«Siz çydamly bolmak bilen, özüňizi doly terbiýelärsiňiz»
«Siz çydamly bolmak bilen, özüňizi doly terbiýelärsiňiz. Şonda ähli zatda kämil, aýypsyz bolarsyňyz we hiç zatda ýetmeziňiz bolmaz». ÝAK. 1:4
AÝDYMLAR: 24, 139
1, 2. a) Biz Gedegon we onuň 300 esgeriniň çydamlylygyndan näme öwrenip bileris? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Luka 21:19-a görä çydamly bolmak näme üçin wajyp?
URUŞ barha güýçlenýärdi. Ysraýylly esgerler Gedegon serdaryň ýolbaşçylygynda duşmanlaryna garşy aýgytly söweş alyp barýardy. Olar midýanlar we olaryň tarapdarlarynyň yzyndan bütin gije kowalap, 32 km töweregi ýol sökýärler. Mukaddes Ýazgylarda şondan soňky wakalar şeýle beýan edilýär: «Gedegon näçe ýadasa-da, duşmanyň yzyndan kowalamagy dowam edip, öz üç ýüz adamy bilen Iordan derýasyndan geçdi». Muňa garamazdan, Gedegon bilen onuň adamlary doly ýeňiş gazanmady, çünki entek duşmanyň 15 müň esgeri bardy. Ysraýyllylar ençeme ýyllap midýanlaryň zorluk-sütemine çydamaly bolupdylar. Şol sebäpli olar duşmanlaryny bütinleý derbi-dagyn etmek üçin häzir el gowşurmagyň wagty däldigine düşünýärdiler. Şeýdip, olar midýanlary «kowalap... boýun egdirdiler» (Ser. 7:22; 8:4, 10, 28).
2 Bizem Şeýtana, onuň dünýäsine we bikämillige garşy aýgytly söweş alyp barýarys. Biziň käbirimiz onlarça ýyl bäri ruhy taýdan söweşýäris we Ýehowanyň kömegi bilen ençeme ýeňiş gazandyk. Emma käte duşmanlarymyza garşy söweşmekden we şu dünýäniň Luka 21:19-y okaň). Çydamlylyk näme? Çydamly bolmaga näme kömek eder? Çydamly bolanlardan nädip görelde alyp bileris? Biz nädip «çydamly bolmak bilen, özümizi doly terbiýeleýäris»? (Ýak. 1:4).
ahyrynyň gelmegine garaşmakdan ýaňa ýadap, ruhdan düşýändiris. Hawa, biz heniz doly ýeňiş gazanmadyk. Isa soňky günlerde ýaşaýan mesihçilere agyr synaglara we güýçli yzarlamalara garamazdan, çydamly bolsalar ýeňiş gazanjakdyklaryny aýtdy (ÇYDAMLYLYK NÄME?
3. Çydamlylyk näme?
3 Mukaddes Ýazgylarda çydamlylyk diýlende, kynçylyklara ýa-da synaglara diňe bir döz gelmek göz öňünde tutulmaýar. Çydamlylyk biziň pikirimiz we ýüregimiz bilen berk baglanyşykly bolup, kynçylyklarda nähili hereket edýändigimizi görkezýär. Çydamly adam batyrgaý, durnukly we sabyrly bolýar. Bir sözlükde çydamlylyk babatda şeýle diýilýär: «Ol diňe bir kynçylyklara döz gelmäge kömek etmän, eýsem, gelejege ynamly garamaga ýardam edýär. Çydamlylyk görkezýän adamy güýçli ýeliň garşysyna ýöreýän adam bilen deňeşdirse bolar. Bu häsiýet adama hatda iň agyr synaglara-da mertlik bilen hötde gelip, ünsüni aljak sylagyna gönükdirmäge kömek edýär».
4. Biziň çydamlylygymyz nämä esaslanýar? Düşündiriň.
4 Mesihçileriň çydamlylygy söýgä esaslanýar (1 Korinfliler 13:4, 7-nji aýatlary okaň). Ýehowa bolan söýgi onuň islegini berjaý etmek üçin islendik synaga döz gelip biler ýaly güýç berýär (Luka 22:41, 42). Dogan-uýalarymyza bolan söýgi bize olaryň ýalňyşlyklaryna üns bermezlige kömek edýär (1 Pet. 4:8). Ýanýoldaşymyza bolan söýgi bolsa «kynçylyklara» bilelikde döz gelip, maşgalany has-da berkitmäge ýardam edýär (1 Kor. 7:28).
ÇYDAMLY BOLMAGA NÄME KÖMEK EDER?
5. Çydamly bolmaga bize kim has gowy kömek edip biler we näme üçin?
5 Ýehowanyň kömegini kabul ediň. Ýehowa «çydamlylyk we teselli berýän Hudaý» (Rim. 15:5). Ol diňe bir biziň uçraýan kynçylyklarymyzy bilmek bilen çäklenmän, eýsem, ýagdaýymyza, duýgularymyza gowy düşünýär, hatda nähili ýaradylandygymyzy bilýär. Şol sebäpli Hudaý bize çydamly bolmaga has gowy kömek edip biler. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ol özünden gorkýanlaryň islegini kanagatlandyrýar, olaryň perýatlaryny eşidýär we olary gutarýar» (Zeb. 145:19). Hudaý biziň çydamlylyk barada edýän dogalarymyza nädip jogap berýär?
6. Synaga uçranymyzda Ýehowa nädip «çykalga açýar»?
6 1 Korinfliler 10:13-i okaň. Eger biz kynçylyklara döz gelip biler ýaly, Ýehowadan kömek sorasak, ol hökman «çykalga açar». Ýehowa kynçylyklary aýyrmak üçin ýagdaýy üýtgedýärmi? Belki-de, üýtgedýändir. Emma Ol «döz gelip bilmegimiz üçin çykalga-da açýar». Dogrudan-da, Ýehowa «bize sabyrly bolup, şatlyk bilen ähli zada döz gelip biler ýaly» güýç berýär (Kol. 1:11). Ýehowa biziň tenimiziň ejizdigini, pikirimiziň çäklidigini we nähili duýgulary başdan geçirýändigimizi bilýär. Şol sebäpli Ol biziň wepaly galmagymyz üçin, güýjümizden artyk synalmagymyza hiç haçan ýol bermeýär.
7. Ruhy iýmit çydamly bolmaga nädip kömek edýär? Mysal getiriň.
7 Ruhy iýmit bilen imanyňyzy berkidiň. Ewerest dagy dünýäde iň beýik daglaryň biri hasaplanylýar. Oňa çykýan adam gündelik iýmitinden has köp mukdarda ýokumly iýmitleri iýmeli bolýar. Eger ol şeýle etmese, dagyň depesine çykyp bilmeýär. Şonuň ýaly biz hem hakykat ýolundan Ýah. 6:27).
ýöremek we maksadymyza ýetmek üçin bolluk bilen berilýän ruhy iýmitden her gün iýmitlenip durmaly. Biz ýygnak duşuşyklaryna barmak, Ýazgylary okamak we şahsy okuwyny geçirmek üçin wagt tapmaly. Bu çäreler arkaly biz «ebedi ýaşaýyş berýän iýmit» bilen iýmitlenip, imanymyzy berkidýäris (8, 9. a) Synaga uçranymyzda nämäni unutmaly däl? b) Synaga uçranyňyzda nähili ýagdaýy göz öňüne getirip bilersiňiz?
8 Jedelli meseläni unutmaň. Haçanda Ýehowanyň gullukçysy kynçylyga uçranda, ol diňe bir jebir pürsüni egninde götermän, eýsem, Ýehowany Älemiň hökümdary hasaplaýandygyny görkezýär. Eýýubyň günlerinde Şeýtan Ýehowanyň hökümdarlyk etmäge haklydygyny şübhä goýdy. Şeýle-de ol Ýehowa: «Ynsan öz jany üçin bar zadyndan geçer. Sen onuň süýegine we tenine el degrip gör, şonda-da ol Saňa gargynmazmyka?» diýdi (Eýp. 2:4, 5). Şeýtanyň aýtmagyna görä, hiç bir adam Ýehowany söýýändigi üçin gulluk etmeýär. Häzir Şeýtan pikirini üýtgetdimi? Elbetde, ýok! Şondan ençeme asyr geçensoň, Şeýtan gökden ýere zyňyldy. Emma ol häzirem «doganlarymyzy Hudaýyň öňünde gije-gündiz aýyplamagyny» dowam edýär (Ylh. 12:10). Şeýtan aýypsyzlyk baradaky meseläni unutmady. Ol biziň synaglarda ýeňlip, Ýehowanyň hökümdarlygyndan ýüz öwürmegimizi isleýär.
9 Synaga uçranyňyzda, şeýle ýagdaýy göz öňüne getiriň. Bir tarapda siziň söweşde ýeňiljekdigiňize berk ynanýan Şeýtan we onuň jynlary dur. Beýleki tarapda bolsa siziň her gün Ýehowanyň hökümdarlygyny goldamak üçin çydamlylyk görkezýändigiňize begenýän Ýehowa, Onuň patyşa edip bellän Ogly, ölümden direlen mesh edilenler we sansyz-sajaksyz perişdeler dur. Şonda siz Ýehowanyň söýgi bilen: «Oglum, men özüme gyjalat berýäne bir söz gaýtarar ýaly, akyldar bol-da, ýüregimi şatlandyr» diýen sözlerine gulak asyp bilersiňiz (Sül. tym. 27:11).
10. Ünsüni çydamlylygyň berýän sylagyna gönükdiren Isadan nädip görelde alyp bileris?
10 Ünsüňizi çydamlylygyň berýän sylagyna gönükdiriň. Göz öňüne getiriň, siz uzak ýola syýahata gidýärsiňiz. Ýolda barýarkaňyz, uly ýerasty geçelgeden geçmeli bolýarsyňyz. Siz onuň ortasyna ýeteniňizde saklanyp, daş-töweregiňize seredýärsiňiz. Ähli ýer tüm garaňky. Emma siz geçelgäniň ahyryna çenli ýöreseňiz, ýene-de ýagtylyga çykjakdygyňyzy bilýärsiňiz. Şonuň ýaly durmuşda ýüze çykýan kynçylyklar zerarly käte ruhdan düşüp bilersiňiz. Hatda Isa-da şeýle duýgyny başyndan geçirendir. Ol ýerdäki ömrüniň iň agyr pursatynda, ýagny «jebir pürsündekä-de» «günäkärleriň duşmançylyk bilen aýdan sözlerine» çydamaly boldy. Emma Isa «öňünde goýlan şatlyk üçin» ähli zada döz gelmegi başardy (Ýew. 12:2, 3). Çydamlylyk oňa ünsüni Hudaýyň berjek sylagyna gönükdirmäge kömek etdi. Şeýdip, ol Hudaýyň adyny şöhratlandyrdy we Ýehowanyň hökümdarlygyny goldaýandygyny subut etdi. Isa wagtlaýyn bolýan ýowuz synaglara döz gelip, bahasyna ýetip bolmajak ebedi ýaşaýyş sylagyna eýe boldy. Mümkin, sizem kynçylyklaryňyzdan ýaňa ezýet baryny çekýänsiňiz, hatda käte göreşmäge güýjüňiz galýan däldir. Emma wagtlaýyn kynçylyklaryň ebedi ýaşaýşa eltýändigini unutmaň.
«KYNÇYLYKLARA ÇYDANLAR»
11. «Kynçylyklara çydanlaryň» galdyran göreldesi hakda oýlanmaklygyň nähili peýdasy bar?
11 Biz synaga ýekelikde hötde gelip bilmeýäris. Petrus resul mesihçileri Şeýtanyň ýagdyrýan kynçylyklaryna çydamly bolmaga höweslendirip, şeýle diýdi: «Oňa (Şeýtana) garşy duruň we bütin dünýädäki doganlaryňyzyň hem şeýle kynçylyklary başdan geçirýändigini bilip, imanda 1 Pet. 5:9). «Kynçylyklara çydanlaryň» galdyran göreldesi bize synagda berk durup, Hudaýa wepaly galmaga we ünsümizi aljak sylagymyza gönükdirmäge kömek edýär (Ýak. 5:11). Geliň, çydamlylyk babatda käbir mysallara seredeliň 1.
berk duruň» (12. Biz Erem bagyny goramak üçin goýlan keruplardan näme öwrenýäris?
12 Keruplar. Tabşyrylan kyn ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin çydamly bolmakda bize ruhy şahsyýetler ajaýyp görelde galdyrdy. Ýehowa Hudaý «ýaşaýyş agajyna barýan ýoly goramak üçin, bagyň gündogarynda keruplary hem-de aýlanyp duran gylyjy goýdy» 2 (Gel. çyk. 3:24). Aslynda, keruplar şeýle ýumşy ýerine ýetirmek üçin ýaradylmandy. Sebäbi Ýehowanyň adamzat babatdaky niýetinde günä we pitne diýen düşünje asla ýokdy. Emma Mukaddes Ýazgylaryň hiç ýerinde ýokary derejäni eýeleýän keruplaryň özlerine tabşyrylan ýumşa nägilelik bildirendikleri ýa-da olaryň ýadap, ýerlerini taşlap gidendikleri aýdylmaýar. Gaýtam, olar bütindünýä Tupanyna çenli 1 600 ýyllap özlerine tabşyrylan ýumşy höwes bilen ýerine ýetirdiler.
13. Eýýuba synaglarda çydamly bolmaga näme kömek etdi?
13 Eýýup pygamber. Eger dostlaryňyz ýa-da maşgala agzalaryňyz ýüregiňize bitmejek ýara salýan sözleri aýdan bolsalar, agyr kesele uçran bolsaňyz ýa ýakynlaryňyzyň biri aradan çykandygy sebäpli hasrat çekýän bolsaňyz, Eýýup pygamberiň mysaly size teselli berip biler (Eýp. 1:18, 19; 2:7, 9; 19:1—3). Eýýup şeýle kynçylyklaryň näme üçin bolýandygyna düşenip bilmese-de, göwnüçökgünlige düşmedi. Näme üçin? Munuň bir sebäbi ol «Hudaýdan gorkýan» adamdy (Eýp. 1:1). Eýýup ýagşy günde-de, ýaman günde-de Ýehowany begendirmegi ýüregine düwdi. Ýehowa mukaddes ruhy arkaly eden ajaýyp işlerine Eýýubyň ünsüni çekdi. Bu zatlar Eýýubyň Ýehowa bolan ynamyny has-da artdyrdy. Ol Hudaýyň kynçylyklary öz wagtynda aýyrjakdygyna ynanýardy (Eýp. 42:1, 2). Onuň pikir edişi ýaly hem boldy. Mukaddes Ýazgylarda: «Reb oňa bar zatlaryny yzyna gaýtaryp berdi... oňa öňküsinden iki esse köp zat berdi» diýilýär. Hawa, Eýýup galan ömrüni eşretli durmuşda ýaşap, garran çagynda dünýäden ötdi (Eýp. 42:10, 17).
14. 2 Korinfliler 1:6-a görä Pawlusyň çydamlylygy dogan-uýalara nädip kömek etdi?
14 Pawlus resul. Belki-de, siz hakykata garşy çykýan adamlar tarapyndan garşylyklara ýa-da yzarlamalara uçraýansyňyz. Ýa-da siz üstüne uly jogapkärçiligi alan ýygnak ýaşulusy ýa aýlanýan gözegçi bolup gulluk edýänsiňiz. Eger şeýle bolsa, onda 2 Kor. 11:23—29). Emma ol göwnüçökgünlige ýol bermän, öz göreldesi bilen dogan-uýalary berkitdi (2 Korinfliler 1:6-ny okaň). Siziň hem çydamlylygyňyz başgalary ruhlandyrýandygyny unutmaň.
Pawlus resulyň mysaly hakda oýlanyň. Ol hoş habaryň hatyrasy üçin görýän görgülerinden we zalym yzarlamalardan başga-da, «her gün ähli ýygnaklaryň aladasyny egninde göterýärdi» (ÖZÜŇIZI DOLY TERBIÝELÄR ÝALY «ÇYDAMLY BOLUŇ»
15, 16. a) Çydamlylyk bize nädip kömek edýär? b) Biz haýsy ýagdaýlarda çydamly bolup bileris? Mysal getiriň.
15 Ýakup Hudaýyň ylhamy bilen: «Siz çydamly bolmak bilen, özüňizi doly terbiýelärsiňiz» diýip ýazdy. Soňra ol çydamly bolmagyň peýdalydygyny aýdyp: «Şonda ähli zatda kämil, aýypsyz bolarsyňyz we hiç zatda ýetmeziňiz bolmaz» diýdi (Ýak. 1:4). Kynçylyklar bize gowşak taraplarymyzy görmäge we özümizi terbiýelemäge kömek edýär. Eger biz synaglarda çydamly bolsak, özümizi ruhy taýdan berkideris. Meselem, biz has-da sabyrly, minnetdar we rehimdar bolmagy öwreneris.
16 Çydamlylyk häsiýeti ruhy taýdan berk bolmaga kömek edýändigi üçin, biz Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere eýermeklige sowuk-sala garamaly däl. Eger siz ahlaksyz höwesler bilen göreşýän bolsaňyz näme? Erbet pikirlere ýol bermegiň deregine, höwesleriňize garşy göreşmek üçin doga ediň. Şeýdip, siz özüňize erk etmegi öwrenersiňiz. Ýa-da siz iman etmeýän maşgala agzalaryňyz tarapyndan garşylyklara uçraýansyňyz. Şeýle ýagdaýda ruhdan düşmegiň deregine, hakyky seždäni goldamagy ýüregiňize düwüň. Bu siziň Ýehowa bolan ynamyňyzy has-da berkider. Geliň, Hudaýyň razylygyny gazanmak üçin çydamly bolmagy unutmalyň (Rim. 5:3—5; Ýak. 1:12).
17, 18. a) Soňuna çenli çydamly bolmak näme üçin wajyp? Mysal getiriň. b) Dünýäniň soňunyň golaýlaýandygy sebäpli nämä ynamly bolup bileris?
17 Biz az wagtlyk däl-de, soňuna çenli çydamly bolmaly. Heläkçilige uçran gämini göz öňüne getiriň. Gämidäki adamlar halas bolmak üçin kenara tarap ýüzmeli. Emma olaryň käbiri kenara birnäçe metr galanda ýadap, ýüzmeklerini bes etseler heläk bolarlar. Şonuň ýaly bizem täze dünýä gelýänçä çydamly bolmaly. Sebäbi ýaşaýşymyz şoňa bagly. Pawlus resul: «Biz ruhdan düşmeýäris» diýip, iki gezek nygtap geçdi. Geliň, bizem şeýle garaýyşda bolalyň (2 Kor. 4:1, 16).
18 Biz Ýehowanyň soňuna çenli çydamly bolmaga ýardam etjekdigine ynanýarys. Şonuň üçin Pawlusyň ynam bilen aýdan şu sözlerine goşulýarys: «Biz özümizi söýýän Mesih arkaly bu ýagdaýlaryň ählisini doly ýeňýäris. Sebäbi ne ölüm, ne ýaşaýyş, ne perişdeler, ne häkimiýetler, ne häzirki zatlar, ne gelejekki zatlar, ne güýçler, ne beýiklik, ne çuňluk, ne-de ýaradylan başga zatlar bizi Halypamyz Mesih Isa arkaly Hudaýyň söýgüsinden aýryp biler. Hawa, men olaryň aýryp bilmejekdigine berk ynanýaryn» (Rim. 8:37—39). Elbetde, biz käte ýadap, ruhdan düşýäris. Emma soňuna çenli çydamly bolsak, duşmanlaryny «kowalamagy dowam eden» Gedegon bilen onuň esgerleri ýaly ýeňiş gazanarys (Ser. 8:4).
^ 1) (11-nji abzas). Şeýle-de Hudaýyň häzirki gullukçylarynyň çydamlylygy barada «Ýyllyk kitabyndan» (1992, 1999, 2008) okap bilersiňiz. Olarda Efiýopiýada, Malawide we Russiýada ýaşaýan dogan-uýalaryň imany barada gürrüň berilýär.
^ 2) (12-nji abzas). Mukaddes Ýazgylarda bu ýumşy ýerine ýetirmek üçin näçe sany kerubyň bellenendigi aýdylmaýar.