukaddes ruhuň kömegi bilen almajak galaňyz bolmaz (Zeb. 127:1; Luka 11:13). Ýehowa doga edeniňizde, nähili kömegiň gerekdigini açyk aýdyň. Meselem, Ýehowa dileg edip, hoş habary diňlejek akýürekli adamlara duşurmagyny sorap bilersiňiz. Soňra wagyzda duşan her bir adama hoş habary aýdyň.

16. Şahsy okuwyny geçirmek näme üçin wajyp?

16 Şahsy okuw geçiriň. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Hudaýyň ýagşy, halaýan we kämil isleginiň nämedigine düşüniň» (Rim. 12:2). Biz Hudaý barada näçe köp öwrensek, şonça-da ynamly wagyz edip bileris. Ýokarda agzalan Katarina şeýle diýýär: «Öňler men Mukaddes Kitabyň käbir taglymatlaryna doly düşünmeýärdim. Şonuň üçin Ýehowanyň ähli zady ýaradandygy, Mukaddes Kitabyň onuň Sözüdigi we Ýehowanyň guramasynyň bardygy hakda gözleg geçirdim. Men gözleg geçirenimde imanym berkedi we şatlyk bilen wagyz edip başladym».

YHLASLY WAGYZ EDIŇ

17. Isa pygamber näme üçin yhlasly wagyz edýärdi?

17 Adamlar hoş habary diňlemese-de, Isa pygamber yhlasly wagyz edýärdi. Näme üçin? Sebäbi Isa hoş habary entek köp adamlaryň eşitmändigini bilýärdi. Ol Patyşalyk baradaky habary mümkin boldugyndan has köp adamlara wagyz etmek üçin jan edýärdi. Şeýle-de ol hoş habary diňlemedik adamlaryň wagtyň geçmegi bilen seslenjekdigini bilýärdi. Isa ýer ýüzünde üç ýarym ýyl wagyz edende, onuň süýtdeş doganlary iman etmeýärdi (Ýah. 7:5). Ýöne Isa ölümden direlensoň, doganlary onuň şägirdi boldular (Res. 1:14).

18. Biz näme üçin yhlasly wagyz etmeli?

18 Biz hoş habary wagyz edenimizde, kimiň hakykata geljekdigini bilmeýäris. Käbir adamlar köp wagtdan soň, hoş habara seslenýär. Hoş habary diňlemeýän adamlar biziň ýagşy edim-gylymymyzy, yhlasly wagyz edişimizi görüp, ahyry «Hudaýy şöhratlandyrarlar» (1 Pet. 2:12).

19. 1 Korinfliler 3:6, 7-nji aýatlara görä, biz nämä düşünmeli?

19 Biz hakykat tohumyny eksek-de, suwarsak-da, Hudaýyň ösdürýändigine düşünýäris (1 Korinfliler 3:6, 7-nji aýatlary okaň). Efiopiýada ýaşaýan Getahun dogan şeýle gürrüň berýär: «Men 20 ýyldan gowrak ýeke özüm wagyz etdim. Obada menden başga Ýehowanyň Şaýady ýokdy. Häzir bolsa 14 wagyzçy bar. Olaryň 13 sanysy suwa çümdürilen wagyzçy. Suwa çümdürilenleriň arasynda aýalym we üç çagam hem bar. Biziň ýygnagymyza ortaça 32 adam gatnaýar». Getahun dogan yhlasly wagyz edýär. Ol Ýehowanyň akýürekli adamlary guramasyna getirjek gününe sabyrly garaşýar (Ýah. 6:44).

20. Biz haýsy manyda halas edijilere meňzeýäris?

20 Ýehowa her bir adamy gymmatly dürdäne hasaplaýar. Ýehowa bize hormatly iş tabşyrdy. Biz Hudaýyň Ogly Isa bilen eginme-egin işleşip, dünýäniň soňy gelmänkä, halklaryň dürdänelerini ýygnamaly (Hag. 2:7). Biziň wagyz işimizi halas ediş işine meňzetse bolar. Wagyzçylar halas ediş toparyna meňzeýär. Halas edijiler ýertitreme zerarly ýumrulan jaýlaryň astyndan diri galan adamlary gözleýärler. Olaryň diňe käbiri diri adamlary tapsa-da, tutuş topara eden tagallasy üçin minnetdarlyk aýdýarlar. Wagyz işi hakda hem şeýle diýse bolar. Biz Şeýtanyň dünýäsinden näçe adamy halas etjekdigimizi bilmeýäris. Ýehowa islendik wagyzçy arkaly adamlaryň janyny halas edip biler. Boliwiýada ýaşaýan Andreas dogan şeýle diýýär: «Men bir zada göz ýetirdim. Bir adamyň Mukaddes Kitapdan okuw geçip, suwa çümdürilmegi üçin ýygnakdaky ähli dogan-uýalaryň goldawy gerek eken». Geliň, bizem hemişe yhlasly bolalyň! Şonda Ýehowa edýän tagallamyza ak pata berer we şatlyk bilen wagyz ederis.

66-NJY AÝDYM Hoş habary wagyz edeliň

^ par. 5 Adamlar käte hoş habary diňlemeýär ýa-da olary öýünde tapmak kyn bolýar. Şu makalada umydymyzy üzmän, şatlyk bilen wagyz etmäge kömek etjek maslahatlara serederis.

^ par. 7 Wagyzçylar şu makaladaky maslahatlara eýerende, şahsy maglumaty goramak baradaky kanuny berjaý etmeli.

^ par. 60 SURATLAR: Är-aýal öýünde tapdyrmaýan adamlara wagyz edýär. Birinji öýüň eýesi işde. Ikinji öýüň eýesi hassahanada. Üçünji öýüň eýesi söwda merkezinde. Är-aýal birinji öý eýesine agşamara gelip wagyz edýär. Ikinji öý eýesine köpçülik ýerlerinde wagyz edýär. Üçünji öý eýesine jaň edip wagyz edýär.