Olar höwes bilen gulluk edýärler
WAGYZÇYLARYŇ ýetmeýän ýerlerinde gulluk edýän Ýehowanyň yhlasly gullukçylarynyň arasynda köp sanly durmuş gurmadyk uýalar bar. Olaryň käbiri onlarça ýyldan bäri daşary ýurtda gulluk edip gelýärler. Şeýle karara gelmäge olara näme kömek etdikä? Daşary ýurtda gulluk edip, olar nämeleri öwrendiler? Olar nädip ýaşaýarlar? Biz birnäçe tejribeli uýalardan interwýu aldyk. Olaryň beren gürrüňlerinden şeýle gullukdan lezzet almak isleýän uýalar köp zatlary öwrenip biler. Emma olaryň göreldesi diňe durmuş gurmadyk uýalara däl, eýsem, biziň ählimize-de peýdaly bolar.
ŞÜBHÄŇIZI ÝEŇIŇ
Siziň pikiriňizçe, durmuş gurmadyk uýalar daşary ýurtda pioner bolup gulluk edip bilermikä? 75 ýaşlaryndaky Anita uýamyz muňa şübhelenýärdi. Angliýaly bu uýa pioner gullugyna başlanda 18 ýaşyndady. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men adamlara Ýehowa hakda öwretmegi gowy görýärdim, ýöne daşary ýurtda gulluk etmek kelläme-de gelmeýärdi. Daşary ýurt dilini bilmänsoň, ony öwrenip bilerin diýip pikirem etmeýärdim. Şonuň üçin Gilead mekdebine çakylyk alanymda haýran galdym. Meniň ýaly ýönekeý adama şeýle çakylyk geler diýip garaşmandym. Emma „Eger Ýehowa maňa ynanýan bolsa, onda menem jan etjek“ diýip pikir etdim. Bu 50 ýyl mundan ozal bolan waka, şondan bäri men Ýaponiýada missioner bolup gulluk edýärin. Käte men ýaş uýalara: „Sumkaňyzy alyň-da, meniň bilen iň ajaýyp syýahata gidiň“ diýýärin. Men olara kömek edip bilýändigime begenýärin».
BATYRGAÝ BOLUŇ
Daşary ýurtda gulluk eden uýalaryň köpüsi ilkibaşda şeýle karara gelmäge ýaýdanýardylar. Olara aýgytly hereket etmäge näme kömek etdikä?
65 ýaşlaryndaky Morin uýa şeýle ýatlaýar: «Men ýaşlyk döwrümde adamlara köpräk kömek edip, şatlyk tapmak isleýärdim». Ol 20 ýaşlarynda Kanadanyň Kwebek şäherine göçýär, sebäbi ol ýerde pionerler azdy. Uýamyz şeýle dowam edýär: «Soňra meni Gilead mekdebinde okamaga çagyrdylar, ýöne men ýeke özüm nätanyş ýere gitmäge gorkýardym. Şeýle-de ýarawsyz kakama seredýän ejemi taşlasym gelmeýärdi. Men ençeme gijeleri aglap, Ýehowa doga edip geçirdim. Aladalarymy ejeme, kakama gürrüň berenimde, olar maňa
çakylygy kabul etmegi maslahat berdiler. Ýygnakdaky dogan-uýalar hem olara höwes bilen kömek etdiler. Ýehowanyň elini görenimde, meniň hem aladamy etjekdigine ynandym. Indi men gitmäge taýýardym!» Morin uýamyz 1979-njy ýylda Günbatar Afrikada missioner gullugyna başlady we ol ýerde 30 ýyldan gowrak wagyz etdi. Häzir ol Kanadada ejesine seredýär we henizem ýörite pioner bolup gulluk edýär. Ol daşary ýurtda gulluk eden ýyllaryna ser salyp: «Ýehowa maňa hemişe gerekli wagty kömek ederdi» diýýär.65 ýaşyndaky Uendi uýamyz Awstraliýada pioner gullugyna ýetginjek wagty başlaýar. Ol şeýle ýatlaýar: «Men gaty çekinjeňdim, nätanyş adamlar bilen gürrüňe başlamaga gorkýardym. Emma pioner gullugy maňa dürli adamlar bilen gürrüňdeş bolmagy öwretdi. Şonuň üçin özüme ynamym artdy, çekinjeňlikden nam-nyşan galmady. Pioner bolup gulluk edenimde, Ýehowa bil baglamagy öwrendim we daşary ýurtda gulluk etmek barada köp oýlanyp başladym. Şonda meni 30 ýyldan bäri Ýaponiýada pioner bolup gulluk edýän durmuşa çykmadyk uýamyz wagyz etmäge çagyrdy. Onuň bilen üç aý gulluk edip, daşary ýurda gitmäge höwesim artdy». 1986-njy ýylda Uendi uýamyz Awstraliýanyň takmynan 1 müň 770 km gündogarynda ýerleşýän Wanuatu adasyna wagyz etmäge gidýär.
Uendi häzirem Wanuatuda ýaşaýar we ol terjimeçiler toparyna kömek edýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Uzak ýerlerde ýygnaklaryň we toparlaryň döredilmegi meni diýseň begendirýär. Bu adalarda gulluk edip, Ýehowanyň işine birazajyk hem bolsa goşandyňy goşmak uly hormat, muny söz bilen beýan edip bolmaýar».
65 ýaşlaryndaky Kumiko uýamyza pioner jorasy Nepalda gulluk etmegi teklip edende, ol Ýaponiýada pioner bolup gulluk edýärdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Joram maňa her sapar „gideli, gideli“ diýende, men „ýok“ diýýärdim. Men daşary ýurt dilini öwrenip, başga ýurda göçüp bilmerin öýdýärdim. Şeýle-de daşary ýurda göçmek üçin pulum ýetmez diýip pikir edýärdim. Şu zatlaryň aladasyny edip ýörkäm, ýol heläkçiligine uçrap keselhana düşdüm. Şonda men öz-özüme: „Indiki sapar gör näme bolar saňa? Belki, agyr kesele uçrarsyň, soň daşary ýurtda pioner bolup gulluk etmäge mümkinçiligiňem bolmaz. Iň bolmanda bir ýyl gulluk edip bilerin-ä?“ diýdim. Men Ýehowa gyzgyn doga
edip, kömek soradym». Kumiko uýamyz keselhanadan çykansoň, Nepala gidip gelýär, soňra pioner jorasy bilen ol ýere göçýär.Kumiko uýamyz Nepalda on ýyl wagyz edýär. Ol gulluk eden ýyllaryna ser salyp, şeýle diýýär: «Kynçylyklar öňümde Gyzyl deňiz ýaly bolup dursa-da, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine gitmegi ýüregime düwenime diýseň begenýärin. Bir öýe baryp wagyz edenimizde, köplenç 5-6 sany goňşulary gelip diňleýärdi. Hatda çagalaram gelip, Mukaddes Ýazgylar barada kitapça soraýardy. Şeýle ýerde wagyz etmek nähili bagtdy».
KYNÇYLYKLARYŇ HÖTDESINDEN GELERSIŇIZ
Interwýu beren batyrgaý uýalarymyz dürli kynçylyklara duş gelýärdiler. Olara döz gelmäge näme kömek etdi?
62 ýaşyndaky kanadaly Diana uýamyz Kot-d’Iwuarda 20 ýyl missioner bolup gulluk edýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Ilkibaşda maňa maşgala agzalarymdan uzakda gulluk etmek kyn düşdi. Şonda täze bellenen ýerimdäki adamlary söýer ýaly, Ýehowadan kömek soradym. Gilead mekdebindäki mugallymlaryň biri, ýagny Jek Redford daşary ýurtda gulluk etmegiň aňsat däldigini, esasan-da, ýeter-ýetmezçilik bilen ýüzbe-ýüz bolsak, munuň has-da agyr boljakdygyny aýdypdy. Soňra ol şeýle maslahat berdi: „Açlyga däl-de, adamlaryň ýüzüne serediň. Olaryň Mukaddes Ýazgylardaky hakykata seslenişine syn ediň“. Men onuň aýdyşy ýaly-da etdim we köp bereketleri aldym! Adamlara Patyşalyk baradaky teselli beriji habary aýdanymda, olaryň ýüzünde şatlyk nuruny görýärdim!» Diana uýamyza ýene näme kömek etdi? Ol şeýle diýýär: «Okuw geçýän adamlarym bilen dostlaşýardym, olaryň Ýehowanyň wepaly gullukçysy bolup ýetişendiklerini görüp, diýseň begenýärdim. Soňra özümi öýümde ýaly duýup başladym. Isanyň aýdyşy ýaly, eje, kaka, dogandyr uýalary tapdym» (Mar. 10:29, 30).
46 ýaşyndaky Anna uýamyz Aziýanyň bir ýurdunda, ýagny wagyz işiniň çäklendirilen ýerinde gulluk edýär. Ol şeýle diýýär: «Men daşary ýurtda gulluk edenimde, medeniýeti we häsiýeti tapawutlanýan dürli uýalar bilen ýaşadym. Käte aramyzda düşünişmezlik bolýardy. Şeýle ýagdaýda men olar bilen ýakyndan dostlaşmak üçin medeniýetine düşünmäge çalyşýardym. Şeýle-de olara söýgimi artdyrmak we dogry garaýyşda bolmak üçin
üstümde işleýärdim. Eden tagallamyň ýerine düşendigine diýseň begenýärin, sebäbi bu maňa gullugymy soňuna çenli berjaý etmäge kömek etdi».53 ýaşyndaky germaniýaly Ýute uýamyz 1993-nji ýylda Madagaskarda missioner bolup gulluk etmäge bellenýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Ilkibaşda maňa ýerli ilatyň dilini öwrenmek, çygly howa öwrenişmek, gyzzyrma, amýoba içgeçmesi ýaly kesellere we zyýanly gurçuklara garşy göreşmek kyn boldy. Ýöne men ýeke däldim. Ýerli uýalar, çagalar we okuw geçýän adamlarym maňa dil öwrenmäge sabyrlylyk bilen kömek etdiler. Syrkawlanymda missioner joram aladamy edýärdi. Esasanam, Ýehowa kömek etdi. Men oňa hemişe ýüregimi döküp doga edýärdim. Sabyrly garaşyp, wagtyň geçmegi bilen dogalaryma jogap aldym. Ýehowa meniň ähli kynçylyklarymy çözdi». Ýute 23-ýyldan bäri Madagaskarda gulluk edýär.
BOL BEREKETLI ÝAŞAÝYŞ
Durmuşa çykmadyk uýalar daşary ýurtda gulluk edýän beýleki wagyzçylar ýaly bol bereketleri alýarlar. Nähili bereketler?
73 ýaşyndaky germaniýaly Heýdi uýamyz 1968-nji ýyldan bäri Kot-d’Iwuarda missioner bolup gulluk edýär. Ol şeýle diýýär: «Men ruhy çagalarymyň „hakykat boýunça ýaşaýandygyny“ görüp örän begenýärin. Olaryň käbiri pioner we ýygnak ýaşulusy bolup gulluk edýärler. Köpüsi maňa eje ýa-da mama diýýärler. Maşgalaly bolan şol ýaşulularyň biri meni öýüne aldy. Şeýdip, Ýehowa maňa ogul, gelin we üç agtyk berdi» (3 Ýah. 4).
72 ýaşyndaky kanadaly Karen uýamyz 20 ýyldan gowrak Günbatar Afrikada gulluk edýär. Ol şeýle diýýär: «Missioner durmuşy maňa janaýamaz, sabyrly bolmagy we söýmegi öwretdi. Dürli milletden bolan dogan-uýalar bilen wagyz edip, gözýetimim giňeldi. Men her dürli naharlary bişirmegi, öýüň başga işlerini etmegi hem öwrendim. Dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan dogan-uýalar bilen dostlaşdym.
Laosda gulluk edýän 79 ýaşyndaky angliýaly Margaret uýamyz şeýle diýýär: «Men daşary ýurtda gulluk edip, Ýehowanyň dürli milletden we medeniýetden bolan adamlary nädip öz guramasynyň agzasy edýändigini gözüm bilen gördüm. Bu meniň imanymy berkitdi. Şeýle-de Ýehowanyň öz guramasyna ýolbaşçylyk edýändigine ynamym artdy, şonuň üçin gelejekdäki niýetleriniň hem amala aşjakdygyna şübhelenmeýärin».
Dogrudan-da, daşary ýurtda gulluk edip, wagzyň ajaýyp görnüşine gatnaşýan durmuşa çykmadyk uýalar öwgä mynasyp (Ser. 11:40). Olaryň sany barha artýar (Zeb. 68:11). Yhlasly uýalaryň gürrüňlerini okap, belki, sizem ýagdaýyňyzy özgerdip, olaryň göreldesine eýerersiňiz. Şonda «Rebbiň ýagşylygyny dadyp görersiňiz» (Zeb. 34:8).