Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Garaňkylykdan ýagtylyga çagyrylan halk

Garaňkylykdan ýagtylyga çagyrylan halk

«(Ýehowa) sizi garaňkylykdan ýagtylyga çagyrdy». 1 PET. 2:9

AÝDYMLAR: 1, 14

1. Iýerusalimiň derbi-dagyn edilişini gürrüň beriň.

B. E. ÖŇ 607-nji ýylda Wawilonyň patyşasy Nebukadnesar II uly goşuny bilen Iýerusalimi basyp alýar. Şol gandöküşikli söweş barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Babyllar ýahudalaryň mukaddes öýünde olaryň ýaşlaryny gylyçdan geçirdiler; ýigitlerdir gyzlara, gojalardyr saçy agaranlara olar rehim etmediler... Babyllar Hudaýyň öýüni ýakyp, Iýerusalimiň diwaryny ýykyp, ondaky ähli köşklere ot berip, ähli gymmatbaha zatlary ýok etdiler» (2 Ýyl. 36:17, 19).

2. Ýehowa Iýerusalim babatda nähili pygamberlik etdi we ýehudylara näme bolmalydy?

2 Iýerusalimiň derbi-dagyn edilmegi ýehudylar üçin geň bolmaly däldi. Olar Hudaýyň Kanunyna gulak asmasalar, wawilonlylaryň elinden ýok ediljekdigi barada pygamberler ençeme ýyllap duýdurypdylar. Ýehudylaryň köpüsi gylyçdan geçirilmelidi, diri galanlary bolsa Wawilona sürgün edilmelidi (Ýer. 15:2). Olar ýat ýurtda nädip ýaşadylarka? Ýehudylaryň Wawilona sürgün edilmeginiň mesihçileriň döwri bilen meňzeşligi barmy? Eger bar bolsa, ol haçan bolup geçdi?

ÝAT ÝURTDA

3. Ýehudylaryň Wawilondaky ýaşaýşy Müsür gulçulygyndan nämede tapawutlanýardy?

3 Pygamberleriň aýdyşy ýaly-da boldy. Ýehowa Ýeremiýa pygamber arkaly sürgün ediljek ýehudylara şeýle maslahat berdi: «Öýler gurup, olarda ýaşaň; baglar ekip, miwesini iýiň. Sizi ýesir edip getiren şäherimiň parahatlygyny gazanmaklyga çalşyň. Ol şäher üçin Rebbe dileg ediň, çünki siziň parahatlygyňyz onuň parahatlygyna baglydyr» (Ýer. 29:5, 7). Hudaýyň islegini ýerine ýetiren ýehudylar Wawilonda gowy ýaşaýardylar. Wawilonlylar olara öz işleri bilen meşgullanyp, arkaýyn ýaşamaga ýol berdiler. Ýehudylar hatda bir şäherden başga şähere-de göçüp bilýärdiler. Gadymy Wawilon ýurdy täjirçiligiň merkezidi; gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan dokumentlerde ýehudylaryň ol ýerde söwda-satyk işlerini öwrenendikleri, käbirleriniň kär edinendigi, hatda baýandyklary hem aýdylýar. Olaryň Wawilondaky ýaşaýşy Müsürdäki gulçulyk döwründen düýbünden tapawutlanýardy (Müsürden çykyş 2:23—25-nji aýatlary okaň) *.

4. Ysraýyllylar gulak asmandygy üçin Wawilona sürgün edilse-de, olaryň Hudaýa sežde etmäge nähili mümkinçilikleri bardy?

4 Ýehudylaryň sürgünde kem zady ýokdy, ýöne olaryň ruhy ýagdaýy barada näme diýse bolar? Ýehowanyň ybadathanasy, gurbanlyk sypasy ýok edilipdi, guramaçylykly gulluk edýän ruhanylar indi ýokdy. Sürgün edilenleriň arasynda Hudaýyň wepaly gullukçylary hem bardy, olar şeýle jeza mynasyp bolmasalar-da, beýlekiler ýaly ejir çekdiler. Muňa garamazdan, olar Hudaýyň Kanunyny berjaý etmek üçin elinde baryny edýärdiler. Meselem, Danyýel we onuň Şadrak, Meýşak, Abednego atly dostlary ýehudylar üçin gadagan edilen iýmitden ýüz öwürdiler. Bilşimiz ýaly, Danyýel hemişe Hudaýa doga edýärdi (Dan. 1:8; 6:10). Hudaýa wepaly ýehudylar butparaz halkyň goly astynda ýaşaýandygy üçin Kanunyň ähli talaplaryny berjaý etmäge mümkinçilikleri ýokdy.

5. Ýehowa halkyna nähili umyt berdi we muňa näme üçin ajaýyp wada diýse bolar?

5 Ysraýyllylar ýene-de Hudaýa ýaramly sežde edip bilerlermi? Olar üçin bu mümkin däl ýalydy, sebäbi wawilonlylar ýesir eden halkyny hiç haçan goýbermeýärdi. Emma Ýehowa üçin mümkin däl zat ýok. Ol halkyny azat etjekdigini wada edipdi we sözünde-de durdy. Hawa, Hudaýyň sözi hemişe ýerine ýetýär (Iş. 55:11).

BIZIŇ GÜNLERIMIZ BILEN NÄME MEŇZEŞLIGI BAR?

6, 7. Biz näme üçin Beýik Wawilon ýesirligi baradaky düşünjämize gaýtadan seretmeli?

6 Eýsem, mesihçiler Wawilon ýesirliginde bolupmydylar? Ençeme ýyllap biziň edebiýatlarymyzda mesihçileriň 1918-nji ýylda Wawilon ýesirligine düşendigi, 1919-njy ýylda bolsa ondan azat bolandygy aýdylypdy. Emma käbir sebäplere görä, biz şu we indiki makalada bu hakda ýene-de gürrüň ederis.

7 Beýik Wawilon ýalan diniň dünýä imperiýasy hasaplanýar. Hudaýyň halky 1918-nji ýylda Wawilonyň, ýagny ýalan diniň ýesirligine düşmek üçin, şol ýyl onuň guly bolmalydy. Emma maglumatlara görä, Hudaýyň mesh edilen gullukçylarynyň Beýik Wawilonyň süteminden azat bolmak üçin alyp baran göreşi I Jahan urşundan ençeme ýyl öň başlanypdy. Galyberse-de, I Jahan urşunda olar Beýik Wawilon tarapyndan däl-de, esasan-da, häkimiýetler tarapyndan yzarlandylar. Diýmek, Ýehowanyň halky Beýik Wawilonyň ýesirligine 1918-nji ýyldan has öň düşdi.

ÝESIRLIGE HAÇAN DÜŞDÜLER?

8. Hakyky mesihçileriň dogry ýoldan nädip sowlandygyny gürrüň beriň (Makalanyň başyndaky surata serediň).

8 B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni müňlerçe ýehudylar we ýehudy dinini kabul eden adamlar mukaddes ruh bilen mesh edildi. Şonda olar «saýlanan millet, patyşalar bolup gulluk edýän ruhanylar we aýratyn gullugy berjaý etmek üçin mukaddes halk boldular» (1 Petrus 2:9, 10-njy aýatlary okaň). Resullar ömrüniň ahyryna çenli mesihçiler ýygnagyna gözegçilik etseler-de, olar aradan çykandan soň, «şägirtleri yzyna eýertjek bolup hakykaty ýoýýan adamlar çykdylar» (Res. iş. 20:30; 2 Sel. 2:6—8). Olaryň köpüsi ýygnaklara gözegçilik edýän doganlardy, soňra olara «ruhanylar» diýip at berildi. Isa şägirtlerine: «Siziň baryňyz... dogansyňyz» diýip aýtsa-da, olar ruhanylar toparyny düzdüler (Mat. 23:8). Bu atly-abraýly adamlar Aristotel we Platon ýaly filosoflaryň öwretmelerini öňe sürüp, Hudaýyň Sözündäki arassa taglymatlara derek ýalan dini düşünjeleri girizdiler.

9. Hristian dininiň nädip Rim imperiýasynyň döwlet dini bolandygyny gürrüň beriň.

9 B. e. 313-nji ýylynda hakyky ýoldan sowlan mesihçiler dini Rim imperatory Konstantin tarapyndan hristian dini hökmünde resmileşdirildi. Şondan soň hristian buthanasy bilen Rim hökümeti ýakyndan hyzmatdaşlyk edip başlady. Meselem, Nikeýsk mejlisine imperator Konstantin ýolbaşçylyk edende, Isany Hudaý hökmünde kabul etmeýändigi üçin, Ariý atly ruhanyny sürgün etmeli diýen karary çykarýar. Birnäçe wagtdan soň imperator Feodosiý I (b. e. 379—395-nji ýyllar aralygy) katolik buthanasynyň ýolbaşçylygy astynda ýalan hristian dinini Rim imperiýasynyň döwlet dini hökmünde kabul edýär. Taryhçylaryň aýtmagyna görä, IV asyrda butparaz Rim hökümeti hristian döwleti hökmünde tanalyp başlandy. Ýalan hristian dini Rim imperiýasynyň ýalan dinine goşulyp, Beýik Wawilonyň agzasy boldy. Bugdaýa meňzedilýän mesh edilen mesihçileriň kiçi topary Hudaýa sežde etmek üçin elinde baryny edýärdiler, ýöne olaryň «sesi» zordan çykýardy (Matta 13:24, 25, 37—39-njy aýatlary okaň). Dogrudan-da, olara Wawilonyň ýesirliginde diýsek ýalňyşmarys!

10. B. e. ilkinji asyrlarynda akýürekli adamlar näme üçin buthananyň taglymatlary bilen ylalaşmaýardylar?

10 Her näme-de bolsa, b. e. ilkinji asyrlarynda adamlaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylary grek ýa-da latyn dilinde okap bilýärdiler. Şol sebäpli olar Hudaýyň Sözündäki taglymatlary buthananyň öwretmeleri bilen deňeşdirýärdiler. Käbirleri Mukaddes Ýazgylarda okan zatlaryna esaslanyp, buthananyň ýalan taglymatlaryny inkär edýärdiler. Emma pikiriňi açyk aýtmak howpludy, munuň üçin hatda ölüm jezasy hem berilýärdi.

11. Mukaddes Ýazgylar haýsy manyda ruhanylaryň ygtyýaryndady?

11 Wagtyň geçmegi bilen grek we latyn dilleri ulanyşykdan galyp başlady. Buthana ýolbaşçylary bolsa Hudaýyň Sözüniň sada halkyň diline terjime edilmegine garşylyk görkezýärdiler. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylary diňe ruhanylar we käbir bilimli adamlar okap bilýärdiler. Muňa garamazdan, gowy okap we ýazyp bilýän ruhanylar gaty azdy. Buthananyň taglymaty bilen ylalaşmaýan islendik adam jezalandyrylýardy. Hudaýyň mesh edilen wepaly gullukçylary kiçi topar bolup ýygnanyşmalydylar, emma bu köplenç başartmaýardy. Gadymy Wawilon ýesirligindäki ýehudylar ýaly mesh edilenler hem gullugyny guramaçylykly ýerine ýetirip bilmeýärdiler. Hawa, Beýik Wawilon adamlary penjesinde saklaýardy!

ÝAGTYLYK NUR SAÇYP BAŞLAÝAR

12, 13. Haýsy iki sebäbe görä ýalan diniň täsiri gowşap başlady? Düşündiriň.

12 Haçanam bolsa hakyky mesihçiler Hudaýa ýaramly we aç-açan sežde edip bilerlermi? Elbetde! XV asyryň ortalarynda ýuwaş-ýuwaşdan ruhy ýagtylyk nur saçyp başlady. Muňa iki zat sebäp boldy. Birinjiden, kitap çap edilýän maşyn oýlanyp tapyldy. Ol günbatar ýurtlaryna getirilmezden öň, Mukaddes Ýazgylaryň nusgasyny elde göçürýärdiler. Şonuň üçin Hudaýyň Sözi gaty gymmatdy we seýrek duş gelýärdi. Ony elde göçürmek üçin hatda ökde adama-da azyndan on aý gerek bolýardy! Şeýle-de ýazmak üçin ulanylýan pergamentler (haýwanyň derisi) gaty gymmatdy. Çap edilýän maşyn bolsa has amatlydy, sebäbi onda bir günüň dowamynda 1 300 sahypa çap edip bolýardy!

Çap edilýän maşynyň oýlanyp tapylmagy we batyrgaý terjemeçiler Wawilonyň täsirini gowşatdy (12, 13-nji abzaslara serediň)

13 Ikinjiden, XVI asyryň ahyrlarynda birnäçe batyrgaý adam Hudaýyň Sözüni sada halkyň diline terjime etmegi ýüregine düwdi. Terjimeçileriň köpüsi munuň üçin janyny howp astyna salmaga-da taýyndy. Buthana gahar-gazaba mündi. Sebäbi Mukaddes Ýazgylaryň hudaýhon erkekdir aýallaryň eline düşmegi buthana ýolbaşçylary üçin edil howply ýarag ýalydy. Hawa, Mukaddes Ýazgylar adamlar üçin elýeterli boldy. Olar okadygy saýyn: «Mukaddes Ýazgylaryň niresinde „syrat köprüsi“ barada agzalýar? Ölenler üçin töleg tölemek, ruhanylaryň derejeleri barada aýdylýarmy näme?» diýip soraýardylar. Şeýle soraglar buthana ýolbaşçylaryny kemsidýärdi. Adamlar hem olara ynanmazçylyk bilen garap başladylar. Emma buthana yza çekilmekçi däldi. Kimde-kim onuň öňe sürýän tyglymatlaryny, şol sanda Isa Mesihden öň ýaşan Aristotel we Platon ýaly butparaz filosoflaryň taglymatlaryny inkär etse, olary agyr günä etmekde aýyplaýardylar. Buthana ýolbaşçylary şeýle adamy ölüme höküm edýärdi, häkimiýet bolsa ony amala aşyrýardy. Olar adamlaryň Mukaddes Ýazgylary okamagyny islemeýärdiler, buthananyň bolsa öňküsi ýaly at-abraýynyň bolmagyny isleýärdiler. Olaryň maksady amala aşdy diýse bolar. Muňa garamazdan, Beýik Wawilona özüni gorka aldyrmadyk birnäçe adam bardy. Olar Hudaýyň Sözüni okap, biraz gözi açylansoň, yzyna tesmekçi däldiler! Indi bolsa ýalan dinden çykmak üçin ýene bir ädim ätmelidi.

14. a) XIX asyryň ahyrlarynda Mukaddes Ýazgylardaky hakykata has gowy düşünmäge näme sebäp boldy? b) Rassel doganymyzyň hakykaty gözleýşini gürrüň beriň.

14 Mukaddes Ýazgylardaky hakykata teşne adamlar buthananyň täsiriniň az bolan ýurtlaryna gaçýardylar. Olar Hudaýyň Sözüni okamak, öwrenmek we pikirini biri-biri bilen paýlaşmak isleýärdiler. Şeýle ýurtlaryň biri bolan ABŞ-da Çarlz Teýz Rassel we onuň birnäçe ýoldaşy XIX asyryň ahyrlarynda Mukaddes Ýazgylary yzygiderli öwrenip başlaýarlar. Rassel dogan esasy dinleriň haýsysynyň hakykaty öwredýändigini bilmek isleýärdi. Ol dürli dinleriň, hatda hristian bolmadyk dinleriň taglymatlaryny Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlary bilen jikme-jik deňeşdirýär. Biraz wagtdan Rassel olaryň hiç biriniň Hudaýyň Sözüne gabat gelmeýändigine düşünýär. Ol ýörite ýerli ruhanylaryň birnäçesi bilen duşuşyp, özüniň we ýoldaşlarynyň Mukaddes Ýazgylardan bilen zatlaryny paýlaşyp, olar bu zatlary ýygnak agzalaryna öwrederler diýip umyt edýär. Emma olar gyzyklanmaýarlar. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän topar ýalan dini goldaýan adamlar bilen hiç hili gatnaşyk etmeli däldigine düşünmelidi (2 Korinfliler 6:14-i okaň).

15. a) Mesihçiler Beýik Wawilonyň ýesirligine haçan düşdüler? b) Indiki makalada haýsy soraglara serederis?

15 Biz şu makalada resullar aradan çykandan soň, hakyky mesihçileriň Wawilon ýesirligine düşendigine seretdik. Muňa garamazdan, şeýle soraglar ýüze çykýar: Mesh edilen mesihçiler Beýik Wawilonyň ýesirliginden çykmak üçin 1914-nji ýyla çenli ýene nämeler etdiler? I Jahan urşy döwri wagyz işiniň togtandygy we käbir doganlaryň bitaraplygy saklamandygy üçin Ýehowa gullukçylaryndan närazy boldumy? Eger mesihçiler b. e. II asyrynda ýalan diniň ýesirligine düşen bolsalar, onda haçan azatlyga çykdylarka? Bu wajyp soraglara indiki makalada jogap berler.

^ abzas 3 Müsürden çykyş 2:23 Köp wagtyň geçmegi bilen Müsür patyşasy dünýäden ötdi. Ysraýyllar bolsa heniz hem gulçulykda ezilýändiklerinden nalap, kömek sorap perýat etdiler. Olaryň zulum astynda edýän ahy-nalasy Hudaýa baryp ýetdi. 24 Hudaý olaryň nalyşyny eşitdi we Ol Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen eden ähtini ýadyna saldy. 25 Hudaý ysraýyllara nazar salyp, olaryň hal-ahwallarynyň nähilidigine düşündi.