Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

TERJIMEHAL

Ýehowa ähli kynçylyklarymda teselli berdi

Ýehowa ähli kynçylyklarymda teselli berdi

Men 1929⁠-⁠njy ýylyň 9⁠-⁠njy noýabrynda häzirki Päkistanyň çäginde ýerleşýän Indus derýasynyň günbataryndaky öňki Sukkur şäherinde dünýä indim. Şol wagtlar enem⁠-⁠atam bir iňlis missioner dogandan owadan suratly kitaplary alypdyrlar. Mukaddes Ýazgylara esaslanan şol kitaplar Ýehowanyň Şaýady bolmagyma güýçli täsir etdi.

ŞOL kitaplar dürli-dürli reňkli bolandygy üçin, olara «älemgoşar» diýýärdiler. Men olary öwrenmekçi bolanymda, ondaky suratlar gözümi nurlandyrdy. Şeýdip, çagalykdan Mukaddes Ýazgylardaky bilime bolan teşneligimi gandyryp başladym.

II Jahan urşunyň täsiri Hindistana gelip ýetende, dünýäm ýumrulan ýaly boldy. Enem⁠-⁠atam aýrylyşanda, men söýýän adamlarymyň nädip bir-birini taşlandygyna asla düşünip bilmeýärdim. Men gaty ruhdan düşdüm we özümi taşlanan ýaly duýdum. Maşgalada ýeke çaga bolanym üçin, tesellä we goldawa örän mätäçdim. Özümi hamala hiç kime gerek däl ýaly duýýardym.

Ejem ikimiz Päkistanyň Karaçi şäherinde ýaşap başladyk. Bir gün Fred Hardaker atly gartaşan lukman öýümize jaň etdi. Ol Ýehowanyň Şaýatlarynyň biridi we birwagtlar maşgalamyza kitap beren missioner doganyň ynanýan zatlaryna iman edýärdi. Ol ejeme Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmegi teklip etdi. Ejem muňa razylaşmady, ýöne men gyzyklandym we Hardaker dogan bilen indiki hepde okuw geçip başladym.

Birnäçe hepdeden men Hardaker doganyň keselhanasynda geçirilýän ýygnaga gatnap başladym. Ol ýere 12 töweregi gartaşan dogan-uýa barýardy. Olar maňa teselli berýärdiler we öz ogly ýaly aladamy edýärdiler. Olaryň ýanymda oturyp, meni ýürekden diňleýşi we jana-jan dost hökmünde gürrüňdeş bolandyklary hiç ýadymdan çykmaýar. Şol wagt men muňa diýseň mätäçdim.

Tizden Hardaker dogan meni bile wagza gitmäge çagyrdy. Ol maňa Mukaddes Ýazgylara esaslanan gysgaça nutuklaryň ýazgysyny patefonda nädip goýbermelidigini öwretdi. Nutuklaryň käbirinde pikirler gönümel aýdylýandygy üçin öý eýeleriniň käbiri aýdýan habarymyza seslenmedi. Ýöne meniň adamlara şaýatlyk etmek islegim gaty güýçlüdi. Şol sebäpli men Ýazgylardaky hakykaty yhlasly wagyz edýärdim we ony başgalara gürrüň bermegi gowy görýärdim.

Ýaponlaryň goşuny Hindistana çozjak bolanda, Angliýanyň hökümeti Ýehowanyň Şaýatlaryna hüjümini has⁠-⁠da güýçlendirdi. Netijede, 1943⁠-⁠nji ýylyň iýul aýynda bu maňa⁠-⁠da täsirini ýetirdi. Mekdebimiziň müdüri iňlis ruhanysy bolandygy üçin, «tertipsiz okuwçy» diýip, meni mekdepden çykardy. Ol ejeme meniň Ýehowanyň Şaýatlary bilen gatnaşmagymyň beýleki okuwçylara erbet täsir edýändigini aýtdy. Ejem muny eşidip, ör-gökden geldi we maňa Ýehowanyň Şaýatlary bilen gatnaşmagy gadagan etdi. Soňra ejem meni Päkistanyň demirgazygyndaky 1 müň 370 kilometr uzaklykda ýerleşýän Peşawar şäherine kakamyň ýanyna iberdi. Men ruhy iýmitden we dogan-uýalar bilen gürrüňdeşlikden mahrum edilendigim üçin ruhy taýdan gowşadym.

ÝEHOWA BILEN DOSTLUGYMY BERKIDÝÄRIN

1947⁠-⁠nji ýylda men iş gözläp Karaçi şäherine dolandym. Şol ýerde Hardaker doganyň keselhanasyna bardym. Ol meni mähirli we ýürekden garşy aldy.

Ol maňa syrkawlandyryn öýdüp: «Seni näme biynjalyk edýär?» diýip sorady.

Men oňa: «Men syrkaw däl. Maňa ruhy taýdan kömek gerek. Dogrymy aýtsam, men Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmek isleýärin» diýdim.

Ol: «Sen haçan başlamak isleýärsiň?» diýip sorady.

Men: «Mümkin bolsa, häziriň özünde» diýdim.

Şeýdip, şol gün agşam Mukaddes Ýazgylar okuwyna başladym. Okuw diýseň gyzykly geçdi. Men ýene⁠-⁠de ruhy maşgalama dolanandygyma örän begendim. Ejem Ýehowanyň Şaýatlary bilen gatnaşmagymy bes etdirjek bolup, elinde baryny edýärdi. Emma bu gezek men hakykata berk ýapyşmagy ýüregime düwüpdim. 1947⁠-⁠nji ýylyň 31⁠-⁠nji awgustynda özümi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürildim. Biraz wagtdan 17 ýaşymda pioner gullugyna başladym.

PIONER GULLUGYNDAN ŞATLYK TAPÝARYN

Meni başda öňki britan goşunynyň harby düşelgesi bolan Kwetta şäherinde gulluk etmäge bellediler. 1947⁠-⁠nji ýylda ýurt ikä bölünip, Hindistan bilen Päkistan aýry döwlet boldy *. Bu adamlaryň arasynda din sebäpli zorluk-sütemiň bolmagyna getirdi we taryhda iň uly gaçga-gaçyşlyk döwrüň biri boldy. Takmynan 14 million adam öýüni taşlap gitmäge mejbur boldy. Şeýdip, Hindistandaky musulmanlar Päkistana, Päkistandaky induslar we sikhler bolsa Hindistana göçdüler. Şol bulam-bujarlyk döwri men Karaçide içi adamdan doly otla münüp, tä Kwetta barýança diýen ýaly zordan ýapyşyp gitdim.

Hindistanda etrap kongresinde, 1948⁠-⁠nji ýyl

Kwettede men 20 ýaşlaryndaky Jorj Sin atly ýörite pioner dogana duşdum. Ol maňa baýyrlyk ýerlere wagyz edip biler ýaly köne tigrini berdi. Men köplenç ýeke özüm wagyz edýärdim. Bary-ýogy alty aýyň içinde 17 adam bilen okuw geçip başladym. Olaryň käbiri hakykata berk ýapyşdy. Okuw geçýänlerimiň biri Sadyk Mesih ofiserdi. Ol Jorj ikimize käbir edebiýatlarymyzy Päkistanyň halkara dili bolan urdu diline terjime etmäge kömek etdi. Wagtyň geçmegi bilen, Sadyk hoş habaryň yhlasly wagyzçysy boldy.

«Kuin Elizabet» gämisinde Gilead mekdebine barýarys

Soňra men yzyma Karaçi şäherine dolandym. Ol ýerde Gilead mekdebini tamamlan Genri Finç we Garri Forst atly missioner doganlar bilen gulluk edip başladym. Men olardan köp zatlary öwrendim. Bir gezek Finç dogan bilen Päkistanyň demirgazygyna wagyz etmäge gitdim. Daglyk ýerlere baranymyzda, Ýazgylardaky hakykata suwsan urdu dilinde gepleýän pesgöwünli adamlara duşduk. Iki ýyldan meni Gilead mekdebine çagyrdylar. Soňra men Päkistanda etrap gözegçisi bolup gulluk etdim. Men Lahordaky missionerler öýünde üç missioner dogan bilen ýaşadym.

KYNÇYLYGA DÖZ GELÝÄRIN

Gynansak⁠-⁠da, 1954⁠-⁠nji ýylda Lahordaky missionerleriň arasynda düşünişmezlik dörändigi üçin filial olaryň gullugyna täzeden seretdi. Şol dawada biriniň tarapyny tutup, akylsyz hereket edendigim üçin maňa⁠-⁠da berk maslahat berdiler. Ruhy taýdan pese gaçandyryn öýdüp, özümi gaty erbet duýdum. Şeýdip, men başda Karaçi şäherine dolandym, soňra ruhy taýdan dikelerin diýen umyt bilen Angliýanyň London şäherine gitdim.

Barýan ýygnagymda Londondaky Beýtelde gulluk edýän köp doganlar bardy. Filialda gulluk edýän Praýs Hýuz dogan mähir bilen aladamy etdi. Bir gezek ol maňa bütindünýä wagyz işine ýolbaşçylyk edýän Jozef F. Ruterford doganyň oňa berk maslahat berendigini aýtdy. Hýuz dogan özüni aklajak bolanda, Ruterford dogan oňa berk käýinç beripdir. Men Hýuz doganyň bu wakany ýylgyryp gürrüň berýändigini görenimde, gaty geň galdym. Ol maňa başda özüni gaty erbet duýandygyny, ýöne soňra şol maslahata mätäç bolandygyna we munuň Ýehowanyň söýgüsini aýan edýändigine düşünendigini aýtdy (Ýew. 12:6). Onuň beren gürrüňi ýüregime jüňk boldy we maňa ruhy taýdan dikelmäge kömek etdi.

Şol wagtlar ejem hem Londana göçüpdir. Soňra Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolan Jon E. Barr dogan oňa Mukaddes Ýazgylar okuwyny teklip edýär. Ejem hem okuw geçmäge razylaşýar. Ol ruhy taýdan ösüş edip, 1957⁠-⁠nji ýylda suwa çümdürilýär. Soňra men kakamyň hem aradan çykmanka Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçendigini eşitdim.

1958⁠-⁠nji ýylda men Londanda ýaşaýan daniýaly Lene atly uýa öýlendim. Bir ýyldan biziň gyzymyz boldy. Onuň adyna Jeýn dakdyk, soňra biziň ýene üç çagamyz boldy. Şeýle⁠-⁠de men Fulemdäki ýygnakda gulluk etmek hormatyna eýe boldum. Ýöne soňra aýalymyň saglygy ýaramazlaşandygy üçin ýyly ýurtlaryň birine göçmeli bolduk. Şeýdip, 1967⁠-⁠nji ýylda biz Aw­stra­li­ýanyň Adelaida şäherine göçdük.

ÝÜREGIMIZI PARALAN WAKA

Adelaida şäherindäki ýygnagymyzda 12 sany gartaşan mesh edilen dogan-uýa bardy. Olar hoş habary yhlasly wagyz etmekde gowy görelde görkezýärdi. Biz ruhy gün tertibini düzmegi derrew öwrendik.

1979⁠-⁠njy ýylda biziň bäşinji çagamyz Danyýel dünýä indi. Onuň Dauna keseli * bolandygy üçin uzak ýaşar öýtmeýärdik. Hatda häzirem men şol wagtky başdan geçiren duýgularym bilen göreşýärin. Her näme⁠-⁠de bolsa, biz beýleki dört çagamyz bilen bilelikde Danyýeliň aladasyny etmek üçin elimizde baryny etdik. Onuň ýüreginde iki sany deşik bolandygy üçin käwagt demi ýetmän göm-gök bolýardy. Şonda biz ony derrew keselhana äkidýärdik. Emma onuň şeýle keseli bolsa⁠-⁠da, gaty akylly we mähirli oglanjykdy. Şeýle⁠-⁠de ol ruhy zatlary örän gowy görýärdi. Maşgalamyz bilen nahardan öň doga edenimizde, kiçijik ellerini gysyp we başyny aşak egip oturýardy hem⁠-⁠de ýürekden «Omyn!» diýýärdi. Diňe şondan soň, ol iýip-içip başlaýardy.

Danyýel 4 ýaşanda, onda ak gan keseliniň bardygy anyklanyldy. Aýalym ikimiz halys tapdan düşdük. Men indi çydamaryn öýtdüm. Emma bir gün gaty ruhdan düşüp otyrkak, etrap gözegçimiz Newil Bromwiç dogan öýümize geldi. Şol gün agşam ol gözüne ýaş aýlap, bizi gujaklady; biziň ählimiz agladyk. Onuň söýgi we duýgudaşlyk bildirip aýdan sözleri bize teselli berdi. Ol gije sagat bir töweregi öýüne gaýtdy. Şondan köp wagt geçmänkä, oglumyz Danyýel aradan çykdy. Onuň ölümi maşgalamyz üçin güýçli urgy boldy. Her näme bolsa⁠-⁠da, biz bu hasrata döz gelip bildik. Sebäbi biz hiç zadyň, hatda ölümiň hem Danyýeli Ýehowanyň söýgüsinden aýryp bilmejekdigine ynanýardyk (Rim. 8:38, 39). Hudaýyň berjek täze dünýäsinde oglumyz direlende, onuň bilen ebedi ýaşarys (Ýah. 5:28, 29).

BAŞGALARA KÖMEK EDIP ŞATLANÝARYN

Men iki güýçli urgyny başymdan geçirsem⁠-⁠de, häzirem ýygnak ýaşulusy bolup gulluk edýärin. Durmuşymda bolan zatlar meni başgalara, esasan⁠-⁠da, kynçylyklary bilen göreşýän adamlara duýgudaşlyk bildirmäge we göwünlik bermäge höweslendirýär. Men olary ýazgarman, gaýtam, özüme: «Başyna düşen zatlar olara nähili täsir etdi? Men olara nädip kömek edip bilerin? Olary Ýehowanyň islegini berjaý etmäge nädip höweslendirip bilerin?» diýen soraglary berýärin. Men ýygnakda çopançylyk idegini etmegi örän gowy görýärin. Dogrudan⁠-⁠da, başgalary goldap ruhlandyranymda, özümem teselli tapýaryn we ruhlanýaryn.

Men dogan-uýalara çopançylyk idegini edip, şatlyk tapýaryn

Käte özümi: «Içimdäki aladalar artanda, Seniň teselliň janyma rahatlyk berýär» diýen mezmurçy ýaly duýýaryn (Zeb. 94:19). Maşgalamda kynçylyk bolanda, dini ynançlaryma garşy çykanlarynda, lapykeç bolanymda we göwnüçökgünlige düşenimde, Ýehowa meni goldady. Dogrudan⁠-⁠da, Ýehowa atam aladamy etdi!

^ abzas 19 Başda Päkistanyň günbatar (häzirki Päkistan) we gündogar (häzirki Bangladeş) bölegi⁠-⁠de Päkistana degişlidi.

^ abzas 29 2011⁠-⁠nji ýylyň iýun aýynda çykan «Oýanyň!» žurnalyndaky (rus.) «Dauna keselli çagany terbiýelemek aňsat däl, ýöne sylaglanýar» atly makala serediň.