Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

TERJIMEHAL

Elimi gowşatmazlygy ýüregime düwdüm

Elimi gowşatmazlygy ýüregime düwdüm

«KAKA», «DAÝY», «ATA». Ýaş beýtelçileriň köpüsi maňa köplenç şeýle sözleri aýdýarlar. 89 ýaşymda bolandygym üçin olaryň maňa şeýle ýüzlenmekleri göwnüme hoş ýakýar. Men şeýle mähirli sözlere 72 ýyl uzak wagtly gulluk eden ýyllarymyň hatyrasy üçin Ýehowanyň sylagy hökmünde garaýaryn. Hudaýa gulluk eden ýyllarym başdan geçiren wakalarymy ýatlap, men ýaşlary tüýs ýüregimden şeýle sözler bilen ynandyrasym gelýär: «Eger eliňizi gowşatmasaňyz, eden işleriňiziň hözirini görersiňiz» (2 Ýyl. 15:7).

MAŞGALA AGZALARYM

Enem-atam Ukrainadan Kanada göçüp, Manitoba welaýatynyň Rosbern şäherinde ýaşap başlaýarlar. Men 16 çaganyň on dördünjisidim. Biz jemi 8 gyz we 8 oglandyk. Kakam Mukaddes Ýazgylary okamagy gowy görýärdi we her dynç güni irden ony bize okap bererdi. Emma ol dine gazanjyň çeşmesi hökmünde garaýardy we köplenç oýun edip: «Adamlara wagyz edendigi we öwredendigi üçin Isa kim hak töledikä?» diýýärdi.

Dört oglan we dört gyz doganym ahyrsoňy hakykaty kabul etdi. Uýam Roza ölýänçä pioner bolup gulluk etdi. Ol ölüminiň öň ýanyndaky günleri hemmeleri Hudaýyň Sözünde aýdylýan zatlara ünsli bolmaga höweslendirip: «Men sizi täze dünýäde görmek isleýärin» diýerdi. Uly doganym Ted bolsa dowzah ody barada yhlasly wagyz edýänleriň biridi. Ol her dynç güni irden radioda diňleýjilere günäkärleriň sönmez dowzah odunda ebedi ýanjakdygyny aýdýardy. Emma wagtyň geçmegi bilen, ol hem Ýehowanyň wepaly we yhlasly gullukçysy boldy.

UZAK WAGTLY GULLUGA BAŞLAÝARYN

1944-nji ýylyň iýunynda bir gün mekdepden öýe gelenimde, aşhanadaky stoluň üstünde «Täze dünýä ýetip gelýär» * atly kitapçany gördüm. Men bu kitapçanyň başda bir, soňra iki sahypasyny okadym. Emma saklanyp bilmän, ony tutuşlygyna okap çykdym. Şondan soň meniňem Isa ýaly Ýehowa gulluk edesim geldi.

Bu kitap öýümize nädip düşdükä? Uly doganym Stiw öýümiziň ýanynda iki sany adamyň kitaplary we kitapçalary satyp durandygyny görüpdir. Ol bu kitapçany gaty arzan bolandygy üçin satyn alandygyny aýtdy. Indiki dynç güni hem ýaňky adamlar geldiler. Olar özleriniň Ýehowanyň Şaýatlarydygyny we Mukaddes Ýazgylar arkaly adamlary gyzyklandyrýan soraglara jogap tapmaga kömek edýändiklerini aýtdylar. Ene-atamyz Hudaýy söýmeli diýip terbiýeländigi üçin, wagyzçylaryň aýdýan zatlary bize gaty gyzyklydy. Şeýle-de olar tizden Winnipegde Ýehowanyň Şaýatlarynyň kongres geçirjekdigini aýtdylar. Şol şäherde bolsa gyz doganym Elsi ýaşaýardy. Men şol kongrese gatnaşmagy ýüregime düwdüm.

Men Winnipege barmak üçin tigrimde 320 kilometr ýol geçdim. Soňra öýümize gelen iki wagyzçynyň ýaşaýan şäherine, ýagny Kelwuda bardym. Ol ýerde men duşuşyklara gatnaşyp, ýygnagyň nämedigine düşündim. Şeýle-de men erkek ýa-da aýal bolsun, ýaş ýa garry bolsun, her bir adamyň Isa ýaly öýden-öýe wagyz edip, şägirt taýýarlamalydygyny bildim.

Winnipegde men demirgazyk Ontariodan kongrese gatnaşmak üçin gelen oglan doganym Jege duşdum. Kongresiň ilkinji güni islegi bolan adamlaryň suwa çümdüriljekdigi aýdyldy. Jek ikimiz şol kongresde suwa çümdürilmegi ýüregimize düwdük. Suwa çümdürilip, ikimizem derrew pioner bolup gulluk etmegi maksat edindik. Şeýdip, Jek şol kongresden soň, uzak wagtly gulluga başlady. Men bolsa şol wagt 16 ýaşymdadym. Şol sebäpli mekdebi tamamlamak üçin yzyma dolanmaly boldum. Ýöne soňky ýyl menem pioner gullugyna başladym.

TEJRIBE TOPLAÝARYN

Men Manitoba welaýatynyň Suris şäherinde Sten Nikolson dogan bilen pioner bolup gulluk edip başladym. Ýöne soňra pioner bolmagyň aňsat däldigine düşündim. Pulumyz gaty azalsa-da, wagyz etmegimizi bes etmeýärdik. Bir gün biz günuzyn wagyz edip, öýe geldik, özümizem gaty ajygypdyk. Ýanymyzda-da kör-köpügimiz ýokdy. Ýöne gapymyzyň agzynda içi iýmitden doly torba duran eken. Biz ony kimiň goýandygyny häzirem bilemizok. Şol gün agşam biz patyşalar ýaly iýip-içdik. Hawa, elimizi gowşatmandygymyz üçin sylaglandyk! Aýyň ahyryna çenli şeýle bir semredim welin, ömrümde şolar ýaly bolmandym.

Birnäçe aýdan bizi Surisiň 240 km demirgazygyndaky Gilbert düzlüginde ýerleşýän şäherde gulluk etmäge bellediler. Şol wagtlar her ýygnakda uly tagtanyň ýüzünde aýma-aý alnyp barylýan wagyz işiniň meýilnamasy goýulýardy. Wagyz hasabaty pes bolan aýlary men dogan-uýalary köpräk gulluk etmäge höweslendirmek üçin nutuk bilen çykyş edýärdim. Bir gezek ýygnakdan soň, pioner bolup gulluk edýän gartaşan uýamyz ýanyma geldi-de, gözüne ýaş aýlap: «Men jan etdim, ýöne şundan artyk edip bilmedim» diýdi. Onuň sözlerini eşidip, menem gözýaşymy saklap bilmedim we ondan ötünç soradym. Uýamyzyň ýanýoldaşy hem Hudaýa iman etmeýärdi.

Şol döwürde meniň ýaly hyjuwly ýaş doganlaryň aňsatlyk bilen ýalňyşyp, soňra bolsa göwnüçökgünlige düşýän wagtlary bolýardy. Emma men şeýle ýagdaýlarda eliňi gowşatman, gaýtam, goýberen ýalňyşyňdan sapak edinip, öňe gitmelidigini öwrendim. Şonda Ýehowa wepaly gullugyňy hökman sylaglar.

KWEBEKDÄKI SÖWEŞ

21 ýaşymdakam, meni Gilead mekdebiniň 14-nji klasynda okamaga çagyrdylar. Bu meniň üçin garaşylmadyk sowgat boldy! Men ony 1950-nji ýylyň fewral aýynda tamamladym. Klasdaşlarymyň dörtden birini Kanadanyň Kwebek welaýatyndaky fransuz dilinde gepleýän adamlaryň ýaşaýan ýerine gulluk etmäge iberdiler. Ol ýerde dini ýolbaşçylar Ýehowanyň Şaýatlaryny güýçli gazap bilen yzarlaýardylar. Meni altyn gazylyp alynýan Wal-d’Or şäherinde gulluk etmäge bellediler. Bir gezek dogan-uýalar bilen Wal-Sennewille obasynda wagyz edip ýörkäk, şol ýeriň ruhanysy: «Obadan derrew garaňyzy saýlamasaňyz, işiňizi görerin» diýip, haýbat atdy. Bu ýagdaý kazyýete baryp ýetdi. Meni akladylar, ruhana bolsa jerime saldylar *.

Şol we şuňa meňzeş başga-da wakalar «Kwebekde söweşiň» başlamagyna getirdi. Kwebek welaýatynyň üstünden 300 ýyldan gowrak wagt bäri Rim katolik buthanasy agalyk edýärdi. Ruhanylar we syýasy ýolbaşçylar Ýehowanyň Şaýatlaryny yzarlaýardylar. Şol wagtlar hoş habary wagyz etmek aňsat däldi, sebäbi biziň sanymyz gaty azdy. Emma biz şonda-da elimizi gowşatmaýardyk. Kwebekde ýaşaýan akýürekli adamlar hoş habara seslendiler. Men hakykaty kabul eden köp adamlar bilen okuw geçirýärdim. Okuw geçýänlerimiň arasynda 10 adamly bir maşgala bardy. Olar tutuş maşgalasy bilen Ýehowa gulluk edip başladylar. Olaryň batyrgaýlyk babatda görkezen göreldesi başgalary-da katolik buthanasyny terk etmäge höweslendirdi. Biz hoş habary yhlasly wagyz edýärdik we ahyrsoňy bu söweşde ýeňiş gazandyk!

DOGANLARA ÖZ ENE DILINDE ÖWREDÝÄRIN

1956-njy ýylda meni Gaitide gulluk etmäge bellediler. Täze missionerleriň köpüsine fransuz dilini öwrenmek kyn bolýardy. Emma adamlar olary şonda-da diňleýärdi. Stenli Bogges atly missioner şeýle diýýär: «Adamlaryň bize kömek etmek üçin elinde baryny edýändigini görenimizde, gaty geň galdyk». Başda men Kwebekdekäm fransuzça öwrenendigime begendim. Ýöne biraz wagtdan köp ýerli doganlaryň diňe Gaitiniň kreol dilinde gepleýändigini bildik. Eger biz wagyzda üstünlik gazanmak islesek, onda ýerli ýaşaýjylaryň dilini öwrenmelidik. Biziň eden tagallamyz ýerine düşdi.

Ýerli doganlara kömek etmek üçin, biz Ýolbaşçylyk maslahatyndan «Garawul diňi» žurnalyny we beýleki edebiýatlary kreol diline terjime etmäge rugsat aldyk. Wagtyň geçmegi bilen, ýurtda ýygnaga gelýän adamlaryň sany köpelip başlady. 1950-nji ýylda Gaitide bary-ýogy 99 wagyzçy bardy. 1960-njy ýylda bolsa wagyzçylaryň sany 800-den geçdi. Şol wagt meni Beýtelde gulluk etmäge bellediler. 1961-nji ýylda men «Wagyz mekdebinde» tälim bermek hormatyna eýe boldum. Biz 40 sany ýygnak ýaşulusyna we ýörite pionerlere tälim berdik. 1962-nji ýylyň ýanwarynda geçirilen kongresde bolsa, talaplara laýyk gelýän ýerli doganlary köpräk gulluk etmäge höweslendirdik we olaryň käbirini ýörite pioner edip belledik. Bu tüýs wagtynda berlen kömekdi. Sebäbi garşylyk gitdigiçe güýjeýärdi.

Kongresden soň 1962-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda missioner doganymyz Andreý Damiko ikimizi Beýteldekäk tussag etdiler we «Oýanyň!» žurnalynyň 1962-nji ýylyň 8-nji ýanwaryndan çykan sanyny gadagan etdiler. Şol «Oýanyň!» žurnalynda fransuz gazetindäki Gaitide edilýän jadygöýlik baradaky käbir sözler getirilipdi. Käbir adamlar makalada ýazylan zatlary halamadylar we ondaky sözleri filialda ýazandygymyzy aýdýardylar. Şondan birnäçe hepde geçensoň, missionerleri ýurtdan çykardylar *. Emma ýerli doganlara ajaýyp tälim berlipdi. Men olaryň şol döwürde şeýle kynçylyklaryň hötdesinden gelip, ruhy taýdan berkändiklerine häzirem örän begenýärin. Häzir olarda hatda kreol dilinde Mukaddes Ýazgylaryň «Täze Dünýä terjimesi» hem bar. Bu şeýle bolar diýip, biz asla pikirem etmändik.

MERKEZI AFRIKA RESPUBLIKASYNDAKY GURLUŞYK

Gaitide gulluk edenimden soň, meni Merkezi Afrika respublikasyna missioner edip bellediler. Soňra men etrap gözegçisi, ondan soň bolsa filialyň gözegçisi bolup gulluk etdim.

Şol wagtlar Ýygnak jaýlarynyň köpüsiniň ýagdaýy öwerlik däldi. Men meýdandan saman çöpläp, üçegiň üstüni ýapmagy öwrendim. Käte şeýle bir başagaýdym welin, görene gülki bolýardym. Ýöne bu ýagdaý doganlary öz Ýygnak jaýlarynyň gurluşyk we abatlaýyş işlerine has-da yhlasly gatnaşmaga höweslendirdi. Dini ýolbaşçylar bolsa biziň üstümizden gülýärdi. Sebäbi olaryň buthanalarynyň üçekleri berkdi, biziňki bolsa ýönekeýjedi. Olaryň kemsitmelerine garamazdan, biz samandan üçegi bolan Ýygnak jaýlarymyzy ulanmagy dowam edýärdik. Ýurduň paýtagty Bangi şäheriniň üstüne güýçli harasat gelende, olaryň gülküsinden nam-nyşan galmady. Bu harasat buthananyň berk üçegini goparyp, şäheriň merkezi köçesine zyňyp taşlady. Biziň samandan edilen üçeklerimize bolsa hiç zat bolmady. Patyşalyk işine has gowy gözegçilik etmek üçin, bary-ýogy bäş aýyň içinde biz täze filialy we missionerler öýüni gurduk *.

YHLASLY UÝA ÖÝLENÝÄRIN

Toý tutan günümiz

1976-njy ýylda Merkezi Afrika respublikasynda Patyşalyk işi gadagan edildi. Meni Çadyň paýtagty Njamena şäherinde gulluk etmäge bellediler. Ol ýerde men asly Kamerundan bolan ýörite pioner bolup gulluk edýän yhlasly uýa duşdum. Biz 1978-nji ýylyň 1-nji aprelinde toý etdik. Şol aý graždanlyk urşy başlansoň, köp adamlar ýaly bizem ýurduň günortasyna gaçmaly bolduk. Uruş gutaranda, biz ýene-de öýümize dolandyk. Görsek, öýümizi harby bölümiň baş edarasyna öwrüpdirler. Olar diňe bir edebiýatlarymyzy däl, eýsem, aýalymyň toý eşiklerini we bize toýda berlen sowgatlary hem ýok edipdirler. Emma biz şonda-da elimizi gowşatmadyk. Biz häzirem bir-birimizi goldap, gelejege ynam bilen garaýarys.

Şondan iki ýyl geçensoň, Merkezi Afrika respublikasynda wagyz işimiz ýene-de rugsat edildi. Şol sebäpli biz yzymyza dolanyp, etrap gözegçisi bolup gulluk edip başladyk. Biz ulagymyzda ýatyp-turýardyk. Onuň içinde eplenýän krowat, 200 litr töweregi suwly gap, holodilnik we gaz peç bardy. Ulagly syýahat etmek aňsat däldi. Bir gezek ýolda barýarkak, biz azyndan 117 sany barlag nokadynda durmaly bolduk.

Howanyň derejesi käte 50 gradusa çenli ýetýärdi. Kongreslerde suwa çümdüriljekler üçin ýeterlik suw tapmak köplenç kyn bolýardy. Şol sebäpli doganlar gurap ýatan derýanyň käbir ýerlerini gazyp, az-azdan suw alýardylar we ony köplenç gaplarda saklaýardylar.

BEÝLEKI AFRIKA ÝURTLARYNDA GULLUK EDÝÄRIS

1980-nji ýylda bize Nigeriýa göçmegi haýyş etdiler. Ol ýerde biz iki ýarym ýyl töweregi täze filialyň gurluşyk işlerine kömek etdik. Doganlar iki gatly ammary satyn aldylar we ony söküp, soňra işleýän ýerimiziň golaýynda gurnadylar. Bir gün irden men gurluşykçylara kömek etmek üçin binanyň iň ýokarsyna çykdym. Gün ýaşyp barýarka, gelen ýolum bilen yzyma düşüp başladym. Ýokaryk çykmak üçin gurnalan zadyň käbir ýerlerini üýtgedipdirler. Şol sebäpli men bilmän boş ýere basyp, patlap ýere gaçdym. Meniň ýagdaýym öwerlik däldi, ýöne barlagdan geçenimden soň, lukman aýalyma: «Alada etmäň. Onuň birki ýeri çykypdyr. Birki hepdeden ýagdaýy gowulaşar» diýdi.

Jemgyýetçilik ulagynda kongrese barýarys

1986-njy ýylda biz Kot-d’Iwuara göçdük we şol ýerde etrap gözegçisi bolup gulluk etdik. Soňra biz goňşy döwlet Burkina-Faso göçdük. Ençeme ýyl geçensoň, Burkina biziň öýümiz bolar diýip, asla göz öňüne getirmeýärdim.

Etrap gözegçisi bolup gulluk eden döwrümizde ýaşan ulagymyz

1956-njy ýylda men Kanadadan göçdüm. Emma 47 ýyllap ýaşara ýer tapmamsoň, 2003-nji ýylda yzyma Kanadadaky Beýtele dolandym. Şonda ýanymda aýalym hem bardy. Pasportda ikimizem Kanadanyň raýaty bolsak-da, özümizi afrikaly hasaplaýardyk.

Burkina-Fasoda gyzyklanýan bilen okuw geçýärin

2007-nji ýylda 79 ýaşymdakam, biz ýene-de Afrika gitdik. Bizi Burkina-Fasoda gulluk etmäge bellediler. Şol ýerde men ýurduň komitetiniň agzasy bolup gulluk etdim. Soňra terjimeçiler topary Benindäki filialyň gözegçiligine tabşyryldy. Şol sebäpli bizi 2013-nji ýylyň awgustynda Benindäki filialda gulluk etmäge bellediler.

Aýalym ikimiz Benindäki Beýtelde gulluk edýäris

Saglyk ýagdaýym erbetleşse-de, men Ýehowa gulluk etmegi häzirem gymmat saýýaryn. Geçen üç ýylyň dowamynda ýaşulular we aýalym söýgi hem mähir bilen meni goldadylar. Iki sany okuw geçýänimiň, ýagny Gedegon hem-de Fregisiň suwa çümdürilendigini görmek maňa miýesser etdi. Häzir olar Ýehowa yhlasly gulluk edýärler.

Wagtyň geçmegi bilen, aýalym ikimiz Günorta Afrikanyň filialyna göçdük. Beýtel maşgalamyz saglygym barada söýgi bilen alada edýär. Men Günorta Afrikanyň ýedi döwletinde gulluk etdim. 2017-nji ýylyň oktýabrynda ýene bir üýtgeşik bereket aldyk. Biz Uorwikdäki (Nýu-Ýork) baş edaramyzyň açylyşyna gatnaşdyk. Bu biziň üçin ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy.

1994-nji ýylda çykan «Ýyllyk kitabynyň» 255-nji sahypasynda şeýle diýilýär: «Biz ençeme ýyl arman-ýadaman zähmet çekenlere: „Ýöne siz berk duruň! Eliňizi gowşatmaň, şonda eden işleriňiziň hözirini görersiňiz“ diýýäris» (2 Ýyl. 15:7). Aýalym ikimiz bu ruhlandyryjy sözlere eýerip, başgalary hem şeýle etmäge çagyrýarys.

^ abzas 9 Ýehowanyň Şaýatlarynyň 1944-nji ýyldaky neşiri. Häzir çap edilmeýär.

^ abzas 18 1953-nji ýylyň 8-nji noýabrynda çykan «Oýanyň!» žurnalyndaky «Kwebekdäki Ýehowanyň Şaýatlaryna hüjüm eden ruhany günäkär hasaplanýar» (sah. 3—5) atly makala serediň.

^ abzas 23 Bu waka barada köpräk bilmek üçin 1994-nji ýylda çykan «Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýyllyk kitabyna» serediň (sah. 148—150).

^ abzas 26 1966-njy ýylyň 8-nji maýynda çykan «Oýanyň!» žurnalyndaky «Berk esasyň üstünde gurýarys» (sah. 27) atly makala serediň.