Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ARHIWIMIZDEN

«Britaniýanyň wagyzçylary, oýanyň!»

«Britaniýanyň wagyzçylary, oýanyň!»

«BRITANIÝANYŇ wagyzçylary, oýanyň!» Bu çagyryş örän wajypdy («Informator» * 1937-nji ýylyň dekabry, Londonyň neşiri). Ol «On ýyllap bolmadyk ösüş» diýen sözbaşy bilen atlandyrylypdy. Ösüşiň bolmandygyny «Informatoryň» birinji sahypasynda getirilen 1928—1937-nji ýyllaryň gulluk hasabaty hem tassyklaýardy.

200 PIONER ÝETERLIKMI?

Britaniýada wagyz işiniň pese düşmegine näme sebäp bolduka? Ençeme ýyl bäri ýygnaklarda wagyz işi örän haýal alnyp barylýardy. Şeýle-de filialyň görkezmesi bilen bary-ýogy 200 pioner gulluk edýärdi, olar hem ýygnaklar bilen hyzmatdaşlyk etmän, çet ýerlerde ýeke özleri wagyz edýärdiler. Şol sebäpli galan pionerleri Ýewropanyň beýleki ýurtlaryna gidip, gulluk etmäge höweslendirýärdiler. Elbetde, başga dili gowy bilmeseler-de, ençeme pionerleriň Fransiýa ýaly ýurtlara gidip wagyz edendigi öwgä mynasyp.

«AÝAGA GALYŇ!»

«Informatoryň» 1937-nji ýylda çykan sanynda 1938-nji ýyl üçin: «Bir million sagat tabşyrmaly» diýlen maksat goýlupdy. Eger wagyzçylar aýda 15, pionerler bolsa 110 sagat tabşyrsalar, bu maksada ýetmek kyn däldi. Olara belli bir günleri bäş sagat wagyz etmek maslahat berildi. Şeýle-de olar, esasan, iş günleri agşam wagyz etmelidiler we gyzyklananlary idemelidiler.

Yhlasly pionerler bar ünsüni wagyz gullugyna gönükdirdiler

Wagyz işiniň şeýle gurnalmagy köpleri tolgundyrdy. Hilda Pajet uýamyz şeýle ýatlaýar: «Baş edaramyzyň beren görkezmesi gowy netije berdi, sebäbi biz şeýle wagyz etmegi köpden bäri isleýärdik» *. E. F. Wallis uýamyz şeýle diýdi: «Günde bäş sagat wagyz etmek nähili ajaýyp. Eýsem, uzakly gün Halypamyzyň tabşyran işi bilen meşgul bolmakdan uly şatlyk barmy näme?!... Biz öýe ýadaw halda gelsek-de, özümizi örän bagtly duýýardyk». Stiwen Miller atly ýaş doganymyz hem bu çagyryşa seslendi. Ol elinde baryny etmek isleýärdi. Birnäçe dogan-uýalar bilen welosipedli gidip, uzakly gün wagyz edendigi, tomus güni agşamlaryna bolsa nutuklaryň ýazgysyny adamlara diňledendikleri onuň henizem ýadynda. Olar plakatly hem-de köçelerde žurnallar bilen yhlasly wagyz edýärdiler.

«Informatorda» şeýle çagyryş hem bardy: «Bize 1 000 pioner gerek». Indi pionerler ýeke özleri däl-de, ýygnak bilen wagyz edip, bir-birlerini goldamalydylar. Joýs Ellis uýamyz şeýle ýatlaýar: «Doganlarymyzyň köpüsi pionerleriň gerekdigine şonda düşündiler. Men şol wagt bary-ýogy 13 ýaşymda bolsam-da, pioner bolup wagyz işine gatnaşmak isleýärdim». Uýamyz 1940-njy ýylyň iýul aýynda, ýagny 15 ýaşynda maksadyna ýetýär. Onuň ýanýoldaşy Piter doganymyz «Aýaga galyň!» diýen çagyryşy eşidende, pioner gullugy barada oýlanyp başlaýar. Ol 1940-njy ýylyň iýun aýynda, 17 ýaşynda 105 km uzaklykda ýerleşýän Skarboro şäherine gidip, pioner gullugyna başlaýar.

Siril we Kitti Jonson atly är-aýal pioner bolup, jan aýaman wagyz etdiler. Olar doly wagtly pioner gullugyna başlamak üçin öýüni, goşlaryny satýarlar. Siril doganymyz işini goýup, bir aýdan pioner bolýar. Ol şeýle diýýär: «Biz bu işi başarjakdygymyza asla şübhelenmedik. Biz muny höwes bilen etdik we gelen kararymyza ökünmedik».

PIONER JAÝLARY AÇYLÝAR

Pionerleriň sany çalt artýardy, şol sebäpli doganlar olary goldamaly diýen karara geldiler. 1938-nji ýylda zonal gullukçysy (häzir etrap gözegçisi) Jim Kar atly doganymyz bu maslahata eýerip, dürli şäherlerde pionerler jaýlaryny açýar. Çykdajylar köp bolmaz ýaly, pionerlere bir öýde ýaşap, bile wagyz etmek maslahat berilýärdi. Şeffild şäherinde pionerler uly jaýy kireýne alýarlar. Oňa bir dogan gözegçilik edýärdi. Ýerli ýygnagyň agzalary bolsa olary maddy taýdan we başga-da gerekli zatlar bilen üpjün edýärdi. Bile ýaşaýan we yhlasly wagyz edýän on sany pioner düzen ruhy gün tertibine eýerýärdi. Jim doganymyz şeýle ýatlaýar: «Olar irden saçak başynda gündelik aýady okaýardylar, soňra şäheriň dürli ýerlerine, ýagny bellenen meýdançalaryna gidip, wagyz edýärdiler. Her kim elinde baryny edýärdi».

Britaniýanyň hasylly «meýdany» täze pionerlerden doldy

Wagyzçylaryň we pionerleriň çagyryşa seslenendikleri üçin, 1938-nji ýylda bir million sagat tabşyrmaly diýen maksada ýetip bildiler. Hasabata görä, olar wagzyň ähli görnüşine gatnaşypdyrlar. Bäş ýylyň içinde Britaniýada wagyzçylaryň sany üç esse köpeldi. Şeýlelikde, Ýehowanyň gullukçylary ünsüni Patyşalyk baradaky gulluga gönükdirip, özlerini gelejekde bolmaly kynçylyklara taýýarladylar.

Şu günler Hudaýyň Armageddon söweşi golaýlaşdygyça, Britaniýada pionerleriň sany hem artýar. Soňky on ýylyň içinde olaryň sany iň ýokary derejä ýetdi. 2015-nji ýylyň oktýabrynda berlen hasabata görä, olaryň sany 13 müň 224-e ýetdi. Hawa, Britaniýadaky pionerler «oýandylar» we özlerini doly wagtly gulluga bagyş edip, durmuşda iň gowy ýoly saýladylar!

^ abzas 3 Soňra ol «Hudaýa gullugymyz» diýip atlandyryldy.

^ abzas 8 1995-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda (sah. 19—24, rus.) Pajet uýanyň terjimehaly getirilýär.