Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Salamlaşmagyň täsiri

Salamlaşmagyň täsiri

«SALAM! Gowumy ýagdaýlaryňyz?»

Siz salamlaşanyňyzda, köplenç şeýle diýýänsiňiz. Mümkin, siz hatda biri bilen elleşip ýa⁠-⁠da gujaklaşyp salamlaşýansyňyz. Elbetde, salamlaşmak bilen bagly aýdylýan sözler we däp⁠-⁠dessurlar tapawutlanyp biler, ýöne köp ýerlerde birmeňzeş bolýar. Aslynda, birine salam bermezlik ýa salamyny almazlyk gödeklik ýa⁠-⁠da biedeplik hasaplanýar.

Emma käbir sebäplere görä, adamlaryň hemmesi bir-birine salam bermeýär. Meselem, käbir adamlar çekinjeň bolandygy ýa⁠-⁠da özüni pes saýýandygy üçin başgalar bilen salamlaşmaga utanýar. Käbirlerine bolsa tire-taýpasy, medeniýeti we jemgyýetde tutýan orny özüniňkiden tapawutlanýan adamlar bilen salamlaşmak kyn bolýar. Ýöne hatda gysgajyk berlen salam hem adama gowy täsir edip bilýär.

Özüňize şeýle soraglary beriň: «Salamlaşmagyň nähili peýdasy bar? Salamlaşmak barada Hudaýyň Sözünden näme öwrenip bilerin?»

«ÄHLI ADAMLAR» BILEN SALAMLAŞYŇ

Ýehudy bolmadyk adamlaryň arasynda ilkinji bolup hakykaty kabul eden Korneliý ýygnaga gelende, Petrus resul: «Hudaý hiç kimi ala tutmaýar» diýdi (Res. iş. 10:34). Soňra Petrus Hudaýyň «hemmeleriň toba etmegini isleýändigini» aýtdy (2 Pet. 3:9). Biz hakykaty öwrenip başlan adama bu sözleri okap berip bileris. Ýöne Petrus resul mesihçilere: «Ähli adamlara hormat goýup, bütin dünýädäki doganlary söýmegi» ündedi (1 Pet. 2:17). Eýsem, tire-taýpasyna, medeniýetine ýa⁠-⁠da milletine garamazdan hemme adamlar bilen salamlaşsak gowy bolmazmy?! Şeýtsek, olara hormat goýýandygymyzy we söýýändigimizi görkezeris.

Pawlus resul dogan-uýalara: «Mesihiň sizi kabul edişi ýaly, siz⁠-⁠de bir-biriňizi kabul ediň» diýip ündedi (Rim. 15:7). Pawlus özüne «teselli beren» doganlaryň aýratyn atlaryny agzap geçdi. Şu günler Şeýtan Hudaýyň halkyna has⁠-⁠da güýçli hüjüm edýär. Şol sebäpli dogan-uýalar ruhlandyryjy sözlere has⁠-⁠da mätäç bolýar (Kol. 4:11, çykgyt; Ylh. 12:12, 17).

Ýazgylardaky mysallardan görnüşi ýaly, başgalara salam bermeklik adama diňe bir özüni gowy duýmaga kömek etmän, eýsem, ony has köp zat etmäge höweslendirip bilýär.

SALAMLAŞMAGYŇ PEÝDASY

Oglunyň gökdäki ýaşaýşyny Merýemiň göwresine geçirmekçi bolanda, Ýehowa onuň bilen gepleşmek üçin perişdesini ugradýar. Perişde oňa: «Salam, eý merhemetli, Ýehowa seniň bilendir» diýýär. Merýem perişdäniň özi bilen näme üçin gepleşýändigine düşünmänsoň, «gaty aljyraýar». Perişde muny görüp, oňa: «Gorkma, Merýem, Hudaý senden köp razydyr» diýýär. Soňra oňa Hudaýyň islegine görä Mesihi dünýä indirjekdigini düşündirýär. Şonda Merýem känbir aljyraman, şol bada: «Men Ýehowanyň gyrnagydyryn! Goý, seniň aýdyşyň ýaly⁠-⁠da bolsun» diýýär (Luka 1:26⁠—⁠38).

Perişde Ýehowanyň habaryny yglan etmek hormatyna eýe bolsa⁠-⁠da, ol bikämil adam bilen gepleşmeli diýip pikir etmedi. Gaýtam, ol başda Merýeme salam berdi. Biz mundan näme öwrenip bileris? Biz başgalar bilen salamlaşmaga we olary ruhlandyrmaga taýyn bolmaly. Biziň aýdýan birki agyz ýönekeýje sözlerimiz hem başgalara kömek edip, özüni Ýehowanyň halkynyň agzasydygyna ynamly edip biler.

Pawlus resul Kiçi Aziýadaky we Ýewropadaky ýygnaklarda gulluk edýän dogan-uýalaryň köpüsini tanaýardy. Onuň hatlarynda köp dogan-uýalara ýörite salam ýollandygy aýdylýar. Meselem, rimlilere ýazan hatynyň 16⁠-⁠njy babynda Pawlus imandaşlarynyň köpüsine salam ýollaýar. Ol «uýamyz Fibiýanyň» adyny agzap, doganlara «ony Halypamyz Isanyň şägirdi hökmünde mukaddeslere mynasyp tärde garşylamagy we oňa gerekli zatlary berip kömek etmegi» ündeýär. Şeýle⁠-⁠de Pawlus resul Priska bilen Akila salam ýollap, olara «diňe men däl, eýsem, başga halklardan bolan ýygnaklaryň ählisi⁠-⁠de minnetdarlyk aýdýar» diýýär. Ol hatda şu günler känbir tanalmaýan, meselem, «Epenetosa», şol sanda «Halypamyz Isa üçin yhlasly zähmet çeken uýalarymyz Trifena bilen Trifosa... salam aýdýar». Görşümiz ýaly, Pawlus dogan-uýalara höwes bilen salam ýollaýardy (Rim. 16:1⁠—⁠16).

Şol dogan-uýalaryň söýgi bilen ýatlanýandygyny bilenlerinde, nähili begenendigini göz öňüne getiriň! Olaryň Pawlusa we birek-birege bolan söýgüsi artandyr. Şeýle⁠-⁠de bu şol doganlyk salamyny eşiden beýleki mesihçileri hem ruhlandyryp, olara imanda berk durmaga kömek edendir. Dogrudan⁠-⁠da, kimdir biri bilen ýürekden gyzyklanyp we öwüp aýdylan sözler dostlugyňy hem⁠-⁠de Hudaýyň gullukçylarynyň agzybirligini has⁠-⁠da berkidýär.

Pawlus Rimiň golaýyndaky Puteola baranda, ýerli dogan-uýalar ony garşylamaga gelýär. Pawlus olary uzakdan görüp, «ruhlanýar we Hudaýa şükür edýär» (Res. iş. 28:13⁠—⁠15). Käte bizem ýöne ýylgyryp ýa⁠-⁠da elimizi galgadyp salam berip bileris. Şeýtsek, göwnüçökgünlige düşen ýa⁠-⁠da gam çekýän adamyň göwnüni göterip bileris.

DOSTLUGY BERKIDÝÄN ILKINJI ÄDIM

Ýakup şägirt imandaşlaryna berk maslahat bermeli bolýar. Käbir mesihçiler dünýä bilen dostlaşyp, ruhy taýdan «zynahor» boldular (Ýak. 4:4). Ýöne hatynyň başynda Ýakubyň näme diýendigine üns beriň:

«Hudaýyň we Halypamyz Isa Mesihiň guly Ýakupdan ýer ýüzüne ýaýran 12 taýpa salam bolsun!» (Ýak. 1:1). Ýakubyň doganlyk salamyny ýollap, imandaşlaryny Hudaýyň öňünde özi bilen deň derejede görýändigini okan dogan-uýalara onuň maslahatyny kabul etmek has⁠-⁠da aňsat bolandyr. Dogrudan⁠-⁠da, ýönekeýje salam hem wajyp meseleler barada gürrüňe başlamaga kömek edýär.

Gysga we hatda muny hiç kim görmeýän ýaly bolsa⁠-⁠da, ýönekeýje hem⁠-⁠de ýürekden berlen salam dogan-uýalara güýçli täsir edýär (Mat. 22:39). Bir gezek Irlandiýada uýamyz ýygnaga başlajak bolup durka gelýär. Uýamyzyň howlugyp gelýändigini görüp, bir dogan yzyna öwrülýär⁠-⁠de, ýylgyryp: «Salam. Seni görenime şat» diýýär. Uýamyz bolsa ýöne ýerine geçip oturýar.

Birnäçe hepde geçenden soň, şol uýamyz dogana duşup, maşgalasynda käbir kynçylyklaryň bolandygyny aýdýar. Ol dogana şeýle diýýär: «Şol gün agşam özümi gaty erbet duýupdym, hatda ýygnaga⁠-⁠da barasym gelmedi. Ýygnakda aýdylan zatlaryň köpüsi ýadyma düşmese⁠-⁠de, seniň salamyň ýadymda. Şonda men özümi gowy duýdum. Köp sag bol».

Dogan ýönekeýje salamy uýa şeýle güýçli täsir edendir öýtmändir. Dogan şeýle diýýär: «Ol maňa bu sözleri aýdanda, özümem gaty begendim».

Süleýman pygamber: «Nany suwa at, birnäçe günden ýene ony taparsyň» diýip ýazdy (Wag. 11:1). Başgalar, esasan⁠-⁠da, imandaşlarymyz bilen ýürekden salamlaşsak, özümizem, olaram ruhlanar. Şol sebäpli, geliň, salamlaşmagyň güýçli täsir edýändigini hiç haçan unutmalyň!