Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Agzala dünýäde bitaraplygy saklaň

Agzala dünýäde bitaraplygy saklaň

«Hudaýyňkyny Hudaýa beriň». MAT. 22:21

AÝDYMLAR: 33, 137

1. Biz hem Hudaýa, hem-de häkimiýetlere nädip tabyn bolup bileris?

MUKADDES ÝAZGYLARDA ynsan hökümetlerine tabyn bolmalydygy aýdylýar. Şeýle-de onda «adama däl-de, Hudaýa gulak asmaly» diýilýär (Res. iş. 5:29; Tit. 3:1). Onda bu sözler biri-birine garşy gelýärmi? Elbetde, ýok! Isa: «Patyşanyňkyny patyşa, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi (Mat. 22:21) 1. Onuň sözleri bize tabyn bolmak babatdaky prinsipe dogry düşünmäge we oňa eýermäge kömek edýär. Biz häkimiýetleriň çykarýan kanunlaryna gulak asmak, ýolbaşçylara hormat goýmak we salgytlary tölemek bilen olara tabyn bolýarys (Rim. 13:7). Emma hökümet işgärleri bizden Hudaýyň islegine garşy gelýän zady talap etseler, olara boýun bolup bilmeýändigimizi sypaýyçylyk bilen düşündirmeli.

2. Dünýäniň syýasy işlerine goşulmaýandygymyzy nädip görkezip bileris?

2 Biz syýasy meselelerde bitaraplygy saklap, Hudaýyňkyny Hudaýa berýäris (Iş. 2:4). Emma biz häkimiýetlere garşy çykmaly däl, çünki Ýehowa olara höküm sürmäge ýol berýär. Ýöne biz milletparazlykdan we watanyňy söýmekden gaça durmaly (Rim. 13:1, 2). Şeýle-de saýlawlara gatnaşmak, dalaşgär bolmak ýa-da häkimiýetlere garşy çykmak ýaly syýasy işlere goşulmakdan ägä bolmaly.

3. Biz näme üçin bitaraplygy saklamaly?

3 Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň bitaraplygy saklamagy näme üçin talap edýändiginiň birnäçe sebäpleri aýdylýar. Meselem, biz Isa Mesihiň «dünýäden bolmaň» diýen tabşyrygyna eýerip, syýasy işlere we uruşlara goşulmaýarys (Ýah. 6:15; 17:16). Biz Hudaýyň Patyşalygynyň raýatydygymyz üçin bitaraplygymyzy saklamaly. Biz adamzat kynçylyklaryny diňe Hudaýyň Patyşalygynyň çözjekdigi hakda wagyz edip, ynsabymyzy arassa saklap bileris. Ýalan diniň tarapdarlary syýasata goşulmak bilen, aralarynda bölünişik döredýärler. Emma hak Hudaýyň gullukçylary bitaraplygyny saklap, bütindünýä doganlyk söýgüsini berkidýärler (1 Pet. 2:17).

4. a) Bitaraplygy saklamagyň has-da kyn boljakdygyny nireden bilýäris? b) Näme üçin bitaraplygy saklamaga häzirden taýyn bolmaly?

4 Belki-de, ýaşaýan ýerimizde syýasat hakyky seždä täsir edýän däldir. Şeýle-de Şeýtanyň zalym dünýäsiniň soňy golaýlap gelýändigi üçin bitaraplygy saklamak has-da kyn bolmagy mümkin. Emma bu dünýä «eglişik etmeýän» we «kesir» adamlardan doly bolandygy üçin agzalalyk hem bölünişik gitdigiçe köpelýär (2 Tim. 3:3, 4). Meselem, käbir ýurtlarda syýasy ýagdaýlaryň birden üýtgändigi sebäpli, şol ýurtlarda ýaşaýan dogan-uýalar bitaraplygyny saklamak üçin göreşmeli boldular. Siz bitaraplygy saklamaga häzirden taýyn bolmagyň näme üçin wajypdygyna göz ýetirdiňizmi? Eger biz kynçylyklar ýüze çykýança garaşsak, bitaraplygy saklap bilmeris. Şu agzala dünýäde bize bitaraplygy saklamaga näme kömek eder? Geliň, bu babatda berilýän dört maslahata seredeliň.

HÄKIMIÝETLERE ÝEHOWANYŇ GARAÝŞY ÝALY GARAŇ

5. Ýehowa häkimiýetlere nähili garaýar?

5 Birinjiden, syýasy guramalara Ýehowanyň garaýşy ýaly garamaly. Käbir hökümetler adalatly hereket edýän ýaly bolup görünse-de, Ýehowanyň niýetine görä adamlar biri-biriniň üstünden agalyk etmeli däldi (Ýer. 10:23). Adamlaryň döreden häkimiýeti milletparazlygyň we maşgalada agzalalygyň döremegine getirdi. Hatda iň gowy hökümdar hem adamlaryň ähli kynçylyklaryny çözüp bilmeýär. 1914-nji ýyldan bäri ynsan hökümetleri Hudaýyň Patyşalygyna garşy çykýar. Emma tizden olar Hudaýyň hökümine sezewar bolup, hemişelik ýok ediler (Zebur 2:2, 7—9-njy aýatlary okaň).

6. Biz ynsan hökümetlerine nähili garamaly?

6 Hudaý syýasy guramalaryň bolmagyna ýol berýär, sebäbi olar tertip-düzgüniň bolmagyna ýardam edýär. Bu bolsa bize Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmäge mümkinçilik döredýär (Rim. 13:3, 4). Hatda Hudaý bize ýolbaşçylar üçin doga etmegi hem tabşyrdy, sebäbi olaryň gelýän karary biziň seždämize täsir edýär (1 Tim. 2:1, 2). Biz hem Pawlus resul ýaly, adalatly karar çykarmaklary üçin käte olara ýüz tutýarys (Res. iş. 25:11). Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň duşmany bolan Şeýtanyň syýasy guramalara ýolbaşçylyk edýändigi aýdylýar. Emma bu onuň her bir ýolbaşça ýa-da hökümet işgärine aýratyn görkezme berýändigini aňlatmaýar (Luka 4:5, 6). Şol sebäpli biz syýasy guramalaryň ählisine Iblis ýolbaşçylyk edýär diýip pikir etmeli däl. Biz «hökümetlere we häkimiýetlere» garşy «göwne degiji sözleri» aýtmaýarys (Tit. 3:1, 2).

7. Biz nähili garaýyşdan gaça durmaly?

7 Biz öz bähbidimizi gözläp, bir ýolbaşçyny, syýasy ýa-da başga guramany beýlekiden hiç haçan ýokary tutmaýarys. Gaýtam, Hudaýa boýun bolýarys. Emma şeýle ýagdaýda bitaraplygy saklamak kyn bolup biler. Adamlar zalym hökümdara garşy pitne turzanlarynda, Hudaýyň halky hem ejir çekýär. Elbetde, biz pitnä goşulmarys. Ýöne pikirimizde olaryň garaýşyny goldarysmy? (Efes. 2:2). Biz diňe bir sözde we iş ýüzünde däl, eýsem, pikirimizde-de bitaraplygy saklamaly.

«SERESAP» WE «SADA BOLUŇ»

8. Bitaraplygy saklamak kyn bolanda nädip «seresap» we «sada» bolup bileris?

8 Ikinjiden, kynçylyga uçranyňda «ýylanlar ýaly seresap we kepderiler ýaly sada boluň» diýen maslahata eýermeli (Matta 10:16, 17-nji aýatlary okaň). Biz kynçylyklara öňünden taýýarlansak, seresap hereket edýändigimizi görkezeris. Şeýle-de «sada bolsak», bitaraplygy saklamaga päsgel berýän zatlardan gaça durup bileris. Geliň, bolup biläýjek käbir kynçylyklara we olar bilen nädip göreşip biljekdigimize seredeliň.

9. Adamlar bilen gürrüňdeş bolanymyzda nämeden seresap bolmaly?

9 Gürrüňdeşlik. Biz, esasan-da, syýasy meselelere goşulmakdan seresap bolmaly. Meselem, Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edenimizde, syýasy guramalary, olaryň ýolbaşçylaryny şöhratlandyrmakdan ýa-da tankytlamakdan gaça durmaly. Munuň deregine, adamyň ünsüni häzirki kynçylyklaryň birine çekip bilersiňiz. Soňra Mukaddes Ýazgylar arkaly Hudaýyň hökümdarlygynyň kynçylyklary bütinleý we hemişelik ýok etjekdigine düşünmäge kömek ediň. Şeýle-de bir jynsdaky adamlaryň nikalaşmagy ýa-da çaga aýyrtmak ýaly zatlar hakda gürrüň edilende, Hudaýyň kada-kanunlarynyň bizi nädip goraýandygyny we olara gündelik durmuşda nädip eýerip bolýandygyny düşündiriň. Emma bu zatlar barada gürrüň edeniňizde syýasat bilen bagly gürrüňlerden gaça durup, doly bitaraplygy saklaň. Biz hökümetleriň ýola goýan, täzelän ýa-da üýtgeden kanunlaryny berjaý etmekde öz garaýşymyzy öňe sürüp, başgalaryň gelýän kararyna täsir etmek islemeýäris.

10. Syýasat bilen bagly zatlary okanymyzda ýa-da görenimizde nädip bitaraplygy saklap bileris?

10 Habar beriş serişdeleri. Köplenç täzeliklerde habarlar ýoýulyp ýa-da ulaldylyp aýdylýar. Habar beriş serişdeleri syýasy guramalaryň esasy guraly bolup durýar. Meselem, käbir ýurtlarda habar beriş serişdelerine hökümet gözegçilik edýär. Şol sebäpli täzeliklerdäki habarlar ýoýulyp aýdylýar. Şeýle ýurtlarda ýaşaýan dogan-uýalar habarçynyň aýdýan zatlaryna ynanmakdan seresap bolmaly. Özüňize şeýle soraglary beriň: «Men bu habarçyny diňlemegi halaýarynmy? Onuň aýdýan zatlaryny goldaýarynmy?» Eger şeýle bolsa, onda aýdylýan zatlaryň dogrudygyny ýa nädogrudygyny anyklajak boluň. Biz, esasan-da, syýasat bilen bagly zatlary okamaga we görmäge näçe wagt sarp edýändigimize ünsli bolmaly. Şeýle-de olaryň Mukaddes Ýazgylardaky «sagdyn sözlere» garşy gelmeýändigini barlamaly (2 Tim. 1:13).

11. Maddy zatlar bitaraplygymyza nähili täsir edip biler?

11 Maddy zatlar. Eger biz öz emlägimizi wajyp hasaplasak, synaga düşenimizde bitaraplygy saklap bilmeris. 1970-nji ýyllarda yzarlanmalara sezewar bolan dogan-uýalar hem şeýle ýagdaýa düşüpdi. Bu zatlary öz gözi bilen gören malawili Rut uýa şeýle ýatlaýar: «Olara öz eşretli ýaşaýşyny goýup gitmek kyn boldy. Hatda olar biziň bilen bile ýurdy taşlap gitseler-de, wagtyň geçmegi bilen syýasy gurama goşulyp, öýüne dolandylar. Çünki olar horluk çekip, gaçgaklaryň lagerinde ýaşaslary gelmeýärdi». Emma Hudaýyň halkynyň köpüsi ähli zadyny ýitirendigine we ykdysady kynçylyklara garamazdan, bitaraplygyny sakladylar (Ýew. 10:34).

12, 13. a) Ýehowa adamlara nähili garaýar? b) Biz milletimize buýsanmakdan näme üçin ägä bolmaly?

12 Buýsanç. Köplenç adamlar öz milletine, medeniýetine, şäherine ýa-da halkyna buýsanýarlar. Emma biz bu zatlaryň Ýehowanyň garaýşyna laýyk gelmeýändigini bilýäris. Elbetde, Ýehowa biziň medeniýetimizden ýüz öwürmegimizi islemeýär. Aslynda, dürli-dürli medeniýetleriň bolmagy ynsan maşgalasynyň biri-birinden tapawutlanýandygyny görkezýär. Emma biz Hudaýyň nazarynda ähli adamlaryň deň derejededigini unutmaly däl (Rim. 10:12).

13 Eger biz milletimize bolan buýsanjyň ýüregimizde kök urmagyna ýol bersek, bitaraplygy saklap bilmeris. Hatda mesihçilerem bu duzaga düşüp biler. Meselem, I asyrda ýaşan mesihçiler hem milletparazlygyň toruna düşdüler. Bu olaryň aralarynda agzalalygyň bolmagyna getirdi (Res. iş. 6:1). Şeýle nädogry garaýyş biziň ýüregimizde kök ursa näme? Aýdaly, daşary ýurtly dogan ýa uýa size maslahat berýär. Şonda siz: «Muny özümiz has gowy ederis» diýip, maslahatdan ýüz öwrersiňizmi? Şeýle etmegiň deregine, geliň, Hudaýyň Sözündäki: «Başgalary özüňizden ýokary saýyň» diýen maslahata eýereliň (Flp. 2:3).

ÝEHOWADAN KÖMEK SORAŇ

14. Mukaddes Ýazgylardaky haýsy waka doga etmegiň wajypdygyny görkezýär?

14 Üçünjiden, Ýehowadan kömek soraň. Munuň üçin mukaddes ruh barada doga ediň. Ol size adalatsyz ýa-da parahor häkimiýetler bilen iş salşanyňyzda, sabyrly we çydamly bolmaga ýardam eder. Şeýle-de Ýehowadan akyldarlyk soraň. Bu size haýsy ýagdaýlarda bitaraplygy saklamalydygyna düşünmäge kömek eder (Ýak. 1:5). Eger sizi tussag eden ýa-da başga bir jeza beren bolsalar, hakyky seždäniň tarapyny tutup biler ýaly, imanyňyzy berkitmek barada doga ediň. Şonda siz synaglara batyrgaýlyk we çydamlylyk bilen döz gelip bilersiňiz (Resullaryň işleri 4:27—31-nji aýatlary okaň).

15. Mukaddes Ýazgylar bitaraplygy saklamaga nädip kömek edýär? («Hudaýyň Sözi olary berkitdi» diýen çarçuwa serediň).

15 Ýehowa sizi öz Sözi arkaly berkider. Synaga düşeniňizde haýsy aýatlaryň bitaraplygy saklamaga kömek etjekdigi barada oýlanyň. Şol aýatlary ýatda saklajak boluň. Bu size Mukaddes Ýazgylar ýanyňyzda bolmasa-da, çydamly bolmaga ýardam eder. Şeýle-de Hudaýyň Sözi Patyşalygyň bereketlerine bolan umydyňyzy berkider. Bu umyt size synaglarda çydamly bolmaga kömek eder (Rim. 8:25). Şonuň üçin umyt edýän zatlaryňyz barada oýlanyň we olary Jennetde aljakdygyňyzy göz öňüne getiriň.

AÝYPSYZLYGYNY SAKLAN ADAMLARDAN GÖRELDE ALYŇ

16, 17. Bitaraplygyny saklan Hudaýyň wepaly gullukçylaryndan näme öwrenip bileris? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

16 Dördünjiden, Ýehowanyň wepaly gullukçylaryndan görelde alyň. Olaryň göreldesi bizi berkidip, synaglarda paýhasly we çydamly bolmaga ýardam eder. Meselem, Şadrak, Meýşak we Abednego Wawilon imperiýasynyň patyşasynyň ýasan heýkeline sežde etmediler (Danyýel 3:16—18-nji aýatlary okaň) *. Şu günlerem köp dogan-uýalar olaryň batyrgaýlygy barada okap, ýaşaýan ýurdunyň milli baýdagyna tagzym etmekden mertlik bilen ýüz öwürýärler. Isa-da dünýäniň milletara we syýasy dawalaryna goşulmandy. Isa öz göreldesiniň başgalara gowy täsir edip biljekdigini bilýärdi. Şonuň üçin ol şägirtlerine: «Mert boluň! Men dünýäni ýeňendirin» diýdi (Ýah. 16:33).

17 Şu günlerem ençeme dogan-uýalar bitaraplygyny saklaýarlar. Käbirleri imany üçin urulýar, türmä basylýar, hatda öldürilýär. Türkiýeli Baryş dogan dogan-uýalaryň göreldesiniň özüne kömek edendigini ýatlap, şeýle diýýär: «Frans Raýter atly ýaş dogan Gitleriň goşunynda gulluk etmekden boýun gaçyrýar. Şol sebäpli oňa ölüm jezasy berilýär. Onuň ölmeziniň öň ýanyndaky gije ejesine ýazan haty imanynyň berk bolandygyny we Ýehowa doly bil baglandygyny görkezýär. Men hem synaga uçranymda onuň göreldesine eýermek isleýärin» 2.

18, 19. a) Ýygnakdaky dogan-uýalar sizi nädip goldap biler? b) Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?

18 Ýygnagyňyzdaky dogan-uýalar hem sizi goldap bilerler. Bitaraplyk babatda synaga uçranyňyzda, ýaşululardan kömek soraň. Bu ruhy taýdan berk doganlar Mukaddes Ýazgylar esasynda size maslahat berip, dogry karara gelmäge kömek eder. Şeýle-de ýygnagyň beýleki agzalaryndan kömek sorasaňyz, size batyrgaý bolmaga ýardam ederler. Olardan siziň üçin daga etmegi haýyş ediň. Eger dogan-uýalaryň bizi goldamagyny we biziň üçin doga etmeklerini isleýän bolsak, onda bizem olar üçin doga etmeli dälmi näme?! (Mat. 7:12). Bu babatda size jw.org saýtymyzdaky «Imany üçin türmä basylan Ýehowanyň Şaýatlary — ýurtlary» (rus.) diýen makala kömek eder. Ony saýtymyzdaky TÄZELIKLER > ÝURIDIKI MESELELER diýen bölümden tapyp bilersiňiz. Şeýle-de onda imany üçin türmä basylan dogan-uýalaryň sanawy bar. Dogan-uýalaryň atlarynyň käbirini saýlap, batyrgaýlyk bilen aýypsyzlygyny saklap biler ýaly, olar üçin doga ediň (Efes. 6:18—20).

19 Ynsan hökümetleriniň soňunyň golaýlap gelýändigi sebäpli, biz Ýehowa we Onuň Patyşalygyna garşy çyksalar-da, wepaly galmak üçin jan etmeli. Geliň, bu agzala dünýäde bitaraplygy saklamagy berk ýüregimize düweliň.

^ 1) (1-nji abzas). Bu aýatda Isa şol döwürde ýokary derejäni eýelän Rim hökümdary Sezaryň titulyny ulandy.

^ 2) (17-nji abzas). «Ýehowanyň Şaýatlary — Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýärler» (rus.) atly kitaba (sah. 662) we «Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!» atly kitabyndaky «Ol Hudaýy şöhratlandyryp öldi» (sah. 150) diýen çarçuwa serediň.