Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowa — Beýik Guramaçy

Ýehowa — Beýik Guramaçy

«Reb dünýäni hikmet bilen gurdy, gökleri düşünje bilen berkarar etdi». SÜL. TYM. 3:19

AÝDYMLAR: 6, 24

1, 2. a) Käbiri Hudaýyň guramasy diýen düşünjä nähili garaýar? b) Biz şu makalada nämä serederis?

KÄBIRINDEN: «Hudaýyň guramasy barmy?» diýip soranyňda, olar: «Gurama nämä gerek? Her kimiň Hudaý bilen öz gatnaşygy bolsa bolýar-da» diýmekleri mümkin. Şeýle garaýyş dogrumyka? Bu düşünjäniň nädogrudygyny näme görkezýär?

2 Biz şu makalada Ýehowanyň tertipli Hudaýdygy, ýagny deňi-taýy bolmadyk Guramaçydygy hakda gürrüň ederis. Şeýle-de Ýehowanyň guramasynyň berýän görkezmesini nädip kabul etmelidigine serederis (1 Kor. 14:33, 40). I asyrda bolşy ýaly, şu günlerem Mukaddes Ýazgylardaky görkezmeler Ýehowanyň ýerdäki guramasyna hoş habary bütin ýer ýüzünde wagyz etmäge kömek edýär. Biz Hudaýyň Sözüniň we guramamyzyň görkezmelerine eýerip, ähli ýygnaklarda arassaçylygyň, parahatlygyň we agzybirligiň bolmagyna ýardam edýäris.

ÝEHOWA DEŇI-TAÝY BOLMADYK GURAMAÇY

3. Näme üçin Ýehowa deňi-taýy bolmadyk Guramaçy diýse bolar?

3 Ýaradylan zatlar Hudaýyň deňi-taýy bolmadyk Guramaçydygyny subut edýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Reb dünýäni hikmet bilen gurdy, gökleri düşünje bilen berkarar etdi» diýilýär (Sül. tym. 3:19). Biz Hudaýyň ýollarynyň «ujypsyzja bölegini» bilýäris we «Ol hakda eşidýänlerimiz» juda az (Eýp. 26:14). Muňa garamazdan, sansyz-sajaksyz asman jisimleriniň, ýagny planetalaryň, ýyldyzlaryň we galaktikalaryň belli bir tertibe eýerip hereket edýändigi haýran galdyrýar (Zeb. 8:3, 4). Galaktikalarda millionlarça ýyldyzlar ýerleşýär we olaryň ählisi tertipli hereket edýär. Planetalar göýä ýol hereket düzgünine eýerýän ýaly, Günüň daşyndan aýlanýarlar. Bu zatlar Ýehowanyň gögi, ýeri «düşünje bilen ýaradandygyny» we onuň hormata, wepalylyga hem-de seždä mynasypdygyny görkezýär (Zeb. 136:1, 5—9).

4. Alymlar näme üçin köp soraglara jogap berip bilmeýär?

4 Alymlaryň älem-jahan babatda eden açyşlary adamzat durmuşyna köp peýda getirýär. Emma şonda-da köp soraglarymyz jogapsyz galýar. Meselem, astronomlar älem-jahanyň nädip dörändigini ýa-da näme üçin diňe Ýer şarynda ýaşaýşyň bardygyny anyk bilmeýärler. Şeýle-de olar adamzadyň ebedi ýaşamaga güýçli isleginiň sebäbini düşündirip bilmeýärler (Wag. 3:11). Näme üçin? Sebäbi alymlaryň we başga adamlaryň köpüsi Hudaýa ynanmaýar, olar ewolýusiýa taglymatyny goldaýarlar. Emma Ýehowa öz Sözünde adamzady biynjalyk edýän soraglaryň ählisine jogap berýär.

5. Biziň ýaşaýşymyz näme üçin tebigatyň kanunlaryna bagly?

5 Biziň ýaşaýşymyz Ýehowanyň sazlaşykly we ygtybarly gurnan tebigy kanunlaryna bagly. Bu kanunlar elektrikleriň, suw geçirijileriň, inžinerleriň, uçarmanlaryň we hirurglaryň işi üçin örän wajyp. Adamyň sazlaşykly işleýän beden agzalary hirurglaryň işini aňsatlaşdyrýar. Meselem, olara syrkawyň ýüregi nirede ýerleşýärkä diýip oýlanmak gerek däl. Biziň ählimiz tebigatyň kanunlaryna tabyn bolmaly. Eger olary äsgermezçilik etsek, ýaşaýşymyzy howp astyna salarys.

HUDAÝ TARAPYNDAN GURNALAN

6. Ýehowanyň gullukçylary näme üçin guramaçylykly hereket etmeli?

6 Dogrudan-da, älem-jahanyň guramaçylykly ýaradylyşy haýran galdyrýar. Diýmek, Ýehowa gullukçylarynyň hem guramaçylykly bolmagyny isleýär. Ol bize Mukaddes Ýazgylar arkaly görkezme berýär. Hudaýyň guramasy we kadalary bolmasa, biz köp kynçylyklara uçrap, bagtsyz ýaşardyk.

7. Mukaddes Ýazgylar nähili kitap?

7 Mukaddes Ýazgylar ýehudylaryň ýa-da mesihçileriň taryhyny beýan edýän kitap däl. Ol Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan ajaýyp eser. Onuň içindäki kitaplar bir-biri bilen özara baglanyşykly. Gelip çykyşdan Ylham kitabyna çenli bir tema hakda gürrüň edilýär, ýagny wada edilen nesil Isa Mesih Patyşalyk arkaly Ýehowanyň hökümdarlygyny aklar we Onuň ýer ýüzi babatdaky niýetini amala aşyrar (Gelip çykyş 3:15 *; Matta 6:10; Ylham 11:15-nji aýatlary okaň).

8. Ysraýyllylaryň guramaçylykly halk bolandygy nämeden görünýär?

8 Gadymy ysraýyllylar guramaçylykly halkdy. Meselem, Musanyň kanunyna görä, aýallar «çadyryň girelgesinde (guramaçylykly, TD) hyzmat edýärdiler» (Müs. çyk. 38:8). Ysraýyllylar ýola düşenlerinde we çadyry gurnanlarynda guramaçylykly hereket edýärdiler. Birnäçe wagtdan Dawut patyşa lewileriň we ruhanylaryň guramaçylykly gulluk etmegini ýola goýdy (1 Ýyl. 23:1—6; 24:1—3). Olar gulak asanlarynda, Ýehowa halkyna parahatlyk we agzybirlik berýärdi (Kan. tag. 11:26, 27; 28:1—14).

9. I asyrda mesihçiler ýygnagynyň guramaçylykly bolandygy nämeden görünýär?

9 I asyrda mesihçiler ýygnagy hem guramaçylykly hereket edýärdi. Olara resullardan ybarat bolan ýolbaşçylyk maslahaty görkezme berýärdi (Res. iş. 6:1—6). Birnäçe wagtdan bu topara başga doganlar hem goşulýar (Res. iş. 15:6). Şeýle-de ýolbaşçylyk maslahaty we olar bilen ýakyndan işleşýän doganlar mukaddes ruh arkaly ýazan hatlarynda ýygnaklara maslahat hem-de görkezme berýärdi (1 Tim. 3:1—13; Tit. 1:5—9). Bu görkezmelere eýermegiň nähili peýdasy bardy?

10. Irki mesihçiler ýolbaşçylyk maslahatynyň görkezmesine eýerende nähili bereketler aldylar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

10 Resullaryň işleri 16:4, 5-nji aýatlary okaň. Ýolbaşçylyk maslahatynyň adyndan doganlar «şäherme-şäher aýlanyp, Iýerusalimdäki resullaryň we ýaşulularyň gelen kararyny yglan edýärdiler». Ýygnagyň agzalary şeýle görkezmelere eýerende, «imanda berkäp, şägirtleriň sany gün-günden artýardy». Bu waka Hudaýyň şu günki guramasynyň görkezmesine eýermelidigimizi görkezmeýärmi näme?!

SIZ BERLEN GÖRKEZMÄ EÝERÝÄRSIŇIZMI?

11. Jogapkär doganlar Hudaýyň guramasynyň berýän görkezmesine nähili garamaly?

11 Beýtel ýa-da ýurduň komiteti, etrap gözegçileri we ýygnak ýaşululary Hudaýyň guramasyndan görkezme alanda näme etmeli? Ýehowanyň Sözüne görä, şeýle ýagdaýda ählimiz gulak asmaly we tabyn bolmaly (Kan. tag. 30:16; Ýew. 13:7, 17). Hudaýyň guramasynda tankydy ýa-da pitneçi ruh bolmaly däl, çünki bu zatlar biziň söýgimize, ýygnagyň parahatlygyna we agzybirligine howp salýar. Kimdir biri özüni Diotref ýaly alyp barmagy mümkin (3 Ýahýa 9, 10-njy aýatlary okaň). Biz özümizden: «Men dogan-uýalaryň ruhy taýdan ösmegine ýardam edýärinmi? Gözegçi doganlaryň berýän görkezmesini çalt kabul edip, olary goldaýarynmy?» diýip sorasak gowy bolar.

12. Jogapkär doganlary bellemek babatda nähili özgerişik edildi?

12 Geliň, Ýolbaşçylyk maslahatynyň ýaňy-ýakynda çykaran kararyna seredeliň. 2014-nji ýylyň 15-nji noýabrynda çykan «Garawul diňinde» «Okyjylaryň sowallary» diýen makalada ýygnak ýaşulularynyň we hyzmatçylarynyň nädip bellenmelidigi barada görkezme berildi. I asyrda ýolbaşçylyk maslahaty şeýle ygtyýary aýlanýan gözegçilere berýärdi. Şoňa görä-de 2014-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap ýygnak ýaşulularyny we hyzmatçylaryny etrap gözegçileri belläp başlady. Etrap gözegçisi, mümkin boldugyndan, jogapkärli borç berilmeli doganlar bilen tanşyp, wagyz edýär we olaryň maşgalasyna üns berýär (1 Tim. 3:4, 5). Şeýle-de ýaşulular maslahaty we etrap gözegçisi olaryň Ýazgylardaky jogapkär doganlar üçin berlen talaplara gabat gelýändigini barlaýar (1 Tim. 3:1—10, 12, 13; 1 Pet. 5:1—3).

13. Ýaşulularyň görkezmesini goldaýandygymyzy nädip görkezip bileris?

13 Ýaşulularyň Mukaddes Ýazgylar esasynda berýän görkezmesine eýermek örän wajyp. Bu wepaly çopanlar Hudaýyň guramasynyň Mukaddes Ýazgylar arkaly berýän «sagdyn» ýa-da «peýdaly» görkezmesine gyşarnyksyz eýerýärler (1 Tim. 6:3; çykgyt). Geliň, Pawlusyň ýygnakdaky tertip-düzgüne eýermeýän mesihçilere beren maslahatyna seredeliň. Olaryň käbiri «asla işlemeýärdiler, gaýtam, başgalaryň işine goşulýardylar»; ýaşulularyň beren maslahatyny kesirlik bilen inkär edýärdiler. Ýygnak agzalary şeýle adam bilen özüni nähili alyp barmalydylar? Pawlus: «Şeýle adamy bellige alyň... onuň bilen gatnaşmagy bes ediň» diýip maslahat berdi. Ýöne oňa duşman hökmünde garamaly däldi (2 Sel. 3:11—15). Şu günlerem ýaşulular, meselem, dünýewi adam bilen halaşyp, ýygnaga erbet täsir edýän mesihçi babatda nutuk bilen çykyş edip biler (1 Kor. 7:39). Siz nutukda berlen maslahata nähili gararsyňyz? Eger siz ondaky pikirlere dogry düşünseňiz, Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri bozýan adam bilen ýakyn gatnaşyk etmekden gaça durarmysyňyz? Onuň ruhy taýdan aladasyny edip, garaýşyňyzy berk saklasaňyz, oňa erbet ýolundan dänmäge kömek edip bilersiňiz. 1

ÝYGNAKDA ARASSAÇYLYGY, PARAHATLYGY WE AGZYBIRLIGI SAKLAŇ

14. Biz ýygnagyň arassa bolmagyna nädip ýardam edip bileris?

14 Eger biz Hudaýyň Sözündäki görkezmä eýersek, ýygnagyň ruhy taýdan arassa bolmagyna ýardam ederis. Geliň, häzir gadymy Korinf şäherinde bolan waka seredeliň. Pawlus ol ýerde janyny aýaman wagyz edipdi we imandaşlaryny söýýärdi (1 Kor. 1:1, 2). Ol Korinfdäki ýygnakda ahlaksyzlyga ýol berilýändigini eşidende, nähili gynanandyr. Pawlus ýaşululara ahlaksyz adamy Şeýtana tabşyrmagy, başgaça aýdanyňda, gatnaşykdan kesmegi tabşyrdy. Hawa, ýygnagyň arassaçylygyny saklamak üçin, olar öz aralaryndan «hamyrmaýany» aýyrmalydylar (1 Kor. 5:1, 5—7, 12). Eger biz toba etmändigi üçin gatnaşykdan kesilen adam babatda ýaşulularyň çykaran kararyny goldasak, ýygnagyň arassa galmagyna kömek ederis. Bu gatnaşykdan kesilen adamy toba etmäge we Ýehowanyň razylygyny gazanmaga höweslendirip biler.

15. Biz ýygnakda parahatlygy nädip saklap bileris?

15 Korinfdäki ýygnakda ýene bir kynçylyk bardy. Käbir doganlar imandaşlaryny kazyýete berýärdi. Pawlus olara: «Muňa derek adalatsyzlykdan ejir çekeniňiz gowy dälmi?» diýipdi (1 Kor. 6:1—8). Şeýle ýagdaýlar şu günlerem bolýar. Käte bile söwda edýän doganlaryň işi çöküp, puluny ýitirende, olar bir-birini aldawçylykda aýyplamaklary mümkin. Hatda käbiri imandaşynyň üstünden kazyýete-de arz edýär. Emma Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň adyna ysnat getireniňden ýa-da ýygnagyň agzybirligini bozanyňdan puluňy ýitireniň gowudygy aýdylýar. 2 Şeýle ýagdaýda dörän kynçylygy we düşünişmezligi Isanyň beren maslahatyna görä çözmeli (Matta 5:23, 24; 18:15—17-nji aýatlary okaň). Şonda biz Ýehowanyň maşgalasynyň agzybir bolmagyna goşandymyzy goşarys.

16. Hudaýyň halky näme üçin agzybir bolmaly?

16 Hudaýyň Sözünde Ýehowanyň halkynyň näme üçin agzybir bolmalydygy barada aýdylýar. Mezmurçy: «Doganlaryň bile ýaşamagy, gör, nähili gowy, nähili ýakymly!» diýip ýazdy (Zeb. 133:1). Ysraýyllylar Ýehowa gulak asanda, guramaçylykly we agzybir işleşýärdiler. Hudaý öz halky barada: «Men sizi agyldaky goýunlar kimin... bir ýere getirerin» diýip pygamberlik etdi (Mika 2:12). Şeýle-de ol Sefanýa pygamber arkaly: «Hemmeleriň Maňa ybadat edip, agzybirlik bilen Maňa gulluk ederleri ýaly, milletlere päk dil (Ýazgylardaky hakykat göz öňünde tutulýar) bererin» diýdi (Sef. 3:9). Ýehowa agzybirlikde gulluk etmek nähili uly hormat!

Ýaşulular günä eden mesihçilere ruhy taýdan kömek edýärler (17-nji abzasa serediň)

17. Ýygnagyň agzybir we arassa bolmagy üçin, ýaşulular günä bilen bagly meseleleri nädip çözmeli?

17 Ýygnagyň agzybir we arassa bolmagy üçin, ýaşulular wajyp meseleleri çalt we söýgi bilen çözmeli. Hudaýyň söýgüsi ýöne bir duýga esaslanmaýar, Ol günäkäriň etmişine sowuk-sala garamaýar (Sül. tym. 15:3). Şol sebäpli Pawlus korinflilere ýazan birinji hatynda söýgi bilen berk tabşyryk berýär. Birnäçe aýdan ikinji hatyny ýazanda bolsa, ýaşulularyň berlen maslahata eýermeginiň gowy netije berendigini görkezýär. Eger mesihçi bilmän ýalňyş ädim ätse, jogapkär doganlar ýumşaklyk bilen düzediş bermäge çalyşmaly (Gal. 6:1).

18. a) I asyrdaky mesihçilere Hudaýyň Sözündäki maslahat nädip kömek etdi? b) Indiki makalada nämä serederis?

18 I asyrda Korinf şäherinde we başga ýerlerde ýaşan mesihçiler Hudaýyň Sözündäki maslahatlara eýerip, ýygnagyň arassa, parahat hem-de agzybir bolmagyna ýardam etdiler (1 Kor. 1:10; Efes. 4:11—13; 1 Pet. 3:8). Şonuň üçin olar wagyz işinde köp üstünlik gazandylar. Pawlus hem: «Bu hoş habar gök astyndaky ähli adamlara wagyz edildi» diýip, arkaýyn aýdyp bildi (Kol. 1:23). Şu günler Ýehowanyň guramasyndaky agzybir gullukçylaryň edýän tagallasy bilen Hudaýyň ajaýyp niýetleri hakda bütin ýer ýüzünde yglan edilýär. Indiki makalada olaryň ýene haýsy sebäbe görä Mukaddes Ýazgylary gymmat saýýandygy we Älemiň Hökümdary Ýehowa hormat goýýandygy hakda gürrüň ederis (Zeb. 71:15, 16).

^ 1) 13-nji abzas. «Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama» sah. 134—136.

^ 2) 15-nji abzas. Bu barada köpräk bilmek üçin «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» kitabynyň 255-nji sahypasyna we çykgyda serediň.

^ abzas 7 Gelip çykyş 3:15 Seniň bilen aýalyň, seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň.