Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýadyňyzdamy?

Ýadyňyzdamy?

Siz «Garawul diňiniň» soňky sanlaryny ünsli okadyňyzmy? Onda aşakdaky soraglara jogap bermäge synanyşyň:

Haýsy zatlar aýdymy gowy aýtmaga kömek edýär?

Aýdymy gowy aýtmagy öwrenmek üçin, biz başymyzy dik tutmaly, uludan dem almaly, agzymyzy gatyrak açmaly we batlyrak aýtmaly (w17.11 sah. 5).

Ysraýyldaky gaçybatalga şäherleriniň gurluşy we ýollary bize näme üçin täsir edýär?

Ysraýylda alty sany gaçybatalga şäheri bardy, olara eltýän ýollar bolsa tekizdi. Adam ol ýere derrew gaçyp bilýärdi we özüni howpsuz duýýardy (w17.11 sah. 14).

Mukaddes Ýazgylardaky direliş baradaky wakalaryň bize nähili peýdasy bar?

Şol wakalar bize teselli berýär we Ýaşaýyş-Beriji Hudaýyň ölen adamlara täzeden ýaşaýyş bermäge güýjüniň ýetýändigine ynandyrýar (w17.12 sah. 6).

Zebur 118:22-⁠däki sözleriň Isanyň direlişi bilen nähili baglanyşygy bar?

Isa wada edilen Mesih bolsa⁠-⁠da, adamlar ony inkär etdiler we öldürdiler. Ýöne ol «burç daşy bolar» ýaly direlmelidi (w17.12 sah. 9, 10).

Mesihiň nowbaharlyk hakynyň bolandygyny görkezýän nesil şejere bardymy?

Käte nowbaharlyk haky başga birine geçip bilýärdi. Dawut Ýessäniň nowbahar ogly bolmasa⁠-⁠da, Mesih onuň neslinden gelýär (w17.12 sah. 14, 15).

Sowgat bermegiň nähili peýdasy bar?

Sowgat bermek biziň özümiz üçin hem peýdaly. Bu bize diňe bir almakdan däl, eýsem, bermekden hem şatlyk tapmaga kömek edýär (Res. iş. 20:35). Şeýle⁠-⁠de sowgat bermek bilen minnetdar bolmagy öwrenýäris (w18.01 sah. 18).

Özüňi ýerlikli söýmek näme üçin nädogry däl?

Biz «ýakynymyzy özümizi söýşümiz ýaly söýmeli» (Mar. 12:31). Ärler bolsa «aýalyny öz bedenini söýşi ýaly söýmeli» (Efes. 5:28). Emma adam özüni çendenaşa köp söýse, nädogry bolardy (w18.01 sah. 23).

Ruhy taýdan ýetişen bolmak nämäni aňladýar?

Ruhy taýdan ýetişen adam Hudaýy razy edip ýaşaýar we ten islegine görä ýaşaýan adamdan düýpgöter tapawutlanýar. Ruhy garaýşyny saklaýan adam «Hudaýdan görelde almaga» jan edýär (Efes. 5:1). Şeýle⁠-⁠de ol Hudaýyň bardygyna berk ynanýar we hemme ýagdaýda Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýermek üçin tagalla edýär (w18.02 sah. 19).

Haýsy ädimler ruhy taýdan ösmäge kömek edýär?

Biz Hudaýyň Sözüni erjellik bilen öwrenip, okan zatlarymyzyň üstünde oýlanmaly. Öwrenen zatlarymyzy yhlas bilen ýerine ýetirmeli. Mukaddes ruhuň pikirimize we ýüregimize täsir etmegine ýol bermeli hem⁠-⁠de başgalaryň kömegini minnetdarlyk bilen kabul etmeli (w18.02 sah. 26).

Bizi myhmançylyga çagyrsalar muňa nähili garamaly?

Eger biz birine myhmançylyga barjakdygymyzy aýdan bolsak, beren sözümizde durmaly (Zeb. 15:4). Muňa sowuk-sala garamaly däl. Sebäbi bizi myhmançylyga çagyran adam gowy taýýarlyk görmegi mümkin (w18.03 sah. 18).

Jogapkär doganlar Timoteosdan näme öwrenip biler?

Timoteos adamlaryň ýürekden aladasyny edýärdi, ruhy zatlary birinji orunda goýýardy, mukaddes gullugy berjäý edýärdi, öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanýardy, özüni türgenleşdirýärdi we Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegine bil baglaýardy. Ýaşulular we beýleki dogan-uýalar hem onuň göreldesine eýerip biler (w18.04 sah. 13, 14).