Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowa bilen Isa ýaly, bizem agzybir bolalyň!

Ýehowa bilen Isa ýaly, bizem agzybir bolalyň!

«Atam,.. seniň meniň bilen... birlikde bolşuň ýaly, olaryň ählisi⁠-⁠de birlikde bolsunlar». ÝAH. 17:20, 21

AÝDYMLAR: 16, 31

1, 2. a) Isa resullary bilen soňky gezek näme barada doga etdi? b) Isa näme üçin şägirtleriniň agzybirligi hakda alada edýärdi?

ISA resullary bilen soňky gezek agşamlyk naharyny edinende, olaryň agzybirligi hakda alada edýärdi. Olar bilen doga edende, Isa özüniň Atasy bilen birlikde bolşy ýaly, şägirtleriniň ählisiniň hem agzybir bolmaklaryny isleýändigini aýtdy (Ýahýa 17:20, 21-⁠nji aýatlary okaň). Şägirtleriniň agzybirligi Hudaýyň islegini ýerine ýetirmegi üçin Isany ýer ýüzüne Ýehowanyň iberendigini aýdyň subut etmelidi we adamlara gowy şaýatlyk bolmalydy. Şeýle⁠-⁠de Isanyň hakyky şägirtleri bir-birine bolan söýgüsi bilen tanalmalydy. Bu bolsa olaryň agzybirligini has⁠-⁠da berkitmelidi (Ýah. 13:34, 35).

2 Isanyň agzybirlik barada agzamagynyň sebäbi, resullary bilen soňky gezek agşamlyk naharyny edinen mahaly olaryň arasynda agzalalygyň bardygyny görýär. Şondan biraz wagt öň, «olaryň arasynda kimiň uludygy hakda uly dawa turupdy» (Luka 22:24⁠—⁠27; Mar. 9:33, 34). Başga bir gezek bolsa, Ýakup bilen Ýahýa Isadan özlerine Patyşalykda gowy orunlary bermegi soraýarlar (Mar. 10:35⁠—⁠40).

3. Mesihiň şägirtleriniň arasynda agzalalygyň döremegine näme sebäp boldy we şu makalada haýsy soraglara serederis?

3 Mesihiň şägirtleriniň arasynda agzalalygyň döremegine diňe bir ýokary wezipäni eýelemek islegi sebäp bolmandy. Isanyň günlerinde adamlar bir-birini ýigrenip, ala tutýardylar. Şägirtler şeýle nädogry garaýyşlary ýeňmelidiler. Biz şu makalada şeýle soraglara serederis: 1) Isa adamlary ala tutmaýandygyny nädip görkezdi? 2) Ol şägirtlerine adamlary ala tutmazlygy we agzybir bolmagy nädip öwretdi? 3) Onuň öwreden zatlary bize agzybirligimizi saklamaga nädip kömek edýär?

ISA BILEN ŞÄGIRTLERIŇ ALA TUTULMAGY

4. Isany nädip ala tutandyklaryny gürrüň beriň.

4 Adamlar hatda Isany hem ala tutupdylar. Filipus Natanyýele Mesihi tapandygyny aýdanda, ol: «Nazaretden hem bir gowy zat çykarmy?» diýýär (Ýah. 1:46). Natanyýel Mika 5:2⁠-⁠däki pygamberligi bilen bolmaly. Şol sebäpli ol Mesihiň dogduk mekany bolar ýaly, Nazaret şäherini has ähmiýetsiz hasaplan bolmaly. Şonuň ýaly asly ýahudaly adamlar Isany Jelileden bolandygy üçin ýazgarypdylar (Ýah. 7:52). Olaryň köpüsi Jeliläniň ýaşaýjylaryny özlerinden pes görýärdiler. Käbir ýehudylar bolsa Isa «samariýaly» diýip kemsidipdiler (Ýah. 8:48). Samariýalylar milleti we dini ynançlary bilen ýehudylardan tapawutlanýardy. Ýahudalylar we jelileliler samariýalylary känbir äsgermeýärdiler we olar bilen gatnaşmaýardylar (Ýah. 4:9).

5. Isanyň şägirtlerini nädip ala tutdular?

5 Ýehudy dini ýolbaşçylary Isanyň şägirtlerini ýigrenýärdi. Fariseýler bolsa olara «näletlenen adamlar» hökmünde garaýardy (Ýah. 7:47⁠—⁠49). Olar ýehudylaryň dini mekdeplerinde okamaýan ýa⁠-⁠da olaryň adatlaryna eýermeýän her kesi ýazgarýardylar we sada adam hasaplaýardylar (Res. iş. 4:13, çykgyt). Görşümiz ýaly, dini, derejesi we milleti tapawutlanýandygy üçin, Isany hem⁠-⁠de onuň şägirtlerini ala tutýardylar. Hatda şägirtlerem soňabaka adamlary ala tutup başladylar. Şol sebäpli olar agzybir bolmak üçin garaýşyny özgertmelidi.

6. Ala tutmaklygyň bize nähili täsir edýändigini gürrüň beriň.

6 Şu günler biziň köpümiz biri-birini ala tutýan adamlaryň arasynda ýaşaýarys. Adamlar bizi ala tutmaklary mümkin ýa⁠-⁠da biziň özümiz başgalary ala tutup bileris. Aw­stra­li­ýada pioner bolup gulluk edýän uýamyz şeýle diýýär: «Men öňem, häzirem ýerli ýaşaýjylara adalatsyzlyk bilen daraşylýandygyna üns berenimde, akýagyz adamlara bolan ýigrenjim artýar. Maňa adalatsyzlyk edilende bolsa, olary öňküdenem beter ýigrenip başladym». Kanadaly doganymyz bolsa diňe bir diliniň tapawutlanýandygy sebäpli adamlary ala tutandygyny aýdýar. Ol şeýle diýýär: «Men fransuzça gepleýän adamlary ýokary saýýardym, iňlisçe gepleýän adamlary bolsa halamaýardym».

7. Isa adamlary ala tutmaýandygyny nädip görkezdi?

7 Isanyň günlerindäki ýaly şu günlerem ala tutmaklyk adamlaryň aňyna siňip gidipdir. Isa adamlary ala tutmaýandygyny nädip görkezdi? Birinjiden, ol hemişe adalatly hereket edýärdi we hiç kimi ala tutmaýardy. Isa baýlara⁠-⁠da, garyplara⁠-⁠da, fariseýlere we samariýalylara, hatda salgytçylara hem⁠-⁠de günäkärlere⁠-⁠de wagyz edýärdi. Ikinjiden, ol öwredýän zatlary we göreldesi bilen şägirtlerine adamlara ynanmazçylyk etmeli däldigini ýa⁠-⁠da ala tutmaly däldigini görkezdi.

SÖÝGI WE KIÇIGÖWÜNLILIK ALA TUTMAKLYGY ÝEŇÝÄR

8. Mesihçileriň agzybirliginiň esasy sebäbi näme? Düşündiriň.

8 Isa şägirtlerine agzybirligimiziň esasy sebäbini düşündirip: «Siziň baryňyz... dogansyňyz» diýdi (Matta 23:8, 9-⁠njy aýatlary okaň). Elbetde, Adam atanyň nesli bolandygymyz üçin hemmämiz «dogandyrys» (Res. iş. 17:26). Ýöne munuň has giň manysy bar. Isa şägirtleriniň Ýehowany gökdäki Atasy hasaplaýandyklary üçin, biri-birine dogan-uýa hökmünde garaýandyklaryny düşündirdi (Mat. 12:50). Dogrudan⁠-⁠da, olar söýgüsi we imany arkaly biri-biri bilen agzybirligi saklaýan uly ruhy maşgalanyň agzalary bolýarlar. Resullar hem hatlarynda imandaşlaryna köplenç «doganlar» diýip ýüzlenýärdiler (Rim. 1:13; 1 Pet. 2:17; 1 Ýah. 3:13) *.

9, 10. a) Ýehudylaryň milletine buýsanmaga näme üçin haky ýokdy? b) Isa milletiňe buýsanmagyň nädogrudygyny haýsy mysal arkaly öwretdi? (Makalanyň başyndaky birinji surata serediň).

9 Biri-birimize dogan-uýalar hökmünde garamalydygyny düşündirenden soň, Isa kiçigöwünli bolmagyň wajypdygyny nygtady (Matta 23:11, 12-⁠nji aýatlary okaň). Bilişimiz ýaly, özlerini ýokary tutandyklary üçin resullaryň arasynda agzalalyk döräpdi. Milletiňe bolan buýsanç hem kynçylygyň döremegine sebäp bolup biler. Ybraýymyň nesli bolandyklary üçin ýehudylaryň öwünmäge haky bardymy? Olaryň köpüsi özlerini beýleki halklardan ýokary saýýardylar. Emma suwa çümdürýän Ýahýa olara: «Hudaý şu daşlardan hem Ybraýyma nesil öndürip biler» diýdi (Luka 3:8).

10 Isa milletiňe buýsanmagyň nädogrudygyny aýtdy. Bir gezek kanunçy Isadan: «Meniň ýakynym kim?» diýip soraýar. Şonda Isa garakçylar tarapyndan ýenjilen ýehuda kömek eden rehimdar samariýaly adam hakdaky mysaly gürrüň berýär. Şol ýoldan geçip barýan ýehudylar bu biçäre adama kömek etmeýärler. Samariýaly adam bolsa, onuň ýürekden aladasyny edýär. Isa bu wakanyň soňunda kanunça şol samariýaly adam ýaly bolmalydygyny aýdýar (Luka 10:25⁠—⁠37). Şeýdip, ol ýehudylaryň samariýaly adamyň mysalyndan hakyky söýginiň nämedigini öwrenip biljekdigini görkezdi.

11. Mesihiň şägirtleri näme üçin başga milletden bolan adamlary ala tutmaly däldi we Isa olara bu babatda nädip kömek etdi?

11 Isanyň tabşyran ýumşuny ýerine ýetirmek üçin şägirtler tekepbirlik we adamlary ala tutmak ýaly zatlary ýeňmelidiler. Isa göge galmazyndan öň, şägirtlerine «tutuş Ýahudada, Samariýada we bütin ýer ýüzünde» şaýatlyk etmegi tabşyrdy (Res. iş. 1:8). Şondan biraz wagt öň, Isa şeýle jogapkärli ýumşy ýerine ýetirmäge taýýarlamak üçin olaryň ünsüni başga milletden bolan adamlaryň gowy häsiýetlerine çekýär. Meselem, Isa imanynyň berkdigi üçin ýüzbaşyny öwýär (Mat. 8:5⁠—⁠10). Önüp-ösen ýeri Nazaret şäherinde bolsa, ol sareptaly dul aýala we heýwere kesele uçran siriýaly Nagamana Ýehowanyň nädip merhemet edendigini gürrüň berýär (Luka 4:25⁠—⁠27). Şeýle⁠-⁠de Isa diňe bir samariýaly aýala wagyz etmän, aýdýan habary bilen adamlaryň gyzyklanandyklary üçin samariýalylaryň şäherinde iki gün galýar (Ýah. 4:21⁠—⁠24, 40).

I ASYRDA ALA TUTMAKLYGA GARŞY GÖREŞ

12, 13. a) Isanyň samariýaly aýal bilen gepleşmegi resullaryna nähili täsir etdi? (Makalanyň başyndaky ikinji surata serediň). b) Isanyň öwretjek bolýan zadyna Ýakup bilen Ýahýanyň doly düşünmändigi nämeden görünýär?

12 Elbetde, resullara adamlary ala tutmazlygy öwrenmek aňsat düşmedi. Olar Isanyň samariýaly aýal bilen gepleşip durandygyny görenlerinde, gaty geň galýarlar (Ýah. 4:9, 27). Ýehudy dini ýolbaşçylary aýallar bilen köpçülikde gepleşmeýärdiler; onda⁠-⁠da abraýdan düşen samariýaly aýal bilen ýekelikde gürleşmek olar üçin akyla sygjak zat däldi. Resullar naharlanmagy teklip edenlerinde, Isanyň olara beren jogabyndan ruhy gürrüňdeşligi iýmitdenem wajyp saýandygy görünýär. Dogrudan⁠-⁠da, adamlara, hatda samariýaly aýala hoş habary wagyz etmek Atasynyň islegi bolandygy üçin, Isa ony iýmit ýaly wajyp hasaplaýardy (Ýah. 4:31⁠—⁠34).

13 Emma Ýakup bilen Ýahýa bu wakadan sapak edinmediler. Olar Isa bilen Samariýanyň deňinden geçip barýarkalar, gijäni şol ýerdäki obalaryň birinde geçirmekçi bolýarlar. Ýöne samariýalylar olary kabul etmeýär. Şonda Ýakup bilen Ýahýa gaharlanyp, Isadan obanyň ýaşaýjylaryny ýok eder ýaly, «gökden ot ýagdyralymy?» diýip soraýarlar. Isa olara berk käýinç berýär (Luka 9:51⁠—⁠56). Eger Ýakup bilen Ýahýa öz öýleri, ýagny Jeliläniň bir obasynda bu ýagdaýa duçar bolan bolsalar, özlerini şeýle alyp barardylarmy? Olar adamlary ala tutýandyklary üçin gaharlanan bolmaly. Soňra Ýahýa samariýalylara wagyz edeninde, köpleriň ony diňleýändigini görüp, öň özüni gelşiksiz alyp barandygyna utanandyr (Res. iş. 8:14, 25).

14. Dil bilen bagly mesele nädip çözüldi?

14 B. e. 33⁠-⁠nji ýylynyň Pentikost gününden biraz wagt geçensoň, ýygnakda ala tutmak bilen bagly mesele ýüze çykýar. Dul hatynlara iýmit paýlananda, grekçe gepleýän dul aýallar gözden salynýardy (Res. iş. 6:1). Olaryň dürli dilde geplemegi muňa sebäp bolan bolmaly. Resullar iýmiti wagtynda paýlamaklary üçin ruhy taýdan ýetişen adamlary saýlap, bu meseläni derrew çözdüler. Şol ruhy taýdan ösen doganlaryň hemmesiniň adynyň grekçe bolmagy göwnüne deglen dul aýallary has⁠-⁠da begendirendir.

15. Petrus hiç kimi ala tutmaly däldigini nädip öwrendi? (Makalanyň başyndaky üçünji surata serediň).

15 B. e. 36⁠-⁠njy ýylynda Isanyň şägirtleri ähli halklara wagyz edip başladylar. Şondan öň Petrus resul diňe ýehudylar bilen gatnaşýardy. Ýöne Hudaý mesihçileriň adamlary ala tutmaly däldigini aýdyň görkezenden soň, Petrus resul Rim ýüzbaşysy Korneliýa hoş habary wagyz edýär (Resullaryň işleri 10:28, 34, 35-⁠nji aýatlary okaň). Soňra Petrus ýehudy bolmadyk mesihçiler bilen iýip-içip, bile wagtyny geçirýär. Emma birnäçe ýyl geçenden soň, Petrus Antiohiýa şäherindekä, olar bilen iýip-içmegini bes edýär (Gal. 2:11⁠—⁠14). Şonda Pawlus resul Petrusa berk düzediş berýär. Petrus onuň düzedişini kabul eden bolmaly. Sebäbi ol Kiçi Aziýadaky ýehudy bolmadyk mesihçilere birinji hatyny ýazanda, ähli dogan-uýalary söýmegiň wajypdygyny aýdýar (1 Pet. 1:1; 2:17).

16. I asyrdaky mesihçiler näme bilen tanalýardy?

16 Resullar Isanyň göreldesine eýerip, «ähli adamlary» söýmegi öwrendiler (Ýah. 12:32; 1 Tim. 4:10). Elbetde, munuň üçin wagt gerek bolsa⁠-⁠da, olar garaýşyny özgertdiler. I asyrdaky mesihçiler bir-birine bolan söýgüsi bilen tanalýardy. Ikinji asyrda ýaşan ýazyjy Tertullian adamlaryň mesihçiler hakda aýdan sözlerine salgylanyp: «Olar bir-birini söýýärler... Hatda bir-biri üçin ölmäge⁠-⁠de taýyn» diýdi. Dogrudan⁠-⁠da, I asyrdaky mesihçiler ähli adamlara Hudaýyň garaýşy ýaly garamak üçin «täze häsiýetlere geýindiler» (Kol. 3:10, 11).

17. Biz adamlary ala tutmaklygy ýüregimizden nädip köki bilen aýryp bileris? Mysal getiriň.

17 Şu günler bize⁠-⁠de adamlary ala tutmaklygy ýüregimizden köki bilen sogrup aýyrmak üçin wagt gerek. Fransiýaly uýamyz bu babatda nädip göreşendigini şeýle gürrüň berýär: «Ýehowa maňa söýginiň, zadyňy paýlaşmagyň we ähli adamlary söýmegiň näme aňladýandygyny öwretdi. Ýöne men häzirem adamlary ala tutmazlygy öwrenýärin we bu hemişe aňsat däl. Şonuň üçin men bu barada elmydama doga edýärin». Ispaniýada ýaşaýan uýamyz hem şeýle duýgular bilen göreşipdi. Ol şeýle diýýär: «Käwagt mende käbir adamlary ala tutmak duýgusy bolsa⁠-⁠da, köplenç muny ýeňmegi başarýaryn. Ýöne men göreşmegi dowam etmelidigime düşünýärin. Men agzybir maşgalanyň agzasydygyma begenýärin we munuň üçin Ýehowa örän minnetdar». Biziň her birimiz özümizi ýürekden barlap durmaly. Şu iki uýamyz ýaly, mümkin, bizem käbir adamlary ala tutmazlyk üçin göreşmeli bolarys.

SÖÝGI ALA TUTMAKLYGY ÝEŇÝÄR

18, 19. a) Her bir adamy kabul etmäge bizde nähili sebäpler bar? b) Biz muny nädip edip bileris?

18 Birwagtlar biz Hudaýdan daşlaşan ýat ýa⁠-⁠da gelmişek adam bolandygymyzy özümize ýatladyp dursak gowy bolar (Efes. 2:12). Emma Ýehowa bizi «söýgi baglary bilen özüne çekdi» (Hoş. 11:4; Ýah. 6:44). Mesih hem bizi höwes bilen kabul etdi. Ol Hudaýyň maşgalasynyň agzasy bolmagymyz üçin ýol açdy (Rimliler 15:7-ni okaň). Eger Isa bizi bikämilligimize garamazdan, höwes bilen kabul eden bolsa, onda islendik adamy ala tutmak nädogry bolardy.

Ýehowanyň gullukçylary gökden inýän akyldarlygy agtarýarlar we bir-birini söýüp, agzybir ýaşaýarlar (19⁠-⁠njy abzasa serediň)

19 Şu zalym dünýäniň soňy golaýladygyça, bölünişigiň, ala tutmaklygyň we ýigrenjiň gitdigiçe köpeljekdigi geň galdyrmaýar (Gal. 5:19⁠—⁠21; 2 Tim. 3:13). Ýehowanyň gullukçylary hökmünde biz Hudaýdan «ala tutmaýan» we «parahatlyk» berýän gökden inýän akyldarlygy dilemeli (Ýak. 3:17, 18). Biz başga milletden bolan adamlaryň medeniýetini, hatda dilini öwrenip, olar bilen dostlukly gatnaşykdan şatlyk tapýarys. Şonda parahatlygymyz derýa kimin, dogrulygymyz bolsa deňiz tolkunlary ýaly bolýar (Iş. 48:17, 18).

20. Pikirimiziň we içki dünýämiziň täzelenmegi bize nähili täsir edýär?

20 Ýokarda agzalan aw­stra­li­ýaly uýamyz şeýle diýýär: «Ýehowa maňa hakykat biliminiň derwezelerini açdy». Uýamyz Mukaddes Ýazgylar okuwynyň garaýşyna nähili täsir edendigi barada şeýle diýýär: «Meniň içki dünýäm we pikirim täzelendi. Öňki aňyma siňip giden adamlary ala tutmaklykdan we ýigrençden nam-nyşan galmady». Kanadaly doganymyz bolsa «adamlaryň köplenç biri-birini gowy tanamaýandygy üçin ýigrenýändigini we olaryň häsiýetleri nirede doglandygyna bagly däldigini» aýdýar. Ol iňlisçe gepleýän uýamyza öýlenýär. Bu mysallar söýginiň ala tutmaklygy ýeňýändigini subut edýär. Dogrudan⁠-⁠da, söýgi bizi «doly agzybir edýär» (Kol. 3:14).

^ abzas 8 «Doganlar» diýen söz ýygnakdaky gelin-gyzlara hem degişli. Pawlus resul hatyny Rimdäki «doganlara» ýüzlenip ýazsa⁠-⁠da, ol uýalary hem göz öňünde tutupdy. Sebäbi ol hatynda käbir uýalaryň atlaryny agzaýar (Rim. 16:3, 6, 12). «Garawul diňiniň» öňki sanlarynda hem imandaşlar diýlende, dogan-uýalaryň göz öňünde tutulýandygy aýdylypdy.