Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Meniň Patyşalygym bu dünýäden däl»

«Meniň Patyşalygym bu dünýäden däl»

«Men hakykata şaýatlyk etmek üçin doguldym, şonuň üçin hem dünýä geldim». ÝAH. 18:37

AÝDYMLAR: 5, 102

1, 2. a) Dünýäde bölünişik nädip has⁠-⁠da köpelýär? b) Şu makalada haýsy soraglara serederis?

GÜNORTA Ýewropada ýaşaýan uýamyz şeýle diýýär: «Çagalykdan adalatsyzlyk edilýändigini görýärdim. Şol sebäpli öz ýurdumyň syýasatyny däl-de, oňa garşy gidýän adamlaryň pikirini goldaýardym. Men hatda birnäçe ýyllap terrorçylaryň biri bilen söýşüpdim». Günorta Afrikada ýaşaýan doganymyz bolsa öň zorluga bolaýmaly zat ýaly garaýardy. Ol şeýle diýýär: «Men öz taýpamy beýleki taýpalardan ýokary saýýardym. Şol sebäpli syýasy partiýa goşuldym, bize hatda duşmanlarymyzy we öz taýpamyzdan bolup, başga syýasy partiýalary goldaýan adamlary naýza bilen öldürmegi öwretdiler». Merkezi Ýewropada ýaşaýan uýamyz bolsa: «Men milletparazdym we başga milletden ýa-da dinden bolan adamlary ýigrenýärdim» diýýär.

2 Dünýäde şeýle garaýşyň gitdigiçe artmagy şol dogan-uýalaryň hem geçmişine täsir etdi. Garaşsyz bolmak ugrunda edilýän zorluklar barha artýar, syýasy gapma-garşylyklar köpelýär we köp ýerlerde daşary ýurtdan gelen adamlara zalymlyk bilen daraşýarlar. Mukaddes Ýazgylarda pygamberlik edilişi ýaly, şu soňky günlerde adamlar biri-birine «eglişik etmeýär» (2 Tim. 3:1, 3). Agzalalygyň gitdigiçe köpelýän dünýäsinde mesihçiler nädip agzybirligini saklap biler? Isa I asyrda syýasy bölünişigiň ösen döwründe ýaşapdy. Biz onuň özüni alyp barşyndan köp zatlary öwrenip bileris. Geliň, bu babatda üç esasy pikire seredeliň: Isa näme üçin syýasy işlere goşulmady? Ol Hudaýyň gullukçylarynyň syýasy meselelere goşulmaly däldigini nädip görkezdi? Şeýle-de Isa hiç haçan zorluk etmeli däldigini nädip öwretdi?

ISANYŇ GARAŞSYZ BOLMAK UGRUNDA EDILÝÄN IŞLERE GARAÝŞY

3, 4. a) Isanyň günlerinde ýehudylar syýasata nähili garaýardy? b) Şeýle garaýyş Isanyň resullaryna nähili täsir etdi?

3 Isanyň wagyz eden ýehudylarynyň köpüsi Rimden garaşsyz bolmak üçin uzak wagtlap göreşýärdiler. Milletparazlygy öňe sürýän ýehudylar adamlaryň arasynda şeýle garaýşy ösdürýärdiler. Olaryň köpüsi jelileli Ýahuda atly bir adamyň taglymatyna eýerýärdi. Ol I asyrda özüne Mesih diýip, gaty köp adamlary aldaýardy. Ýehudy taryhçysy Iosif Flawiýiň aýtmagyna görä, Ýahuda «rimlilere salgyt tölemäge razylaşandyklary üçin, öz watandaşlaryny gorkak diýip ýazgarýardy we olary gozgalaň turuzmaga iterýärdi». Munuň üçin rimliler Ýahudany jezalandyrýarlar (Res. iş. 5:37). Käbir ýehudylar öz maksatlaryna ýetmek üçin, adamlara hatda zalymlyk bilen daraşypdyrlar.

4 Emma olardan tapawutlylykda, sada adamlar Mesihiň gelmegine ýürekden garaşýardy. Olar Mesih gelende, ýehudylara şöhrat getirjekdigine we Rimiň süteminden azat etjekdigine umyt edýärdi (Luka 2:38; 3:15). Köp adamlar Mesihiň Ysraýyl üçin Patyşalygyny ýer ýüzünde dikeltjekdigine ynanýardy. Şonda dünýäniň dürli künjegine ýaýran ýehudylar öz watanyna dolanyp bilerdi. Ýadymyzda bolsa, bir gezek suwa çümdürýän Ýahýa hem Isadan: «Biziň Garaşýanymyz senmi ýa⁠-⁠da başga biri gelmeli?» diýip soraýar (Mat. 11:2, 3). Belki⁠-⁠de, Ýahýa ýehudylaryň islegini berjaý etmek üçin başga biri gelmelimikä diýip pikir edendir. Isa direlensoň, Emmawusa barýan ýolda iki şägirdine görünýär. Olaryň hem Mesih barada eden tamasy çykmandy (Luka 24:21-i okaň). Şondan biraz wagt geçensoň, resullar Isadan: «Mugallym, sen Ysraýyl üçin patyşalygy şu wagt dikeltmekçimi?» diýip soraýarlar (Res. iş. 1:6).

5. a) Jeliläniň halky näme üçin Isany patyşa etjek boldy? b) Isa olaryň garaýşyny nädip düzetdi?

5 Mesihiň gelmegine umyt edýändikleri üçin, Jeliläniň halky Isany patyşa etjek bolýar. Olar Isa gowy patyşa bolar diýip pikir eden bolmaly. Sebäbi Isa ökde mugallymdy, syrkawlary sagaldyp bilýärdi, hatda aç adamlary hem doýurýardy. Isa 5 müň töweregi adamy doýrandan soň, halkyň şatlanandygyny görýär. Ol «adamlaryň ony tutup, zor bilen patyşa etjek bolýandyklaryny bilende, ýeke özi daga çykyp gidýär» (Ýah. 6:10⁠—⁠15). Ertesi gün Jelile deňziniň beýleki kenarynda Isa adamlaryň biraz köşeşendigini görüp, olara ýer ýüzüne näme maksat bilen gelendigini düşündirýär. Ol adamlara maddy däl⁠-⁠de, ruhy taýdan kömek etmäge gelendigini aýdyp: «Siz zaýalanýan iýmiti däl⁠-⁠de, zaýalanmaýan, ýagny ebedi ýaşaýyş berýän iýmiti almak üçin jan ediň» diýýär (Ýah. 6:25⁠—⁠27).

6. Isa ýer ýüzünde ýaşanda syýasata goşulmaýandygyny nädip görkezdi? (Makalanyň başyndaky birinji surata serediň).

6 Ölüminden biraz wagt öň, Isa Iýerusalime barýarka, käbir şägirtleriniň Patyşalygyň ýerde berkarar edilmegine umyt edýändigine göz ýetirýär. Şol sebäpli olaryň garaýşyny düzetmek üçin kümüş pul baradaky mysaly gürrüň berýär. Bu mysalda Isa özüni uzak wagtlyk ýat ýurda giden «abraýly maşgaladan» bolan adam bilen deňeşdirýär (Luka 19:11⁠—⁠13, 15). Şeýle⁠-⁠de ol Rim syýasatyny goldaman, bu meselede bitaraplygy saklaýandygyny aýdýar. Bir gezek Pilatus Isadan: «Sen ýehudylaryň Patyşasymy?» diýip soraýar (Ýah. 18:33). Mümkin, ol Isa gozgalaň turzar öýdüp gorkandyr. Sebäbi ol öz hökümdarlygynyň aladasyny edýärdi. Emma Isa oňa: «Meniň Patyşalygym bu dünýäden däl» diýýär (Ýah. 18:36). Dogrudan⁠-⁠da, Isa syýasata goşulmaýardy, sebäbi ol gökde patyşa bolmalydy. Isa Pilatusa ýer ýüzüne «hakykata şaýatlyk etmek üçin» gelendigini aýdýar (Ýahýa 18:37-⁠ni okaň).

Siz ünsüňizi dünýädäki kynçylyklara gönükdirýärsiňizmi ýa⁠-⁠da Hudaýyň Patyşalygyna? (7⁠-⁠nji abzasa serediň)

7. Pikirimizde syýasy işleri goldamazlyk näme üçin kyn bolup biler?

7 Isa ýaly bizem öz borjumyza aýdyň düşünsek, hatda pikirimizde⁠-⁠de garaşsyz bolmak ugrunda edilýän syýasy işleri goldamarys. Elbetde, bu aňsat däl. Bir etrap gözegçisi şeýle diýýär: «Ýaşaýan ýerimizde syýasata garşy çykýan adamlar gitdigiçe köpelýär. Milletparazlyk ruhy şeýle bir güýçli welin, adamlar özbaşdak ýaşasalar, durmuşynyň has gowulanjakdygyna ynanýarlar. Bütin dünýädäki doganlarymyz bolsa, Hudaýyň kömegi bilen hoş habary wagyz edip, agzybirligimizi saklaýarlar. Olar adalatsyzlygy we başga kynçylyklary Hudaýyň çözjekdigine umyt edýärler».

ISA SYÝASY MESELEDE BITARAPLYGYNY SAKLADY

8. I asyrdaky ýehudylar nähili kynçylyga uçradylar? Mysal getiriň.

8 Adalatsyzlyk köplenç adamlary syýasata goşulmaga iterýär. Isanyň günlerinde salgyt tölemek bilen bagly syýasy mesele ýüze çykypdy. Ýokarda agzalan jelileli Ýahuda Rime salgyt töleýändikleri üçin adamlary pitne turuzmaga küşgürýär. Rimiň raýatlary, şol sanda Isany diňleýän adamlaram emlägi, mellegi we jaýy üçin köp salgyt töleýärdi. Parahor salgytçylar bolsa adamlaryň ýüküni has⁠-⁠da agyrlaşdyrýardy. Olar käte şol wezipä geçmek üçin hökümet ýolbaşçylaryna para berýärdiler. Soňra bolsa ygtyýaryndan peýdalanyp, adamlardan ýygnan pullaryny öz bähbitleri üçin ulanýardylar. Eriha şäherinde salgytçylaryň başlygy bolan Zakkaý hem adamlaryň hasabyna baýapdy (Luka 19:2, 8). Şol döwürde bu adaty zat bolan bolmaly.

9, 10. a) Duşmanlar Isany nädip syýasata goşulmaga iterjek boldular? b) Biz Isanyň beren jogabyndan näme öwrenýäris? (Makalanyň başyndaky ikinji surata serediň).

9 Bir gezek duşmanlar salgyt tölemek meselesini gozgap, Isany gepinde tutjak bolýarlar. Olar bir dinary görkezip, Isadan «patyşa» salgyt tölemelimi ýa⁠-⁠da däldigini soraýarlar. Sebäbi Rimiň raýaty bolan adamdan salgyt tölemek talap edilýärdi (Matta 22:16⁠—⁠18-⁠nji aýatlary okaň). Esasanam, ýehudylar salgyt tölemek islemeýärdi, sebäbi bu olara rimlileriň gol astyndadygyny ýatladýardy. Şu meseläni orta atan «Hirodesiň tarapdarlary» Isa salgyt tölemeli däl diýse, ony Rime garşy gozgalaň turuzmakda aýyplarys diýip umyt edýärdiler. Eger Isa tölemeli diýen bolsa, onda adamlar onuň yzyna eýermegini bes ederdiler.

10 Salgyt tölemek meselesinde bitaraplygyny saklap, Isa: «Patyşanyňkyny patyşa, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi (Mat. 22:21). Elbetde, Isa salgytçylaryň arasynda parahorlygyň giňden ýaýrandygyny bilýärdi. Ýöne ol bu meselede biriniň tarapyny tutup, ünsüni has wajyp zatdan sowmak islemeýärdi. Isa kynçylyklarymyzy diňe Hudaýyň Patyşalygynyň çözjekdigine ynanýardy. Bu babatda ol biziň hemmämize gowy görelde galdyrdy. Biz dogry ýa⁠-⁠da dogry ýaly bolup görünýän syýasy meselelere goşulmakdan gaça durmaly. Mesihçiler öňürti Hudaýyň Patyşalygyny we onuň dogrulygyny agtarýarlar. Şol sebäpli biz syýasata goşulmaýarys ýa⁠-⁠da ol barada erbet zatlary aýtmaýarys (Mat. 6:33).

11. Adalatsyzlyga garşy göreşmegiň iň gowy usuly näme?

11 Ýehowanyň Şaýatlarynyň köpüsi syýasy meselelere bolan nädogry garaýşyny özgertdiler. Beýik britaniýaly bir uýa şeýle diýýär: «Ýokary okuw jaýynda okanymda, syýasat bilen bagly sapaklara gatnaşypdym. Bu meniň syýasata garşy çykmak islegimi artdyrdy. Men garaýagyz adamlaryň hukuklaryny goramak isleýärdim, sebäbi biz adalatsyzlykdan köp ejir çekipdik. Men jedelde ýeňmegi başarsam⁠-⁠da, barybir kanagat tapmaýardym. Tire-taýpa adalatsyzlyklaryň düýp köküniň adamlaryň ýüregindedigine düşünmeýärdim. Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlanymda, ilki bilen, öz ýüregimi düzetmelidigime göz ýetirdim. Bu babatda maňa akýagyz uýamyz sabyrlylyk bilen kömek etdi. Häzir men lallaryň ýygnagynda pioner bolup gulluk edýärin we ähli milletden bolan adamlara wagyz etmegi öwrenýärin».

«GYLYJYŇY GYNYNA SAL»

12. Isa şägirtlerine nähili «hamyrmaýadan» ägä bolmagy duýdurdy?

12 Isanyň günlerinde dini ýolbaşçylar köplenç syýasata goşulýardylar. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Şol wagtky ýehudylaryň aralaryndaky aýry-aýry dini toparlar azda-kände häzirki syýasy partiýalara meňzeýär» («Daily Life in Palestine at the Time of Christ»). Şol sebäpli Isa şägirtlerine: «Hüşgär boluň, fariseýleriň hamyrmaýasyndan we Hirodesiň hamyrmaýasyndan seresap boluň» diýip duýdurdy (Mar. 8:15). Isa «Hirodesiň hamyrmaýasy» diýende, Hirodesiň tarapdarlaryny göz öňünde tutan bolmaly. Fariseýler ýehudylaryň rimlilerden garaşsyz bolmak ugrunda edýän işlerini goldaýardylar. Mattanyň hoş habarynda Isanyň saddukeýler barada hem agzandygy aýdylýar. Saddukeýler rimlileriň gol astynda bolmak isleýärdi, sebäbi Rim hökümeti olara syýasy wezipeleri eýelemäge mümkinçilik berýärdi. Isa şägirtlerine bu üç toparyň «hamyrmaýasyndan», ýagny taglymatlaryndan ägä bolmagy berk duýdurdy (Mat. 16:6, 12). Isa bu sözleri özüni patyşa etjek bolanlaryndan soň aýdypdy.

13, 14. a) Syýasy we dini meseleler nädip zorluga hem⁠-⁠de adalatsyzlyga eltýär? b) Adalaty dikeltmek üçin zorluga ýüz urmak näme üçin nädogry? (Makalanyň başyndaky üçünji surata serediň).

13 Din syýasata goşulsa, köplenç zorluga eltýär. Isa şägirtlerine syýasy meselelerde bitaraplygy saklamagy öwredýärdi. Ine şonuň üçin hem uly ruhanylar we fariseýler Isany öldürmegi ýüregine düwýär. Olar Isany syýasy hem⁠-⁠de dini ýolbaşçy hasaplap, eýeleýän wezipelerine zyýan ýetirer öýdüp gorkýardylar. Olar bir-birine: «Eger oňa ýol bersek, köp adamlar oňa iman eder. Şonda rimliler gelip, ybadathanamyzy⁠-⁠da, halkymyzy⁠-⁠da ýok eder» diýdiler (Ýah. 11:48). Şeýdip, baş ruhany Kaýafa Isanyň öldürilmegine ýolbaşçylyk edýär (Ýah. 11:49⁠—⁠53; 18:14).

14 Kaýafa gijäniň ýary esgerleri ýollap, Isany tussag edýär. Isa özüniň masgaralanyp öldüriljekdigini bilýärdi. Şol sebäpli resullary bilen soňky gezek agşamlyk naharyny edinen mahaly, olara ýanlaryna gylyç almagy tabşyrýar. Dogrudanam, olaryň wajyp sapak edinmekleri üçin iki gylyç ýeterlikdi (Luka 22:36⁠—⁠38). Biraz soňra şol gije Petrus resul Isany tutmaga gelenleriň birine gylyjyny alyp topulýar. Gijäniň içinde Isa garşy adalatsyzlyk edilýändigini görende, Petrusyň juda gahary gelen bolmaly (Ýah. 18:10). Emma Isa Petrusa: «Gylyjyňy gynyna sal, çünki gylyç göteren gylyçdan hem öler» diýýär (Mat. 26:52, 53). Resullar mundan wajyp sapak edinmelidi. Sebäbi şondan biraz öň, Isa şägirtleriniň dünýäden däldigi barada doga edipdi (Ýahýa 17:16-⁠ny okaň). Dogrudan⁠-⁠da, diňe Hudaýyň adalaty dikeltmäge haky bar.

15, 16. a) Hudaýyň Sözi mesihçilere syýasy dawalara goşulmazlyga nädip kömek edýär? b) Ýehowa şu günler ýer ýüzüne syn edende nähili aratapawudy görýär?

15 Makalanyň başynda agzalan Günorta Ýewropada ýaşaýan uýamyz özüne wajyp sapak edindi. Ol şeýle diýýär: «Men zorluk etmek bilen adalaty dikeldip bolmaýandygyna göz ýetirdim. Şeýle⁠-⁠de zorluk edýän adamlaryň soňunyň köplenç ölüme eltýändigini gördüm. Käbirleri bolsa öňküdenem beter gaharjaň bolýardylar. Mukaddes Ýazgylardan diňe Hudaýyň ýer ýüzünde hakyky adalaty dikeltjekdigini bilenimde, begenjimiň çägi bolmady. Men 25 ýyl bäri bu habary wagyz edýärin». Günorta Afrikada ýaşaýan doganymyz bolsa naýzasyny «ruhuň gylyjyna», ýagny Hudaýyň Sözüne çalşyp, tire-taýpasyna garamazdan, ähli adamlara parahatlyk habaryny wagyz edýär (Efes. 6:17). Merkezi Ýewropada ýaşaýan uýamyz bolsa Ýehowanyň Şaýady bolandan soň, öň ýigrenýän taýpasyndan bolan dogana durmuşa çykýar. Bu dogan-uýanyň üçüsi hem Mesihden görelde almak isleýändikleri üçin şeýle özgerişleri etdiler.

16 Şeýle özgerişleri etmek örän wajyp! Mukaddes Ýazgylarda adamzat tolkun atýan, güwwüldeýän hem⁠-⁠de asla köşeşmeýän deňze meňzedilýär (Iş. 17:12; 57:20, 21; Ylh. 13:1). Syýasy meseleler adamlary biri-birine garşy öjükdirýär, agzalalyk döredýär we zorluk etmäge iterýär. Ýöne biz şonda⁠-⁠da parahatlygy hem⁠-⁠de agzybirligi saklaýarys. Ýehowa ýer ýüzüne syn edende, bölünişigiň bardygyny görse⁠-⁠de, biziň agzybirligi saklaýandygymyza örän begenýär (Sefanýa 3:17-⁠ni okaň) *.

17. a) Haýsy üç zat agzybirligi saklamaga kömek edýär? b) Indiki makalada nämä serederis?

17 Biz şu makalada agzybirligi saklamaga kömek edýän şu üç zat barada gürrüň etdik: 1) Biz adalatsyzlygy gökdäki Patyşalygyň çözjekdigine umyt edýäris, 2) syýasy meselelerde bitaraplylygy saklaýarys we 3) zorluk etmeýäris. Emma käte adamlary ala tutmak häsiýeti agzybirligimizi bozup biler. Indiki makalada I asyrdaky mesihçiler ýaly, munuň nädip hötdesinden gelip biljekdigimize serederis.

^ abzas 16 Sefanýa 3:17 Hudaýyňyz Reb, ýeňiş berýän Söweşiji siziň araňyzda. Reb size guwanyp şatlanar, Ol söýgüsinde size täze durmuş berer, nagmalar bilen Onuň size ýüregi joşar.