Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Pioner doganlar Jorj Rolston bilen Artur Uillis maşynynyň radiatoryna suw guýup dur (Awstraliýanyň Demirgazyk Ýer ştaty, 1933 ý.)

ARHIWIMIZDEN

«Şaýatlary ýoluň uzaklygam, zaýalygam saklap bilmez»

«Şaýatlary ýoluň uzaklygam, zaýalygam saklap bilmez»

1937-NJI ýylyň 26-njy martynda uzak ýoldan gelýän iki adam tozan basyp giden maşynyny ýuwaşlyk bilen Awstraliýanyň Sidneý şäherine gelip saklaýar. Olar bu şäherden bir ýyl mundan ozal çykyp gidipdiler we 19 müň 300 kilometrden gowrak ýol geçip, ýurduň iň çet hem-de barmasy kyn bolan ýerlerine aýlandylar. Bu adamlar gözleg geçiriji ýa-da ýöne bir aýlanyp ýören syýahatçy däldi. Artur Uillis bilen Bil Nýulends ägirt uly Awstraliýanyň çet ýerlerinde Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etmegi ýüregine düwen yhlasly pionerlerdi.

1920-njy ýyllaryň ahyryna çenli Awstraliýadaky Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň * kiçijik topary ýurduň iň çet ýerlerinde we kenarýaka şäherdir obalarynda wagyz etdiler. Bu ýurduň çetindäki çöllük ýeriniň tutýan meýdany ABŞ-nyň ýarysyna deň bolup, ol ýerde gaty az adam ýaşaýar. Muňa garamazdan, doganlarymyz Isanyň şägirtleriniň «bütin ýer ýüzünde», şol sanda Awstraliýanyň iň çet ýerlerinde-de wagyz etmelidiklerine gowy düşünýärdiler (Res. iş. 1:8). Emma olar bu ägirt uly işi nädip ýerine ýetirip bilerdiler? Olar edýän tagallalaryny Ýehowanyň patalajakdygyna doly ynanýardylar we güýjüni gaýgyrman wagyz etmegi ýüregine düwüpdiler.

PIONERLER ÝOLA DÜŞÝÄR

1929-njy ýylda Kwinslendäki we Günbatar Awstraliýadaky dogan-uýalar ýurduň çet ýerlerinde wagyz etmek üçin gowy enjamlaşdyrylan birnäçe ulag ýasadylar. Bu ulaglary büdür-südür ýerlerden geçip, döwlen mahaly bejerip biljek başarjaň pionerler sürýärdi. Şeýdip, olar öň hiç haçan wagyz edilmedik ýerlere aýlanyp, hoş habary ýetirdiler.

Ulagy bolmadyk pionerler ýurduň çet ýerlerine welosipedli gidýärdiler. Mysal üçin, 1932-nji ýylda 23 ýaşly Bennet Brikel Kwinslendiň Rokgempton şäherinden başlap, bäş aýyň dowamynda şol ştatyň iň demirgazyk künjegine çenli wagyz edýär. Ol welosipedinde gerek-ýarak zatlaryny, iýmitdir egin-eşiklerini we birtopar kitaplary alyp gidýär. Welosipediniň tigirleriniň ýeli boşap başlasa-da, ol Ýehowanyň kömek etjekdigine doly bil baglap, ýoluny dowam edýär. Ol ençeme adamlaryň suwsuzlykdan heläk bolan çöllük ýerlerinden welosipedini kä itekläp, käte çekip, 320 km ýol geçýär. Brikel dogan soňky 30 ýylyň içinde-de welosipedli, motosiklli we maşynly ýüz müňlerçe kilometr ýol söküp, tutuş Awstraliýada wagyz edýär. Ol aborigenlere (ýerli ilata) ilkinji bolup wagyz edip, täze ýygnaklary döredýär we şol adamlaryň arasynda uly hormata eýe bolýar.

KYNÇYLYKLARA DÖZ GELÝÄRLER

Awstraliýa dünýäniň az ilatly ýurdy hasaplanýar. Onuň, esasanam, çet ýerlerinde has az adam ýaşaýar. Şol sebäpli Ýehowanyň gullukçylary ýurduň iň çet künjegindäki adamlara-da hoş habary ýetirmek üçin elinde baryny edýärdiler.

Pioner bolup gulluk eden Stýuart Kelti bilen Uilýam Torington hem şeýle etmegi ýüregine düwüpdiler. Olar 1933-nji ýylda ägirt uly Simpson çölünden geçip, ýurduň merkezinde ýerleşýän Alis-Springs şäherine wagyz etmäge gidýärler. Ýolda olaryň kiçi maşyny döwlüp, ony taşlap gitmekden başga alaç galmaýar. Kelti doganymyzyň aýagy agaçdan we maýyp bolsa-da, olar ýoluny dowam edýärler. Emma indi olar düýä münüp gidýärler. Doganlar bir çet ýerdäki demirýol duralgasyna baranlarynda, hemme çeken azaplary ýerine düşýär. Olar şol ýerde bir myhmanhananyň eýesi bolan Çarlz Bernharda wagyz edýärler. Şeýdip, ol adam hakykaty kabul edýär we soňra onuň özem myhmanhanasyny satyp, takmynan 15 ýyllap Awstraliýanyň has gurak we çet ýerlerinde pioner bolup gulluk edýär.

Artur Uillis dogan Awstraliýanyň çet ýerinde wagyz edensoň, yzyna gaýtmaga taýýarlanýar (Pert, Günbatar Awstraliýa, 1936 ý.)

Şol pionerlere duş gelen kynçylyklaryny ýeňip geçmek üçin batyrgaýlyk we tutanýerlilik gerekdi. Makalanyň başynda agzalan Artur Uillis bilen Bil Nýulends bir gezek Awstraliýanyň çet ýerlerinde wagyz etmäge gidenlerinde, çölde güýçli çabga ýagyp, ýollar batgalyga öwrülýär. Şonuň üçin olar iki hepdäniň içinde bary-ýogy 32 km ýol geçýärler. Käte olar jokrama yssyda gara dere batyp, ýük maşynyny itip, çekip, çägeli depelerden we büdür-südür ýerlerden geçmeli bolýardylar. Köplenç bolsa olaryň maşyny döwülýärdi. Şonda olar golaýdaky oba pyýada ýa-da welosipedli baryp, maşynyň gerekli şaýlary getirilýänçä, birnäçe hepdeläp garaşmaly bolýardylar. Şeýle päsgelçiliklere garamazdan, pionerler dogry garaýşy saklaýardylar. Artur Uillis dogan «Altyn asyr» žurnalyndaky sözlere salgylanyp: «Ýehowanyň Şaýatlaryny ýoluň uzaklygam, zaýalygam saklap bilmez» diýdi.

Ençeme ýyllap pioner bolup gulluk eden Çarlz Harris dogan çet ýerlerde wagyz etmeklik aňsat bolmasa-da, Ýehowa bilen dostlugyny has-da berkidendigini aýdýar. Ol sözüni dowam edip: «Zadyň näçe az bolsa, durmuşyň şonça-da gowy bolýar. Eger Isa daşarda ýatan bolsa, onda bizem gerek wagty şeýle etmäge taýyn bolmaly» diýdi. Hawa, şol pionerleriň köpüsi şeýle hem etdi. Olaryň janaýaman eden tagallalarynyň netijesinde, hoş habar Awstraliýanyň ähli künjegine ýaýrady we ençeme adamlar Hudaýyň Patyşalygynyň raýaty boldy.

^ abzas 4 Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler 1931-nji ýylda «Ýehowanyň Şaýatlary» diýen ady aldylar (Iş. 43:10).