Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Gullugyňyz çyg deý ýakymly bolsun

Gullugyňyz çyg deý ýakymly bolsun

BIZIŇ edýän gullugymyz wajyp we gymmatly. Emma wagyz edýän adamlarymyzyň ählisi munuň gadyryny bilmeýär. Käbirleri Mukaddes Ýazgylar bilen gyzyklansa-da, okuw geçmek islemeýär.

Muny Geýwin bilen bolan wakadan görse bolýar. Ol ýygnak duşuşyklaryna barsa-da, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmek islemeýärdi. Geýwin şeýle diýýär: «Mukaddes Ýazgylar barada bilimim çäkli bolany üçin okuw geçmäge ýaýdanýardym. Men aldanmakdan we öz üstüme jogapkärçilik almakdan gorkýardym». Siz şeýle adam hakda näme pikir ederdiňiz? Ol wagtyňy sarp edeniňe degenok diýerdiňizmi? Elbetde, ýok! Hudaýyň Sözündäki taglymatlar adama güýçli täsir edip bilýär. Geçmişde Ýehowa halkyna: «Sözlerim çyg deý düşsün. Ýagsyn ot üstüne çisňeýän ýagmyr deý» diýdi (Kan. tag. 31:19, 30; 32:2). Geliň, çygyň käbir aýratynlyklaryna seredeliň. Bu bize hoş habary «ähli adamlara» netijeli wagyz etmäge ýardam eder (1 Tim. 2:3, 4).

GULLUGYMYZ NÄDIP ÇYG KIMIN BOLUP BILER?

Çyg — jana hoş ýakýar. Adatça, çyg ýagyş damjalaryndan ýa-da bugdan emele gelýär. Ýehowa «sözlerim çyg deý düşsün» diýende, halkynyň mähir hem söýgi bilen aladasyny edýändigini görkezdi. Biz hem başgalaryň garaýşyna hormat goýsak, Onuň göreldesine eýereris. Biz adamlary özbaşdak karara gelmäge höweslendirýäris. Eger biz sypaýyçylykly bolsak, sözlerimiz has-da ýakymly we wagzymyz netijeli bolar.

Çyg — dynçlyk berýär. Biz adamlary gyzyklandyrýan zatlar barada oýlansak, wagzymyz olara dynçlyk berer. Ýokarda agzalan Geýwini hiç kim Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge mejbur etmedi. Gaýtam, Kris dogan Geýwin bilen ilkinji sapar gürrüňdeş bolanda, oňa özüni arkaýyn duýmaga kömek etdi. Kris oňa Mukaddes Ýazgylaryň esasy temasyny bilmekligiň duşuşyklarda aýdylýan zatlara düşünmäge kömek etjekdigini aýtdy. Soňra Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleriň şu ýoluň hakykatdygyna göz ýetirmäge özüne nädip kömek edendigini gürrüň berdi. Şeýdip, olar Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleriň berjaý bolşy barada birnäçe sapar gürrüň etdiler. Geýwin bu gürrüňdeşliklerden dynçlyk tapdy we netijede okuw geçmäge razylaşdy.

Çyg — jany täzeleýär. Gadymy Ysraýylda howa yssy bolýardy we käte birnäçe aýlap ýagyş ýagmaýardy. Gurakçylyk sebäpli ösümlikler guraýardy. Ýehowanyň öňünden aýdyşy ýaly, şu günler ruhy gurakçylygy görse bolýar (Amos 8:11). Emma Ol mesh edilen gullukçylarynyň «başga goýunlar» bilen bilelikde Patyşalyk baradaky habary wagyz edip, «halklaryň arasynda Rebbiň iberen çygy dek» boljakdyklaryny wada berdi (Mika 5:7; Ýah. 10:16). Biz çyg kimin jany täzeleýän Ýehowanyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etmegi gymmat saýýarysmy?

Çyg — Ýehowanyň berekedi. Haçanda adamlar hoş habara seslenende, biz Ýehowanyň gullugymyzy patalaýandygyna düşünýäris (Kan. tag. 33:13). Ýokarda agzalan Geýwin hem Hudaýyň berekedini alypdy. Ol Mukaddes Ýazgylary öwrenip, ähli soraglaryna jogap tapdy. Geýwin ruhy taýdan ösüş edip, suwa çümdürildi. Häzir ol aýaly Joýs bilen Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmekden şatlyk tapýar.

Ýehowanyň Şaýatlarynyň wagyz edýän hoş habary çyg kimin jany täzeleýär

WAGYZ GULLUGYNY GYMMAT SAÝYŇ

Çygyň aýratynlyklary barada oýlanmak bize wagyz işine goşýan goşandymyzy wajyp saýmaga kömek edýär. Nädip? Suw damjalarynyň hersi aýratynlykda ähmiýetsiz ýaly bolup görünse-de, olar özara birleşip, millionlarça suw damjalaryny emele getirýärler. Şeýdip, olar topragy suwarýarlar. Şonuň ýaly biziň aýratynlykda wagyz işine goşýan goşandymyz gaty ujypsyz bolup görünmegi mümkin. Emma olar Ýehowanyň ähli janaýamaz gullukçylarynyň edýän tagallalary bilen birleşip, hoş habary «ähli milletlere» ýetirmäge ýardam edýär (Mat. 24:14). Biziň gullugymyz başgalar üçin Ýehowanyň berýän berekedi bolup bilermi? Elbetde! Sebäbi biz çyg deý jana hoş ýakýan, dynçlyk berýän we jany täzeleýän habary wagyz edýäris!