Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowa bilen her gün işleşiň

Ýehowa bilen her gün işleşiň

«Biz Hudaýyň işdeşleridiris» (1 Kor. 3:9).

AÝDYMLAR: 44, 28

1. Biz Ýehowa bilen nädip işleşip bileris?

ÝARADYJYMYZ Ýehowa maksadyny amala aşyrmak üçin kämil adamlaryň Özi bilen işleşmegini isleýärdi. Şu günler adamlar bikämil bolsa-da, Ýehowa bilen her gün işleşip bilýär. Meselem, biz Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edenimizde we şägirt taýýarlanymyzda, «Hudaýyň işdeşleri» bolýarys (1 Kor. 3:5—9). Eýsem, älemiň Gudratygüýçli Ýaradyjysy bilen işleşmek uly hormat dälmi näme?! Emma biz diňe bir wagyz edenimizde we şägirt taýýarlanymyzda, Ýehowa bilen işleşmeýäris. Şu makalada biz maşgala agzalarymyza we imandaşlarymyza kömek etmekde, myhmansöýer bolmakda, gurluşyk işlerine gatnaşmakda hem-de köpräk gulluk etmekde Ýehowa bilen nädip işleşip biljekdigimize serederis (Kol. 3:23).

2. Ýehowa edýän gullugymyzy näme üçin başgalaryňky bilen deňeşdirmeli däl?

2 Şu makalany öwrenenimizde, geliň, Ýehowa edýän gullugymyzy başgalaryňky bilen deňeşdirmekden gaça duralyň. Her bir adamyň ýaşynyň, saglyk ýagdaýynyň, mümkinçilikleriniň we ukyplarynyň tapawutlanýandygyny unutmalyň. Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen: «Goý, her kim öz edýän işlerini barlasyn, olary başgalaryňky bilen deňeşdirmesin. Şonda ol edýän işlerinden şatlyk tapar» diýdi (Gal. 6:4).

MAŞGALA AGZALARYŇYZA WE IMANDAŞLARYŇYZA KÖMEK EDIŇ

3. Maşgalasynyň aladasyny edýän her bir adam näme üçin Hudaý bilen işleşýär diýse bolar?

3 Ýehowa gullukçylarynyň maşgala agzalary barada alada etmegini isleýär. Meselem, siz maşgalaňyzy eklemek üçin gazanç etmeli bolýansyňyz. Käbirleri bolsa gartaşan ýa-da ýarawsyz ene-atasynyň aladasyny etmeli bolýar. Ýa-da köp eneler öýünde kiçi çagalaryna seretmeli bolýar. Elbetde, bularyň ählisi wajyp. Hudaýyň Sözünde: «Dogan-garyndaşlarynyň, esasan-da, öz maşgala agzalarynyň aladasyny etmeýän adam imandan dänendir, ol Hudaýa iman etmeýän adamdan hem beterdir» diýilýär (1 Tim. 5:8). Eger siziň hem şeýle borçlaryňyz bar bolsa, onda ruhy işlere isleýşiňiz ýaly köp wagt sarp edip bilmeýän bolmagyňyz mümkin. Ýöne ruhdan düşmäň! Ýehowa siziň maşgalaňyzyň aladasyny etmek üçin edýän tagallaňyzy görüp, begenýär (1 Kor. 10:31).

4. Ene-atalar ruhy işleri nädip birinji orunda goýup biler we bu nähili netije berer?

4 Mesihçi ene-atalar çagalaryna öňünde ruhy maksatlary goýmaga kömek edenlerinde, Ýehowa bilen işleşýärler. Ene-atasynyň kömegi bilen ýaşlaryň köpüsi uzak wagtly gulluga başladylar. Käbirleri missioner, başgalar wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde pioner bolup gulluk edýär. Käbirleri bolsa Beýtelde gulluk edýär. Olar uzakda gulluk edýändigi üçin, maşgala agzalary bilen ýygy-ýygydan görşüp bilmeýär. Muňa garamazdan, mesihçi ene-atalar çagalaryny gullugyny dowam etmäge höweslendirýär. Näme üçin? Sebäbi olar çagalarynyň Patyşalygyň bähbitlerini ileri tutýandyklaryny görüp, örän begenýärler we kalbynda rahatlyk duýýarlar (3 Ýah. 4). Mümkin, ene-atalaryň köpüsi özlerini ogly Şamuweli Ýehowa bagyş eden Hanna ýaly duýýandyr. Olar muňa Ýehowa bilen işleşmäge mümkinçilik hökmünde garaýar we muny gymmat saýýar (1 Şam. 1:28).

5. Siz ýygnagyňyzdaky dogan-uýalary nädip goldap bilersiňiz? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

5 Eger siziň maşgala borçlaryňyz ýok bolsa, onda gartaşan, ýarawsyz ýa-da başga kömege mätäç imandaşlaryňyzy goldap bilersiňizmi? Munuň üçin siz ýygnagyňyzda kimiň kömege mätäçdigine üns berip bilersiňiz. Mümkin, siz gartaşan ene-atasynyň aladasyny edýän dogany ýa uýany tanaýansyňyz. Ol ruhy işlere gatnaşyp biler ýaly, siz onuň ene-atasyna seredişip bilersiňizmi? Ýa-da siz imandaşlaryňyza ýygnaga gelmäge, bazara gitmäge, keselhanada ýatan dogan-uýalary idemäge we başga-da tabşyrylan ýumuşlary ýerine ýetirmäge kömek edip bilersiňiz. Şeýle etseňiz, siz Ýehowa bilen işleşersiňiz. Belki-de, Ýehowa olaryň edýän dogalaryna siziň üstüňiz bilen jogap berýändir (1 Korinfliler 10:24-i okaň).

MYHMANSÖÝER BOLUŇ

6. Myhmansöýer bolmak nämäni aňladýar?

6 Hudaýyň gullukçylary myhmansöýerligi bilen tanalýar. Injilde agzalýan «myhmansöýerlik» sözi «nätanyş adama söýgi bildirmegi» aňladýar (Ýew. 13:2, çykgyt). Hudaýyň Sözündäki wakalardan şeýle söýgini bildirmegiň wajypdygyny öwrenýäris (Gel. çyk. 18:1—5). Hawa, biz hatda «imandaşymyz» bolmadyk adamlarymyza hem kömek etmäge mümkinçilik gözlemeli (Gal. 6:10).

7. Uzak wagtly gulluk edýän dogan-uýalary myhmançylyga çagyrmagyň nähili peýdasy bar?

7 Siz uzak wagtly gulluk edýän dogan-uýalary myhmançylyga çagyryp, Ýehowa bilen işleşip bilersiňizmi? (3 Ýahýa 5, 8-nji aýatlary okaň). Bu köplenç birek-biregi «ruhlandyrmaga» mümkinçilik berýär (Rim. 1:11, 12). Geliň, Olaf atly dogan bilen bolan waka seredeliň. Ol ýaşka ýygnagyndaky dogan-uýalaryň etrap gözegçisi bolup gulluk edýän sallah doganlary myhmançylyga çagyryp bilmändiklerini aýdýar. Bir gezek ol Ýehowa gulluk etmeýän ene-atasyndan etrap gözegçisini öýlerine myhmançylyga çagyrmagy haýyş edýär. Olar muňa razylaşsa-da, Olafa diwanda ýatmaly boljakdygyny aýdýarlar. Olafyň eden tagallasy biderek bolmady. Ol şeýle ýatlaýar: «Men bir hepdeläp hezil etdim. Her gün ir bilen turup, etrap gözegçisi bilen çaý başynda köp gyzykly temalar hakynda gürrüňdeş bolýardyk. Onuň berýän gürrüňleri meniň uzak wagtly gulluk etmek islegimi artdyrdy». Olaf geçen 40 ýylyň içinde dürli ýerlerde missioner bolup gulluk etdi.

8. Hatda başgalar eden ýagşylygyňy birbada kabul etmeýän ýaly bolup görünse-de, näme üçin muny bes etmeli däl? Mysal getiriň.

8 Nätanyş adamlara söýgi bildirmegiň ençeme ýollary bar. Ýöne başgalar edýän ýagşylygyňy birbada kabul etmezligi mümkin. Geliň, bir mysala seredeliň. Ispaniýada gulluk edýän uýamyz ekwadorly Ýesika atly bir aýal bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärdi. Bir gezek olar okuw geçip otyrkalar, Ýesika aglap başlaýar. Uýamyz ondan sebäbini soranda, ol öň gaty garyp bolandygyny, hatda bir gün iýmäge hiç zatlarynyň galmandygyny aýdýar. Onuň gyzyna suwdan başga bermäge zady ýokdy. Ýesika çagasyny hüwdüläp otyrka, Hudaýdan kömek sorap, doga edipdir. Biraz wagtdan onuň öýüne iki sany uýa gelýär. Emma Ýesika olar bilen özüni gödek alyp barýar we uýalaryň beren žurnalyny ýyrtyp: «Şu gyzyma iýmit bolýarmy?» diýýär. Uýalar oňa göwünlik berjek bolýarlar, ýöne bu başa barmaýar. Soňra olar Ýesikanyň gapysynyň öňünde içi iýmitli torbany goýup gidýärler. Uýalaryň eden bu ýagşylygy Ýesika güýçli täsir edýär we ol eden dogasyna Hudaýyň jogap berendigine düşünip, aglaýar. Soňra ol Ýehowa gulluk etmegi ýüregine düwýär. Hawa, uýalaryň görkezen jomartlygy gowy netije berdi (Wag. 11:1, 6).

GURLUŞYK IŞLERINE KÖMEK EDIŇ

9, 10. a) Geçmişde Hudaýyň halkynyň meýletin gulluk etmäge nähili mümkinçiligi bardy? b) Şu günler ýygnakda jogapkärli borjy ýerine ýetirýän doganlar imandaşlarynyň nädip aladasyny edip biler?

9 Ysraýyl halkynyň hem meýletin gulluk etmek mümkinçiligi bardy (Müs. çyk. 36:2; 1 Ýyl. 29:5; Neh. 11:2). Şu günler hem biziň dogan-uýalara kömek etmek üçin wagtymyzy, emlägimizi we ukyplarymyzy ulanmaga köp mümkinçiligimiz bar. Eger siz kömegiňizi meýletin hödür etseňiz, köp şatlyk taparsyňyz we ençeme bereketleri alarsyňyz.

10 Hudaýyň Sözi doganlary ýygnakda ýaşuly ýa-da hyzmatçy bolup Ýehowa bilen işleşmäge höweslendirýär (1 Tim. 3:1, 8, 9; 1 Pet. 5:2, 3). Muňa seslenýän doganlar imandaşlaryna maddy we ruhy taýdan kömek etmek isleýärler (Res. iş. 6:1—4). Siz ýaşululara edebiýatlary, meýdançalary paýlamaga, bejeriş we şuňa meňzeş işlere gatnaşmaga islegiňiziň bardygyny aýdyp bilersiňiz. Şeýle işlere gatnaşýan doganlar imandaşlaryna kömek etmegiň köp şatlyk berýändigini aýdýarlar.

Gurluşyk işlerine gatnaşmak täze dostlary tapmaga kömek edýär (11-nji abzasa serediň)

11. Gurluşyk işlerine gatnaşmak bir uýa nähili peýda getirdi?

11 Gurluşyk işlerine gatnaşýan meýletinçiler köplenç täze dostlary edinýärler. Geliň, 18 ýyllap Ýygnak jaýlarynyň gurluşyk işlerine gatnaşan Marji uýanyň mysalyna seredeliň. Ol ençeme ýyllaryň dowamynda ýaş uýalara tejribesi bilen paýlaşyp, olara kömek edýär. Uýamyz muňa birek-biregi ruhy taýdan berkitmäge ajaýyp mümkinçilik hökmünde garaýar (Rim. 1:12). Dogrudan-da, Marjiniň durmuşynda kyn ýagdaýlar bolanda, gurluşyk işlerinde edinen dostlary oňa goldaw berdiler. Sizem gurluşyk işlerine meýletin kömek edip görüpdiňizmi? Siz ukybyňyz bolsa-da, bolmasa-da, oňa gatnaşyp bilersiňiz.

12. Siz betbagtçylyk bolan ýerlerde nädip kömek edip bilersiňiz?

12 Betbagtçylyk bolanda, Hudaýyň gullukçylarynyň imandaşlaryna dürli ýollar bilen kömek edip, Ýehowa bilen işleşmäge mümkinçiligi bolýar. Meselem, olar betbagtçylyga uçran imandaşlaryna pul kömegini berýärler (Ýah. 13:34, 35; Res. iş. 11:27—30). Şeýle-de olar betbagtçylyk bolan ýerlerde dogan-uýalaryň öýlerini dikeltmäge we arassalamaga kömek edýärler. Polşada ýaşaýan Gabriýela atly uýamyzyň tupan sebäpli öýi weýran bolýar. Goňşy ýygnaklardaky doganlar kömek etmäge gelende, ol juda begenýär. Uýamyz şeýle ýatlaýar: «Men ýitiren zatlarym hakda gürrüň etmek islemeýärin. Sebäbi olar ýöne bir maddy zatlar. Muňa derek men alan bereketlerim hakda aýdasym gelýär. Bu waka maňa hakyky şatlygyň hem bagtyň gözbaşy bolan mesihçiler ýygnagynyň agzasy bolmagyň uly hormatdygyny ýatlatdy». Betbagtçylyk bolan ýerlerde şeýle kömegi alan dogan-uýalaryň köpüsi onuň aýdanlary bilen razylaşýar. Dogrudan-da, Ýehowa bilen işleşýän adamlar özlerini bagtly duýýarlar we kanagat tapýarlar (Resullaryň işleri 20:35; 2 Korinfliler 9:6, 7-nji aýatlary okaň).

13. Imandaşlarymyza meýletin kömek etmek Ýehowa bilen dostlugymyzy nädip berkidýär? Mysal getiriň.

13 Geliň, gaçgak hökmünde ABŞ-a gelen adamlara kömek edip, Hudaý bilen işleşen Stefani we käbir dogan-uýalar bilen bolan waka seredeliň. Olar uruş sebäpli maşgalasyndan aýra düşen gaçgaklara ýaşamaga jaý we gerek-ýarak zatlaryny tapmaga kömek edýär. Stefani şeýle diýýär: «Olaryň ýüzündäki şatlyk hem minnetdarlyk duýgusy bize güýçli täsir etdi. Bu maşgalalar biz olara kömek edendiris öýdýärler, ýöne, aslynda, olar bize has köp kömek etdiler. Olaryň söýgüsi, agzybirligi, imany we Hudaýa bolan güýçli ynamy biziň Ýehowa bolan söýgimizi has-da berkitdi hem-de onuň guramasy arkaly berýän ähli zatlary üçin minnetdarlygymyzy artdyrdy».

ÝEHOWA KÖPRÄK GULLUK ETMEGI MAKSAT EDINIŇ

14, 15. a) Işaýa pygamber Ýehowa gulluk etmäge nähili garaýardy? b) Şu günler Patyşalygyň wagyzçylary Işaýanyň göreldesine nädip eýerip biler?

14 Siz Ýehowa bilen has köp işleşip bilersiňizmi? Wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçmeli bolsa, özüňizi höwes bilen teklip edersiňizmi? Elbetde, Hudaýyň gullukçylaryndan jomart bolmak üçin öýünden uzak ýerlere gitmek talap edilmeýär. Emma käbir dogan-uýalaryň kömek gerek ýerlere göçmäge mümkinçiligi bar. Olar Işaýa pygamberiňki ýaly garaýyşda bolmaga çalyşýarlar. Haçan-da Ýehowa: «Kimi ibereýin? Biziň üçin kim gider?» diýen-de, Işaýa pygamber: «Ine, men; meni iber!» diýdi (Iş. 6:8). Sizde-de şeýle isleg barmy? Guramamyza kömek gerek bolsa, muňa seslenip bilersiňizmi?

15 Isa wagyz we şägirt taýýarlamak işini göz öňünde tutup: «Hasyl bol, ýöne işçi az. Şonuň üçin hasyly ýygnamaga işçileri iberer ýaly, hasyl Eýesine ýalbaryň» diýdi (Mat. 9:37, 38). Siz wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk edip bilersiňizmi? Belki, dogan-uýalardan birine şeýle ädimi ätmäge kömek edersiňiz. Köp dogan-uýalar pioner ýa-da wagyzçylaryň az ýerinde gulluk etmegiň Ýehowa hem-de ýakynyňa bolan söýgiňi görkezmegiň iň gowy usulydygyny aýdýarlar. Eger siz janaýamazlyk ruhuny görkezseňiz, gullukdan köp şatlyk taparsyňyz. Eýsem, siz köpräk gulluk etmek üçin ýene näme edip bilersiňiz?

16, 17. Siz Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin näme edip bilersiňiz?

16 Siz Beýtele ýa-da guramamyzyň gurluşyk işlerine meýletin kömek edip bilersiňizmi? Ýehowanyň guramasynda tabşyrylan işleri höwes bilen ýerine ýetirýän meýletinçiler hemişe gerek bolup durýar. Olaryň hatda belli bir ugurdan ukyplary bolsa-da, zerurlyk bar ýerlerde kömek etmegi haýyş edip bilerler. Ýehowa janaýamazlyk ruhuny görkezip, kömek gerek ýerlerde höwes bilen gulluk edýän gullukçylaryny gymmat saýýar (Zeb. 110:3).

17 Mukaddes gulluga has köpräk gatnaşyp biler ýaly, tälim almaga islegiňiz barmy? Eger bar bolsa, onda «Hoş habarçylar mekdebinde» okamagy maksat edinip bilersiňiz. Bu mekdepde ruhy taýdan ösen we uzak wagtly gulluk edýän dogan-uýalara wagyzda has-da ökdeleşmek babatda tälim berilýär. Mekdebe çagyrylan dogan-uýalar ony tamamlanlaryndan soň, islendik ýerde gulluk etmäge taýyn bolmaly. Eýsem, siz Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin şeýle mümkinçiliklerden peýdalanarsyňyzmy? (1 Kor. 9:23).

18. Ýehowa bilen her gün işleşmegiň nähili peýdasy bar?

18 Biz Ýehowanyň gullukçylary hökmünde bir-birimize her gün jomartlyk bilen söýgimizi we mährimizi bildirmeli hem-de ýagşylyk etmeli. Eger şeýtsek, köp şatlyk taparys, aramyzda parahatlyk bolar we özümizi bagtly duýarys (Gal. 5:22, 23). Ýagdaýymyz nähili bolaýanda-da, Ýehowanyň jomartlygyndan görelde alsak we onuň bilen işleşmek hormatyny gymmat saýsak, ençeme bereketleriň eýesi bolarys (Sül. tym. 3:9, 10).