Erkinligiňizi gymmat saýyň
«Özünde Ýehowanyň ruhy bolan adam... azatdyr». 2 KOR. 3:17
AÝDYMLAR: 31, 32
1, 2. a) Erkinlik babatda nähili dürli garaýyşlar bar? b) Mukaddes Ýazgylarda erkinlik barada näme diýilýär we biz haýsy soraglara serederis?
BIR aýal karara gelmeli bolanda, jorasyna ýüzlenip: «Özüň nähili pikir edýärsiň diýme-de, gowusy näme etmelidigini aýdaý» diýdi. Bu sözler käbir adamlaryň Ýaradyjynyň beren gymmatly sowgadyny, ýagny erkinligini ulanmaýandygyny görkezýär. Eýsem, siz barada näme diýse bolar? Siz özüňiz karara gelýärmisiňiz ýa-da näme etmelidigini başgalardan soraýarsyňyz? Siz Hudaýyň beren erkinligine nähili garaýarsyňyz?
2 Erkinlik babatda adamlar asyrlar boýy çekişýärler. Käbiriniň aýtmagyna görä, adamyň ykbaly öňünden kesgitlenen. Başgalar bolsa: «Hakykatdan erkin bolmak üçin islän zadyňy etmeli» diýýärler. Muny bilmek üçin Hudaýyň Sözi bolan Mukaddes Ýazgylara ýüzlenmeli. Näme üçin? Onda Ýehowanyň ynsany erkin edip ýaradandygy aýdylýar. Başgaça aýdanyňda, biziň karara gelmäge ukybymyz hem-de mümkinçiligimiz bar (Ýeşuwa 24:15-i okaň) *. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda şu soraglara jogap berilýär: Karara gelmeli bolanda, erkinligi nädip ulanmaly? Erkinlige çäk goýlanmy? Ýehowany söýýändigimizi görkezmek üçin erkinligimizi nädip ulanyp bileris? Başgalaryň gelen kararyna nädip hormat goýup bileris?
ÝEHOWADAN WE ISADAN NÄME ÖWRENIP BILERIS?
3. Ýehowa erkinligini nädip ulanýar? Mysal getiriň.
3 Ýehowanyň erkinligi çäksiz. Muňa garamazdan, ol erkinligi dogry ulanmak babatda gowy görelde görkezýär. Meselem, Ýehowa ysraýyllylary ýöne ýere öz adyny göterýän «gymmatly halk» edip saýlamady (Kan. tag. 7:6—8). Ol ençeme asyr mundan öň dosty Ybraýyma beren wadasyny berjaý etdi (Gel. çyk. 22:15—18). Şeýle-de Ýehowa erkinligini hemişe söýgi we adalatlylyk bilen ulanýar. Muny hakyky seždeden gaýta-gaýta ýüz öwren ysraýyllylara beren temmisinden görse bolýar. Olar ýürekden toba edende, Ýehowa rehim edip, söýgi bilen: «Olaryň wepasyzlygyna melhem ederin. Men olary çäksiz söýerin» diýdi (Hoş. 14:5). Erkinligi başgalaryň peýdasy üçin ulanmakda Ýehowa, gör, nähili ajaýyp görelde görkezýär!
4, 5. a) Ilki kim erkin edip ýaradyldy we ol erkinligini nädip ulandy? b) Biz özümize nähili sorag bermeli?
4 Ýehowa perişdeleri ýaradanda, olara ajaýyp sowgady, ýagny erkinligi berdi. Bu sowgady ilkinji bolup, «Görünmez Hudaýyň keşbi» bolan Ogly aldy (Kol. 1:15). Isa heniz ýer ýüzüne gelmänkä, Atasyna wepaly galmagy ýüregine düwdi, şonuň üçin Şeýtanyň pitnesine goşulmady. Ýer ýüzüne gelensoňam, ol ganym Duşmanyň täsirine düşmedi (Mat. 4:10). Ölüminiň öň ýanyndaky gije ol Hudaýyň islegini berjaý etjekdigini görkezip: «Atam, eger isleseň, bu käsäni menden aýyr. Ýöne, goý, meniň islegim däl-de, seniň islegiň bolsun» diýip doga etdi (Luka 22:42). Geliň, bizem Isanyň göreldesine eýerip, erkinligimizi Ýehowany şöhratlandyrmak we islegini berjaý etmek üçin ulanalyň! Eýsem, bu mümkinmi?
5 Biz Hudaýyň keşbine görä ýaradyldyk, şol sebäpli Isanyň göreldesine eýerip bilýäris (Gel. çyk. 1:26). Emma biziň erkinligimiz Ýehowanyňky ýaly çäksiz däl. Hudaýyň Sözünde erkinligimiziň çäklidigi we Ýehowanyň goýan çäginden çykmaly däldigi aýdylýar. Meselem, aýallar ýanýoldaşyna, çagalar bolsa ata-enesine tabyn bolmaly (Efes. 5:22; 6:1). Erkinligi ulananymyzda, şu çäkleri nädip göz öňünde tutmaly? Bu soragyň jogaby ebedi gelejegimize täsir edip biler.
ERKINLIGI DOGRY WE NÄDOGRY ULANMAK
6. Erkinlige goýlan çägiň peýdalydygyny görkezýän mysaly getiriň.
6 Erkinligimiz çäkli bolsa, oňa hakyky erkinlik diýip bolarmy? Hawa, bolar. Erkinligimize goýlan çäk bizi goraýar. Meselem, biz ulagda uzak ýere gidip bilýäris. Emma ýol hereket düzgüni bolmasa, her kim islän tizliginde we ýoluň islän tarapyndan sürer. Şonda özümizi howpsuz duýup bilerismi? Elbetde, ýok. Ýehowanyň erkinlige goýan çägi hem peýda getirýär. Munuň paýhaslydygyny bilmek üçin, geliň, Mukaddes Ýazgylardan käbir mysallara seredeliň.
7. a) Adam ata Erem bagyndaky janly-jandarlardan nämede tapawutlanýardy? b) Adam atanyň erkinligini nädip ulanandygyny gürrüň beriň.
7 Hudaý ilkinji ynsany, ýagny Adam atany perişdeler ýaly erkin ýaratdy. Gel. çyk. 2:19).
Hawa, Adam ata instinkt boýunça hereket edýän haýwanlardan tapawutlanýardy. Geliň, onuň erkinligini dogry ulanandygy barada bir mysala seredeliň. Haýwanlar adamlardan öň ýaradyldy. Ýöne Ýehowanyň özi olara at dakman, bu ajaýyp ýumşy ýerdäki ogluna tabşyrdy. Hudaý Adam atanyň haýwanlary «atlandyryşyny görmek üçin, olary onuň ýanyna getirdi». Adam ata her haýwana özüne ýaraşykly at dakanda, Ýehowa onuň erkinligine hormat goýup, saýlan atlaryny üýtgetmedi. Gaýtam, «adam ähli janly-jandarlara näme at beren bolsa, şol-da olaryň ady boldy» (8. Adam ata erkinligini nädip nädogry ulandy we netijesi nähili boldy?
8 Gynansak-da, Adam ata bütin ýer ýüzüni Jennete öwürmek we goramak baradaky Hudaýyň tabşyrygyny berjaý etmedi. Eger ol ony berjaý eden bolsady, onda erkinligini ulanmakdan lezzet alyp bilerdi. Hudaý oňa: «Örňäp, köpelip, ýer ýüzüni dolduryň we oňa eýeçilik ediň; balyklaryň, guşlaryň we ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlaryň üstünden höküm sürüň» diýip tabşyrypdy (Gel. çyk. 1:28). Emma Adam ata gadagan edilen agajyň miwesinden iýip, Hudaýyň goýan çäginden çykdy. Netijede, onuň nesli asyrlar boýy horluk çekip gelýär (Rim. 5:12). Eger biz Adam atanyň gelen kararynyň nämä eltendigini unutmasak, erkinligimizi dogry ulanyp, Ýehowanyň goýan çäginden çykmarys.
9. Ýehowa ysraýyllylara näme teklip etdi we olar nähili seslendiler?
9 Adam ata bilen How ene Hudaýa gulak asmandygy üçin nesillerine bikämilligi we ölümi miras galdyrdy. Emma Hudaý adamlary erkinlikden mahrum etmedi. Muny ysraýyl halky bilen bolan wakadan görse bolýar. Ýehowa Musa pygamber arkaly ysraýyllylara öz halky bolmagy teklip etdi (Müs. çyk. 19:3—6). Olar muňa nähili seslendiler? Hudaýyň teklibini biragyzdan kabul edip, olar: «Biz Rebbiň aýdanlarynyň barysyny ýerine ýetireris» diýdiler (Müs. çyk. 19:8). Gynansak-da, wagtyň geçmegi bilen olar erkinligini nädogry ulanyp, beren sözünden dändiler. Geliň, bu bolan wakadan sapak edineliň we erkinlik sylagyny gymmat saýalyň. Ýehowa bilen dostlugymyzy mundan beýläk hem berkidip, onuň adyl tabşyryklaryna gulak asalyň (1 Kor. 10:11).
10. Bikämil adamlaryň erkinligini Hudaýyň şöhraty üçin ulanyp bilýändigini görkezýän mysallary getiriň. (Makalanyň başyndaky surata serediň).
10 Ýewreýler kitabynyň 11-nji babynda Ýehowanyň beren erkinligini dogry ulanan 16 adamyň ady agzalýar. Olar ençeme bereketleriň eýesi bolup, gelejege umydyny berkitdiler. Meselem, Nuh pygamber Hudaýyň gämi gurmak baradaky tabşyrygyna eýerip, imanynyň berkdigini görkezdi. Netijede, maşgalasyny we adamzadyň gelejekki neslini halas etdi (Ýew. 11:7). Ybraýym bilen Sara Hudaýyň tabşyrygyna höwes bilen boýun bolup, ýat ýurda gitdiler. Olar uzak ýola düşensoňam, baý Ur şäherine «dolanmaga mümkinçilik tapyp» bilerdiler. Emma olar Hudaýyň «wada eden zatlarynyň berjaý bolşuna» iman gözi bilen seredip, «has gowy ýere... ymtylýardylar» (Ýew. 11:8, 13, 15, 16). Musa pygamber bolsa Müsüriň hazynalaryndan ýüz öwrüp, «günäniň berýän wagtlaýyn lezzetini alanyndan Hudaýyň halky bilen bile görgi görenini gowy gördi» (Ýew. 11:24—26). Geliň, geçmişde ýaşan wepaly gullukçylaryň göreldesine eýerip, erkinligimizi gymmat saýalyň we ony Hudaýyň islegine görä ulanalyň.
11. a) Erkinligiň berýän ajaýyp bereketleriniň biri näme? b) Erkinligi dogry ulanmaga sizi näme höweslendirýär?
11 Eger biz özümiz karara gelmän, näme etmelidigini başgalardan sorasak, erkinligiň berýän berekedinden mahrum bolarys. Bu barada Kanun taglymaty 30:19, 20-nji (okaň) * aýatlarda aýdylýar. 19-njy aýatda Hudaýyň ysraýyllylara saýlamaga beren mümkinçiligi, 20-nji aýatda bolsa olara ýüregindäkisini görkezmäge beren mümkinçiligi barada aýdylýar. Bizem Ýehowa gulluk etmegi saýlap bileris. Hudaýyň beren erkinligini dogry ulansak, ony söýüp, hormat goýýandygymyzy we şöhratlandyrýandygymyzy görkezeris. Eýsem, şundan gowy zat barmy näme?!
ERKINLIGI NÄDOGRY ULANMAKDAN GAÇA DURUŇ
12. Biz Ýehowanyň beren erkinligine nähili garamaly?
12 Aýdaly, siz dostuňyza gymmatly sowgat berdiňiz. Eger siz onuň sowgady zyňandygyny ýa-da kimdir birine zyýan ýetirmek üçin ulanandygyny eşitseňiz, gynanarsyňyz gerek? Onda adamlaryň köpüsiniň erkinligini nädogry, hatda başgalara zyýan ýetirmek üçin ulanýandygyny görüp, Ýehowa has-da gynanýandyr. Mukaddes Ýazgylarda «soňky günlerde» adamlaryň «gadyr bilmez» boljakdygy barada pygamberlik edilen (2 Tim. 3:1, 2). Geliň, Ýehowanyň beren gymmatly sowgadyny nädogry ulanmalyň ýa-da oňa bolaýmaly zat ýaly garamalyň. Erkinligimizi nädogry ulanmakdan nädip gaça durup bileris?
13. Erkinligi nädogry ulanmaz ýaly näme edip bileris?
13 Bize dostlaşmak, daş keşp, egin-eşik we dynç almak meselesinde erkinlik berlen. Eger ten höwesleriň guly bolsak ýa-da dünýäniň ruhuna eýerip, geň-taň geýinsek, erkinligimizi «erbet işleriň üstüni örtmek üçin» ulanýandygymyz bolar (1 Petrus 2:16-ny okaň). Biz «azatlygymyzy günäli höweslerimizi kanagatlandyrmak üçin» ulanmak islemeýäris, gaýtam, «hemme zady Hudaýy şöhratlandyrmak üçin edip», ony dogry ulanmak isleýäris (Gal. 5:13; 1 Kor. 10:31).
14. Ýehowa bil baglamak erkinligiňi dogry ulanmaga nädip kömek edýär?
14 Şeýle-de erkinligi dogry ulanmak üçin, Ýehowa bil baglamaly we onuň bizi goramak üçin goýan çäklerine eýermeli. Diňe ol bize «peýdaly zady öwredip... ýöremeli ýolumyzdan äkidip» bilýär (Iş. 48:17). Biz Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan şu sözleriň dogrudygyny kiçigöwünlilik bilen boýun almaly: «Ynsanyň ýoly öz elinde däldir, dogry ädim basmak ygtyýarynda däldir» (Ýer. 10:23). Geliň, hiç haçan Adam ata we pitneçi ysraýyllylar ýaly öz düşünjämize eýermän, Ýehowa «bütin ýüregimiz bilen bil baglalyň» (Sül. tym. 3:5).
BAŞGALARYŇ GELÝÄN KARARYNA HORMAT GOÝUŇ
15. Galatýalylar 6:5-däki prinsipden nämäni bilýäris?
15 Erkinlige goýlan çäge eýermek üçin, başgalaryň gelýän kararyna hormat goýmaly. Näme üçin? Biziň ählimiz erkin ýaradyldyk. Şol sebäpli iki mesihçiniň özüňi alyp barmak we Hudaýa sežde etmek ýaly meselelerde gelen karary birmeňzeş bolmazlygy mümkin. Galatýalylar 6:5-däki (okaň) prinsipi ýadymyza salalyň. «Her kimiň öz jogapkärçiliginiň» bardygyna düşünsek, onda adamlaryň özlerine karara gelmäge ýol bereris.
16, 17. a) Korinfdäki mesihçileriň arasynda erkinlik bilen bagly nähili mesele ýüze çykdy? b) Pawlus bu meseläni nädip çözdi we biz mundan näme öwrenip bileris?
16 Geliň, Mukaddes Ýazgylardan dogan-uýalaryň ynsabyna görä gelen kararyna hormat goýmalydygyny görkezýän bir mysala seredeliň. Korinf şäherindäki mesihçileriň arasynda butlara gurban edilen, soňra bazarda satylan eti iýmek barada düşünişmezlik döreýär. Käbiri: «But dünýäde hiç zat, şonuň üçin eti arassa ynsap bilen iýse bolýar» diýip pikir edýärdiler. Emma öň butlara sežde eden mesihçiler «bu ýalan seždäni goldadygyň bolýar» diýip düşünýärdiler (1 Kor. 8:4, 7). Bu mesele ynsaba degişli bolsa-da, ýygnakda bölünişigiň döremegine getirip bilerdi. Pawlus Korinfdäki mesihçilere Hudaýyň garaýşyny bilmäge nädip kömek etdi?
17 Ilki bilen, Pawlus olaryň ählisine iýmit arkaly Hudaýa ýakynlaşyp bolmaýandygyny ýatlatdy (1 Kor. 8:8). Soňra «islän zadymy iýmäge hakym bar» diýýän mesihçilere «ynsaby gowşaklara büdreme daşy bolmazlygy» maslahat berdi (1 Kor. 8:9). Gowşak imanly doganlara bolsa eti iýmäge ynsaby çatýan mesihçilere höküm çykarmazlygy tabşyrdy (1 Kor. 10:25, 29, 30). Eger Hudaýa sežde etmek ýaly wajyp meselede her kes öz ynsabyna görä karara gelmeli bolsa, onda onçakly wajyp bolmadyk meselede doganlaryň gelen kararyna hormat goýmaly dälmi näme?! (1 Kor. 10:32, 33).
18. Biz erkinligimizi gymmat saýýandygymyzy nädip görkezip bileris?
18 Ýehowa bize erkinligi, ýagny hakyky azatlygy sowgat berdi (2 Kor. 3:17). Biz muny gymmat saýýarys, sebäbi ol bize dogry karara gelmäge we Ýehowany söýýändigimizi görkezmäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin, geliň, Ýehowany şöhratlandyryp we başgalaryň gelýän kararyna hormat goýup, mundan beýläk-de erkinligimiz üçin minnetdar bolalyň.
^ abzas 2 Ýeşuwa 24:15 Rebbe gulluk etmegi makul görmeseňiz, onda şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň: siz Perat derýasynyň aňyrsyndaky ata-babalaryňyzyň gulluk eden hudaýlaryna gulluk etjekmisiňiz ýa-da häzirki ýaşaýan ýeriňizdäki amorlaryň hudaýlaryna? Emma hojalygym bilen men bolsa Rebbe gulluk etjekdirin.
^ abzas 11 Kanun taglymaty 30:19 Bu gün siziň öňüňizde ýaşaýyş we ölüm, alkyş we nälet goýandygyma size garşy şaýat bolmaga asmany we ýeri çagyrýaryn. Ýaşaýşy saýlaň, şonda siziň özüňiz hem ýaşarsyňyz, nesilleriňiz-de ýaşar. 20 Hudaýyňyz Rebbi söýüň, Oňa gulak asyň we Oňa bil baglaň, çünki ýaşaýşyňyzyň we ömrüňiziň uzaklygy Ondadyr. Bu Rebbiň ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba bermegi wada eden ýurdunda ýaşamagyňyz üçindir.