Okyjylaryň sowallary
Hudaý mesh edilen mesihçileriň her birine nähili «girew» berdi we «möhür» basdy? (2 Kor. 1:21, 22).
Girew. Bir sözlüge görä, girew sözi «karzyna alnan zadyň deregine berilýän haryt, pul we şuňa meňzeş zatlary» aňladýar. 2 Korinfliler 1:22-de agzalýan grek dilinden terjime edilen «girew» sözi «ýuridiki we söwda-satyk işleri» bilen bagly ulanylyp, öňünden berilýän tölegi aňladýar. Bu adamyň goýan girewiniň ýerine berilmeli zady almaga hukugynyň bardygyny we baglaşylan şertnamanyň güýje girendigini görkezýär. 2 Korinfliler 5:1—5-nji aýatlarda mesh edilen mesihçileriň çüýremeýän bedeni, ýagny gökde ýaşamak sylagyny aljakdygy aýdylýar. Şol sebäpli bu söz mesh edilen mesihçilere degişli ulanylanda, olar üçin doly tölegiň tölenendigini we olara sylag hökmünde ölümsiz ýaşaýşyň beriljekdigini görkezýär (1 Kor. 15:48—54).
Şu günler grek dilinde bu sözüň nika ýüzügi bilen bagly manydaş sözi ulanylýar. Bu göçme manyda Mesihiň aýaly boljak adamlary gowy suratlandyrýar (2 Kor. 11:2; Ylh. 21:2, 9).
Möhür. Gadymy döwürde bir zadyň eýesini, ygtybarlydygyny görkezmek we baglaşylan şertnamany tassyklamak üçin möhür basylýardy. Mesh edilen mesihçilere «möhür» ýa-da tagma basyldy diýlende, olaryň mukaddes ruh arkaly bellenip, Hudaýa degişlidigini görkezýär (Efes. 1:13, 14). Emma bu olara gutarnykly möhür basylandygyny aňlatmaýar. Eger olar Hudaýa wepaly galsa, onda ömrüniň ahyrynda ýa-da agyr muşakgatyň öň ýanynda gutarnykly möhür basylar (Efes. 4:30; Ylh. 7:2—4).