Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Biz ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmagy näme üçin wajyp hasaplaýarys?

Biz ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmagy näme üçin wajyp hasaplaýarys?

«Ýygnaklara sowuk-sala garamalyň, gaýtam, bir-birimizi ruhlandyralyň». ÝEW. 10:25

AÝDYMLAR: 20, 22

1—3. a) Mesihçileriň ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmagy wajyp hasaplaýandygy nämeden görünýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Bu makalada biz näme barada gürrüň ederis?

KORINNA 17 ýaşyndaka, onuň ejesini tussag edip, Sowet Soýuzynyň zähmet lagerine ugradýarlar. Biraz wagtdan onuň özüni hem öýünden müňlerçe kilometr uzaklykda ýerleşýän Sibire sürgün edýärler. Ol ýerde oňa gul hökmünde garaýardylar we käte aýazly howada mejbury işledýärdiler. Onuň hatda gyş geýimi hem ýokdy. Şeýle ýowuz kynçylyklara garamazdan, Korinna bilen bir uýa ýygnak duşuşyklaryndan galmazlygy berk ýüregine düwýärler.

2 Korinna şeýle ýatlaýar: «Bir gezek biz işden soň, demirýol menziline çenli 25 km pyýada ýöredik. Ýarygije sagat ikide otla mündük we 6 sagatlap otluda ýöredik. Soňra duşuşyk geçirilýän ýere barmak üçin pyýadalap ýene-de 10 km ýol geçdik». Bu şeýle tagalla edeniňe degýärdimi? Korinna sözüni şeýle dowam edýär: «Biz ýygnakda „Garawul diňini“ öwrenýärdik we Patyşalyk aýdymlaryny aýdýardyk. Bu bizi ruhlandyryp, imanymyzy berkidýärdi». Uýalar üç günden soň yzyna gaýdyp gelýär. Emma gözegçi olaryň ýokdugyny hem bilmändir.

3 Ýehowanyň gullukçylary bilelikde ýygnanyşmagy hemişe gymmat saýýardylar. Mesihçiler ýygnagy döränden soň, Isanyň şägirtleri bilelikde ýygnanyşmagy dowam edýärdiler (Res. iş. 2:42). Elbetde, siz hem ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmagy wajyp hasaplaýansyňyz. Emma iş, gündelik aladalar ýa-da ýadawlyk sebäpli muny etmek kyn bolýar. Dogan-uýalaryň köpüsi şeýle kynçylyklar bilen göreşýärler. Kynçylyklara garamazdan, ýygnaga yzygiderli barmaga bizi näme höweslendirýär?  1 Biz okuw geçýän adamlarymyza we gyzyklanýanlara duşuşyklara gatnaşmagyň wajypdygyna düşünmäge nädip kömek edip bileris? Biz şu makalada duşuşyklara gatnaşmagyň wajypdygynyň 8 sebäbine serederis. Şeýle-de şu soragyň jogabyny bileris: Duşuşyklara gatnaşmaklyk özümize, dogan-uýalara we Ýehowa nähili täsir edýär? 2

BIZE BERÝÄN PEÝDASY

4. Ýygnak duşuşyklary bize Ýehowany has gowy tanamaga nädip kömek edýär?

4 Hudaýyň Sözüne esaslanan bilim alýarys. Her hepde geçirilýän ýygnak duşuşyklary bize Ýehowany has gowy tanamaga kömek edýär. Meselem, birnäçe ýyl mundan öň ýygnakda «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» atly kitap geçildi. Eýsem, Hudaýyň häsiýetleri barada bilmek, dogan-uýalaryň ýürekden berýän jogaplaryny diňlemek siziň gökdäki Ataňyza bolan söýgiňizi has-da artdyrmadymy? Şeýle-de biz taýýarlanan nutuklary, sahnalary ünsli diňläp we Mukaddes Ýazgylary meýilnama boýunça okap, Hudaýyň Sözüne has-da gowy düşünýäris (Neh. 8:8). Meselem, biz her hepde ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanyp we peýdaly pikirleri diňläp, ençeme ruhy dürdäneleri tapýarys.

5. Duşuşyklar bize Hudaýyň Sözünden öwrenen zatlarymyza eýermäge we wagyzda ökdeleşmäge nädip kömek edýär?

5 Duşuşyklarda biz durmuşyň ähli ýagdaýlarynda Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýermegi öwrenýäris (1 Sel. 4:9, 10). «Garawul diňi» žurnalyndaky makalalar Hudaýyň halkynyň zerurlyklaryna görä taýýarlanylýar. «Garawul diňi» duşuşyklary size öňüňizde goýan maksatlaryňyza ýetmäge, imandaşlaryňyza geçirimli bolmaga we dogalaryňyzyň hilini gowulandyrmaga kömek etmeýärmi? Hepdäniň başynda geçirilýän duşuşyklar bize wagyzda ökdeleşmäge kömek edýär. Bu duşuşyklarda biz hoş habary wagyz etmegi we Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerini has gowy düşündirmegi öwrenýäris (Mat. 28:19, 20).

6. Duşuşyklar bizi nädip ruhlandyrýar we berkidýär?

6 Ruhlanýarys. Bu dünýä bizi beden, duýgy we ruhy taýdan gowşadýar. Emma ýygnak duşuşyklary bizi ruhlandyryp berkidýär (Resullaryň işleri 15:30—32-nji aýatlary okaň). Duşuşyklaryň köpüsinde Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleriň ýerine ýetişi barada öwrenýäris. Bu Ýehowanyň wadalarynyň gelejekde hökman berjaý boljakdygyna ynamymyzy artdyrýar. Şeýle-de bizi doganlaryň çykyşlary ruhlandyrýar. Imandaşlarymyzyň berýän jogaplary we ýürekden aýdýan Patyşalyk aýdymlary biziň imanymyzy berkidýär (1 Kor. 14:26). Biz duşuşykdan öň hem-de soň dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolup, olar bilen dostlaşýarys we ruhlanýarys (1 Kor. 16:17, 18).

7. Ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmak näme üçin wajyp?

7 Mukaddes ruhy alýarys. Isa Mesih: «Goý, gulagy bar adam mukaddes ruhuň ýygnaklara näme diýýändigini eşitsin» diýdi (Ylh. 2:7). Isa mukaddes ruh arkaly mesihçiler ýygnagyna ýolbaşçylyk edýär. Mukaddes ruh bize ten höweslerimize garşy göreşmäge, yhlasly wagyz etmäge we paýhasly karara gelmäge kömek edýär. Ine şol sebäpli-de biz ýygnak duşuşyklaryna yzygider gatnaşmagy wajyp hasaplaýarys.

DOGAN-UÝALARA NÄHILI TÄSIR EDÝÄR?

8. Biziň duşuşyklara gatnaşmagymyz, berýän jogaplarymyz we aýdýan aýdymlarymyz imandaşlarymyza nähili täsir edýär? (Şeýle-de «Ol duşuşykdan soň özüni hemişe gowy duýýar» diýen çarçuwa serediň).

8 Dogan-uýalara söýgimizi bildirýäris. Ýygnakdaky dogan-uýalaryň duş gelýän kynçylyklary barada oýlanyp göreliň. Pawlus resul: «Geliň, bir-birimize ünsli bolalyň» diýip ýazdy. Biz muny nädip edip bileris? Pawlus şeýle diýdi: «Ýygnaklara sowuk-sala garamalyň» (Ýew. 10:24, 25). Biz ýygnak duşuşyklaryna barsak, dogan-uýalar üçin wagtymyzy gaýgyrmaýandygymyzy we olara ünsli bolup, aladasyny edýändigimizi görkezeris. Biziň ýürekden berýän jogaplarymyz we aýdýan aýdymlarymyz imandaşlarymyzy ruhlandyrýandygyny unutmalyň (Kol. 3:16).

9, 10. a) Isanyň Ýahýa 10:16-da aýdan sözlerine görä duşuşyklara barmagyň näme üçin wajypdygyny düşündiriň. b) Biz maşgala agzalary mesihçi bolmadyk imandaşlarymyza nädip kömek edip bileris?

9 Imandaşlarymyz bilen agzybir bolmaga ýardam edýär (Ýahýa 10:16-ny okaň). Isa özüni çopana, şägirtlerini bolsa goýun sürüsine meňzetdi. Göz öňüne getiriň, eger iki goýun düzde, ikisi jülgede we ýene biri başga ýerde otlap ýören bolsa, bu bäş goýna bir süri diýip bolarmy? Elbetde, ýok! Aslynda, goýunlar çopanyň goragy astynda bolar ýaly bir ýerde bolmaly. Şonuň ýaly bizem bilgeşleýin sürüden daşlaşsak, Çopanymyzyň yzyna eýerip bilmeris. Biz «bir çopanyň» goragyndaky «bir sürä» degişli bolmak üçin ýygnak duşuşyklaryndan galmaly däl.

10 Biz ýygnak duşuşyklaryna barmak bilen, bütindünýä doganlygymyzyň agzybirligine goşant goşýarys (Zeb. 133:1). Käbir imandaşlarymyza ata-enesi we dogan-garyndaşlary garşylyk görkezýärler. Emma Isa olara söýgi bilen aladasyny etjek ruhy maşgalasynyň boljakdygyny wada berdi (Mar. 10:29, 30). Biz ýygnak duşuşyklaryna yzygider gatnaşsak, şeýle kynçylyklara duş gelýän imandaşlarymyza ata, ene, dogan ýa-da uýa bolarys. Eýsem, bu bizi duşuşyklaryň ählisine barmak üçin elimizde baryny etmäge höweslendirmeýärmi?!

ÝEHOWA NÄHILI TÄSIR EDÝÄR?

11. Biz duşuşyklara barmak bilen Ýehowa nädip iň gowy zadymyzy berýäris?

11 Ýehowa iň gowy zadymyzy berýäris. Ýehowa biziň Ýaradyjymyz hökmünde alkyşa, şöhrata, minnetdarlyga we hormata mynasypdyr (Ylham 7:12-ni okaň). Biz ýygnak duşuşyklarynda doga edip, Patyşalyk aýdymlaryny aýdyp we Ýehowa barada gürrüňdeş bolup, Oňa iň gowy zadymyzy berýäris. Biziň üçin köp ýagşy zatlary eden Hudaýa her bir mümkinçilikden peýdalanyp hormat goýýarys.

12. Ýygnak duşuşyklary babatda berlen görkezmä eýermesek Ýehowa nähili täsir eder?

12 Ýehowa biziň gulak asmagymyza mynasyp. Ol bize, esasanam, şu soňky günlerde ýygnak duşuşyklaryndan galmazlygy tabşyrdy. Biz Ýehowanyň bu tabşyrygyna ýürekden tabyn bolsak, Onuň göwnünden turarys (1 Ýah. 3:22). Ol biziň her gezek duşuşyga barmak üçin edýän tagallamyzy görýär we gymmat saýýar (Ýew. 6:10).

13, 14. Ýygnak duşuşyklary bize Ýehowa we Isa ýakynlaşmaga nädip kömek edýär?

13 Ýehowa we onuň Ogluna ýakynlaşmak isleýändigimizi görkezýäris. Duşuşyklarda Beýik Ýaradyjymyz öz Sözi arkaly bize görkezme berýär (Iş. 30:20, 21). Hatda iman etmeýän adamlar hem biziň duşuşyklarymyza gelende: «Hudaý, hakykatdan-da, siziň bilendir» diýýärler (1 Kor. 14:23—25). Biz duşuşyklarda Ýehowanyň mukaddes ruhuny we Mukaddes Ýazgylara esaslanan bilim alýarys. Biz şonda Ýehowanyň sesini eşidýäris we söýgi bilen aladamyzy edýändigini duýýarys. Bu bolsa bizi Oňa has-da ýakynlaşdyrýar.

14 Isa: «Iki ýa-da üç adam meniň adym üçin islendik ýerde ýygnanyşsa, men olar bilen bile bolaryn» diýdi (Mat. 18:20). Ol şeýle diýmek bilen, bizi duşuşyklara barmaga höweslendirýär. Ýygnagyň başy bolan Isa Mesih Hudaýyň halkynyň ýygnaklarynyň «arasynda gezýär» (Ylh. 1:20—2:1). Hawa, Ýehowa bilen Isa ýygnaklar arkaly bizi berkidýärler. Ýehowa biziň Özüne we Ogluna ýakynlaşmak üçin edýän tagallamyzy görende, nähili duýgulary başdan geçirýändigi hakda oýlanyp görüň!

15. Hudaýa gulak asmak isleýändigimizi nädip görkezip bileris?

15 Hudaýyň Hökümdarlygyny goldaýandygymyzy görkezýäris. Ýehowa bize duşuşyklara barmagy tabşyrýar, ýöne ol bizi mejbur etmeýär (Iş. 43:23). Biz bu tabşyryga eýersek, Ýehowany ýürekden söýüp, tabşyryklaryny berjaý edýändigimizi görkezeris (Rim. 6:17). Aýdaly, başlygymyz bizden köpräk işlemegi talap edýär. Bu bize ýygnaga yzygider barmaga päsgel berýär. Ýa-da bilelikde ýygnanyşýandygymyz üçin hökümet işgärleri bizi yzarlap, jerime salýandyr, ýa türmä basýandyr. Şeýle ýagdaýlarda biz kime gulluk etjekdigimizi saýlamaly bolýarys (Res. iş. 5:29). Eger biz Ýehowanyň hökümdarlygyny goldasak, Onuň ýüregini şatlandyrarys (Sül. tym. 27:11).

ÝYGNAKDAN GALMAZLYGY BERK ÝÜREGIŇIZE DÜWÜŇ

16, 17. a) I asyrda ýaşan mesihçileriň duşuşyklary gymmat saýandyklaryny nireden bilýäris? b) Jorj Gangas dogan ýygnak duşuşyklary babatda näme diýdi?

16 B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Hudaýyň täsin gudratyny gören mesihçiler yzygider ýygnanyşyp, «resullardan bilim almaklaryny dowam edýärdiler» (Res. iş. 2:42). Grek dilinden terjime edilen «dowam edýärdiler» diýen jümle çydamly bolmagy, tagalla etmegi we ýan bermezligi aňladýar. Şol döwürde ýaşan mesihçilere bilelikde ýygnanyşmak kyn bolýardy, çünki olar Rimiň gol astyndadylar we ýehudy dini ýolbaşçylar tarapyndan yzarlanýardylar. Muňa garamazdan, olar synaglarda berk durdular.

17 Ýehowanyň häzirki gullukçylary hem ýygnagy gymmat saýýandyklaryny görkezýärler. 22 ýyl Ýolbaşçylyk Maslahatynyň agzasy bolup gulluk eden Jorj Gangas dogan şeýle belleýär: «Dogan-uýalar bilen ýygnakda bile bolmak bu meniň durmuşymda iň ruhlandyryjy we şatlyk beriji pursatlaryň biridir. Şol sebäpli men Patyşalyk zalyna mümkin boldugyndan irräk barmagy we gijiräk gaýtmagy gowy görýärin. Hudaýyň halky bilen gürrüňdeş bolanymda ýüregim şatlykdan dolýar. Olaryň ýanynda özümi ruhy jennetde, ýagny maşgalamyň arasynda ýaly duýýaryn». Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Hemişe demirgazygy görkezýän kompos ýaly, meniňem duşuşyklara gatnaşmak islegim örän güýçli. Şol sebäpli men ýygnaga yzygider gatnaşmak üçin elimde baryny edýärin».

18. Siz ýygnaklara barmaga nähili garaýarsyňyz we näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?

18 Sizem Ýehowa sežde etmek üçin duşuşyklara baranyňyzda şeýle duýgulary başdan geçirýärsiňizmi? Onda çydamly bolup, duşuşyklara yzygider gatnaşmak islegiňizi ösdüriň. Şonda siz Dawut patyşa ýaly ynam bilen: «Ýa Reb, men Seniň ýaşaýan öýüňi, Seniň şöhratyň mesgen tutýan ýerini söýýärin» diýip bilersiňiz (Zeb. 26:8).

^ 1) (3-nji abzas). Käbir dogan-uýalar keselçilik sebäpli duşuşyklara yzygiderli gatnaşyp bilmeýärler. Ýehowa olaryň ýagdaýyna düşünýär we olaryň ýürekden edýän seždesini gymmat saýýar. Ýaşulular şeýle dogan-uýalara kömek etmek üçin, geçirilýän ruhy çäreleriň ýazgysyny ýazdyryp, getirip biler ýa-da ony telefon arkaly diňlemäge mümkinçilik döredip biler.

^ 2) (3-nji abzas). «Duşuşyklara gatnaşmagyň sebäpleri» diýen çarçuwa serediň.