Ähli ýüküňizi Ýehowanyň üstüne atyň
«Ähli ýüküňizi onuň (Ýehowanyň) üstüne atyň, sebäbi ol siziň aladaňyzy edýändir». 1 PET. 5:7
AÝDYMLAR: 38, 7
1, 2. a) Hudaýyň gullukçylarynyň alada edýändigi näme üçin geň galdyrmaýar? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?
BIZ agyr döwürde ýaşaýarys. Şeýtan Iblis örän gaharly, ol «arlaýjy arslan kimin ýuwutjagyny agtaryp ýörendir» (1 Pet. 5:8; Ylh. 12:17). Şol sebäpli Hudaýyň gullukçylarynyň hem käte alada edýändigi geň galdyrmaýar. Hatda Ýehowanyň Dawut patyşa ýaly wepaly gullukçylary-da alada edýärdiler (Zeb. 13:2). Pawlus resulyň «ähli ýygnaklaryň aladasyny» edip biynjalyk bolandygy ýadymyzdadyr (2 Kor. 11:28). Biz aşa köp alada etmez ýaly näme edip bileris?
2 Gökdäki söýgüli Atamyz geçmişde gullukçylaryna kömek edişi ýaly, bize-de aladalary ýeňmäge kömek eder. Mukaddes Ýazgylarda: «Ähli ýüküňizi (aladalaryňyzy) onuň üstüne atyň, sebäbi ol siziň aladaňyzy edýändir» diýilýär (1 Pet. 5:7, çykgyt). Bu maslahata eýermek üçin näme edip bileris? Geliň, aladalary ýeňmäge kömek edýän dört ädime seredeliň: ýürekden doga etmek, Hudaýyň Sözüni okamak we oýlanmak, Ýehowanyň mukaddes ruhuny dilemek hem-de duýgularyňy ynamdar adama aýtmak. Şu dört ädime seredenimizde, siz olaryň haýsysyna eýermek isleýändigiňiz barada oýlanyp bilersiňiz.
«ÝÜKÜŇI (ÝEHOWANYŇ) ÜSTÜNE TAŞLA»
3. Biz nädip dogada ýükümizi Ýehowanyň üstüne taşlap bileris?
3 Birinjiden, biz Ýehowa ýürekden doga edip, oňa ýakynlaşmaly. Oňaýsyz ýagdaýa düşeniňizde, gorka özüňizi aldyranyňyzda ýa-da biynjalyk bolanyňyzda gökdäki söýgüli Atamyza ýüregiňizi döküň. Mezmurçy Dawut Ýehowa: «Eý Hudaý, meniň dogama gulak as» diýip ýalbardy. Soňra şol mezmurynda: «Ýüküňi Rebbiň üstüne taşla, Ol seni saklar» diýdi (Zeb. 55:1, 22). Doga edip, kynçylygy çözmek üçin eliňizde baryny ediň, sebäbi ýürekden edilen doga aladalara garanyňda köp zady başarýandyr. Emma doga gaýgy-hasraty we aladalary ýeňmäge nädip kömek edip biler? (Zeb. 94:18, 19).
4. Aladalanýan wagtymyz näme üçin doga etmeli?
4 Filipililer 4:6, 7-nji aýatlary okaň. Ýehowa biziň ýürekden we erjellik bilen edýän gyzgyn dileglerimize jogap berýär. Nädip? Ol aňymyzdaky we ýüregimizdäki biynjalyk edýän pikirleri ýeňmäge kömek edip, kalbymyza rahatlyk berýär. Muny öz durmuşynda duýýan adamlar az däl. Aladalarda we kynçylyklarda Hudaý olaryň kalbyna ynsan düşünjesinden ýokary bolan parahatlygy berdi. Sizem şeýle parahatlygy duýup bilersiňiz. «Hudaýyň parahatlygy» islendik kynçylyklara döz gelmäge kömek edýär. Siz Ýehowanyň: «Heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin» diýip, söýgi bilen berýän wadasyna ynanyp bilersiňiz (Iş. 41:10).
HUDAÝYŇ SÖZI KALBYMYZA RAHATLYK BERÝÄR
5. Hudaýyň Sözi nädip kalbymyza rahatlyk berip biler?
5 Ikinjiden, kalbymyzda rahatlyk bolar ýaly, Mukaddes Ýazgylary okamaly we okan zatlarymyzyň üstünde oýlanmaly. Näme üçin? Mukaddes Ýazgylarda gaýgy-aladalary ýeňmäge, olara döz gelmäge kömek edýän peýdaly maslahatlar bar. Hudaýyň Sözüniň peýdalydygyny unutmaň, sebäbi onda Ýaradyjynyň paýhasly sözleri ýazylan. Hudaýyň pikir edişi ýaly pikir etsek we Mukaddes Ýazgylaryň görkezmelerine nädip eýerip biljekdigimiz hakda hemişe oýlansak, bu bizi berkider. Hawa, Ýehowanyň Sözüni okasak, «gorkmazlyga we dowla düşmezlige», «dözümli hem mert» bolmaga kömek eder (Ýeş. 1:7—9).
6. Isanyň sözleri bize nähili täsir edip biler?
6 Hudaýyň Sözünde Isanyň teselli beriji sözleri bar. Müňlerçe adamlar onuň ýanyna gelýärdi. Sebäbi onuň aýdan sözleri we taglymatlary diňleýjilerine rahatlyk berýärdi. Şeýle-de ol kynçylyk çekýänlere göwünlik berýärdi, ejizleri berkidýärdi we göwnüçökgünlere teselli berýärdi (Matta 11:28—30-nji aýatlary okaň). Ol adamlaryň ruhy, duýgy we beden taýdan aladasyny edip, söýýändigini görkezýärdi (Mar. 6:30—32). Isanyň sözleri bize-de kömek edip biler. Onuň ýanynda bolan resullar ýaly bizem bu sözleriň dogrudygyna göz ýetirip bileris. Elbetde, munuň üçin Isanyň ýanymyzda bolmagy hökman däl. Ol gökdäki Patyşa hökmünde henizem duýgudaşlyk bildirýär. Aladalar gurşap alanda, ol bize «kömek eder» we «rehimdarlyk bildirip, merhemet eder». Hawa, Isa kynçylyklara döz gelmäge kömek edip bilýär we ýüregimizi umytdan dolduryp, batyrgaýlyk berýär (Ýew. 2:17, 18; 4:16).
MUKADDES RUHUŇ MIWESI
7. Hudaýdan mukaddes ruhy dilemegiň nähili peýdasy bar?
7 Üçünjiden, aladalara döz gelmek üçin, ruhuň miwesini ösdürmeli. Isa gökdäki Atamyzyň Özünden dilänlere mukaddes ruhuny jomartlyk bilen berjekdigini aýdypdy (Luka 11:10—13). Ýehowanyň hereket edýän bu güýji Gudratygüýçli Hudaýa mahsus bolan häsiýetleri ösdürmäge kömek edýär (Galatýalylar 5:22, 23-nji aýatlary okaň; Kol. 3:10). Bu bize adamlar bilen gowy gatnaşykda bolmaga we aladalary döredip biljek köp ýagdaýlaryň öňüni almaga ýardam eder. Geliň, häzir ruhuň miwesiniň nädip kömek edip biljekdigine gysgaça seredeliň.
8—12. Biynjalyk etjek ýagdaýlaryň öňüni almaga Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesi nädip kömek edýär?
8 «Söýgi, şatlyk, parahatlyk». Eger biz adamlara hormat goýmaga çalyşsak, öýke-kine we gahar-gazap ýaly nädogry duýgulara ýol bermeris. Nädip? Doganlyk söýgüsini bildirsek, özümizi mähirli we sylaşykly alyp barsak, biynjalyk etjek ýagdaýlardan gaça durup bileris (Rim. 12:10).
9 «Sabyrlylyk, mähirlilik, ýagşylyk». Adamlar bilen gowy gatnaşykda bolmak üçin: «Bir-biriňize mähirli we rehim-şepagatly boluň... biri-biriňizi ýürekden bagyşlaň» diýen maslahata eýermeli (Efes. 4:32). Şonda bizi biynjalyk etjek başga-da ýagdaýlaryň öňüni alarys. Şeýle-de bikämillik zerarly döreýän ýagdaýlary dogry çözüp bileris.
10 «Iman». Şu günler biz köplenç pul ýetmezçiligi zerarly biynjalyk bolýarys (Sül. tym. 18:11). Ýehowanyň söýgi bilen edýän aladasyna berk iman etsek, biynjalyk edýän zatlaryň hötdesinden geleris ýa-da olardan gaça durup bileris. Nädip? Munuň üçin Pawlus resulyň Hudaýyň ylhamy bilen «bar zadyňyza kaýyl boluň» diýen maslahatyna eýermeli. Şeýle-de ol şu sözleri ýazdy: «Sebäbi Hudaý: „Men seni hiç haçan terk etmerin, seni asla taşlamaryn“ diýendir. Şonuň üçin hem biz doly ynam bilen: „Ýehowa meniň kömekçimdir; men gorkmaryn. Eýsem, adam maňa näme edip bilsin?“ diýýäris» (Ýew. 13:5, 6).
11 «Ýumşaklyk, özüňe erk etmeklik». Biz şu häsiýetleriň peýdasy hakda oýlanmaly. Şonda biynjalyk etjek ýagdaýlaryň öňüni alarys we «öýke-kineden, gahar-gazapdan, gykylykdan, hapa sözlerden» gaça durmagyň peýdasyny göreris (Efes. 4:31).
12 Galyberse-de, «Hudaýyň güýçli elleriniň astynda pesgöwünli bolup... ähli ýükümizi onuň üstüne atmaly» (1 Pet. 5:6, 7). Eger pesgöwünliligi ösdürsek, Hudaýyň razylygyny gazanarys we goldawyny duýarys (Mika 6:8). Biz özümiziň beden, akyl we duýgy taýdan ukyplarymyza dogry garaýyşda bolsak, onda Hudaýa bil baglap, aşa köp alada etmeris.
«HIÇ HAÇAN... ALADA ETMÄŇ»
13. Isanyň: «Hiç haçan... alada etmäň» diýen sözleri nämäni aňladýar?
13 Matta 6:34-de (okaň) Isa: «Hiç haçan... alada etmäň» diýip maslahat berýär. Göräýmäge, bu maslahata eýermek mümkin däl ýalydyr. Onda Isanyň bu sözleri nämäni aňladýar? Ol Hudaýyň gullukçysynyň hiç haçan alada etmejekdigini aýtmady. Biz Dawut patyşanyň we Pawlus resulyň biynjalyk bolandygyny belläp geçipdik. Isa şägirtlerine aşa köp alada edip, kynçylyklary çözüp bolmaýandygyny düşündirjek boldy. Her günüň öz aladasy bardyr, şol sebäpli mesihçiler bolan ýa-da boljak zatlar hakda alada etmejek bolmaly. Onda ruhdan düşürýän aladalaryň hötdesinden gelmek üçin, Isanyň maslahatyna nädip eýerip bileris?
14. Öňki eden ýalňyşlary üçin biynjalyk bolýan adam näme edip biler?
14 Kimdir biri geçmişde eden ýalňyş işlerini ýada salyp, biynjalyk bolýandyr. Hatda ençeme ýyl geçenden soň hem, ol özüni günäkärläp biler. Käte Dawut patyşa özüni «ýazyklary başyndan aşan» ýaly duýup: «Ýüregimiň iňňildisinden uwlaýaryn» diýdi (Zeb. 38:3, 4, 8, 18). Şeýle ýagdaýda Dawut näme edip bilerdi? Dawut Ýehowanyň rehimdarlygyna we geçirimliligine bil baglady. Şol sebäpli ol ynam bilen: «Jenaýaty bagyşlanan... adam nähili bagtly!» diýdi (Zebur 32:1—3, 5-nji aýatlary okaň).
15. a) Näme üçin bolýan zatlar barada alada etmeli däl? b) Aladalaryň hötdesinden gelmek üçin nähili ädimleri ädip bileris? (« Aladalaryň hötdesinden gelmek üçin ätmeli ädimler» diýen çarçuwa serediň).
15 Käte biz bolýan zatlar üçin hem aladalanyp bileris. Meselem, Dawut 55-nji mezmurda jany üçin gorkýandygy barada ýazýar (Zeb. 55:2—5). Emma ol gorkup, Ýehowa bolan ynamynyň gowşamagyna ýol bermedi. Dawut gyzgyn doga edip, kynçylyklaryny Ýehowa aýtsa-da, aladalarynyň hötdesinden gelmek üçin belli bir ädimleri ätmegiň wajypdygyna düşünýärdi (2 Şam. 15:30—34). Dawudyň göreldesine eýermek wajyp. Aladalar bizi basmaz ýaly, geliň, olary ýeňmek üçin gerekli ädimleri ädeliň, galan zatlary bolsa Ýehowanyň eline tabşyralyň.
16. Hudaýyň adynyň manysy imanymyzy nädip berkidýär?
16 Köplenç mesihçiler ertirki günüň aladasyny edip, biynjalyk bolýarlar. Emma entek näbelli zadyň aladasyny etmesek gowy bolardy. Näme üçin? Köplenç biynjalyk bolýan zatlarymyz garaşyşymyz ýaly erbet bolmazlygy mümkin. Galyberse-de, biz ähli ýükümizi Hudaýyň üstüne atyp bilýäris, onuň bolsa çözüp bilmeýän kynçylygy ýokdur. Onuň adynyň manysy «Boldurýar» diýmegi aňladýar (Müs. çyk. 3:14). Bu bizi Hudaýyň gullukçylary babatdaky niýetini doly amala aşyryp bilýändigine ynandyrýar. Şol sebäpli biz Hudaýyň wepaly gullukçylaryny sylaglajakdygyna hem-de olara geçmişde bolan, häzir bolýan we gelejekde boljak zatlar bilen bagly aladalaryna döz gelmäge kömek etjekdigine ynamly bolup bileris.
ÝÜREGIŇIZI DÖKÜŇ
17, 18. Duýgularymyzy ynamdar adama aýtsak, aladalary ýeňmäge nädip kömek eder?
17 Dördünjiden, aladalara döz gelmek üçin, biz ynamdar adama duýgularymyzy aýtmaly. Ýanýoldaşymyz, ýakyn dostumyz ýa-da ýygnak ýaşulusy bize garaýşymyzy düzetmäge kömek edip biler. «Ýüregindäki ýük adamy çökerýändir; ýagşy söz bolsa ýüregini begendirýändir» (Sül. tym. 12:25). Açyk we ýürekden edilen gürrüňdeşlik kynçylygyň sebäbine düşünmäge hem-de oňa hötde gelmäge has-da gowy kömek edip biler. Mukaddes Ýazgylarda: «Maksada maslahatsyz ýetilýän däldir, diňe maslahatçylaryň köp ýerinde myrat hasyl bolýandyr» diýilýär (Sül. tym. 15:22).
18 Şeýle-de Ýehowa aladalarymyza döz gelmäge ýygnak duşuşyklary arkaly kömek edýär. Biz ýygnakda aladamyzy edýän we bir-birini ruhlandyrýan imandaşlarymyz bilen gürrüňdeş bolup bilýäris (Ýew. 10:24, 25). Şonda ruhy güýjümiz tükenmez we aladalarymyza hötde gelmek aňsat bolar (Rim. 1:12).
ÝEHOWA BIZIŇ BERK GALAMYZ
19. Hudaý bilen dostlugymyzy berkidip biljekdigimize näme üçin ynamly bolup bileris?
19 Kanadada ýaşaýan ýygnak ýaşulusy aladalaryňy Ýehowanyň üstüne taşlamagyň wajypdygyny öwrendi. Ol mekdepde mugallym bolup işleýändigi üçin halys bolup, tapdan düşüpdi, hatda saglyk ýagdaýyna-da zyýan ýetipdi. Doganymyz muňa nädip döz geldikä? Ol şeýle düşündirýär: «Ilki bilen, men Ýehowa bilen dostlugymy berkidip, aşa köp biynjalyk bolmaz ýaly üstümde işledim. Şeýle ýagdaýda ýakyn dostlaryň we dogan-uýalaryň goldawy wajyp eken. Men aýalym bilen duýgularymy açyk paýlaşýaryn. Ýygnak ýaşululary we etrap gözegçisi garaýşymy düzetmek üçin gerekli kömegi berdiler. Şeýle-de men lukmanlara ýüz tutdum we dynç almak hem-de maşk etmek üçin wagt sarp edýärdim. Men öz duýgularyma erk etmegi öwrenip başladym. Eger öňki ýaly aladalanyp başlasam, ähli zady Ýehowanyň eline tabşyrýaryn».
20. a) Aladalarymyzy nädip Hudaýyň üstüne taşlap bileris? b) Indiki makalada näme barada gürrüň ederis?
20 Biz şu makalada ýüküňi Hudaýyň üstüne taşlamak üçin ýürekden doga etmegiň we onuň Sözüni okap, okan zatlaryň üstünde oýlanmagyň wajypdygyny belläp geçdik. Şeýle-de mukaddes ruhuň miwesini ösdürmegiň, duýgularyňy ynamdar adama aýtmagyň we dogan-uýalar bilen ýakyndan gatnaşyk etmegiň zerurdygyna seretdik. Indiki makalada gelejege bolan umyt arkaly Ýehowanyň bizi nädip goldaýandygy hakda gürrüň ederis (Ýew. 11:6).