Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ol Hudaýyň merhemetini gazanyp bilerdi

Ol Hudaýyň merhemetini gazanyp bilerdi

BIZ Ýehowa gulluk edip, onuň merhemetini gazanmak isleýäris. Ýöne biz ony nädip gazanyp bileris? Hudaýyň geçmişdäki käbir gullukçylary agyr günäleri edendigine garamazdan, onuň merhemetini gazanyp bildiler. Başgalar bolsa gowy häsiýetleri bolsa⁠-⁠da, iň soňy Hudaýyň merhemetinden mahrum boldular. Şol sebäpli özümize şeýle sorag berip bileris: «Ýehowa bizi synlanda, esasan, nämä üns berýär?» Ýahudanyň patyşasy Rehabgam bilen bolan waka bu soragyň jogabyny bilmäge kömek eder.

ERBET BAŞLANGYÇ

Rehabgamyň kakasy Süleýman Ysraýylda 40 ýyl patyşa bolýar (1 Pat. 11:42). Süleýman b. e. öň 997⁠-⁠nji ýylda aradan çykýar. Soňra Rehabgam patyşa bolmak üçin Iýerusalimden Şekeme barýar (2 Ýyl. 10:1). Onuň kakasy Süleýman täsin akyldarlygy bilen tanalýardy. Eýsem, Rehabgam kakasy ýaly gowy patyşa bolup bilermi? Ol kyn meseleleri çözmek üçin ýeterlikli akyldarlygynyň bardygyna nädip göz ýetirip biler?

Bir gezek Rehabgam Ysraýylda ýüze çykan kyn meseläni çözmeli bolýar. Halkyň ýaşululary onuň ýanyna gelip, biynjalyk edýän zatlaryny aýdýar. Olar: «Kakaň bize agyr zulum etdi. Indi sen kakaňyň bize eden agyr zulumyny ýeňlet we bize salan salgydyny azalt, şonda biz saňa gulluk ederis» diýýär (2 Ýyl. 10:3, 4).

Rehabgam kyn ýagdaýa düşýär. Eger ol halkyň haýyşyny bitirse, özi, maşgalasy we köşkdäki adamlar öwrenişen käbir amatlyklaryndan geçmeli bolardy. Emma olaryň haýyşyndan ýüz öwürse, halk gozgalaň turzup bilerdi. Şeýle ýagdaýda Rehabgam näme eder? Başda ol kakasynyň maslahatçylary bolan ýaşululara ýüz tutýar. Ýöne soňra özi bilen deň ýaşlardan maslahat soraýar we olaryň maslahatyna eýerip, şeýle diýýär: «Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilen zulumy has⁠-⁠da artdyraryn. Kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn» (2 Ýyl. 10:6⁠—⁠14).

Biz bu wakadan wajyp sapak edinýäris. Biz köplenç ruhy taýdan ösen uly ýaşdaky dogan-uýalaryň maslahatyna eýerip bileris. Olaryň durmuş tejribesi köp bolandygy üçin kynçylygyň has gowy çözgüdini bilýärler. Şol sebäpli bize gowy maslahat berip bilerler (Eýp. 12:12).

«OLAR REBBIŇ SÖZÜNE GULAK ASDYLAR»

Rehabgam goşunyny ýygnap, pitneçilere garşy söweşmekçi bolýar. Emma Ýehowa Şemagýa pygamber arkaly şeýle diýýär: «Siz doganlaryňyz bolan ysraýyl halkynyň garşysyna uruşmaň. Her kes öz öýüne gaýtsyn, çünki bu bolan waka Mendendir» (1 Pat. 12:21⁠—⁠24) *.

Rehabgama Ýehowa gulak asmak aňsat boldumy? Halk özüniň täze patyşasy hakda näme pikir eder? Rehabgam halka «gamçy bilen jezalandyrjakdygyny» aýdypdy. Indi bolsa ol pitneçilere garşy söweşmekden el çekmelidi (2 Ýyl ýazgylary 13:7⁠-⁠ni deňeşdiriň). Nähili bolaýanda⁠-⁠da, patyşa hem⁠-⁠de onuň goşuny «Rebbiň sözüne gulak asyp, Onuň aýdyşy ýaly öýlerine gitdiler».

Biz mundan näme öwrenýäris? Hatda käbir adamlar üstümizden gülse⁠-⁠de, Hudaýa hemişe gulak asmak paýhaslydyr. Ýehowa gulak assak, onuň merhemetini gazanarys we patasyny alarys (Kan. tag. 28:2).

Eýsem, Rehabgam Hudaýa gulak asandygy üçin nähili bereket aldy? Ol Ýahuda we Benýamin taýpalarynyň patyşasy bolup galýar we täze şäherleri gurmagy ýüregine düwýär. Şeýle⁠-⁠de ol köp şäherleri harby taýdan «has⁠-⁠da berkidýär» (2 Ýyl. 11:5⁠—⁠12). Iň wajyby bolsa, Rehabgam birnäçe wagtlap Ýehowanyň kada-kanunlaryna gulak asýar. Ýarabgamyň ýolbaşçylygynda on taýpaly demirgazyk patyşalygy ýalan taňrylara sežde edip başlandygy üçin, halkyň köp bölegi «Rehabgama goldaw bermek» we hakyky seždäniň tarapyny tutmak üçin Iýerusalime barýar (2 Ýyl. 11:16, 17). Rehabgam Ýehowa gulak asandygy üçin patyşalygy has⁠-⁠da berkeýär.

REHABGAMYŇ GÜNÄ WE TOBA ETMEGI

Patyşalygy güýçlenende, Rehabgam akylsyz hereket edýär. Ol Ýehowanyň kada-kanunlaryndan ýüz öwrüp, ýalan taňrylara sežde edip başlaýar. Näme üçin? Rehabgam ammon halkyndan bolan ejesiniň täsirine düşen bolmaly (1 Pat. 14:21). Nähili bolaýanda⁠-⁠da, tutuş halk onuň yzyna eýerýär. Rehabgam galalaryň köpüsini berkiden hem bolsa, Ýehowa Müsüriň patyşasy Şişaga Ýahudanyň köp şäherlerini basyp almaga ýol berýär (1 Pat. 14:22⁠—⁠24; 2 Ýyl. 12:1⁠—⁠4).

Şişak Rehabgamyň patyşalyk edýän şäheri Iýerusalime gelende, ýagdaý has⁠-⁠da erbetleşýär. Hudaý Şemagýa pygamber arkaly Rehabgama we onuň beglerine şeýle diýýär: «Siz Meni terk etdiňiz, Men hem sizi terk edip, Şişagyň eline berdim». Rehabgam bu düzedişe nähili garady? Ol şol bada ony kabul edýär. Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Onsoň Ysraýylyň baştutanlary we patyşa özlerini kiçeldip: „Reb adyldyr!“ diýdiler». Netijede, Ýehowa Rehabgamyň we Iýerusalimiň ýok edilmegine ýol bermeýär (2 Ýyl. 12:5⁠—⁠7, 12).

Şondan soň Rehabgam iki taýpaly günorta patyşalygyň üstünden höküm sürýär. Ölmezinden öň, ol ogullaryna köp sowgatlar berýär. Rehabgam muny özünden soň patyşa boljak ogly Abyýa garşy pitne turuzmazlary ýaly eden bolmaly (2 Ýyl. 11:21⁠—⁠23). Şeýdip, Rehabgam ýaş wagtyndaka garanda has paýhasly hereket edýär.

GOWY MYSALMY ÝA-DA ERBET?

Rehabgam gowy işleri edendigine garamazdan, Hudaýyň merhemetinden mahrum bolýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Rehabgam pis işleri etdi» diýilýär. Näme üçin? Sebäbi «ol Rebbi agtarmagy ýüregine düwmedi» (2 Ýyl. 12:14).

Dawut patyşa ýaly Rehabgam Ýehowa bilen dostlugyny berkitmedi

Biz Rehabgam bilen bolan wakadan näme öwrenýäris? Ol birnäçe wagtlap Ýehowa gulak asdy we onuň halky üçin ýagşy işleri etdi. Emma onuň Ýehowa bilen dostlugyny berkitmek we oňa ýaranmak islegi ýokdy. Şol sebäpli ol günäli işlere baş goşdy we ýalan taňrylara sežde etdi. Mümkin, siz: «Ýehowa Rehabgama düzediş berende, ol ýürekden toba edip, Hudaýa ýaranmak isleýändigi üçin şeýle hereket etdimikä ýa⁠-⁠da ýöne başgalaryň täsirine düşüp özüni şeýle alyp bardymyka?» diýip oýlanýansyňyz (2 Ýyl. 11:3, 4; 12:6). Rehabgam ýene⁠-⁠de erbet işleri edýär. Ol atasy Dawut patyşadan örän tapawutlanýardy. Dawut köp ýalňyşlyklary goýberse⁠-⁠de, onuň Ýehowa bolan söýgüsi güýçlüdi; hakyky seždäni ýürekden goldady we eden günälerine ýürekden toba etdi (1 Pat. 14:8; Zeb. 51:1, 17; 63:1).

Biz Rehabgam bilen bolan wakadan wajyp sapak edinýäris. Elbetde, Ýehowa gulluk edenimizde bize maşgala agzalarymyzyň kömegi gerek we özümiz hem köp tagalla etmeli bolýarys. Ýöne Hudaýyň merhemetini gazanmak üçin, biz oňa ýaramly sežde etmeli we onuň bilen dostlugymyzy berkitmeli.

Munuň üçin bolsa biz Ýehowa bolan söýgimizi ösdürmeli. Ot sönmez ýaly odun taşlap durmaly. Şonuň ýaly⁠-⁠da Hudaýa bolan söýgimizi berkitmek üçin Mukaddes Ýazgylary yzygider öwrenmeli, okan zatlarymyz barada oýlanmaly we erjellik bilen doga etmeli (Zeb. 1:2; Rim. 12:12). Şonda Ýehowa bolan söýgimiz ähli zatda onuň göwnünden turmaga kömek eder. Şeýle⁠-⁠de ýalňyşanymyzda ýürekden toba etmäge höweslendirer. Biz Rehabgam ýaly bolman, hakyky seždä berk ýapyşmaly (Ýahd. 20, 21).

^ abzas 9 Süleýman biwepalyk edendigi üçin, patyşalygyň bölünjekdigini Hudaý öňünden aýdypdy (1 Pat. 11:31⁠—⁠33).