Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Biz Ýehowanyňky

Biz Ýehowanyňky

«Hudaýy Reb bolan millet we Onuň Özüne miras saýlan halky bagtlydyr» (Zeb. 33:12).

AÝDYMLAR: 31, 48

1. Näme üçin Ýehowa ähli zadyň Eýesi diýse bolar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

ÝEHOWA ähli zadyň Eýesi! Ýazgylarda: «Gök, gökleriň gögi, ýer ýüzi we onuň üstündäki ähli zatlar Hudaýymyz Rebbiňkidir» diýilýär (Kan. tag. 10:14; Ylh. 4:11). Adamlary hem Ýehowa ýaratdy, şonuň üçin biziň ählimiz Oňa degişli (Zeb. 100:3). Bütin taryhyň dowamynda Hudaý käbir adamlaryň Özüne degişlidigini dürli ýollar bilen görkezdi.

2. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa degişli bolan adamlar barada näme diýilýär?

2 135-nji mezmurda gadymy ysraýyl halkyndan bolan Ýehowanyň wepaly gullukçylary «genji» hazyna bilen deňeşdirilýär (Zeb. 135:4). Şeýle-de Hoşeýa kitabynda ysraýyl halkyndan bolmadyk käbir adamlaryň Ýehowanyň gullukçysy boljakdygy pygamberlik edilýär (Hoş. 2:23). Ýehowa Mesih bilen höküm sürmek üçin ýehudy bolmadyk adamlary hem saýlap başlanda, Hoşeýanyň pygamberligi ýerine ýetdi (Res. iş. 10:45; Rim. 9:23—26). Şeýdip, olar «aýratyn gullugy berjaý etmek üçin» Ýehowanyň saýlan «mukaddes halky boldy» (1 Pet. 2:9, 10). Onda ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän millionlarça wepaly mesihçiler barada näme diýse bolar? Ýehowa olara hem «halkym» we «saýlanlarym» diýýär (Iş. 65:22).

3. a) Şu günler kimler Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykdan şatlyk tapýar? b) Şu makalada nämä serederis?

3 Şu günler gökde ýaşamaga umyt edýän «kiçi süriniň» agzalary ýer ýüzünde ýaşamaga umydy bolan «başga goýunlar» bilen bilelikde «bir süri» hökmünde Ýehowa agzybir sežde edýär (Luka 12:32; Ýah. 10:16). Şeýle ajaýyp dostlukly gatnaşygy berendigi üçin, biz Ýehowa ýürekden minnetdardygymyzy görkezesimiz gelýär. Biz şu makalada Ýehowanyň bildiren hormatyna minnetdarlygymyzy nädip görkezip biljekdigimize serederis.

BIZ ÖZÜMIZI ÝEHOWA BAGYŞ ETDIK

4. a) Biz Ýehowa özi bilen dostlaşmaga mümkinçilik berendigi üçin nädip minnetdar bolup bileris? b) Isa Atasyna minnetdardygyny nädip görkezdi?

4 Biz özümizi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilenimizde, Oňa bildiren hormaty üçin çuňňur minnetdardygymyzy görkezýäris. Şeýle-de suwa çümdürilip, biz hemmelere özümiziň Ýehowa degişlidigimizi we Oňa höwes bilen tabyn bolmak isleýändigimizi aýan edýäris (Ýew. 12:9). Isa-da suwa çümdürilende şeýle edipdi. Aslynda, ol Ýehowa: «Men Seniň islegiňi berjaý etmekden keýp alýaryn, eý Hudaýym» diýen ýalydy (Zeb. 40:7, 8). Isa Hudaýa bagyş edilen halkyň içinde dünýä inse-de, Ýehowanyň islegini berjaý etmek üçin özüni Oňa bagyş etdi.

5, 6. a) Ýehowa Isanyň özüni bagyş edendigine nähili garady? b) Özümizi Ýehowa bagyş edenimizde, oňa nähili täsir edýändigini mysal arkaly düşündiriň.

5 Ýehowa Isanyň özüni bagyş edendigine nähili garady? Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Isa suwa çümdürilip, derrew ondan çykdy. Ine, gök açyldy we Ýahýa Hudaýyň ruhunyň kepderi kimin Isanyň üstüne inip gelýändigini gördi. Şonda gökden: „Bu meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn“ diýen ses eşidildi» (Mat. 3:16, 17). Isa gökdäki Atasyna degişli bolsa-da, Ýehowa Oglunyň islegini höwes bilen berjaý etmäge taýyndygyny görende, örän begendi. Şonuň ýaly bizem özümizi Ýehowa bagyş edenimizde, ol diýseň begenýär we bizi patalaýar (Zeb. 149:4).

6 Muňa düşünmek üçin bir mysala seredeliň. Bir adam howlusynda owadan gülleri ekýär. Bir gün onuň gyzjagazy şol gülleriň birini ýolýar-da, kakasyna sowgat berýär. Eýsem, onuň kakasy: «Bu güller şeýle-de meniňki. Gyzym nädip öz zadymy maňa sowgat berýär» diýermi? Elbetde, çagasyny söýýän ata hiç haçan beýle pikir etmez. Gaýtam, ol gyzynyň söýgi bilen beren sowgadyny begenç bilen kabul eder. Sebäbi gyzynyň beren ýekeje güli onuň üçin howlusyndaky hemme güllerdenem has gymmatly. Şonuň ýaly-da, biz özümizi Ýehowa höwes bilen bagyş edenimizde, onuň begenjiniň çägi bolmaýar (Müs. çyk. 34:14).

7. Malaky pygamber Ýehowanyň özüne ak ýürekden gulluk edýän adamlara bolan garaýşy barada näme diýdi?

7 Malaky 3:16-ny okaň *. Eger siz heniz özüňizi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilmedik bolsaňyz, bu wajyp ädim hakda çuňňur oýlanyň. Aslynda, beýleki adamlar ýaly sizem dünýä inen günüňizden başlap, Ýehowanyňky hasaplanýarsyňyz. Emma Ýehowanyň hökümdarlygynyň tarapyny tutup, özüňizi oňa bagyş edeniňizde, onuň nähili begenýändigini göz öňüne getiriň! (Sül. tym. 23:15). Ýehowa özüne ýürekden gulluk edýän adamlary tanaýar we olaryň atlaryny «ýatlama kitabyna ýazýar».

8, 9. Atlary «ýatlama kitabyna ýazylan» adamlardan Ýehowa nämä garaşýar?

8 Eger biz Ýehowanyň «ýatlama kitabynda» adymyzyň galmagyny islesek, onda käbir zatlary etmeli. Malaky pygamber biziň «(Ýehowadan) gorkup, adyna hormat goýmalydygymyzy» aýtdy. Diýmek, Hudaýdan başga birine ýa-da islendik zada sežde etsek, Ýehowanyň «ýaşaýyş kitabyndan» adymyz öçürilip biler (Müs. çyk. 32:33; Zeb. 69:28).

9 Özüňi Ýehowa bagyş etmek Onuň islegini berjaý etjekdigiňi söz bermekden we ýöne bir suwa çümdürilmekden has köp zady aňladýar. Sebäbi biz bu ädimleri diňe bir gezek ädýäris we olar geçip gidýär. Şonuň üçin biz Ýehowanyň saýlan halky hökmünde elmydama, ýagny tä ölýänçäk, her gün Onuň tarapyndadygymyzy görkezmeli (1 Pet. 4:1, 2).

TEN HÖWESLERIMIZI INKÄR EDÝÄRIS

10. Hudaýa gulluk edýän bilen etmeýäniň arasyndaky tapawut nämeden görünýär?

10 Geçen makalada biz Kabylyň, Süleýmanyň we ysraýyllylaryň mysaly hakda gürrüň etdik. Olaryň ählisi Ýehowa sežde etseler-de, Oňa doly wepaly bolmadylar. Bu mysallar hakykatdan Ýehowa degişli bolan adamlaryň dogrulygyň tarapyny berk tutup, erbetligi ýigrenmelidigini aýdyň görkezýär (Rim. 12:9). Malaky pygamber «ýatlama kitaby» barada aýdansoň, Ýehowa «dogry bilen egriniň, Hudaýa gulluk edýän bilen etmeýäniň arasynda tapawudyň» boljakdygyny aýtdy (Mal. 3:18).

11. Biz Ýehowa doly wepalydygymyzy näme üçin başgalara aýan etmek isleýäris?

11 Halkynyň agzasy bolmaga saýlandygy üçin, Ýehowa minnetdarlygymyzy görkezmegiň ýene bir usuly ruhy taýdan ösmegimizi dowam etmeli. Mukaddes Ýazgylarda: «Ruhy taýdan ösen mesihçi bolandygyňyzy (hemmeler) görsün» diýilýär (1 Tim. 4:15; Mat. 5:16). Özümize şeýle soraglary berip bileris: «Ýehowa doly wepalydygymy başgalar görýärmi? Adamlara Ýehowanyň Şaýadydygymy buýsanç bilen aýdýarynmy?» Ýehowa bizi halkynyň agzasy edip saýlandan soň, adamlara özümiziň Oňa degişlidigimizi aýtmaga utansak, Ol gaty gynanar (Zeb. 119:46; Markus 8:38-i okaň).

Siziň ýaşaýşyňyz Ýehowanyň Şaýadydygyňyzy görkezýärmi? (12, 13-nji abzaslara serediň)

12, 13. Käbir mesihçileri beýleki adamlardan tapawutlandyrmak näme üçin kyn bolýar?

12 Gynansak-da, Hudaýyň käbir gullukçylary «dünýäniň ruhunyň» täsirine düşdüler. Şol sebäpli olar Ýehowa sežde etmeýän adamlardan känbir tapawutlanmaýar (1 Kor. 2:12). Dünýäniň ruhy adamlary «ten höweslerine eýerip ýaşamaga» iterýär (Efes. 2:3). Meselem, maslahat berlendigine garamazdan, käbir mesihçiler henizem egin-eşik we daş keşp babatda şu dünýäniň garaýşyna eýerýär. Olar hatda dogan-uýalar bilen ýygnanyşanda-da, dar we göze ilginç egin-eşikleri geýýärler. Olar saçlaryny daranda hem şu dünýädäki adamlara öýkünýär (1 Tim. 2:9, 10). Şol sebäpli olaryň Ýehowanyň Şaýadydygyny ýa-da «dünýäniň dostudygyny» tapawutlandyrmak kyn bolýar (Ýak. 4:4).

13 Käbir mesihçiler bolsa dünýädäki adamlaryň edýän işlerinden doly el çekip bilmeýärler. Meselem, olar oturyşyklarda mesihçilere ýaraşmaýan tanslary we hereketleri edýärler. Başgalar bolsa Internetde suratlaryny goýýar we her hili saýtlara girip, hat alşyp-berişýär. Mümkin, şeýle dogan-uýalar ýygnakda agyr günä edýän däldir. Emma olar ýagşy edim-gylymly bolmaga jan edýän mesihçi ýaşlara erbet täsir edip bilýär (1 Petrus 2:11, 12-nji aýatlary okaň).

Ýehowanyň tarapyny tutmaýan adamlaryň täsirine düşmäň

14. Ýehowa bilen dostlugymyzy goramak üçin näme etmeli?

14 Şu dünýä adamlarda «ten höwesleri, göz höwesi we zadyňa öwünmeklik» ýaly islegleri oýarýar (1 Ýah. 2:16). Ýöne biz Ýehowa degişli bolandygymyz üçin, «Hudaýyň islegine garşy gelýän zatlardan we dünýäniň höweslerinden ýüz öwürmeli, sagdyn düşünjeli bolmaly, dogrulykda ýaşamaly hem-de Hudaýa wepaly bolmaly» (Tit. 2:12). Biziň aýdýan sözlerimiz, iýip-içýän zatlarymyz, egin-eşigimiz, daş keşbimiz we işleýän işimiz hem Ýehowa doly wepalydygymyzy görkezmeli (1 Korinfliler 10:31, 32-nji aýatlary okaň).

«BIRI-BIRIMIZI ÝÜREKDEN SÖÝÝÄRIS»

15. Biz näme üçin dogan-uýalary ýürekden söýüp, olar bilen özümizi mähirli alyp barmaly?

15 Ýehowa özi bilen dostlaşmaga beren mümkinçiligine minnetdarlygymyzy görkezmek üçin, biz dogan-uýalary ýürekden söýmeli. Sebäbi olar hem Ýehowanyňky. Eger biz şu wajyp hakykaty ýadymyzda saklasak, dogan-uýalary söýüp, olar bilen özümizi hemişe mähirli alyp bararys (1 Sel. 5:15). Isa şägirtlerine: «Eger araňyzda söýgi bolsa, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» diýdi (Ýah. 13:35).

16. Musanyň kanunyndaky haýsy tabşyryk Ýehowanyň halkyna bolan garaýşyna düşünmäge kömek edýär?

16 Ýygnagymyzdaky dogan-uýalar bilen özümizi nähili alyp barmalydygymyza düşünmek üçin şu barada oýlanalyň. Ýehowanyň ybadathanasyndaky bagyş edilen gap-gaçlar diňe arassa sežde üçin ulanylmalydy. Musanyň kanunynda şol gap-gaçlary nädip ulanmalydygy barada jikme-jik görkezme berlipdi we oňa eýermedik adam ölüme höküm edilmelidi (San. 1:50, 51). Eger Ýehowa özüne sežde edilende ulanylan gap-gaçlara şeýle gabanjaňlyk bilen sereden bolsa, onda özüni Oňa bagyş eden wepaly gullukçylaryny has-da gymmat saýmazmy?! Ýehowa gullukçylaryna: «(Size) degen hut Meniň görejime degýändir» diýdi (Zak. 2:8).

17. Ýehowa nämäni «üns berip diňleýär»?

17 Üns beren bolsaňyz, Malaky pygamber: «Rebden gorkýanlar biri-birileri bilen gepleşdiler. Reb üns berip diňledi» diýdi (Mal. 3:16). Dogrudan-da, «Ýehowa öz adamlaryny bilýär» (2 Tim. 2:19). Ol biziň her bir aýdýan sözümize we edýän işimize üns berýär (Ýew. 4:13). Eger imandaşlarymyz bilen özümizi mähirli alyp barmasak, Ýehowa muny görýär. Şol sebäpli dogan-uýalara myhmansöýer, jomart, geçirimli we mähirli bolsak, Ýehowanyň muny-da görýändigine şübhelenmän bileris (Ýew. 13:16; 1 Pet. 4:8, 9).

«REB ÖZ HALKYNY TAŞLAMAZ»

18. Biz Ýehowanyň bildiren hormatyna nädip minnetdar bolup bileris?

18 Ýehowa bize öz halkynyň agzasy bolmaga mümkinçilik berdi. Biz onuň bu hormatyna ýürekden minnetdar bolasymyz gelýär. Sebäbi özümizi Oňa höwes bilen bagyş etmegiň paýhaslydygyna düşünýäris. Şonuň üçin «şu zalym hem-de dogrulyk etmeýän nesliň arasynda» ýaşasak-da, «aýypsyz, hilesizdigimizi» we «şu dünýäde yşyk kimin nur saçýandygymyzy» adamlaryň görmeklerini isleýäris (Flp. 2:15). Şeýle-de biz Ýehowanyň ýigrenýän işlerinden gaça durýarys (Ýak. 4:7). Mundan başga-da dogan-uýalary söýüp, olara hormat goýýarys. Sebäbi olaryň hem Ýehowanyňkydygyna düşünýäris (Rim. 12:10).

19. Ýehowa özüne degişli bolan adamlary nädip sylaglaýar?

19 Mukaddes Ýazgylarda: «Reb Öz halkyny taşlamaz» diýilýär (Zeb. 94:14). Ýehowanyň bu wadasy nähili ýagdaý bolaýanda-da, Onuň bizi taşlamajakdygyna kepil geçýär. Hawa, hatda ölüm hem bizi Ýehowanyň söýgüsinden aýryp bilmez (Rim. 8:38, 39). Injilde: «Eger biz ýaşaýan bolsak, Ýehowanyň şöhraty üçin ýaşaýandyrys, eger ölýän bolsak, Ýehowanyň şöhraty üçin ölýändiris. Diýmek, ýaşasak-da, ölsek-de, biz Ýehowanyňkydyrys» diýilýär (Rim. 14:8). Ýehowanyň aradan çykan ähli wepaly dostlaryny direltjek wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys (Mat. 22:32). Biz häzirden ençeme bereketleri alýarys. Dogrudan-da, Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly: «Hudaýy Reb bolan millet we Onuň Özüne miras saýlan halky bagtlydyr» (Zeb. 33:12).

^ abzas 7 Malaky 3:16 Onsoň Rebden gorkýanlar biri-birleri bilen gepleşdiler. Reb üns berip diňledi. Rebden gorkup, adyna hormat goýýanlar hakynda Onuň öňünde bir ýatlama kitaby ýazyldy.