Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowa özüne wepaly adamlary sylaglaýar

Ýehowa özüne wepaly adamlary sylaglaýar

«Iman we sabyrlylyk bilen wadalary miras alan adamlardan görelde alyň». ÝEW. 6:12

AÝDYMLAR: 25, 54

1, 2. Ýeftah we onuň gyzy nähili synaga uçrady?

GELERMIKÄ ýa gelmezmikä diýip, oýa batyp oturan gyz urşa giden kakasyna garaşyp otyrdy. Birdenkä, ol kakasynyň uruşdan sag-aman gaýdyp gelýändigini görüp, öňünden ylgap çykýar we onuň ýeňiş bilen yzyna dolanandygyna juda begenýär. Gyzynyň aýdym aýdyp we tans edip, ony garşy almagyna garamazdan, kakasy ýakasyny ýyrtyp: «Wah, gyzym, sen meniň bagtymy garaltdyň!» diýip aglaýar. Soňra ol gyzynyň ähli isleg-arzuwyny puja çykaryp, durmuşyny bütinleý özgertjek sözleri aýdýar. Emma gyzy kakasyny Ýehowa beren wadasyny ýerine ýetirmäge höweslendirip, ony ýürekden goldaýar. Sebäbi ol Ýehowanyň oňa diňe ýagşylyk isleýändigini bilýärdi. Onuň sözleri imanynyň berk bolandygyny görkezýär (Ser. 11:34—37). Kakasy gyzyna buýsanç bilen seredýär. Sebäbi ol gelen kararyny gyzynyň höwes bilen goldamagy oňa Ýehowanyň razylygyny gazanmaga kömek etjekdigine düşünýär.

2 Ýeftah we onuň gyzy Hudaýy razy etmek isleýärdi. Şol sebäpli olar hatda kyn bolsa-da, Ýehowanyň islegini berjaý etmegi ýüregine düwdüler. Olar Ýehowanyň razylygyny gazanmak üçin edýän tagallasynyň sylagsyz galmajakdygyna ynanýardylar.

3. Ýeftahyň we onuň gyzynyň göreldesinden näme öwrenýäris?

3 Ýehowa wepaly galmak hemişe aňsat däl. Şol sebäpli biz «iman üçin gaýduwsyz göreş» alyp barmaly (Ýahd. 3). Geliň, Ýeftahyň we onuň gyzynyň kynçylyklara nädip döz gelendiklerine seredeliň. Olar Ýehowa nädip wepaly galdylar?

DÜNÝÄNIŇ TÄSIRINE GARAMAZDAN WEPALY GALYŇ

4, 5. a) Ýehowa ysraýyllylara Wada edilen diýara girende nähili tabşyryk berdi? b) 106-njy mezmura görä ysraýyllylaryň gulak asmazlygy nämä eltdi?

4 Ýeftah we onuň gyzy Ýehowa biwepalyk etmegiň erbetlige eltýändigini bilýärdiler. Meselem, şondan 300 ýyl öň, Hudaý olaryň ata-babalaryna Wada edilen diýarda ýaşaýan butparaz adamlary ýok etmegi tabşyrýar (Kan. tag. 7:1—4). Emma ysraýyllar Hudaýa gulak asman, kenganlylaryň ýalan taňrylaryna sežde edip, ahlaksyzlyga we azgynçylyga baş goşdular (Zebur 106:34—39-njy aýatlary okaň).

5 Ysraýyllylar pitne turzup, Ýehowanyň merhemetinden we goragyndan mahrum boldular (Ser. 2:1—3, 11—15; Zeb. 106:40—43). Şol döwürde ýaşan hudaýhon maşgalalara Ýehowa wepaly galmak nähili kyn bolandyr. Muňa garamazdan, Mukaddes Ýazgylarda Ýeftah bilen onuň gyzynyň Elkana, Hanna hem-de Şamuwel ýaly Ýehowa wepaly bolup, Onuň razylygyny gazanandygy aýdylýar (1 Şam. 1:20—28; 2:26).

6. Şu günler nähili garaýyş giňden ýaýran we biz nädip oňa garşy durup bileris?

6 Bizem gadymy döwürde ýaşan kenganlylar ýaly ahlaksyzlyk, zorluk edýän we maddy zatlary ileri tutýan adamlaryň arasynda ýaşaýarys. Ýehowa ysraýyllylara duýduryşy ýaly, bize-de şeýle zatlardan gaça durmalydygymyzy aýdýar. Ysraýyllylaryň ýalňyşlyklaryndan nähili sapak edinip bileris? (1 Kor. 10:6—11). Biz kenganlylar ýaly pikir etmekden gaça durmaly (Rim. 12:2). Biz Hudaýa wepaly galmak üçin tagalla edýärismi?

LAPYKEÇLIGE GARAMAZDAN WEPALY BOLUŇ

7. a) Ýeftah ildeşleri tarapyndan nähili kynçylyga uçrady? b) Ol özüni nähili alyp bardy?

7 Ýeftahyň günlerinde ýaşan ysraýyllylar Hudaýa gulak asmandyklary üçin, piliştliler we ammonlar olary gul etdiler (Ser. 10:7, 8). Emma Ýeftah diňe bir duşmanlary tarapyndan bolýan kynçylyga uçramady; onuň öz doganlary we Ysraýyl ýolbaşçylary oňa adalatsyz daraşdylar. Doganlary göriplikden we ýigrençden ýaňa ony nowbaharlyk hakyndan mahrum edip kowdular (Ser. 11:1—3). Ýeftah doganlarynyň eden ýamanlygynyň garaýşyna täsir etmegine ýol bermedi. Halkyň ýaşululary ondan kömek soranda, ol ýüz öwürmän, gaýtam, olaryň dadyna ýetişdi (Ser. 11:4—11). Ýeftahy şeýle hereket etmäge näme höweslendirdi?

8, 9. a) Kanundaky haýsy prinsipler Ýeftaha dogry garaýyşda bolmaga kömek etdi? b) Ýeftah nämäni wajyp saýýardy?

8 Ýeftah edermen söweşiji bolsa-da, Hudaýyň halkynyň durmuşynda bolan wakalardan köp zatlary öwrendi. Şol wakalar Ýeftaha Ýehowanyň nazarynda nämäniň dogrudygyna we nädogrudygyna düşünmäge kömek etdi (Ser. 11:12—27). Musanyň kanunyndaky prinsipler Ýeftaha garaýşyny özgertmäge kömek etdi. Ol Ýehowanyň gullukçylarynyň biri-birinden öýke-kine saklaman, gaýtam, birek-biregi söýmelidigini bilýärdi. Sebäbi Kanunda hatda başgalar seni «ýigrense-de», olaryň zerurlyklaryna sowuk-sala garamaly däldigi aýdylýardy (Müsürden çykyş 23:5; Lewiler 19:17, 18-nji aýatlary okaň) *.

9 Wepaly bolmakda gowy görelde galdyran adamlaryň ýene biri Ýusupdy. Doganlary ony «ýigrenseler-de», ol olara rehimdarlyk bildirdi. Onuň göreldesi Ýeftaha täsir eden bolmaly (Gel. çyk. 37:4; 45:4, 5). Şeýle wakalaryň üstünde oýlanmaklyk Ýeftaha Ýehowa ýaraýan işleri etmäge kömek etdi. Doganlarynyň özüni alyp barşy ony gynandyrsa-da, ol Ýehowa we onuň halkyna wepaly gulluk etmegini bes etmedi (Ser. 11:9). Ýeftah Ýehowanyň ady üçin göreş alyp barmagy islendik dawadan wajyp saýýardy. Şol sebäpli ol Ýehowa wepaly galmagy ýüregine düwdi. Bu onuň hem özüne, hem başgalara peýda getirdi (Ýew. 11:32, 33).

10. Bize dogry hereket etmäge näme kömek eder?

10 Bizem Ýeftahyň göreldesine ýürekden eýermek isleýäris. Belki-de, dogan-uýalaryň käbiri biziň göwnümize degendir. Şeýle ýagdaýlarda biz ýygnak duşuşyklaryna barmagy ýa-da Ýehowa gulluk etmegi bes etmeli däl. Geliň, bizem Ýeftah ýaly kyn ýagdaýlarda-da, Hudaýyň kada-kanunlaryna eýereliň! Bu bize erbet pikirlere garşy göreşmäge we gowy görelde galdyrmaga kömek eder (Rim. 12:20, 21; Kol. 3:13).

IMAN BILEN BERLEN GURBAN

11, 12. Ýeftah Ýehowa näme söz berdi we bu nämäni aňladýar?

11 Ýeftah ysraýyllylary diňe Hudaýyň kömegi bilen ammonlardan azat edip biljekdigine düşünýärdi. Şonuň üçin Ýehowa oňa ýeňiş gazanmaga kömek etse, öýüne dolanyp gelende, öňünden ilkinji çykan adamy Oňa «ýakma gurbanlyk» hökmünde berjekdigini söz berýär (Ser. 11:30, 31). Bu gurban nämäni aňladýardy?

12 Ýehowa adamy «ýakma gurbanlyk» hökmünde getirmekligi ýigrenýär. Bu Ýeftahyň göni manyda birini gurban getirmändigini aýan edýär (Kan. tag. 18:9, 10). Musanyň kanunyna görä, Ýehowa ýakma gurbanlygy berlende, ol tutuşlygyna ýakylýardy. Şol sebäpli Ýeftah öňümden ilkinji çykan adamy ýakma gurbanlyk hökmünde berjek diýende, ony Ýehowa doly gulluk etmäge bagyş etjekdigini göz öňünde tutan bolmaly. Bu şol adamyň hemişelik Ýehowanyň çadyrynda gulluk etmelidigini aňladýardy. Ýehowa onuň haýyşyny ýerine ýetirdi we oňa duşmanlaryny derbi-dagyn edip, olaryň üstünden ýeňiş gazanmaga kömek etdi (Ser. 11:32, 33). Onda Ýeftah «ýakma gurbanlyk» hökmünde Hudaýa kimi bermekçi boldy?

13, 14. Serdarlar 11:35-däki sözler Ýeftahyň imany barada nämäni aýan edýär?

13 Geliň, indi makalanyň başynda agzalan waka dolanalyň. Ýeftah söweşden dolanyp gelende, ony garşylamaga eý görýän gyzy çykýar. Indi ol näme eder? Ýeftah gyzyny çadyrda gulluk etmäge ibermelidi. Ol galan ömrüni şol ýerde geçirmelidi. Ýeftah Ýehowa beren sözünde durarmy?

14 Ýeftah bu gezegem Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere eýerip, dogry karara geldi. Belki-de, ol Müsürden çykyş 23:19-daky sözleri ýadyna salandyr. Bu aýatda Hudaýyň gullukçylarynyň Ýehowa iň gowy zadyny bermelidigi aýdylýar. Şeýle-de Kanunda adam bir zady söz beren bolsa, ony hökman ýerine ýetirmelidigi aýdylýar. Sanlar 30:3-de: «Eger bir adam Rebbe wada etse... onda ol beren sözüni bozman, agzy bilen aýdan wadasyny berjaý etsin» diýilýär. Wepaly aýal Hanna Ýeftahyň döwründe ýaşan bolmaly. Hanna ýaly Ýeftah hem beren wadasynyň özüniň hem gyzynyň durmuşyny düýpgöter üýtgetjekdigini bilse-de, ony berjaý etdi. Ýeftahyň başga çagasy ýokdy; gyzy Ysraýylda onuň adyny göterip, neslini dowam etdirjek ýeke-täk perzendidi (Ser. 11:34). Muňa garamazdan, Ýeftah şeýle diýdi: «Men Rebbiň öňünde öz agzym bilen kasam etdim, indi nädip ondan boýun gaçyraýyn» (Ser. 11:35). Ol ýeke-täk perzendinden aýra düşse-de, Ýehowa wepaly galyp, Onuň razylygyny gazandy we pata aldy. Şeýle ýagdaýda siz näme ederdiňiz?

15. Biz Ýehowa näme söz berdik we wepalylygymyzy nädip subut edip bileris?

15 Biz hem özümizi Ýehowa bagyş edenimizde, Onuň islegini hemişe berjaý etjekdigimizi wada berdik. Biz beren sözümize görä ýaşamak üçin jan etmeli. Emma bizden halamaýan zadymyzy etmegi haýyş etseler, wepalylygymyz synalyp biler. Şeýle ýagdaýlarda biz öz islegimizi däl-de, Hudaýyň islegini berjaý etsek, wepalylygymyzy subut ederis. Hudaýa wepaly galmak üçin tagalla etsek, ençeme bereketleriň eýesi bolarys (Mal. 3:10). Ýeftahyň gyzy barada näme diýse bolar?

Biz Ýeftah we onuň gyzy ýaly imanymyzy nädip iş ýüzünde görkezip bileris? (16, 17-nji abzaslara serediň)

16. Ýeftahyň beren wadasyna gyzy nähili garady? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

16 Ýeftahyň beren wadasyny berjaý etmek gyzyna aňsat bolmady. Sebäbi Ýeftahyň beren wadasy Hannanyňkydan tapawutlanýardy. Hanna ogly Şamuweli nazyr edip, çadyrda gulluk etmäge beripdi (1 Şam. 1:11). Nazyr bolan adam öýlenip, maşgala gurup bilýärdi. Emma Ýeftahyň gyzy göçme manyda tutuşlygyna «ýakma gurbanlyk» hökmünde hödürlenipdi; indi ol hiç haçan durmuşa çykyp bilmeýärdi (Ser. 11:37—40). Aslynda, ol ysraýyllaryň serdarynyň we baştutanyň gyzy bolany üçin iň abraýly adamlaryň birine durmuşa çykyp bilerdi. Emma ol indi kiçigöwünlilik bilen çadyrda gulluk etmelidi. Ol muňa nähili garady? Onuň kakasyna aýdan sözleri Ýehowanyň islegini berjaý etmegi durmuşynda birinji orunda goýandygyny görkezýär. Ol: «Kaka, sen Rebbiň öňünde öz agzyň bilen näme kasam eden bolsaň, ýerine ýetiriber» diýdi (Ser. 11:36). Ol hakyky seždäni goldamak üçin durmuşa çykmak we çaga edinmek isleginden ýüz öwürdi. Biz onuň janaýamazlyk ruhundan nädip görelde alyp bileris?

17. a) Ýeftah bilen gyzynyň göreldesine nädip eýerip bileris? b) Ýewreýler 6:10—12-nji aýatlar bizi näme etmäge höweslendirýär?

17 Müňlerçe ýaş mesihçiler hem Ýehowa doly wagtly gulluk etmek üçin durmuş gurmaýarlar ýa-da wagtlaýynça çaga edinmeýärler. Uly ýaşdaky mesihçiler bolsa çagalary hem agtyklary bilen wagt geçirmegiň deregine, gurluşyk işlerine gatnaşýarlar, «Hoş habarçylar mekdebinde» okaýarlar we wagyzçylaryň ýetmeýän ýerlerine göçýärler. Başgalary bolsa Ýatlama agşamy döwründe geçirilýän kampaniýa gatnaşmak üçin käbir zatlardan geçýärler. Ýehowa gullukçylarynyň ýürekden gulluk edýändiklerine örän begenýär we olaryň çekýän zähmetini gymmat saýýar. Hawa, Ýehowa gullukçylarynyň bildirýän söýgüsini hiç haçan unutmaz (Ýewreýler 6:10—12-nji aýatlary okaň). Siz Ýehowa has-da köpräk gulluk etmek üçin nämeden geçip bilersiňiz?

GYMMATLY SAPAK

18, 19. Biz Ýeftah we onuň gyzy bilen bolan wakadan näme öwrenýäris? Biz nädip olaryň göreldesine eýerip bileris?

18 Ýeftah ençeme kynçylyklara duş gelse-de, hemişe Ýehowanyň görkezmesine eýerip karara gelýärdi. Ol dünýäniň täsirine garşy durmagy başardy. Başgalaryň eden işleri onuň ýüregini paralasa-da, ol Hudaýa wepaly galmagy ýüregine düwdi. Ýeftah we onuň gyzy Ýehowa janaýaman gulluk edýärdi. Şol sebäpli Ýehowa olary patalap, hakyky seždäni goldamaklary üçin ýardam etdi. Hatda başga adamlar Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşamasa-da, Ýeftah we gyzy olara berk eýerýärdi.

19 Mukaddes Ýazgylar bizi «iman we sabyrlylyk bilen wadalary miras alan adamlardan görelde almaga» çagyrýar (Ýew. 6:12). Geliň, Ýehowa doly wepaly galan Ýeftah bilen gyzynyň göreldesine eýereliň. Şonda şu sözleriň hakykatdygyna göz ýetireris: Ýehowa özüne wepaly adamlary sylaglaýar.

^ abzas 8 Müsürden çykyş 23:5 Eger seni ýigrenýän biriniň eşeginiň ýük astynda ýatanyny görseň, ony taşlap gitme. Oňa bu ýükden azat bolmaga kömek et. Lewiler 19:17 Ýüregiňde garyndaşyňy ýigrenme, günäsini onuň ýüzüne aýt, ýogsam senem günäkär bolarsyň. 18 Öz halkyňdan öç alma, olaryň hiç biri babatda içiňde kitüw saklama. Gaýtam, ýoldaşyňy-da özüňi söýşüň ýaly söý. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin.