Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Siz Ýehowanyň Sözüni gymmat saýýarsyňyzmy?

Siz Ýehowanyň Sözüni gymmat saýýarsyňyzmy?

«Siz Hudaýyň sözüni eşiden günüňizden bäri, ony... (hakykatdan-da) Hudaýyň sözi hökmünde kabul etdiňiz». 1 SEL. 2:13

AÝDYMLAR: 44, 40

1—3. Ewodiýa bilen Sintihiýanyň arasynda nähili agzalalyk dörän bolmaly, şeýle kynçylyklaryň nädip öňüni alyp bileris? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

ÝEHOWANYŇ gullukçylary onuň Sözüni gymmat saýýarlar. Biz bikämil, şol sebäpli wagtal-wagtal Hudaýyň Sözündäki maslahatlara mätäç bolýarys. Eýsem, maslahat berlende, biz ony kabul ederismi? Geliň, I asyrda ýaşan Ewodiýa we Sintihiýa atly uýalarymyz bilen bolan waka seredeliň. Mukaddes Ýazgylarda olaryň bir-biri bilen tersleşendigi aýdylýar, ýöne onuň sebäbi agzalmaýar. Munuň üçin bir ýagdaýy göz öňüne getireliň.

2 Aýdaly, Ewodiýa birnäçe dogan-uýany öýüne myhmançylyga çagyrýar, Sintihiýany bolsa çagyrmaýar. Ol myhmançylyga baranlaryň wagtyny hoş geçirendigini eşidýär. Şonda Sintihiýa özüne: «Ewodiýa meni näme üçin çagyrmadyka? Ikimiz ýakyn jora ahyryn» diýendir. Şondan soň ol Ewodiýa müňkür bolup başlaýar. Soňra Sintihiýa hem Ewodiýa hiç zat aýtman, şol dogan-uýalary öýüne çagyrýar. Ewodiýa bilen Sintihiýanyň arasynda dörän agzalalyk tutuş ýygnagyň parahatlygyny bozup bilerdi. Mukaddes Ýazgylarda bu ýagdaýyň nämä eltendigi hakda aýdylmasa-da, uýalar Pawlus resulyň maslahatyny kabul eden bolmaly (Flp. 4:2, 3).

3 Käte şu günlerem Ýehowanyň halkynyň arasynda şeýle ýagdaý ýüze çykýar. Eger biz Hudaýyň Sözündäki maslahatlara eýersek, şeýle kynçylyklary çözüp bileris, hatda öňüni hem alyp bileris. Hawa, biz Ýehowanyň Sözüni gymmat saýsak, ondaky görkezmä eýerip ýaşarys (Zeb. 27:11).

HUDAÝYŇ SÖZI WE BIZIŇ DUÝGULARYMYZ

4, 5. Duýgularyňa erk etmek babatda Hudaýyň Sözünde nähili maslahat berilýär?

4 Göwnüňe degenlerinde ýa-da adalatsyzlyga uçranyňda, duýgularyňa erk etmek aňsat bolmaýar. Başga millete, tire-taýpa degişli bolandygymyz ýa-da bir kemçiligimiz sebäpli bizi kemsidenlerinde agyr degmegi mümkin. Şeýle ýagdaýda imandaşymyz kemsitse, onda has-da agyr degýär. Bikämillik zerarly döreýän şeýle kynçylyklara uçranymyzda, Hudaýyň Sözi nädip kömek eder?

5 Ynsan ýaradylany bäri, Ýehowa adamlaryň öz arasyndaky gatnaşygyna syn edip gelýär. Ol biziň duýgularymyza we hereketlerimize üns berýär. Eger biz nädogry pikir edip, gaharymyza ýol bersek, aýdan sözlerimize we eden işlerimize ökünmegimiz mümkin. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylardaky özüňe erk etmek we öýke-kineden gaça durmak baradaky maslahatlara eýersek, paýhasly bolmazmy?! (Süleýmanyň tymsallary 16:32; Wagyz kitaby 7:9-njy aýatlary okaň) *. Biz her bir zada öýkeläp ýörmän, gaýtam, has geçirimli bolmaga jan etmeli. Ýehowa bilen Isa biziň geçirimli bolmagymyzy isleýär (Mat. 6:14, 15). Siz has geçirimli bolup, duýgularyňyza köpräk erk etmeli bolýarmysyňyz?

6. Biz näme üçin öýkelek we gaharjaň bolmaly däl?

6 Duýgularyna erk etmeýän adam köplenç gaharjaň bolýar. Şeýle adamlar bilen başgalar hem gatnaşyk etmek islemeýär. Olar ýygnaga erbet täsir edýär. Gaharyny we ýigrenjini bildirmejek bolsalar-da, olaryň kalbyndaky erbet pikirler «jemagatyň öňünde äşgär bolýar» (Sül. tym. 26:24—26). Ýaşulular olara gaharjaňlyk, ýigrenç we nägilelik ýaly erbet häsiýetlerini görmäge kömek etjek bolarlar, sebäbi Ýehowanyň guramasynda şeýle zatlar bolmaly däl. Hudaýyň Sözünde bu barada aç-açan aýdylýar (Lew. 19:17, 18; Rim. 3:11—18). Siz hem munuň bilen ylalaşýarmysyňyz?

HUDAÝ BIZE NÄDIP GÖRKEZME BERÝÄR?

7, 8. a) Ýehowa guramasynyň ýer ýüzündäki bölegine nädip görkezme berýär? b) Hudaýyň Sözünde nähili görkezmeler bar we biz näme üçin olara eýermeli?

7 Ýehowa «ýygnagyň başy» Mesihiň ýolbaşçylygynda «wepaly we paýhasly hyzmatkär» arkaly guramasynyň ýer ýüzündäki bölegine görkezme berýär hem-de ony iýmitlendirýär (Mat. 24:45—47; Efes. 5:23). Bu hyzmatkär I asyrdaky ýolbaşçylyk maslahaty ýaly Hudaýyň ylhamlanan sözüne, ýagny habaryna eýerip, ony gymmat saýýar (1 Selanikliler 2:13-i okaň). Eýsem, Mukaddes Ýazgylarda nähili görkezmeler berilýär?

8 Mukaddes Ýazgylarda ýygnak duşuşyklaryna yzygider barmalydygy barada maslahat berilýär (Ýew. 10:24, 25). Bu bize öz aramyzda agzybir bolmaga ýardam edýär (1 Kor. 1:10). Şeýle-de Patyşalygy durmuşymyzda birinji orunda goýmalydygy barada aýdylýar (Mat. 6:33). Öýden-öýe, köpçülik ýerlerinde, her mümkinçilikden peýdalanyp wagyz etmelidigimiz we munuň uly hormatdygy hem nygtalýar (Mat. 28:19, 20; Res. iş. 5:42; 17:17; 20:20). Ýygnak ýaşulularyna bolsa Hudaýyň guramasyny arassa saklamalydygy barada görkezme berilýär (1 Kor. 5:1—5, 13; 1 Tim. 5:19—21). Ýehowa guramasyna degişli bolan adamlaryň ählisinden beden we ruhy taýdan arassa bolmagy talap edýär (2 Kor. 7:1).

9. Isa Mesih bize Hudaýyň Sözüne düşünmäge nädip kömek edýär?

9 Käbir adamlaryň aýtmagyna görä, Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Ýazgylary özüçe düşündirýärler. Emma Isa ruhy iýmiti diňe «wepaly hyzmatkär» arkaly paýlaýar. 1919-njy ýyldan bäri şöhrata beslenen Isa Mesih bu hyzmatkär arkaly şägirtlerine Hudaýyň Sözüne düşünmäge kömek edýär. Biz Mukaddes Ýazgylardaky görkezmä eýersek, ýygnagymyzyň arassa, parahat we agzybir bolmagyna ýardam ederis. Şol sebäpli özümizden: «Isanyň bellän hyzmatkärine wepaly bolýarynmy?» diýip sorasak, gowy bolar.

ÝEHOWANYŇ ARABASY ÖŇE BARÝAR!

10. Ýehowanyň guramasynyň gökdäki bölegi Ezekiýel kitabynda nähili suratlandyrylýar?

10 Ýehowa öz Sözi arkaly bizi guramasynyň gökdäki bölegi bilen tanyşdyrýar. Ezekiýel pygamber araba görnüşli Hudaýyň guramysynyň gökdäki bölegi barada görnüş görýär (Ezek. 1:4—28). Ýehowanyň ruhy nirä gitmek islese, araba hem şol ýere gidýär. Ol hemişe hereket edýär! Hudaýyň ýer ýüzündäki guramasy hem gökdäki guramanyň bir bölegi bolup durýar. Soňky ýyllarda guramamyzda bolan ençeme özgerişikler hakynda oýlanyp görüň. Bu özgerişikleri Ýehowanyň edýändigini unutmalyň. Tizden Mesih we mukaddes perişdeler zalym dünýäni ýok eder. Bu araba Ýehowanyň hökümdarlygyny aklamak we Onuň mukaddes adyny şöhratlandyrmak üçin uly tizlik bilen öňe barýar!

Biz gurluşyk işlerinde arman-ýadaman zähmet çekýän dogan-uýalara örän minnetdar! (11-nji abzasa serediň)

11, 12. Ýehowanyň guramasynda nämeler edilýär?

11 Geliň, soňky günlerde Hudaýyň guramasynyň ýerdäki böleginde edilýän işler barada oýlanyp göreliň. Gurluşyk işleri. Ýüzlerçe dogan-uýalar Uorwikde (Nýu-Ýork, ABŞ) Ýehowanyň Şaýatlarynyň baş edarasynyň täze binasynyň gurluşygyna gatnaşdylar. Bütindünýä Gurluşyk bölüminiň ýolbaşçylygy astynda bütin dünýäde müňlerçe dogan-uýalar Ýygnak we Beýtel jaýlaryny gurmak üçin agyr zähmet çekýärler. Biz arman-ýadaman zähmet çekýän meýletin gurluşykçylara örän minnetdardyrys! Ýehowa şeýle işleri maddy taýdan goldaýan Patyşalygyň pesgöwünli we wepaly wagyzçylaryny gymmat saýýar (Luka 21:1—4).

12 Bilim. Hudaýyň tälim berýän dürli mekdepleri barada hem oýlanyp göreliň (Iş. 2:2, 3). Meselem: Pionerler mekdebi, Hoş habarçylar mekdebi, Gilead mekdebi, Beýtel gullugyna başlaýanlar üçin mekdep, Etrap gözegçileri we olaryň aýallary üçin mekdep, Filial komitetiniň agzalary we olaryň aýallary üçin mekdep, Ýygnak ýaşululary üçin mekdep, Patyşalyk gullugynyň mekdebi. Ýehowa halkyna höwes bilen bilim berýär. Şeýle-de jw.org Internet sahypamyzda ýüzlerçe dilde edebiýatlar bar. Onda çagalar, maşgala agzalary we täzelikler üçin ýörite bölüm (rus.) hem bar. Siz wagyzda we maşgala okuwynda jw.org saýtymyzy ulanýarmysyňyz?

ÝEHOWA WEPALY BOLUP, GURAMASYNY GOLDAŇ

13. Ýehowanyň wepaly gullukçylary hökmünde biziň nähili jogapkärçiligimiz bar?

13 Ýehowanyň guramasyna degişli bolmak nähili uly hormat! Biz Hudaýyň talaplaryny we kada-kanunlaryny bilýäris. Bu bizi dogry işleri etmäge we Hudaýyň hökümdarlygynyň tarapyny tutmaga borçly edýär. Bu dünýä ahlak taýdan gitdigiçe erbetleşýär. Şol sebäpli biz Ýehowa ýaly «ýamanlygy ýigrenmeli» (Zeb. 97:10). Şeýle-de «ýamana ýagşy, ýagşa ýaman diýýän» hudaýsyz adamlardan gaça durmaly (Iş. 5:20). Biz Hudaýyň göwnünden turmak isleýäris, şol sebäpli beden, ahlak we ruhy taýdan arassa galmaga jan edýäris (1 Kor. 6:9—11). Biz Ýehowany söýýäris we oňa bil baglaýarys; onuň mukaddes Sözündäki kadalary boýunça ýaşap, oňa wepaly bolmak isleýäris. Öýde, ýygnakda, işde, mekdepde, umuman, ähli ýerde onuň kadalaryna eýermek üçin elimizde baryny edýäris (Sül. tym. 15:3). Geliň, Hudaýa haýsy ýagdaýlarda wepaly bolup biljekdigimiz barada gürrüň edeliň.

14. Mesihçi ene-atalar Hudaýa wepalydygyny nädip görkezip bilerler?

14 Çagalary terbiýelemek. Mesihçi ene-atalar çagalaryny Hudaýyň Sözüne görä terbiýeläp, Ýehowa wepalydygyny görkezýärler. Olar çagalaryny terbiýelände ýerli medeniýetiň erbet täsirine düşmeýärler. Mesihçileriň maşgalasynda dünýäniň ruhy bolmaly däl (Efes. 2:2). Mesihçi maşgalabaşy «biziň ýurdumyzda çagalara ejeleri terbiýe bermeli» diýen pikire eýermeýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Atalar, çagalaryňyzy... Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi (görkezmesi) bilen ulaldyň» diýilýär (Efes. 6:4, çykgyt). Hudaýa hormat goýýan ene-atalar çagalarynyň Şamuwel ýaly bolmagyny isleýärler. Ol hakda Ýazgylarda: «Şamuwel ulalýardy... çünki Reb onuň bilendi» diýilýär (1 Şam. 3:19).

15. Wajyp kararlara gelmeli bolanymyzda, biz Ýehowa wepalylygymyzy nädip görkezip bileris?

15 Karara gelmek. Biz durmuşda wajyp kararlara gelmeli bolanymyzda, Hudaýa wepaly galmak üçin onuň Sözünden we guramasyndan görkezme agtarmaly. Munuň wajypdygyny görmek üçin, geliň, bir ýagdaýa seredeliň. Köplenç daşary ýurtda işleýän adamlar çagasy bolanda, ony öýüne, ýagny ene-atasynyň ýanyna ugradýarlar. Özleri bolsa pul gazanmak üçin işlemegini dowam edýärler. Bu meseläni her kimiň özi çözse-de, biz gelen kararymyz üçin Hudaýyň öňünde jogap berýändigimizi unutmaly däl (Rimliler 14:12-ni okaň). Bu barada Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýändigini bilmesek, maşgalamyz we ýaşaýşymyz babatda dogry karara gelip bilerismi? Elbetde, ýok! Biz gökdäki Atamyzyň kömegine mätäç, sebäbi ol biziň ýolumyzy ugrukdyryp bilýär (Ýer. 10:23).

16. Bir aýal çagasy bolanda näme etmekçi bolýar we oňa dogry karara gelmäge näme kömek edýär?

16 Daşary ýurda gazanç etmäge giden bir aýalyň çagasy bolanda, ony öz ýurduna ene-atasynyň ýanyna ugratmakçy bolýar. Şol wagt ol Ýehowanyň Şaýady bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlaýar. Ol ruhy taýdan çalt ösüp, ene-atanyň çaga terbiýelemekde Hudaýyň öňünde jogapkärdigine düşünýär (Zeb. 127:3; Sül. tym. 22:6). Bu ýaş gelin Mukaddes Ýazgylaryň maslahat berşi ýaly, Ýehowa ýüregini dökýär (Zeb. 62:7, 8). Şeýle-de ol biynjalyk edýän zadyny okuw geçýän uýa we başga dogan-uýalara gürrüň berýär. Garyndaşlary we dostlary çagasyny ejesiniň ýanyna ugratmalydygy barada näçe aýtsalar-da, ol dogry hereket etmegi ýüregine düwýär. Onuň ýoldaşyna dogan-uýalaryň aýalyna kömek etmegi şeýle güýçli täsir edýär welin, ol okuw geçip, aýaly we çagasy bilen ýygnaklara gatnap başlaýar. Siziň pikiriňizçe, Ýehowa şu enäniň ýürekden eden dogasyna jogap berdimi? Elbetde, jogap berdi.

17. Okuw geçýän adamlar babatda nähili görkezme berilýär?

17 Görkezmä eýermek. Hudaýa wepaly galmak üçin, onuň guramasynyň berýän görkezmesine eýermeli. Geliň, okuw geçýän adamlar hakda berilýän maslahatlar barada gürrüň edeliň. Gyzyklanýan adam bilen «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabyndan her gezek okuw geçeniňizden soň, onuň bilen birnäçe minut guramamyz hakda gürrüň etmelidigi barada maslahat berilýär. Munuň üçin biz «Patyşalyk zalynda nämeler edilýär?» diýen wideony we «Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?» atly broşýurany ulanyp bileris. «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyny geçip gutaranyňyzdan soň, ruhy taýdan ösüş edýän adam bilen, ol suwa çümdürilen bolsa-da, «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» atly kitaby geçmeli. Bu oňa «imanda tutanýerli» bolmaga kömek eder (Kol. 2:7). Siz Ýehowanyň guramasynyň şu görkezmelerine eýerýärmisiňiz?

18, 19. Bizde Ýehowa minnetdar bolmaga nähili sebäpler bar?

18 Bizde Ýehowa minnetdar bolmaga, gör, näçe sebäpler bar! Biz ýaşaýandygymyz üçin onuň öňünde borçludyrys; Ýehowa bolmadyk bolsa, biz dünýä inmezdik (Res. iş. 17:27, 28). Ol bize gymmatly sowgady, ýagny Mukaddes Ýazgylary berdi. Biz hem Selanikdäki mesihçiler ýaly Hudaýyň Sözüni eşidenimizden bäri, ony höwes bilen Hudaýyň Sözi hökmünde kabul etdik (1 Sel. 2:13).

19 Biz Hudaýyň Sözüniň kömegi bilen Ýehowa ýakynlaşýarys, ol hem bize ýakynlaşýar (Ýak. 4:8). Gökdäki Atamyz bize guramasynyň agzasy bolmaga ajaýyp mümkinçilik berdi. Munuň üçin biz oňa diýseň minnetdar! Mezmurçy şahyrana sözler bilen şeýle nagma aýtdy: «Rebbe şükür ediň, gowudyr, çünki merhemeti ebedidir» (Zeb. 136:1). 136-njy mezmurda «merhemeti ebedidir» diýen sözler 26 gezek agzalýar. Ýehowa we onuň guramasyna wepaly galsak, mezmurçynyň ýürekden syzdyryp aýdan sözleriniň dogrudygyna göz ýetireris, sebäbi biz ebedi ýaşarys!