«Edilmeli iş... uly»
DAWUT PATYŞA ähli ygtyýarly adamlary, tirebaşylarydyr köşk emeldarlaryny ýygnaýar. Iýerusalimde geçirilen bu duşuşyk örän wajypdy. Duşuşyga gelenler tolgundyryjy habary eşidýärler. Ýehowa Dawudyň ogly Süleýmana hormatly işi, ýagny hak Hudaýa sežde edilýän jaýy gurmagy tabşyrýar. Ysraýylyň gartaşan patyşasy Dawut Hudaýyň ylhamy bilen bu jaýyň çyzgysyny alyp, Süleýmana berýär. Dawut halka ýüzlenip: «Edilmeli iş... uly. Çünki ybadathana ynsan üçin däl-de, Hökmürowan Reb üçindir» diýýär (1 Ýyl. 28:1, 2, 6, 11, 12; 29:1).
Soňra olardan: «Kim bu gün meýletinlik bilen zat hödür edip, özüni Rebbe bagyş etjek?» diýip soraýar (1 Ýyl. 29:5). Eger siz şol ýerde bolsaňyz, çakylyga seslenermidiňiz? Bu uly işi goldarmydyňyz? Ysraýyllylar şol bada seslendiler. Olar «gaty şatlandylar, çünki olar Rebbe beren zatlaryny meýletinlik bilen, çyn ýürekden beripdiler» (1 Ýyl. 29:9).
Ençeme ýyl geçensoň, Ýehowa ybadathanadan hem beýik zady dikeltdi. Ol beýik ruhy ybadathanany berkarar etdi, ýagny Isanyň töleg gurbany arkaly adamlary Özüne sežde etmäge mümkinçilik döretdi (Ýew. 9:11, 12). Şu günler Ýehowa şägirt taýýarlamak işi arkaly adamlary özi bilen ýaraşdyrýar (Mat. 28:19, 20). Şol sebäpli her ýyl millionlarça adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwy geçirilýär, olaryň müňlerçesi suwa çümdürilýär we ýüzlerçe täze ýygnaklar döredilýär.
Şeýle-de Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlar has köp çap edilýär, Ýygnak jaýlary gurulýar, käbirlerinde bejeriş işleri geçirilýär we Kongresler köşgüni gurmak üçin ýerler satyn alynýar. Siz hoş habary wagyz etmek işiniň wajypdygy we şatlyk berýändigi bilen ylalaşýarmysyňyz? (Mat. 24:14).
Hudaýyň halky Ýehowany we ýakynyny söýýär hem-de Patyşalyk habarynyň gaýragoýulmasyzdygyna düşünýär. Şol sebäpli olar Ýehowa üçin «meýletinlik bilen zat hödür edýärler». Ýehowany bar zadyň bilen hormatlamak we adamzat taryhynda iň wajyp işi amala aşyrmak üçin olaryň dogry hem-de paýhasly ulanylýandygyny görmek nähili gowy! (Sül. tym. 3:9).