Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Siz kimiň göwnünden turmak isleýärsiňiz?

Siz kimiň göwnünden turmak isleýärsiňiz?

«Hudaý siziň edýän işleriňizi we... adyna görkezýän söýgiňizi unudar ýaly, adalatsyz däldir» (Ýew. 6:10).

AÝDYMLAR: 4, 51

1. Biziň ählimizde nähili isleg bar?

GOWY tanaýan we hormat goýýan adamyňyz adyňyzy ýatdan çykarsa, hatda sizi tanamaýandygyny aýtsa, özüňizi nähili duýardyňyz? Elbetde, bu sizi ruhdan düşürip biler. Näme üçin? Sebäbi başgalaryň göwnünden turmak islegi her birimize mahsus zat. Emma biz özümizi ýöne bir tanamaklaryny däl-de, aslynda, nähili adamdygymyzy we edýän işlerimiziň gadyryny bilmeklerini isleýäris (San. 11:16; Eýp. 31:6).

2, 3. Başgalaryň göwnünden turmak islegimiz nädip ýoýlup biler? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

2 Biz bikämil bolandygymyz üçin beýleki isleglerimiz ýaly, başgalaryň göwnünden turmak islegimiz hem üýtgäp ýa-da ýoýlup biler. Ol bizi özüňe çendenaşa üns berdirmeklige iterip biler. Şeýtanyň dünýäsi bizi at-abraýa kowalaşmaga höweslendirip, «hormaty, alkyşy almaga» we seždä mynasyp bolan gökdäki Atamyz Ýehowa Hudaýdan daşlaşdyrjak bolýar (Ylh. 4:11).

3 Isanyň günlerinde käbir dini ýolbaşçylar adamlaryň öwgüsini gazanmaklyga nädogry garaýardy. Şonuň üçin Isa şägirtlerine şeýle duýduryş berdi: «Kanunçylardan seresap boluň. Olar uzyn donlary geýip aýlanmagy gowy görýärler, bazarlarda adamlaryň hormat bilen salamlaşmaklaryny isleýärler. Sinagogalarda öňdäki hatarlarda we toýlarda iň abraýly ýerlerde oturmagy halaýarlar». Soňra sözüni dowam edip: «Olar has agyr jeza sezewar bolarlar» diýdi (Luka 20:46, 47). Munuň tersine, hiç kim üns bermese-de, Isa hakyky seždäni goldamak üçin ýoguny bar eden garyp dul aýaly öwdi (Luka 21:1—4). Görşümiz ýaly, Isanyň öwgä we alkyş almaklyga bolan garaýşy başga adamlaryňkydan düýpgöter tapawutlanýardy. Bu makala bize başgalaryň göwnünden turmaklyga dogry garaýyşda bolmaga, ýagny oňa Ýehowanyň garaýşy ýaly garamaga kömek eder.

KIMIŇ GÖWNÜNDEN TURMAK WAJYP?

4. Kimiň göwnünden turmak wajyp we näme üçin?

4 Kimiň göwnünden turmak wajyp we biz näme üçin muňa ymtylmaly? Şu günler köp adamlar ylym, söwda ýa-da sport pudagynda meşhurlyk gazanyp, başgalara ýaranjak bolýarlar. Emma Pawlus resulyň bu hakda näme diýendigine üns beriň: «Indi siz Hudaýy tanadyňyz, has dogrusy, Hudaý sizi tanady. Onda siz nädip dünýäniň boş işlerini etmek üçin yzyňyza dolanyp bilýärsiňiz?» (Gal. 4:9). Dogrudan-da, bütin älem-jahanyň Eýesiniň «seni tanamagy» örän uly hormat! Ýehowa bizi söýýär we özi bilen ýakyn dostlukly gatnaşykda bolmagymyzy isleýär. Bir alymyň aýtmagyna görä, «ol bizi mähir bilen synlaýar». Biz Ýehowanyň dosty bolanymyzda, aslynda, näme maksat bilen ýaradylandygymyza has gowy düşünýäris (Wag. 12:13, 14).

5. Hudaýyň göwnünden turmak üçin biz näme etmeli?

5 Geliň, Musa pygamberiň mysalyna seredeliň. Bir gezek ol Hudaýa: «Maňa Öz ýollaryňy görkez» diýýär. Şonda Ýehowa oňa: «Men seniň edil soran zadyňy ederin, sebäbi sen Meniň nazarymda merhemet tapdyň we Men seniň adyňy gowy tanaýaryn» diýdi (Müs. çyk. 33:12—17). Eýsem, Ýehowanyň her birimizi aýratynlykda tanamagy uly bereket dälmi näme?! Ýöne munuň üçin näme etmeli? Biz Ýehowany söýüp, oňa özümizi bagyş etmeli (1 Korinfliler 8:3-i okaň).

6, 7. Ýehowa bilen dostlugymyzy ýitirmegimize näme sebäp bolup biler?

6 Biz gökdäki Atamyz bilen gymmatly dostlugymyzy goramak üçin elimizde baryny etmeli. Pawlusyň Galatýadaky mesihçilere aýdyşy ýaly, bizem şu «dünýäniň boş işleriniň» guly bolmakdan, şol sanda adamlara ýaranjaňlyk etmekden gaça durmaly (Gal. 4:9). I asyrdaky dogan-uýalar Hudaýyň göwnünden turmagy öwrendiler. Emma Pawlus hut şol doganlaryň boş zatlar üçin «yzyna dolanandygyny» aýdýar. Ol: «Siz nädip dünýäniň boş işlerini etmek üçin yzyňyza dolanyp bilýärsiňiz?» diýdi.

7 Şu günler biziň bilen hem şeýle bolup bilermi? Hawa. Biz ilkibaşda Ýehowany tananymyzda, Pawlus resul ýaly Şeýtanyň dünýäsinde at-abraý gazanmakdan ýüz öwürdik (Filipililer 3:7, 8-nji aýatlary okaň). Mümkin, biz ýokary bilim almakdan, kär edinmekden ýa-da girdejili işde işlemekden ýüz öwrendiris. Belki-de, biziň aýdym-saz sungatynda ýa-da sportda ukybymyz bolup, meşhur bolmaga we gurply ýaşamaga mümkinçiligimiz bolandyr. Emma biz bu zatlaryň ählisinden ýüz öwürdik (Ýew. 11:24—27). Elbetde, yzda galdyran zatlarymyz üçin ökünsek, akylsyzlyk bolardy. Sebäbi olar bizi öňki ýüz öwren zatlarymyza, ýagny şu «dünýäniň boş işlerine» ýene-de dolanmaga iterip biler *.

ÝEHOWANYŇ GÖWNÜNDEN TURMAK ISLEGIŇIZI ÖSDÜRIŇ

8. Ýehowanyň göwnünden turmak islegimizi nädip ösdürip bileris?

8 Biz adamlaryň däl-de, Ýehowanyň göwnünden turmak islegimizi nädip ösdürip bileris? Munuň üçin iki wajyp hakykaty ýatda saklamaly. Birinjiden, Ýehowa wepaly gullukçylarynyň hemişe gadyryny bilýär (Ýewreýler 6:10-y okaň; 11:6). Ol her bir gullukçysynyň edýän tagallasyny gymmat saýýar we wepaly gullukçysyndan ýüz öwürmekligi «adalatsyzlyk» hasaplaýar. Hawa, «Ýehowa öz adamlaryny bilýär» (2 Tim. 2:19). Ol «dogrularyň ýoluna gözegçilik edýär» we olary «synaglarda nädip halas etmelidigini... bilýär» (Zeb. 1:6; 2 Pet. 2:9).

9. Ýehowanyň her bir gullukçysynyň gadyryny bilýändigini görkezýän wakalary gürrüň beriň.

9 Ýehowa gullukçylarynyň gadyryny bilýändigini käte üýtgeşik ýollar bilen görkezýärdi (2 Ýyl. 20:20, 29). Meselem, Ýehowanyň Gyzyl deňziniň boýunda öz halkyny faraonyň güýçli goşunyndan halas edişi hakda oýlanyp görüň (Müs. çyk. 14:21—30; Zeb. 106:9—11). Bu waka şol döwürdäki adamlara şeýle bir güýçli täsir etdi welin, şondan 40 ýyl geçenden soňam ol barada gürrüň edýärdiler (Ýeş. 2:9—11). Ýehowanyň söýgüsini hem güýjüni aýan edýän şeýle wakalar pygamberlikde aýdylýan Magok ýurdundaky Goguň hüjümine garşy durmaga Onuň bize kömek etjekdigine ynamymyzy artdyrýar (Ezek. 38:8—12). Şonda biz şu dünýädäki adamlaryň däl-de, Hudaýyň göwnünden turmak üçin jan edendigimize örän begeneris.

10. Biz ýene haýsy wajyp zady ýatda saklamaly?

10 Ikinji ýatda saklamaly wajyp zadymyz: Ýehowa bizi garaşmaýan mahalymyz sylaglaýar. Eger kimdir biri adamlaryň göwnünden turmak üçin ýagşy işleri edýän bolsa, onda Ýehowadan sylag almaz. Näme üçin? Sebäbi şeýle adam eýýäm öz sylagyny aldy (Matta 6:1—5-nji aýatlary okaň). Emma Isa başgalardan öwgä garaşman, ýagşylyk edýän adamlaryň «gizlinlikde edýän» işlerini Atasynyň görýändigini aýtdy. Dogrudan-da, Hudaý biziň edýän ýagşy işlerimizi görýär we her birimizi aýratynlykda sylaglaýar. Emma käte Ýehowa garaşmaýan wagtymyz hem sylaglaýar. Geliň, käbir mysallara seredeliň.

PESGÖWÜNLI GYZ SYLAGLANÝAR

11. Ýehowa Merýemi nädip sylaglady?

11 Hudaýyň Oglunyň ýer ýüzünde ynsan bolup dogulmaly wagty gelende, Ýehowa durmuşa çykmadyk Merýem atly pesgöwünli gyzy Isanyň ejesi bolmaga saýlaýar. Merýem Iýerusalimden we şol ýerdäki beýik ybadathanadan uzakda ýerleşýän känbir belli bolmadyk Nazaret şäherinde ýaşaýardy (Luka 1:26—33-nji aýatlary okaň). Hudaý näme üçin Merýemi bu hormatly ýumşy ýerine ýetirmäge saýladyka? Jebraýyl perişde oňa: «Hudaýyň senden köp razydyr» diýdi. Soňra Merýem garyndaşy Elizabet bilen görşende, ruhy zatlary gymmat saýýandygyny görkezdi (Luka 1:46—55). Hawa, Ýehowa Merýeme üns berýärdi we wepalylygy üçin oňa garaşmadyk sylagyny berdi.

12, 13. Isa doglanda we şondan 40 gün geçende oňa nädip hormat bildirildi?

12 Isa dünýä inende, Ýehowa bu ähmiýetli habary Iýerusalimiň we Beýtullahamyň ýolbaşçylaryna ýa-da baştutanlaryna däl-de, pesgöwünli çopanlara aýan etdi. Perişdeler Beýtullahamyň golaýynda sürülerini bakyp ýören çopanlara Isanyň doglandygyny habar berdiler (Luka 2:8—14). Soňra çopanlar ýaňy dünýä inen bäbegi görmäge gitdiler (Luka 2:15—17). Ogly Isa şeýle hormatyň bildirilendigini görüp, Merýem bilen Ýusup juda geň galan bolmaly. Geliň, Ýehowa bilen Şeýtanyň hereket edişiniň tapawudyna seredeliň. Şeýtan Isany we onuň ene-atasyny görmek üçin müneçjimleri iberende, tutuş Iýerusalim Mesihiň doglandygy baradaky habary eşidip, howsala düşýär (Mat. 2:3). Isanyň doglandygy baradaky habaryň şeýle usul bilen ýaýramagy ençeme bigünä çagalaryň öldürilmegine getirdi (Mat. 2:16).

13 Isanyň doglanyndan 40 gün geçensoň, Merýem Ýehowa gurban getirmek üçin Beýtullahamdan takmynan 9 kilometr uzaklykda ýerleşýän Iýerusalimdäki ybadathana barýar (Luka 2:22—24). Ol adamsy Ýusup we ogly Isa bilen ýolda barýarka, çagasyna ruhany hormat bildirer diýip pikir eden bolmaly. Eýsem, gelejekde patyşa boljak Isany ruhany hormatlarmy? Elbetde, Isa hormat bildirilýär. Ýöne bu Merýemiň garaşyşy ýaly bolmaýar. Ýehowa Isanyň wada edilen Mesihdigini «dogruçyl we hudaýhon» Şimgona hem-de 84 ýaşly pygamber aýal Anna aýan edýär (Luka 2:25—38).

14. Merýem Ýehowadan nähili sylag aldy?

14 Eýsem, Merýem barada näme diýse bolar? Ýehowa Merýeme Ogly barada wepalylyk bilen alada edendigi we ösdürip-ýetişdirendigi üçin ýene-de hormat bildirdimi? Hawa. Hudaý Merýemiň eden işlerini we aýdan sözlerini Mukaddes Ýazgylara ýazdyrdy. Elbetde, Merýem Isanyň üç ýarym ýyllyk gullugynyň dowamynda onuň ýanynda bolan däldir. Ol ýanýoldaşy aradan çykandan soň, Nazaretde galan bolmaly. Merýem başga täsin wakalary görmese-de, Isa öldürilende onuň ýanyndady (Ýah. 19:26). Soňra Pentikost gününde şägirtleriň üstüne mukaddes ruh inmänkä, Merýem hem Iýerusalimde olar bilendi (Res. iş. 1:13, 14). Şol sebäpli ol hem beýleki şägirtler ýaly mesh edilen bolmaly. Bu Merýeme gökde Isanyň ýanynda ebedi bolmak mümkinçiliginiň berlendigini görkezýär. Hawa, wepalylygy üçin ol ajaýyp sylaga eýe boldy!

ÝEHOWA OGLUNY SYLAGLAÝAR

15. Isa ýer ýüzünde ýaşanda Ýehowa ondan razydygyny nädip görkezdi?

15 Isa dini we syýasy ýolbaşçylardan hormat-sylaga garaşmaýardy. Emma Ýehowa üç gezek gökden gürläp, hormat bildirende, Isa örän ruhlanan bolmaly. Isa Iordan derýasynda suwa çümdürilende, Ýehowa oňa: «Bu meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn» diýdi (Mat. 3:17). Bu sözleri diňe suwa çümdürýän Ýahýa eşiden bolmaly. Soňra Isanyň ölüminden bir ýyl öň, onuň üç resuly Ýehowanyň şu sözlerini eşitdiler: «Bu meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn. Oňa gulak asyň» (Mat. 17:5). Üçünji gezek bolsa, Isanyň ölümine bary-ýogy birnäçe gün galanda, Ýehowa ýene-de gökden Ogly bilen gepleşdi (Ýah. 12:28).

Biz Ýehowanyň Ogluny sylaglaýşyndan näme öwrenýäris? (15—17-nji abzaslara serediň)

16, 17. Ýehowa Isany nädip sylaglady?

16 Isa özüniň masgaralanyp öldüriljekdigini we Hudaýa dil ýetirýän adam hökmünde töhmet atyljakdygyny bilse-de, Ýehowa: «Meniň islegim däl-de, seniň islegiň bolsun» diýip doga etdi (Mat. 26:39, 42). Görşümiz ýaly, Isa «utanja galmaly bolsa-da, jebir pürsündäki ölüme döz gelip», adamlaryň däl-de, Atasynyň göwnünden turmak isleýändigini görkezdi (Ýew. 12:2). Eýsem, Ýehowa muňa nähili garady?

17 Isa ýer ýüzündekä, gökde Atasynyň «ýanynda bolan şöhratyna» dolanmak isleýändigini aýdypdy (Ýah. 17:5). Üns beren bolsaňyz, Isa özüne köp zat berilmegini islemeýärdi. Ol ýer ýüzünde Ýehowanyň islegini berjaý edendigi üçin gökde üýtgeşik bir sylaga eýe bolaryn diýip pikir etmeýärdi. Ýöne Ýehowa ony nädip sylaglady? Ol Isany «juda beýgeldip», heniz hiç kime berilmedik sylagy berdi, ýagny «ölmeýän ýeke-täk (ruhy) şahsyýet» edip direltdi * (Flp. 2:9; 1 Tim. 6:16). Hawa, Isa wepalylygy üçin ajaýyp sylaga eýe boldy!

18. Adamlaryň däl-de, Ýehowanyň göwnünden turmaga näme kömek eder?

18 Şu dünýädäki adamlaryň däl-de, Ýehowanyň göwnünden turmaga bize näme kömek eder? Ýehowanyň öz wepaly gullukçylaryny hemişe tanaýandygyny we olary garaşmaýan wagty sylaglaýandygyny unutmalyň. Belki, gelejekde bize-de ajaýyp sylaglar garaşýandyr. Şonuň üçin häzirki kynçylyklarymyza we horluklara çydamly bolup, şu dünýäniň hödürleýän islendik zatlarynyň, şol sanda at-abraýynyň hem geçip gitjekdigini hemişe ýatda saklalyň (1 Ýah. 2:17). Söýgüden doly Atamyz Ýehowa «edýän işlerimizi we... onuň adyna görkezýän söýgimizi» hiç haçan unutmaz. Sebäbi ol «adalatsyz däldir» (Ýew. 6:10). Dogrudan-da, ol bizi asla garaşmaýan wagtymyz sylaglaýar!

^ abzas 7 Mukaddes Ýazgylaryň başga terjimelerine görä, «boş işler» diýen jümläniň «biderek, ulanylmaýan, dereksiz, gerekmejek we peýdasyz» ýaly manylary bar.

^ abzas 17 Bu garaşylmadyk sylagdy, sebäbi Ýewreý ýazgylarynda ölümsiz ýaşaýyş barada aýdylmaýar.